• Zäher gahardan ýasalýar Hekimow barha rowaçlanýardy. Özi hem öňki wagtlardaka garaňda barha köp ylgaýardy, plan üçin ylgaýardy. Bäşim Gylyjowyň üsti bilen dürli wezipeleri satmany hem tizleşdiripdi. Ýolbaşçyny tiz-tiz çalyşsaň girdeji kän girýändigini mydama ýatda saklaýardy. Raýonyň ähli ýolbaşçylaryny hut özi saýlap-seçse-de, sözünden çykjak ýolbaşçy bolmasa-da, öňi-soňy olara ynanmaýardy, ähli ýere özi ýetjek bolýardy, ähli meseläni özi çözýärdi. Şoňa görä bütin raýonyň keşigini diňe Hekim Hekimowiç çekýärdi. Raýkoma, raýispolkoma her bir owunjak mesele bilen baranlar: «Ýaşuludan sorap göreli», «Birinji rugsat berse bolýar, bolmasa ýok» diýen ýaly jogaplary eşidýärdiler.
Plan üçin göreş welin ýyldan-ýyla gyzyşyp barýardy. Şonuň üçin kolhoz-sowhoz ýolbaşçylaryny, milisiýa naçalnigini, prokurory, raýispolkomyň başlygyny we beýleki ulurak çinlileri çagyryp, Hekim Hekimowiç raýonyň çäginde täze düzgünler girizdi. «Ýoldaşlar, raýonda kim näme edesi gelse edip ýör. Mundanam düzgün bolarmy? Gowaça otalman, ýekelenmän, suwsap ýatyr, obalarda bolsa arkaýyn toý edişip otyrlar. Hany, işiň aladasy?! Pagta ýygymy döwründe-de biri toýa, biri şähere gezmäge gidýär, ýene biri kurortda oýnaşyny yzyna tirkäp ýör.Edaralarda parahorluk güýçlendi diýip habarlar gelýär.Bir manat para alsa-da gözüni türmede açmaly. Lenin babamyz aýdýar-a: Döwletiň iň howply duşmany parahorlukdyr diýýär. Hany, işiň aladasy?! Dogrusyny dogry aýdalyň, işiň gamyny iýýän ýok. Şonuň üçin, eşitdim-eşitmedim diýmäň, şäher ýeri hasap däl, ýöne şu günden başlap bir kolhozda, bir sowhozda maýdan tä noýabr aýy tamam bolýança gündiz toý edip, märeke üýşürmek gadagan, diňe on bäşinji awgustdan otuzyna çenli öyleniş toýuna rugsat beriň. Gowusy, özge toýlary gyşda edibermeli.Ähli mekdepleri bäşinji synpdan başlap pagta ýygymyna sürmeli, şäherdäki edaralary hem pagta ýygymyna sürmeli.
Onsoňam kolhozçy dynç günsüz işlände, näme üçin şäher hünärmenleri dynç almalymyş? «Daýhan ýaganda, çopan ölende dynç alar» diýipdirler.-Hekim Hekimowiç oturanlaryň köpüsiniň bu düzgünlere närazylygyny ýüzünden okady, emma hiç biriniň turaga-da açyk garşylyk görkezip bilmejegine, bardy-geldi garşy bolaýanlarynda-da özüniň köp ses aljagyna ynamy pugtady. - Hany, prokuror tur ýeriňden. Halkyň bähbidi üçin häzirki çäreler kanuna garşy gelenokmy? Tiz aýt! «Garşy gelenok. Hekim Hekimowiç». Otur. Eşitdiňizmi, adamlar?! Milisiýa naçalnigi tur. Saňa aýratyn tabşyryk: pagta ýygymy döwründe gündiz ýolda-yzda ygyp ýören bolmasyn, şähere, ýekeje adam, ýekeje maşyn girmesin, ýolda saklan adamyňyza mejbury tertipde pagta ýygdyryn. Şuny başarmasaň, postuň bilen hoşlaşarsyň. «Başarys, Hekim Hekimowiç». Bu ýygnakda Bäşim Gylyjow gaty arkaýyn otyr. Muny duýan Hekim Hekimowiç oňa mylaýym ses bilen ýüzlendi.
-Bäşim Gylyjowiç, Siz uly tejribeli bir adam. Siz nähili görýäňiz bu işlerimizi.
- Gaty gowy, gaty gowy. Işalla, gül ýaly bolar. Sizi halk çyny bilen goldaýar, Hekim Hekimowiç
- Şu çarelere garşy adam bamy? Ýok. -Baryň, işli işiňiz bilen boluberiň.
Ýygnakdan soň Hekimow kürsüsinde iki ýana sähel ýaýkyldap, uzak oýlanyp oturdy. Ol ýap-ýaňyja beren tabşyryklarynyň hiç bir kada-kanuna laýyk gelmeýänine ýagşy düşünýärdi, emma her edip-hesip edip planlary dolmasa, bu kürsüden külüni kakjaklaryna-da kem düşünmeýärdi. «Iki sözüniň birinde Hekim Hekimowiç diýip, gülüp bakýandyrlar weli, wezipeden aýrylanyňy duýsalar, itiňe sögüp geçerler».
Wezipede işlemegem gün-günden kynlaşyp barýar. Hekimow raýkomyň birinji sekretarlygyny indi juda hysyrdyly iş hasaplaýar. «Raýkomyň goşulmaýan meselesi ýok. Bir süpük är-aýal oňuşmasa-da bir ýanynda raýkom bolmaly. Ýok-la. Ulurajyk orunda otursaň hezil. Aladaň azalýa, hormatyň artýa. Beýdip, plan diýip it aýagyny iýen ýaly sebsäp ýörmeli bolmaz». Obkomyň birinjisi Ataýewem, Merkezi Komitetiň birinjisi Aman Garajaýewiçem Hekim Hekimowiçi gowy görýärler. «Gowuja işläber, özümiz göz öňünde tutarys» diýip, ikisem wada berýär. Ýöne wadanyň soňy gelenok. Hekim Hekimowiçiň tizräjik şu raýondan gidesi gelýär. «Her zadyň wagty ýagşy. Bu taýda uzak oturdym. Batyp galmasamam biri». Howatyrlansa-da, ýüreginiň çuňunda ynamy bar. «Puluň bolsa bir ýerden urup çyksa bolar». Hekimow bu urdumşalygyň hiç mahal tükenmejegine-de ynanýar, ýöne şol urdumşalygyň gide-gide nirä baryp direljegini bir gezegem oýlanmady. Asla, beýle zat ony hiç gyzykdyrmaýardy. «Her kim başa geleni çeker-dä».
Romanlar