07:43 Dünýäniñ manysy | |
DÜNÝÄNIŇ MANYSY
Edebiýaty öwreniş
(Türkmen nusgawy şahyrlary dünýä hakda) Biz türkmen ruhy gymmatlyklarynyň esaslaryna göz ýetirmek isleýäris. