21:38 Dünýä / hekaýa | |
DÜNÝÄ
Hekaýalar
Dünýä ak-gara düşünip ugraly bäri, bir arzuw bilen ýaşaýardy. Mugallym bolup, obanyň çagalaryny okadasy gelýärdi. Obadan uly okuwa gidip, mugallym bolup dolanyp gelýänlere onuň gözi gidýärdi. Orta mekdebe gatnalmaly ýyllar, aýlar, günler azaldygyça, gyzyň ýüreginiň bükgüldisi artýardy. Özüne mugallym bolmak bagtynyň miýesser etjek-etmejegini serinde aýlap, alada galýardy. Birdenem gündeligine, depderlerine, klas žurnalyna öz bilimi üçin goýlan bäşlik bahalary ýatlap, öz-özüne teselli bolýardy. Orta mekdebi tamamlandygy hakdaky dokumentlerini alyp gelen güni ejesi Ene daýza oňa sowuk habary ýetirdi: —Mekdepli aladaňy bir ýana syran bolsaň, basa otur-da, bukjaňa güýmen. Goňşy obadan gudaçylyga geldiler. Häzir garry eneleri ýogalypdyr. Şonuň aş-suwuny berenlerinden soň, sähet aljaklar. Ejesiniň bu sözleri Dünýä üçin ölüm habaryndan ibaly bolmady. Ýüregi aşak gaçan ýaly boldy. Kellesi güwläp, gulaklary şaňlady. Der basyp, ysgyny gaçdy. Özüni ýere goýberdi. Misli çuňňur guýa çümüp barýan dek, hopugyp gepledi: —Eje jan! Bu nä täsin gep boldy? Eýýäm sähediň gürrüňini edýäň sen. Kim olar? Nähili adam? O hakda aýdaňog-a! Onsoňam, meniň-ä ýokary okuwa hyýalym bardy. Beýle habar aýtmasana häzir, eje. Entek meniň başymam ýaş-a! —Nähili adam bolanda näme!—Ejesi uludan dem aldy.—Gyz kişi “nähili adam” diýen sözi dile getirmeli däldir. Itilen ýerine gidibermelidir. Aýyp bor barjagyňa syn salyp ýörmek. Türkmen giýew saýlanda “At ürkmese bor” diýer eken. At ürkmedik kişä beribermelidir gyzy. Okuw diýen zadyňy bolsa agzama, gyzym jan! Gyz maşgala öý bikesi bolsa ýagşydyr. Nämäň görgüsi, iş diýip, il uklansoň gazan gulagyny gyzartjak bolup, görgi ýamana galyp ýörmek! Ondan-a adamyň getirenini wagtynda bişir-düşür-de, ol toýdan-ol toýa gatna-da ýör. Dünýä gözlerine ýaş aýlap ekezlendi: —Meniň okuw okasym gelýä, eje jan! Düşünäýsene şoňa! Il uklansoň gazan gulagyny gyzartmaly bolsa-da, aç ýatyp, aç turmaly bolsa-da, düşünjämi artdyrasym gelýä meniň. Diňe iýip-içip, mahluk ýaly ýaşasym gelenok. —Artdyryber düşünjäňi!—Ejesi azgyryldy.—Kim saňa päsgel berýä! Düşünjäni durmuş berýändir, okuw berýän däldir. Bir topar kiş-ä okuwlydyram welin, edýän işine syn etseň, akyly çagaň akylyçy-da ýok. —O zatlar bilen meniň işim ýok, eje!—diýip, Dünýä ejesine jogap berdi.—Meniň şeýle bir okasym gelýä! Düşünäýsene sen! Ejesi gözlerine ýapyşdy: —Çynar boýly üç doganyň ýaşy geçdi gitdi. Öýlenip bilmän ýör. Saňa gelýän ýer gaty gurplumyş. Seň galyňyňa, iň bolman, bir doganyň-a arkaýyn öýärin. Belki, ikinjä-de ýeter. Gudalar agzymyzy açan zadymyzy berjekler. Ataň pahyrd-a gurp ýok. Görüp otyrsyň, ömrüne çalşyrgyjyny täzeläp bilmän geçdi. Üstesine-de, ýarawsyz. Çala mydary bar. Zordan gymyldaýa. Nije ýyl bäri şeýdip ýör. Egnimi galdyrybermedi. Dünýä gaharlandy: —Doganlarymyň öýlenip bilmän ýörşüne men günäkärmi? Olaryň özlerini oňarmaýanyna men günäkärmi?! Näme üçin naçar doganlaryny arzuwyndan goýup, ile meňzemeli olar? Öz günlerini özleri görsünler! —Lal bol! Doganlaň eşitse, gahary geler!—Ejesi pyşyrdap gepledi.—Aýyp bor doganlaryňa beý diýmek. Olar seň daşyňy dolap dur-a! Daşyň-başyň goragy olar. Aýal dogan-da öz ýerinde dogana tekge bolmalydyr! —Daşym goralyp-goralman, üstüme eli gylyçly topulyp gelýän ýok—diýdi-de, Dünýä silkinip ýerinden turdy.—Her zat etseňizem, okaryn! Durmuşa çykjakgä men! Gyzyň diýeni bolmady. Ol günleriň bir güni çaklaňja çemodanjyga goş-golamyny salyp, okuw diýip ýola çykdy. Şol pursadyň özünde doganlary Meýlis, Hydyr, Kadyr dagy onuň öňüne böwet boldular-da, gyzyň elindäki çemodanjygy silkip aldylar. Gözlerini alardyşyp, Dünýä haýbat atdylar: —Öýe gir! Erkek doganlarynyň sowuk nazarlaryndan Dünýä çekinmän durmady. Ol bialaç yza dolanmaly boldy. Okamak arzuwyna ýetip bilmejegine gynanyp, içi-içine sygman aglady. Günlerini aglap geçirdi. Daňlaryny aglap atyrdy. Nätanyş aýallar öýlerine zol gelip, toý günlerini barha ýakynlaşdyrýardylar. Dünýä ýene bir gün ejesiniň synyndan aslyşyp, zarynlady: —Çykarman oňmajak bolsaň, iň bolman, öz obamyza çykar meni, eje jan! “Ýat iller—ýaman iller” diýipdirler! Goňşy oba garaňky görünýä maňa! Ejesi ýene Dünýä “hä” bermedi: —Ýat il bolar ýaly, ýurt aşyp gidýäňmi sen! Hanhajykga dälmi goňşy oba?! Öwrenişer gidersiň. “Dogdugymdan—düşdügim” diýermiş gyz diýeniň. Ine, görersiň, bir öwrenişeňsoň, ataň öýüne dagy gelesiňem gelmez! Onsoňam, olar gaty gurply ýermiş. “Gelnimizi dagy depämizde saklarys” diýýä özlerem. Öz obamyzdan gelip barýan adam ýok şu wagt. “Haçan biri gapymy kakarka?” diýip, ýola göz dikip oturjakgä men! Mekdebe gatnalan ýyllar gyzyň öňünden kerwen gurady. Bar pikiri okuw bolansoň, iliň gyzy ýaly ýigit saýlama onuň küýüne-de gelmändi. Ýöne öz klaslarynda-da, goňşy klaslarda-da gyza duşan halatlary özlerini ýitirişip, mähirli nazarlaryny gyza dikip-dikip geçýän ýigitler az däldi. Bu zatlar hakda pikir öwren Dünýä ýene ejesine ýalbaryp zarynlady: —Howlukma-da, garaşaý biraz! Öz obamyzdanam gelen tapylar. Bilýän men. Ejesi gabak astyndan bakyp, pessaý ses bilen sorady: —Ýa saýlapmydyň senem birini? —Saýlamok!—Dünýä pert gepledi.—Okuwa höwes edemsoň, ýigit saýlama ýadyma-da düşmändir. —Ony oňarypsyň—diýip, ejesi begendi.—Indi gepiňi köpeltme-de, meniň saýlanyma gidiber. Öz obamyz diýip otursagam, Alla bilsin, kim kakjak gapyny. Toba-toba, gulak eşitse-de, göz görmesin! Soňky döwürler hakyt galyň ýygnap bilmän, “Gyzyňyzy taňryýalkasyna beräýseňiz” diýip gelýänlerem döräpmiş diýýäler. Heý, taňryýalkasyna-da bir gyz dilenermi?! Garaz, Dünýäni hiç kim diňlemedi. Gyz hiç kime gep düşündirip bilmedi. Ekinler ýygnalyp, agras güýz ornuny ýürekgysgynç uzyn gijeleri tirkäp gelen gyşa beriberende, Dünýäniň başyna kürte atyp, goňşy oba alyp gitdiler. Gyz ol günlere-de, goňşy oba-da gözýaş bilen ýetdi. Toýy gözýaş bilen sowdy. Toý sowlansoň, oňa nika gyýdylar. Haýsydyr bir erkek kişi üç gezek: —Şageldiniň ogly Şagula ömürlik ýoldaş bolmaga razymyň?—diýip gaýtalansoň, bir aýal maşgala Dünýäniň kürtesiniň gyrasyny galdyryp, lopbuş ýüzüni gyzyň ýüzüne degräýjek bolup pyşyrdady: —Razy diý! Razy diý! Dünýä hiç kime hiç hili jogap bermekçi däldi. Nika gyýýanlaryň içini dymyp ýakmakçydy. Kürtesine kellesini sokup, gep öwredýän aýal gyzyň ejesine bolan öňki gaharyny has-da möwjetdi. Gyz kesirlik bilen pyşyrdady: —Razy däl! Bu sözleri eşidende, kürtä kellesini sokan aýalyň gözleri petredi. Ol ýüzüni dessine yzyna çekdi. Dünýäniň sözüni bukup gepledi: —Gelin razy diýýä! Razy diýýä! Soň nika gyýlyşyň beýleki dessurlaryny berjaý etdiler. Toýuň soňuna galanlar gelne guşak çözdürip, ädik çykartdylar. Dünýä şonda özüne är boljak ýigidi ilkinji gezek synlady. Ýüzüne seretmedi. Agajet ýigitleriň biline oranyňda iki aýlamaga ýetýän seçekli, şypyrdyk ýaglygyň özüne är bolmaly ýigidiň biline birje gezek aýlamaga ýetenini görenje pursadynda Dünýä ýanýoldaşdan doýdy. Däp-dessury töwerekdäkiler üçin berjäý edýänem bolsa, bu şagalaňly pursat Dünýä üçin bütinleý gyzyksyzdy. Ýaglygyň ujuny gözläp, bildäki daňynyň eýle-beýlesinden çekende, barmaklary alan hamyra çümýän ýaly bolup, ýigidiň ýag tutan garnyna çümüp-çümüp gidýärdi. Şonda Dünýä nädip seňrigini ýygranyny duýman galýardy. Özüne baky ýanýoldaş boljak ýigidi ol eýýäm ýigrenibem ýetişipdi. “Gurply ýer bolnanda-da, edil beýle garyn ýagjartma nämä gerekkä!” diýip, ol guşak çözmä güýmenip oturyşyna gahar bilen içini gepledipdi. Çeken ädiginden çykan, lakga balyk mysaly aýagy görende, Dünýä öz-özüne gargyndy: “Garamaňlaý bolmasaň, bu alamat seň bagtyňdan çykarmy diýsene!” Ähli däp-dessurlar berjaý edilensoň, är boljak ýigit elindäki şapyrdyk sýaglygy bilen urup-urup, öýdäkileriň baryny uly goha gaplap, daşaryk kowdy. Aýallaryň biri gelip, hikirdäp, düşek ýazyp gitdi. Ýigit Dünýä hiç hili gep goşmady. Ähli zat göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçdi. Lopbuş pyýada gyzy adam hasap etmeýän ýalydy. Ony misli pagtasy dökülmeli ganar mysaly, ýazylan düşege tarap gödeklik bilen itip, togalap goýberdi. Näzik göwräniň üstüne göhert bolup çökdi. Bu pursat Dünýä üçin eşek agynandan ibaly bolmady. Göhert ýigit agynap, keýpden çykansoň, ýene gyza ýeke söz goşman, harlap uklap galdy. Dünýä bolsa kellesi üýtgäne döndi. “Ine, meniň mundan beýläkki ykbalym” diýip, göwnüçökgün halda pikir öwürdi. Beýle durmuşda ýaşamak islemedi. “Daň atýança janym çykaýsady” diýip dileg etdi. “Ejem maksadyna ýetdi. Isläniçe galyň aldy. Indi ogullaryny öýerer. Meniň janymy al, Alla jan! Maňa beýle ýaşaýyş gerek däl! Men bu adam bilen ömür sürmäge çydaman!” diýip, aglap-aglap Biribara ýalbardy. Ýöne ol ölmedi. Daňa aman-sag çykdy. Onuň goşa örüm saçyny arka atyp, başyny bogdular. Gyz adyny gelne çalyşdylar. Şeýdip günler-aýlar dolanyberdi. Kyrk gün geçensoň, ony gaýtaryp, atasy öýüne eltdiler. Gaýtaryjylar gaýdansoň, Dünýä ejesine ýalbaryp, ýene zar-zar aglady: —Şolara meni nädip dözdüň, eje! Ol, maňa är bolan artybyň sallanyp duran dodaklary kakamyň eşeginiňkiçe bar. Boýnam gyşyk. Ömür çep tarapa serdip ýören ýaly. Gara lopbuş ýüzüni diýjekmi onuň?! Garny seniň hamyr jamyňdan uly! Gaýdyp goýberme meni, eje jan, şol ýere. Käbäm ejem! Men olary halamadym! Gitjekgä yzyma! Gyzynyň bu sözlerine Ene daýzanyň gözleri hanasyndan çykara geldi. Ol ýylan gören ýaly, içini çekdi: —Hih! Gitjek däliň bormy, gyz! Şonça galyň tölänsoň, olar süýräbem äkider seni! Onsoňam, adam sypatyna at dakmak aýypdyr! Hemmeleri Alla ýaradandyr. Türkmen aga çagasynyň bol iýdirilip, gül geýdiriljek ýerine seredýändir. Dünýä agysynyň arasynda janyýangynly gepledi: —Hawa-da. Türkmeniňki mydama gara bokurdak bilen mata-marlakdyr. Düşünjesiz adam şondan başga zat hakda pikirem edip bilmez! —Bolduň meň başyma düşünjeli!—diýip, ejesi hüňürdedi. Islese-islemese, Dünýäni ýene yzyna gaýtaryp äkitdiler. Gaýdyp baran gününiň ertesi gaýynenesi Balbike oňa taranyň gozagyny görkezdi: —Ine, gelin baý, gelinsireme günleriň tamam boldy indi. Şu gozaga gir-de, gaýyneneň saňa tölänje pullaryny nädip ýygnanyny bil! Her bazara iki kişilik matany ýetişdirersiň! Mallaryň ot-suwy, öýüň nahar-şory-da seň boýnuňadyr. Besdir. Gelin edindim. Indi aýagymy uzyn salyp, dynç aljak. Gyzlaram bukjalaryna haýdamaly. Gapyň kakylyp, sözaýdyjy gelenini duýman galarsyň. Ine, şonda baldyzlaň bukjasy doluja bolsa, gözüňe geläýer. Hut adamsy Şagula meňzäp, meşik ýaly çaýkanyşyp, girişip-çykyşyp duran, boýunlary çep tarapa gyşaryp, dodaklary pökgerip duran baldyzlaryna göz aýlap, Dünýä içini gepletdi: “Şulary almaga-da biri höwes edip gelermikä? Gyz çykaran-a ogul öýeren ýaly däldir. Puluňy somlap, biriniň gül ýaly çagasyny duluňa geçiren ýaly däldir. Pula gelin alsaňam, giýew-ä alyp bilmersiň!” —Düşündiňmi diýenlerime?—diýip, gaýynenesi Dünýäni pikirlerinden aýňaldyrdy. Gaýynenesiniň diýeni bilen Dünýä ylalaşmady. Ol ýaşmagyny syrdy-da: —Mallaryňa serederin. Taraňy dokajak däl—diýdi.—Men tara dokap göremok heniz. Dokamagam halamok. Gelniň dil açmasy gaýynenäni ary çakana dönderdi. Ol: —Waý, işim gaýtdy!—diýip gykylyklady.—Bagtym ýatdy! Toba-toba! Hakyt gelin menden ýaşmagyny açaýdy! Heý, şundanam bir gelin bormy! Gelin diýeniň lal bolup gezmeli dälmidir?! Gelin diýeniň diňe baş atmany bilmelidir. Tara dokamany halamaňda näme sen! Gelin gelen ýeri bilen bolmalydyr. Senden haýsy işi halaýanyňy sorap durmarys, keýgim! Gelin näme buýrulsa, şony etmelidir! Bilmedigini öwrenmelidir. Hany, gir gozaga! Dünýä gozaga girmedi: —Girjekgä diýdim-ä! Balbike öňküsindenem beter çyrlady: —Işim gaýtdy, adamlar! Gelin hakyt meniň bilen sanaşýa! Aýu! Şaguly! Bi, heleýjigiňe bir äňet! Gykylyga Şaguly geldi. Ol möle gözlerini bir ejesiniň, bir Dünýäniň ýüzüne dikdi: —Näme bold-aý? Balbike ellerini şarpyldadyp, butlaryna urdy: —Gelin hakyt meniň bilen sanaşýa-da! Tara doka diýsem, dokajakgä diýýä! Dünýä ýene ýaşmagyny syrdy: —Başarmaýan zadyňy etjekgä diýmäniň näme aýby bar? Men hakykaty aýdyp durun-a size. Başarmaýan zadymy başarýandan bolup, ýalan sözläýinmi men?! Şaguly sen-men ýok, gelniň agzynyň üstüne ýelmäp goýberdi: —Agzyňy ýap! Diliňem ömür lal bolsun! Gelin diýen zadyň şeýle bolmalydygyny bileňokmydyň sen?! Adamsynyň bu bolşy Dünýäniň ýüregini dilim-dilim etdi. Kemsidilenine gynanyp, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. Özüniň bu adamlar bilen deňleşip bilmejegine göz ýetirip, ýaşmagy bilen agzyny ýapdy. Ýaşmak astyndan adamsyna ýüzlendi: —Uraryň ýaly näme günäm bar meniň?! Düşünişmek üçin açanymda näme ýaşmagy?! Şaguly bu sapar onuň ýeňsesine ýelmedi: —Lal bol-da, gozaga gir! Senden gep soralanok! Eger ejeme bir zat aýtmakçy bolsaň, meni çagyrarsyň. Ýa jigilerimi araçy edinersiň! Ýene ýeke gezek sesiň çykaýsa, gözüňi ýeňsäňden çekerin. Ejem bir zat diýse, diňe baş atyp jogap ber! Biri gelen çagy gürläp, goňşy-golama gep bolaýsaň, kelemäňi çöwrüber soň. Dünýä bialaç gozaga girdi. Ejesiniň: “Olar gelin edinse, depelerinde saklajaklar” diýen sözlerini ýatlap, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. Hyýalynda: “Eje jan, sen meni kimlere dözdüň?!” diýip, ejesi bilen gepleşdi. Döwsypat adamsynyň özüni kemsitmesine ýüregine daş atylan ýaly boldy. Aglap oturyşyna, gaýynenesiniň tara dokamanyň usuly baradaky geplerine üns berdi. —Özüňem çala kakylanda, şumjaryp durma. Bizem kän urlandyrys—diýip, gaýynenesi iş öwredip durşuna, birsyhly gelnine akyl satdy.—Urulmajak bolmaly. Özüňi akyllyja alyp barsaň, saňa zat diýen bolmaz! Adamsynyň gaýa-gopuz ýok ýerden özüni urmasyny Dünýä diýseň gaty gördi. Agşam, ýatylmazynyň öň ýany ol Şagula öz kinesinden söz açdy. Pessaýja gepledi: —Seniň şu günki bolşuňy makullamok men, Şaguly. Gaýa-gopuz ýok ýerden agzyma, ýeňsäme ýelmäbermäň, adamçylyg-a däl. Şaguly dyzlaryna daýandy-da, Dünýäniň ýeňsesine penje urdy. Goşa örülip, arka atylan saçlardan towlap tutdy. Gelniň gyňajy sypyryldy. Şaguly gahardan saňňyldap, dişlerinden syzdyryp gepledi: —Saňa lal bol diýildi şu gün! Düşünmediňmi şoňa?! Seniň üçin ejeňe iki gelne ýeterlik pul tölendi! Indi islesek, urarys, islesek, söýeris! Ol öz işimiz! Düşündiňmi?! Janyňy almasam, razy bol! Gelen gijäň, nika gyýlyp durka, maňa aýal bolmaga razy däl diýen gepiň üçinem çekmeli jezaň durandyr entek! Uly il şonuň gürrüňini edýä! Razy bolmasaň, nämä geldiň, hä? Nämä geldiň? Aljak puluňyzy alyp, bärde-de jürküldejek bolýaňmy? Hany, razy bolmabilşiňden bolma sen! Puluňy töledim, satyn aldym. Indi seni islesem, aýal edinerin, islesem, gyrnak, islesem gul! Düşündiňmi? Şaguly guduz açdy. Bir eli bilen Dünýäniň saçlaryndan barha çekip, bir eli bilen ýene onuň näzik dodaklarynyň üstüne öwran-öwran ýelmedi. Özüniň şeýle kemsidilmesine çydaman, Dünýä janagyryly gygyrdy: —Geljek däldim saňa! Geljek däldim! Ejem günüme goýman berdi! Bialaç geldim! Naçarlygymdyr saňa sataşdyran! Doganlarym... M... Dünýä ýene-de nämedir bir zatlar diýjek boldy. Ýöne Şaguly ony geplemäge goýmady. Ol iki lei bilen gelniň bokurdagyna ýapyşdy: —Lal bol diýýän! Lal bol! Dünýä-de öz sözlerini aýdyp galmak isledi: —Doganlarym—diýip, zordan gaýtalady.—Doganlarym... M... H... K... Şaguly oňa doganlarynyň adyny tutmaga-da maý bermedi. Bogup-bogup, käte bir dem berdi. Soňam ýene ýüz-gözüne ýumrugy bilen malçyldatdy. Urup keýpden çykansoňam, itip goýberdi: —Düşegi ýaz! Dünýä özüniň durmuşda utulanyna mazaly göz ýetirdi. Ol diňe diýlenini edip ýaşamakdan başga alajyň ýoguna düşündi. Sesini çykarman, gyňajyny düzetdi. Turup, düşek ýazdy. Geplemese-de, gözýaşlar ýaňaklaryndan suw-sil bolup ýol ýasady. Şaguly ony ýene äsgermezlik bilen düşege togalap, üstünde eşek bolup agynady. Keýpden çykdy. “Bularda adam duýgusy-da ýok. Haýwan mysaly mahluklar. Munda çala adam ysy bolan bolsa, şunça goh-galmagaldan soň, keýp çaglama göwün-de galmaz” diýip, Dünýä özüniň gül synasynda eşek kimin agynaýan Şagula ýigrenç bilen bakyp pikir öwürdi. Daň atýança, bir aglap, bir uka gidip, bir ukudan açylyp, pikirlere özüni aldyryp çykdy. Aglamakdan çişen ýüzüni irden özi tanamajak boldy. Öz gününe ýüregi gyýlyp, irdenem gözlerine ýaş getirdi. Gelniniň ýellenen ýüzüni görüp, Balbikäniň welin keýpi kökeldi. —Oňarypsyň saçy kesileni. “Aýaly başdan...” diýipdirler. Şeýdip, başdanjykk akyl öwretmeseň, şäl-şäl edip, bujagaz şoňy bilen depäňe çykar!—diýip, Balbike Dünýä eşitdirip, oglunyň öwgüsini ýetirdi.—Köpräk ur! Aýaly adam edýän taýakdyr! Dünýä gaýynenesine içinden hernäçe gargynsa-da, sesini daşyna çykaryp bilmedi. Ýaşmak dişläp, sygyr sagdy. Mallara ot dökdi. Çaý demledi. Soň günortan naharyny atardy. Sesini çykarmanam, gozaga girdi. Tara dokamaga oturdy. Şeýdip, günler-aýlar tigirlendi. Gaýynenesi oňa tara dokamanyň ugruny mazaly öwretdi. Dünýä bu işe derrew ökdeledi. Tara ýüwürtmäni, tüte saramany-da öwrendi. Sygyr sagdy. Mallaryň ot-suwuna seretdi. Kir ýuwdy. Çörek bişirdi. Nahar taýýarlady. Öýüň syrym-süpürimi-de onuň başynady. Şeýle bir iş köpdi welin, Dünýä süýnüp dynç almaga zar boldy. Işlere ylgap ýetişip bilenokdy. Kä günler gaýynatasy ogullary bilen gijäniň bir wagty ýük maşyny dolduryp, ot-çöpem getirerdi. Olary düşürmäge-de Dünýäni kömekleşdirerdiler. Uzakly günüň hysyrdylaryndan soň bu iş Dünýä taradan-da agyr degýärdi. Şonda-da ol seini çykarman, ähli işe ýetişjek bolup çytraşýardy. Köwşüni geýmäge-de howlugyp, aýakýalaňaç ylgaýan wagtlary-da bolýardy. Günüň haçan dogup, haçan ýaşýanyny bilenokdy. Işi has agdyk bolansoň, Günem diýseň çalt aýlanýan ýalydy. Turandan öýle bolýan ýalydy. Başyny ýassyga goýandan Gün dogýan ýalydy. Dünýäniň maňlaýyna ýazylan ene bolmak bagty-da ýüze çykdy. Günsaýyn göwresi gabardy. Şol arada ejesi-de goşa toý edip, Meýlis bilen Hydyry öýerdi. Dünýä onuň beýtmesini halamady. “Iki ogly birden öýerme nämä gerekdi. Indi muny gaýynlam agzyndan düşürmez” diýip, öz ýanyndan ejesine käýindi. Ýöne öň-soň hiç kim öz gepine pitiwa etmänsoň, toý barada ejesine zadam diýip durmady. Halynyň ýetdiginden kömek edip, bardy-gaýtdy. Göwresindäki çaganyň dünýä inmeli pursady golaýlap, synasyndan tapylan yza Dünýä bir üýtgeşik bela sataşandyryn öýtdi. Oňa tap getirmän, dişlerini dişlerinden geçiräýjek boldy. Iki bükülip, ýer dyrmady. Kimdir biri iki aýagyny çykan ýerinden goparyp, synasyndan alyp zyňjak bolýan ýalydy. Ýük galdyrylýan agyr sandykdan aslyşdy. Boş wagty iki erkege zordan süýşürdýän sandyk içiniň agyr goşy, üstüniň esli ýüki bilen ýerini üýtgediberdi. Gelin: “Indi ölmeli pursat geldi öýdýän” diýip pikir etdi. “Adam şeýdip ölýändir!” —Waý! Ölýän!—diýip, ol çirkin sesi bilen gygyrdy. Birden der basýardy. Birden üşüdýärdi. Gapyda gaýynenesi peýda boldy. —Gygyrma! Goňşy-golama masgara bolýaň!—diýip, ol bosagada ellerini bykynyna diräp durşuna gaharly gepldi.—Il-günde-de kän-ä seň ýaly guzlaýan! Beýdip bagyryp ýörenog-a! Hernäçe ýigrenýänem bolsa, Dünýä baryp gaýynenesiniň aýaklaryny gujaklady: —Ölýän, gaýyn! Kömek et! Aňsadrak ölmäge kömek etseň bolýa! Başga zat sorajak däl! Ejemi çagyr iň bolman!—Şeý diýensoň, Dünýä emedekläp, bosaga agajyny dyrnaçaklady.—Waý, ölýän! Waý! Gaýynenesi kömek üçin äwmedem. Gaýtam Dünýäniň bolşuna gaharlandy: —Ejeňi çagyrma nämä gerek! Ol näme, seň ýeriňe guzlap berer öýdýäňmi?! Bu jebri her kimiň özi çekmeli, hanym! Ine, günortan Şaguly jan geler. Doktora alyp gider seni. Özüňem sesiňi çykarma. Çydajak bol! Ýaşmagyňy ýaş! Ýeke çaga guzlamankaň, masgara bolup otyrsyň. On çaga dogran gaýyneneň jebir çeken däldir öýdýäňmi sen! Biz-ä beýdip, seň ýaly gygyrmalydygynam bilmändiris. Gitjek wagtymyz hamyr ýugrup, çörek bişirip giderdik. Ähli kir-çägimizi ýuwup giderdik. Bu wagt Dünýäniň ýadyna ýaşmak düşenokdy. Diňe “Ýa basymjak ölüp bolsa, ýa-da bu görülmedik agyry menden aýrylsa” diýip dileýärdi. Günortana heniz wagt kändi. Ýaňy Gün dogup, her kim işli-işine ugrapdy. Ol möhlete ýetmek Dünýä üçin ýüz ýyllyk ýol ýalydy. —Doktora baraňda-da, jebriňi çekişjek bardyr öýtme. Mert bol-da, çyda! Ili üstüňden güldürip, gygyrma özüňem—diýdi-de, gaýynenesi gapyny berk ýapyp, çykyp gitdi. Daşardan onuň gyzlaryna ýumuş buýurýan sesi eşidildi: —Şabibi! Şasoltan! O saçykesilen-ä guzlajak bolýa! Öý işlerini özüňiz edeweriň! Şeýle kyn pursadynda-da özüne ýyly söz aýdyp, ýanynda hemaýatçy bolmaýan gaýynenesiniň diýýän sözlerine Dünýäni has-da horluk basdy. Ol bilini şatyrdadyp döwäýjek bolýan yza tap getirip bilmän, emedekläp, bir düşekleri çekip, bir sandygy süýşürip ýörşüne aglap, ejesine ýalbarýardy: —Näme üçin meni durmuşa çykardyň, eje jan! Müjerret geçirseň bolmadymy?! Meniň näme ýazygym bardy seniň öňüňde! Ol öýüň içinde ters aýlandy. Uwlap-uwlap tapdan düşdi Üşütme tutup, ýüz-gözleri göm-gök boldy. Birden der inip, köýnekleri suwa salnana döndi. Gygyrdy. Aglady. Janam çykmady. Ol şu pursatda bir görseň juda çüýrük görünýän adam üçin ölümiň-de aňsat däldigine göz ýetirdi. Onuň çyrpynyp-çyrpynyp, halys surnugan pursady Şagulynyň maşynynyň sesi geldi. Gaýynenesi oňa-da gyzlaryna diýen sözlerini diýdi: —O saçy kesilen-ä guzlajak bolýa! Şol sözlerden soň kän salym geçmän, otagyň gapysy açylyp, bosagada Şaguly peýda boldy. Ol Dünýäniň halyny-da soramady. Ýagdaýy bilenem gyzyklanmady. Gapyda duran ýerinden: —Maşyna mün!—diýdi-de, yzyna çykdy. Dünýä üýtgeşik pursadyň gelenine begendi. Doktora baryljagyna begendi. Bu wagt gelin üçin ölüm-de, ýaşaýyş-da parhsyzdy. Synasyny ikä bölüp barýan yzadan basymrak dynsa razydy. Ol bir emedekläp, bir dyzlaryna daýanyp, daşaryk çykdy. Gözleri ýer görenokdy. Dişlerini gysyp, diwardan ýapyşyp barşyna, öýi ýerinden gozgaýjak bolýardy. Maşyna münmek üçin ýerinden galyp bilmedi. Maşynyň tekerlerini gujaklap, jan berjege döndi. —Bolan bolaýşyny saçy kesileniň!—diýip, gaýynenesi azgyryldy.—Gyz bar, ogul bar diýenok, bi bihaýa! Şeýderiň ýaly näme barmyş diýsene! Biz-ä on çaga dograndyrys, birinde şeýdip masgara bolan däldiris! Köpüsinde doktora-da giden däldiris. Öýde guzlandyrys. Şäl-şäl edip, gep sanaşmaly bolanda-ha iki paý berlen ýaly bi zamanyň albassysy. Gaýratyň bolsa, häzir görkez sen! Häzir gaýynenesiniň diýýänleri Dünýäniň gulagynyň ýele ýanyndanam geçenokdy. Basymjak bu ýerden gitse razydy. Onýança gaýynenesi ogluna gygyrdy: —Özüň göter-de, at maşyna! Ýokaryk çykybam bilmeýä ol! Şaguly Dünýäni arkasyndan gop berip, maşynyň kabinasyna dykdy. Dünýä ol ýerde-de demir el tutardan aslyşyp uwlady. Şaguly ýerine geçensoň, maşyn howludan çykyp, ýola düşdi. Doktora barylýan ýol hem Dünýä üçin tükenmeze döndi. Gelne uzak görnenem bolsa, ýarym sagada galman, maşyn bäbekhananyň gapysyna bardy. Düşmeli bolanda, Dünýä kömege hantama bolmady. Maşyn durandan, gapyny açyp, özüni ýere oklady. —Içiňdäkä zyýan edýäň!—diýip, Şaguly onuň öz haly hakda jinnek ýaly alada etmän, dünýä injek çaganyň pikiri bilen gelne azgyryldy.—Şony şikesli dograýsaň, kelläňi alaryn! Doktor gyzlar çykyp, Dünýä kömege ylgadylar. Şaguly yzyna dolandy. Kömege ylganlar Dünýä diňe eşik çalşyrmaga hemaýat etdiler. Soň ýatmaly krowatyny görkezdiler. Başga hiç hili kömek bolmady. Dünýä hernäçe: —Ýa ölmäge, ýa şu beladan dynmaga kömek ediň!—diýip gygyrsa-da, netije çykmady. —Heniz çaganyň dogulmaly pursady bar—diýip, gaýtam onuň içini ýakdylar.—Biz ölmäge hiç kime kömek edemzok. Ýöne dogrup bilmeseň, soň çagany kesip alarys! Dünýä dogrup bilmedi. Uwlady, urundy. Onuň töwereginde özi ýaly çabalanýan gelin başga-da kändi. Doktorlar bolsa olara arkaýyn çaý içişip oturyşlaryna, misli gyzykly kino seredýän ýaly, gülşüp-degşip, syn salyp soňýardylar. Käte gelip, çyrlaşýan gelinleriň synasyny barlap gidýärdiler. Sowukganlylyk bilen: —Entek çaganyň dogulmasyna wagt bar—diýip, şol bir sözlerini gaýtalaýardylar. Dünýä bu ýerde öýdäkidenem beter jebir çekdi. Baran gününiň güni batyryp, gijesi bilen urnup çyksa-da, çaga dünýä inmedi. Ertesi hem bütin gününi şeýdip geçirdi. Ahyry doktorlar onuň daşyny aldylar: —Çaga has uly. Operasiýa etmeli boljak. Sen ony dogrup bilmeýäň! Dünýäde geplemäge-de mydar galmady. Ol göwresinde däbşenekleýän äpet zat aýrylsa razydy.Şonuň üçin gelin doktorlaryň diýenine baş atyp,razylyk berdi.Soň,ol näme-nämeleriň bolanyny bilmedi.Bütin synasynda,garnynda sorkuldap duran yzany duýup, gözüni açanda, ilki bilen iňňesi daňlan elleriniň damaryna dokulan asma ukollary gördi. Göwresinde ýeňillik duýdy. —Gymyldama. Çaga kesilip alyndy—diýip, gapdalynda duran doktor gyz oňa düşündirdi.—Ogluň boldy. Özem gaty uly eken. Bäş kile. Dünýä oglunyň bolanyna begenmedi. “Beýle uly bolsa, şol haram göhertlere meňzändir” diýip, gaýynenesidir adamsyny göz öňüne getirip, pikir öwürdi. Garnyna tygyň salan yzasy-da ýetikdi. Ýöne Dünýä dogulmazynyň öň ýany sataşan agyrynyň operasiýa sebäpli düşen ýaranyň yzasynyň dagy çeni däldigini ýatlady. “Eý, Hudaý jan-eý, şol beladan dynanym çynmyka beri” diýip, aňynda gaýtalady. Gözüniň gytagy bilen boşan göwresine nazar salanda, göwrümi giňedi. Dünýä bir aýa golaý bäbekhanada ýatyp, öýüne dolandy. Özüne näçe jebir berip dünýä inenem bolsa, adamsy Şaguly kimin lopbuş hem bolsa, sypaty hem şu öýe geleli bäri ýüregine ýigrenç bilen çöken adamsyna meňzeýän-de bolsa, kiçijik adamjygy Dünýä diýseň gowy gördi. Ol Dünýä üçin diýseň mähribandy. Dünýä ony bagryna basyp, mährinden ganyp bilmedi. Onuň üçin ölüp-öçdi. Ol Dünýäniň perzendidi. Ogluny şeýle gowy görse-de, Dünýä çaga sebäpli öňki gören jebirlerini gaýdyp çekmek islänokdy. Alladan gaýdyp özüne çaga bermezligi diledi. Özüni birneme tutansoň, gaýynenesi ony ýene atasy öýüne görme-görşe äkitdi. “Birki gün ejeň bilen ümmüldeş” diýip, Dünýäni goýup gaýtdy. Dünýä şonda ýene gije-gündiz aglap, ejesine ýalbardy: —Indi beri goýberme meni şolara. Aýrylyşaýyn men. Men indi beýle jebir bilen çaga dogurmak islämok. —Aýrylyşyp bormy!—diýip, ejesi ör-gökden geldi.—Öliň gelsin, diriň gelmesin ol ýerden! Aýrylyşyp gelseň, doganlaryň nähili uýada galar! Nädip ile çykar olar! Onsoňam, gaýynlaň seniň aýrylyşjagyňy oňlar öýdýäňmi? Olar seň üçin iki gelne ýeterlik pul tölediler-ä! —Sen näme üçin şol pullary aldyň?—diýip, Dünýä ejesiniň ýüzüne gelip, aglap gygyrdy.—Sen näme üçin doganlarymy müjerret geçirmediň! Sen näme üçin meni duluňda garratmadyň?! Ejesi ellerini daldalatdy: —Toba-toba! Bir çaga dogurdym diýip, bu gyz hakyt däliräpdir. Ejeň çeken däldir öýdýäňmi seň çeken jebriňi?! —Çeken bolsaň, iş bitiripsiň!—diýip, Dünýä ýene aglady.—Ýöne meniň gaýdyp beýle jebri çekesim gelenok. Yzyma gitjekgä men! Aýal bolmagy başaramok men! Aýal bolmagy halamok men! Gaýynym bilen sen bolsaň, şol zatlara werdiş bolansyň!.. —Werdiş senem borsuň ýuwaş-ýuwaşdan—diýip, ejesi pyşyrdady.—Durmuş ähli bolmaly zatlary adamzadyň boýnuna goýar oturar. Oňa nädip boýun bolanyňy duýman galarsyň! Iki günden gaýynenesi Dünýäni alyp gitmäge geldi. Dünýä gitmejek bolup, aýak diredi. Gaýynenesi onuň bolşuna toba edip, ýakasyny tutdy. Doganlary Meýlis, Hydyr, Kadyr bolsa ýene gözlerini alardyşyp, Dünýä azgyryldylar: —Gepiňi köpeltme-de, öýüňe ugra! Dünýä doganlaryna: “Utanyň! Uýaňyzy şeýle jebirlere dözüp, öýli bolýanyňyza utanyň!” diýmek isledi. Ýöne doganlaryndan şeýle bir kine etdi welin, gelin olara sögüşmek üçinem gep goşmak islemedi. “Gaýdyp siziň ýüzüňizi-de görmerin” diýip, içinden pikir öwürdi. Bialaç halda aglap-eňräp, gaýynenesiniň yzyna düşdi. Balbike öýüne agyz-burnuny towlap, bagyra-bagyra bardy: —Toba-toba! Nähili zada sataşdyrdy bizi Hudaý! Hakyt yzyma geljekgä diýip otyr bi saçy kesilen! Utanmady-nätdi! Beren galyňymyza ejesi iki ogluny öýerdi! Şaguly Dünýäniň yzysüre içeri girdi. Onuň golundaky çagany sallançaga salaryna garaşdy. Çaga elden goýlandan, Dünýäniň ýüzi kessir ýumrugyny saldy: —Ine, gelesiň gelmese yzyňa! Gepiň tükenmedi seniň! Agzy awunsa-da, Dünýäden ses çykmady. Ol çagasyny gözýaşlar bilen üwräp ýatyransoň, ýene öýüň işine ylgady. Halynyň ýetdiginden işledi. Tara-da dokady. Sygyr-da sagdy. Nahar-çaýa-da esewan boldy. Ogly bir ýaşa ýetip-ýetmänkä, öňki jebir-jepalar bilen ýene bir ogly-da dünýä inderdi. Ýene çagasy kesilip alyndy. Syna iki gezek tyg degrilmesi, iki sany ümbilmez bäbek onuň aňkasyny aşyrdy. Gelin ileri-gaýrany unutdy. Uky ýat boldy. Çagalarynyň birini ýatyrsa, ikinjisi oýanýardy. Bäbekleriň egin-eşigi, arlyklary bir adama işdi. Öýüň keşigem başynady. Aýlar-günler aýlanyp, bäbeklere aýak bitdi. Tigirlenip ugradylar. Çagalaryň aladasy gündiz ýetigem bolsa, Dünýä gijelerine sallançak çekmeden dynypdy. Birneme ukusyny alýardy. Ýöne onuň rahatlygy uzaga gitmedi. Ýeser ýerde gaý turdy. Şaguly maşyny bilen düňderilip, ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy. Ölmese-de, ölmedi welin, maşgala jebir baryny-da berdi. Alty aýlap galman, keselhanada ýatmaly boldy. Dünýä gije-gündiz ony saklap, dik oturdy. Agzyna iýjegini tutup berdi. Hapa-hupasyny dökdi. Şaguly öýüne goýberilensoň, doktora degişli işlerem Dünýäniň üstüne düşdi. Şagulynyň ýaralaryna derman çalyp, sargylaryny özi çalyşýardy. Ýaralara mikrob düşmez ýaly, sargylary ýuwup-ardyp, uga tutup ütükleýärdi. Näsag äriniň ýatan düşegini her gün täzeleýärdi. Bu zatlaryň üstesine, gelne öňki işlerem urnady. Çagalar bir ýandan çyrlaşyp, etini iýip barýardy. —Şaguly sagalsa, ind-ä seni depesinde saklar, Dünýä—diýşip, Şagulynyň halyny sorap gelýänler Dünýäniň öwgüsini ýetirýärdiler.—Tüweleme, Şaguly diňe seniň yhlasyň bilen ölmän galandyr. Sen oňa bäbege sereden ýaly seretdiň. —Näme üýtgeşik iş edipmiş!—diýip, gaýynenesi şol bir bolşy bilen agyz-burnuny towlaýardy.—Aslynda, oglumyňmaşynynyň düňderilmesine-de şu süýtsüziň päli günäkärdir. “Şu öýe geljekgä, şunuň bilen ýaşajakgä” diýip öläýd-ä saçy kesilen! —Hawa, Şagulyny şunuň päli tutdy—diýşip, gyzlar hem ejelerini makullap jammyldaşdylar. —Şuny nämä aldyň diýsene, eje! Şeýle gürrüň bolup durka, gaýynatasy bir maşyn ot getirdi. —Bar, oty düşür!—diýip, gaýynenesi Dünýä azgyryldy. Edýän hyzmatlaryna taňryýalkasynyň ýerine agyzlaryna gelenini diýşip duran gaýynlaryna Dünýäniň gahary geldi. Uzakly günüň hysyrdysy, Şagulynyň “äkit-getiri” bilen halsy surnugan Dünýä ot düşürmek üçin ýerindenem turmady. Onuň häzir ot daşamaga haly ýokdy. Ol oturan ýerinden baldyzlarynyň biriniň gulagyna pyşyrdady: —Edýän işiňiz ýok, özüňiz düşüräýiň. Uzakly gün gybat kakyp otyrsyňyz! —Waý-eý!—diýip, bu sözleri eşiden baldyzy syçrap ýerinden turdy-da, ejesine gygyrdy.—Eje, seret muňa! Düşürjekgä diýýä. Biz uzakly gün gybat kakýamyşyk! —Gyzlar bilen işiň bolmasyn! Tur ýeriňden!—diýip, Balbike Dünýä azgyryldy.—Iki gelne ýeterlik galyň tölenip alnansyň! Öýüň guly bolmalysyň sen! Tur! Dünýä gaýynenesine gepleýämiňem diýmedi. Sarsman oturdy. Gözleri uky bilen süzülip barýardy. "Düşür“ýmen şol otuňy!” diýip, içinden gaýtalasa-da, sesini daşyna çykarmady. Birden bir çetde oturan ýüwürjisi Şanazar düwdenekläp geldi-de, Dünýäniň ýüzüne şarpyldadyp goýberdi: —Tur diýilýä saňa! Näme, ejemi äsgereňokmy sen?! Dünýäniň gözünden ot çykyp gitdi. Ol ýüwürjiniň ýeňňäni urýan halatyna ilkinji gezek sataşýardy. Ýüzüni tutup, esli oturdy. Gynançdan göz owalaryna ýaş ýygnanyp ugrady. Şarpygyň degen ýeri awuşady. —Şunuň ýaly kesir heleýi nireden tapyp ladyň, eje?!—diýip, Şanazar ejesine arlap gygyrdy.—Munuň aýagy-da düşmedi. Heleý bormy şundan! Bir görseň gitjek bi, bir görseň, geljekgä bi. Şuny almadyk bolsa, belki, Şagulynyň-da maşyny düňderilmezdi.—Soňra Şanazar düşekde ýatan doganynyň üstüne gygyrdy.—Hemmesi senden! Başdan gowşak tutup, dil gaýtarmany öwretdiň muňa! “Aýaly başdan!” diýip eşitmänmidiň?! Meň heleýim bir şeýdip iş buýrulanda, yňňyl-çyňňyl edip görsün! Gözi näme görýä onuň! Ýüwürjisine bolan gahar Dünýäniň ýaşmagyny syrdy. Ol Şanazara: —Saňa heleý duşasam ýok! Sen müjerret geçersiň!—diýdi. Şol bada-da ýüzüne ýene bir şarpyk degdi: —Gaýdyp al sözüňi yzyna! Dünýä soň sesini çykarmady. Ýüwürjisiniň urgusyna awan ýüzüni tutdy. —Päliň-niýetiň öz başyňa bolsun. Biziň pulumyza öýlenen doganlaň başyna bolsun!—diýip, Balbike-de Dünýäniň üstüne düwledi.—Toba et-de, diýen sözüňi yzyna al, süýtsüz! Dünýäniň sözüni yzyna almajagy çynydy.Elinden gelse, ol bu maşgalanyň baryny bir çukura süsdürjekdi. Balbike gelniniň bokurdagyna ýapyşdy: —Diýen sözüňi yzyna al! “Şanazar jana aýal duşsun” diý! Dünýä halys çydaman, gaýynenesini itdi: —Duşmaýa şoňa aýal! Size meniň sataşanym besdir! Gaýdyp siziň gapyňyzdan aýal gelmez! —Şeýtan alyna gidip, ýaşmak syran gelniňem bir gepi borm-aý! Oň üçin dawalaşyp durmasaňyz-laň!—diýip, gaýynatasy Şageldi gygyrdy.—Şeýtan salandyr ol sözleri onuň agzyna. Dawaňyzy goýuň-da, oty düşüriň! —Tur, oty düşür!—diýip, ogluna gargalmasyndan jany ýanan Balbike jebir-jepalardan bir gysym bolan Dünýäni saçyndan tutup süýredi. Şanazar gelnejesiniň ýeňsesine-de ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi. Dünýä gaýdyp bular bilen erjeşmän, oty düşürmäge durdy. Pikir-aladalar bilen bir maşyn oty nädip çekip gutaranynam duýmady. Gelen öýüne nälet okady. Aglap, Alla ýalbardy. Özüni bu tünekden halas etmegi diledi. Oty çekip bolýança, daň agardy. Gelin ýerine geçip, öli ýaly uklady. Irden turup, aýna bakanda, özüni tanamady. Ýüwürjisiniň şarpygynyň yzlary ýüzünde tagma goýupdy. Ýaňaklary çişdi. —Gözüň çyksyn! Diliňi saklarlar!—diýip, Şaguly ýatan ýerinden Dünýä azgyryldy.—Gutulaýyn bakaly! Menem seniň eýiňi ýetirerin. Ýene ýaşmagyňy açanyň üçin hem jigime garganyň üçin! Dünýä dünýe bimany göründi. “Şeýdip ýaşamak nämä gerek?” diýen sowal ony uzakly gün öz erkine goýmady. “Ýöne ylgap ýörmeli. Iý, iç, ylga. Bu zatlarda hiç hili many ýok. Bu ylgawlaryň, sowuk häsiýetleriň haçan soňy geler? Onuň geljek-gelmejegem belli däl”. “Anna agşamsy tamdyryň daşyndan aýlanyp edilen dileg kabul bolarmyş” diýip, Dünýä ejesinden eşiden gürrüňini ýatlady. “Tamdyr öýüň öwülýäsi bolarmyş”. Şu pikirleri serinde aýlan Dünýä bu günüň anna agşamsydygynyhakydasyna getirdi. Öýdäkiler ýerine geçip, it-guş uklansoň, gelin tamdyryň ýanyn bardy. Tamdyryň daşyndan üç gezek aýlandy. Soň kybla tarapa seredip, dyzyna çökdi. Maňlaýyny tamdyra diräp, nalyş gönderdi: —Meni şu maşgaladan halas et, Alla jan! Janymy al, ýygna meni! Ýa-da dyndar meni şu hili jebir çekmeden! Ýadadym men bular bilen ýaşamadan! Ol bu öýden şeýle bir bizar bolupdy welin, gözüne çagalary-da görnenokdy. Özüne bolmasy bir iş bolsa, çagalarynyň ýetim galjagy-da ýadyna düşenokdy. Eger Alla öz dilegini kabul edip, janyny alsa, ol şu pursatda jan bermäge taýýardy. Ol bimany ýaşamakdan ýadapdy, doýupdy. Dünýä tamdyryna yhlas bilen tagzym edip, üç anna agşamynda Gudraty Güýçlä ýalbardy. Ýöne onuň dilegi kabul bolmady. Ne öldi, ne jebir çekmeden dyndy. Dünýä: —Sen alarsyň meniň janymy!—diýip, misli dälirän ýaly bolup samrady. Öz ýanyndan Gudraty Güýçli bilen gepleşdi.—Okajak diýdim, bolmady. Bu öýe gelmek islemedim, bolmady. Öz obamdan çykjak däldim, çykardyň... Şu gezeg-ä meniň diýenimi edersiň Sen! Gelin sygyr, ot-çöp daňmak üçin ulanylýan ýüpden ep-eslisini kesip aldy. Sygyr dölä girip, ýüpüň bir ujuny döläniň ýokarsyndaky ýogyn pürse daňdy. Daňan ýüpüni çekip gördi. Soň süýt sagýan bedresini düňderip, bedra mündi. Pürse baglanan ýüpüň beýleki ujuny bokurdagyna mäkäm daňdy-da, bedräni çaltlyk bilen depip goýberdi. Ýüp bokurdagy gysyp, gözleri garaňkyrady. Bokurdakda erbet agyry peýda boldy. Gulaklary şaňlady. Soň gözleri gapylyp, dodaklary doňup ugrady. Dünýäni unutdy. Demi tutuldy. Özünden gitdi... Misli göge uçýan ýaly boldy... Birhaýukdan gulaklary: —Dünýä! Dünýä!—diýen güňleç sesi eşitdi.—Dünýä! Yzyňa dolan! Sen ýaşamaly-y! —Kim gygyrýa?—diýdi-de, Dünýä töweregine ýaltaklady.—-Yzyma dolanman! Ýaşamak islämok men! —Sen meni görüp bilmersiň—diýip, ses gygyrdy.—Meni hiç kim görüp bilmeýä! Men ýedi gat ýeri, ýedi gat asmany, ýedi yklymy, ýedi älemi, ýedi derýa, ýedi deňzi, ähli janly-jandarlary ýaradan Taňry! —Eý, Taňrym! Bu senmi?!—diýip, Dünýä begenip seslendi.—Ahyr soňy ses berdiň maňa! Ahyr soňy gördüň meni! —Men seni mydama görüp durun-a, Dünýä!—diýip, beýik Taňry Dünýä jogap berdi.—Saňa jan beren özüm ahyry! Dünýä gözlerini ýaşlady: —Onda näme üçin meniň nalalaryma ses bermediň! Meniň ýekeje islegimiň hasyl bolaryna hemaýat etmediň?! Men okamak isleýädim! Mugallym boljakdym! Ýöne bir öýe gul boldum men! —Sen mugallym bolmak üçin däl, şol öýüň keşigini çekmek üçin ýaradyldyň-a, Dünýä! —Men ol keşigi indi çekmerin!—diýip, Dünýä gaharlandy.—Indi bir arkaýyn dynç almaga hemaýat et! —Yzyňa dolan, Dünýä!—diýip, Gudraty güýçli Dünýä ýüzlendi.—Entek seň ol tünekde berjaý etmeli borçlaryň köp! Dünýä bekine tutdy: —Dolanman! Men ol öýde indi ýeke çöpi-de galdyrman. Balbike bilen onuň ogullary, gyzlary ýaly haramylaryň ýaşaýan ýerinde men ýaşaman! Olar barka, men ol öýe dolanman! Biri elini uzadan ýaly boldy: —Eliňi öňe uzat-da, bärik geç! Dünýä elini uzatdy. Gop berlen dek, ony nähilidir bir el çekip aldy. Dünýä indi arkaýyn oturdy. —Bolýa, men seni razy edeýin—diýip, Gudraty güýçli Dünýäni begendirdi.—Maňa düşünen pursadynda bendelerimiň ählisem menden razy bolýandyrlar. Ýeriň ýüzüne syn sal, Dünýä! Dünýä gökden ýeriň ýüzüne bakdy. Her öýde ýekeje adam aýak üstünde gezip ýördi. Gezip ýörenleriň içinde aýal-da bardy, erkek-de. Galanlar süýnüşip ýatyrdylar. Kä öýleriň ähli jemendesi süýnüp ýatyrdy. —Bu nämäniň alamaty, Taňrym?!—diýip, Dünýä Gudraty güýçlüden sorady. Gudraty güýçli oňa jogap berdi: —Sen haramzadalaryň janyny almagy soradyň-a! Dünýä içini çekdi: —Hiýh! Her öýde ýekeje gowy adam bar eken-ow?! —Her öý bir gowy ynsan bilen öýdür, Dünýä. Gowusy ýok öý dargaýandyr. Balbikäniň öýem seniň gowy hyzmatyň, adamkärçiligiň bilen dur. Sen bolmasaň... —Men bolmasam, näme bolar?—diýip, Dünýä howlugyp sorady. —Seret... Dünýä ýene aşak seretdi. Gapylarynda bir maşyn ot durdy. Oglanlar-gyzlar biri-biriniň ýüzüni ýolup, biri-birini şarpa-da-şarpa urýardylar. Balbike bir ýandan taýak alyp topulýardy, gaýynatasy bir ýandan. —Sen olaryň ünsüni biri-birinden sowýaň—diýip, beýik Taňry Dünýä bilen gürrüňini dowam etdi.—Saňa erjeşip, olar biri-birine üns berenoklar. Onsoňam, sen öýüň ähli işini edip duraňsoň, olara dawalaşara bahana-da galanok. —Waý-eý, olary! Şol oty düşürmejek bolup, biri-biriniň etini iýýä olar—diýip, Dünýä gökden gaýyn öýüne syn salyp oturyşyna ýene içini çekdi. Soň Gudraty güýçlä ýüzlendi.—Sen meni ol öýden aýyrsana, Taňrym! Goý, olar biri-biriniň etini çişe düzsün! —Beýtsem, şeýtan nägile bolar! Dünýä hiç zada düşünmedi: —Bu ýerde şeýtanyň näme dahyly bar?! —Gowy adamlar Adam atanyň nesilleri. Haramzadalar şeýtandan bolanlar. Şeýtany ýaradanam meniň özüm, Adam atany ýaradanam. Onsoň men Adam atanyň nesillerini gorap, şeýtandan azanlara-da üns bermesem, olar hem biri-biriniň başyny gemrip gutarsa... niçik bolar! Şeýtan öýkelär! Şeýtanylary oňuşdyrmak üçin men her öýe bir Adam goýýan! —Şeýtandan bolanlaryň özleri öwrensin oňşukly ýaşamagy, gowulygy—diýip, Dünýä janykdy.—Näme üçin ol azgynlaryň oňuşmagy üçin Adam atanyň nesli jebir çekmeli?! —Şeýtany adamlar hiç wagt dawa-jenjelsiz, oňşukly ýaşap bilmeýärler. Sebäbi olaryň ýüregi şeýtanyňky! Aňy şeýtanyňky! Şeýtandan gowulyk çykanyny dünýe döräp, eşiden barmydyr?! Dünýä gussa batdy: —Sen şeýtany ýaratmaly däl eken-dä, Taňrym! —Ýaşaýşa olar-da gerek. Olaryň-da ýer ýüzünde öz berjaý etmeli borçlary bar—diýip, Gudraty güýçli Dünýä birsyhly düşündirdi.—Sen ýene aşak göz aýla. Dünýä ýene ýere seretdi. Her öýüň deňinde bir aýal köçä çykyp, ýola göz dikip durdular. Olar öz aralarynda gepleşip başladylar: —Aýu, goňşy! Birine garaşýaňmy? —Hawa, şol ýorunja getirýän ýaşula. Şonuň ýorunjalary bolmasa dagy mallar ajyndan gyrlaýjak. Meýdanda-da ot-çöp azalypdyr. —Menem şoňa garaşýan. Alla jan şonuň ýaşyny uzak edewersin! Oty bilen hezil berýä bende. —Kolhozyň ýorunjasynyň garawulymyş. Getirýän oty ogrulykmyş diýýäler. Äý, bolup geçsin. Bize ot getirse bolýa. —Alyp durkak tutsalar-a, bize-de hezil bermezler. —Alla janyň özi gorasyn. Tutulmawersin bende. Şu çaka çenli-hä tutulman gelýä. Indem Taňrym gözden salmasyn-da! Biziň üçin bir gorawersin şony! —Ine, görýäňmi, Dünýä?!—diýip, Gudraty güýçli aňkaryp, ýerdäki bolýan zatlara gökden syn salyp oturan Dünýä ýüzlendi.—Sen garawul goýlan ýeriňden ogrulyk edermiň?! Dünýä ýerden ünsüni sowdy: —Etmen. —Ana, gördüňmi?! Sebäbi sen Adam atanyň nesli. Ogurlygy başarmak üçin şeýtan ýürekli, şeýtan aňly bolmaly. Ganyňda şeýtan häsiýeti bolmaly. Seniň adamyň, gaýynataň, ýüwürjiň ýaly adamlar, görýäňmi, näçe adama gerek?! —Men köp zada düşündim, Taňrym!—diýip, Dünýä göwrümini birneme giň tutdy. Ýene ýere göz aýlady. Birdenem zähresini ýaryp gygyrdy.—Eý, Taňrym! Bu näme etdigiň boldy? Meniň oguljyklarymyň-da janyny alypsyň-a sen! Olar entek kiçijik ahyry! Olarda näme günä bar?! —Olar-da Balbikäniň nesilleri! Hut seniň adamyň dowamy. Ulalan çaglary olar hem hut kakalary ýaly kişi bolup ýetişerler. —Meniň ogullaryma jan ber! Olar ýaşasyn!—diýip, Dünýä aglap başlady.—Gudraty güýçlim! —Olara jan bersem, olara meňzeşlere-de bermeli bor amanadyny gaýtaryp. Men hemmäni deň tutýan! —Näme etseň, şony et. Ýöne ogullaryma zat diýme! Az salymdan oglanjyklar ýerlerinden turdular-da, öz oýunlary bilen başagaý boldular. —Meniň eziz balajyklarym!—diýip, Dünýä ogullaryny synlap, guwanç bilen seslendi. —Hut seniň öz perzentleriňi gowy görşüň ýaly, Balbike-de öz ogullaryny gowy görýä!—diýip, Gudraty güýçli Dünýä düşündirdi.—Onuň ogullarynyň janyny alsam, ol maňa näçe nala gönderer! Dünýä Gudraty güýçliniň diýenleriniň baryny içinden makullap, ýere syn salmagyny dowam etdi. Diri kakasyny görüp begendi. —Biziň öýümiziň keşigini çekýän kakam eken—diýip pyşyrdady.—Kakam hakyky adam. Ýöne ol alaçsyz. Ejeme gepini ýöredip bilenok. Ejem bilen doganlarym şeýtany eken... —Seň ýüregiň kakaňky—diýip, Gudraty güýçli Dünýäniň pikirlerini böldi. —Men gelmänkäm, gaýyn öýümiň keşigini kim çekdikä?—diýip, Dünýä ol öýde öz ornuny öň tutan adamy bilmek isläp sorady. —Seni gelin edinmänkäler, bir kempiriň ýogalanyny eşitdiňmi? Gaýynataň ejesi... Dünýä özüniň mekdepden gelen güni ejesinden eşiden habaryny ýatlady: —Hawa, bilýän... —Ana, şol... Dünýä aşak seredip oturyşyna, gözlerini ýene bir geňligiň üstünde egledi. Birsyhly içini çekdi: —Hih! Ol, biziň üstümize gygyrýan Döwlet mugallym-a gezip ýör! Jemal mugallymymyzyň-da janyny alaýypsyň-la, Taňrym! Ol biziň iň gowy mugallymymyz-a! —Gykylyk etse-de, Döwlet mugallymyňyzyň ýüregi gowy. Ol size bilim öwretmek üçin gygyrýa. Agramly söz bilen göwnüňize degen däldir. Jemal mugallymyňyzyň çagalary nädip çümmükleýänini bilýäňmi sen?! Ol bir sapar, kiçijikkäň senem çümmükläpd-ä! Ýadyňa düşenokmy? Dünýä ol wakany ýadyna saljagam bolmady. Ony Gudraty güýçliniň şojagaz kiçjik hereketi-de görüp ýetişişi haýran galdyrdy: —Şonam göräýdiňmi, Taňrym? —“Taňrynyň ýüz müň gözi bardyr” diýip eşitmänmidiň?!—diýip, Gudraty güýçli sözüni dowam etdi.—Maňa ähli zat aýandyr. Çagany awundyrýan adam Adam atanyň nesli däldir. Şeýtanydyr olar. Bilip goý şony, Dünýä! Adam nesli çaganyň aýagyna tiken batanyna-da dözmeýä! Dünýäniň çagalarynyň aglaşýan sesi geldi: —Eje! Eje! —Yzyňa dolanmaly pursat geldi, Dünýä!—diýip, Gudraty güýçli Dünýä duýdurdy.—Dolan yzyňa! Çagalaň aglaşýa. Dünýäniň çagalaryna ýüregi awady. Ýöne ol öýe welin dolanasy gelmedi. Gussaly dem aldy: —Meniň bir arzuwym-da hasyl bolmady... —Arzuw hyýaldyr. Arzuwa ýetmek—dünýäni tutmakdyr. Dünýäni tutmak hiç kime başardýan däldir. Adam ýer ýüzünde arzuwa ýetmek üçin däl-de, borjuny berjaý etmek üçin ýaradylandyr. Senem borjuňa dolan, Dünýä!.. Dünýä gözlerine ýaş aýlady: —Ýene şol gussaly günde ýaşamaly bor... Şol halanmaýan öý... —Saňa hemaýat berjek, gussalaryňy paýlaşjak iki sany gyzyň bolar. Şolara guwanyp, ähli gaýgylaryňy unudarsyň! Gelin ellerini daldalatdy: —Ýok! Ýok! Maňa indi çaga gerek däl! Ýene şol jebirleriň gaýtalanaryny islämok men! —Şeýtanylar dünýä inen pursadynda-da, ýaşaýarka-da, ölen wagtynda-da adama jebir berýärler. Seniň synaňa tyg düşmesem şonuň üçin. Gyzlaryň hut seniň özüň kimin adam ýürekli bolarlar. Olar dünýä inende-de saňa kän bir jebir çekdirmezler. Ýaşan çaglary medetkär bolarlar. Meniň beren ýaşaýşymdan ýüz öwürseň, meni gahara goýarsyň. Bar, Dünýä, yzyňa dolan! Menden medet dile-de, ýaşaber. Özüm gözümden salman! Sen adam nesli! Sende aň bar. Sen gep aňlap bilýäň! —Eje-e-e!—diýip, ogullarynyň biri şeýle bir ýiti çyrlady welin, Dünýä nädip gözüni açanyny bilmedi. Töweregi adamdan doludy. Kim elini owkalaýardy, kim aýagyny. Ak halatly doktorlar daşynda kelemenleşýärdiler. Çermelen ýeňlerinden ol özüne ukol urlanyny duýdy. —Eý, Hudaý jan! Gözüni açdy!—diýip gygyrdy-da, ejesi aglap başlady.—Dünýä jan, gyzym! Näme boldy saňa?! Beýdip, özüňi asaryň ýaly, janyňa kast ederiň ýaly, kim göwnüňe degdi seniň?! Dünýä gepläp bilmedi. Ejesiniň ýüzüne tiňkesini dikip dymdy. —Mesligine çydanok ol!—diýip, gaýynenesiniň jammyldaýan sesi geldi.—Şu öýde towugyna “tok” diýýän ýok. Iýse, öňünde, iýmese, yzynda. Bir gysym ot daşatdylar diýip, boýnuňa syrtmak salyberme bor oguşýa! Entägem sallananja pursady gaýynatasy görüp, ýüpi kesip ýetişäýipdir. Ýogsa iki sany ümbilmezi ýetim goýup gidibermeli boljak eken! Gaýynenesiniň geplerine indi Dünýäniň gaharam gelenokdy. Sebäbi indi ol onuň aslynyň kimdendigine göz ýetiripdi. “Şeýtandan azan heleý” diýip, Dünýä sesini çykarman ýatyşyna, içini gepletdi. Şeýtany hiç wagt adam göwnüne laýyk gep tapyp bilmez!”. Doganlary Meýlis, Hydyr, Kadyr-da gelipdi. Olaryň özüni idemesine Dünýä begendi. Begenjinden ýüregi ezilip, gözlerine ýaş aýlady. —Doganlarym...—diýip, zordan pyşyrdady.—M... H... K... Dünýäniň dil açmasy ejesini has-da begendirdi. Ol aýalary bilen Dünýäniň gözýaşlaryny süpürdi: —Hawa, gyzym. Doganlaryň-da seni sorap geldi. Şundan şeýläk olar saňa çyn hossar bolarlar! Öňem seniň aladaňy etmänlerine puşman edýäler häzir. Gaýdyp seň eliňe tiken batyrtmaz olar. Isleseň, öýe alyp gideli häzir... Saňa kyn düşýän bolsa, gerek däl beýle ýaşaýyş. Pullaryna minnet etmesinler. Beren pullarynam yzyna getirip beräýeris. Dünýä başyny ýaýkady: —Ýok... Gitjekgä... Men entek bu ýerde bolmaly... Taňrynyň buýrugy eken bi... Men bu öýüň keşigini çekmeli adam... Gaýyn öýüne ýüregi goşulyşman, mydama atasy öýüne dyzap duran gelniň bu sözleri hemmäni haýran galdyrdy. —Be, bi nä täzeden dünýä inen ýaly, birden beýle akylyna aýlanaýdy-la?!—diýip, gaýynenesi Balbike jammyldady.—Boýnuna syrtmak salnanda akyl geljek bolsa, gelen gijesi asaýmaly ekenik muny özümiz! Şermende aýala ýene hiç kim jogap bermedi. Dünýä onuň gepine asla-da üns sowmady. Özem şeýdende, özüne diýseň ýeňil düşýändigini duýdy... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||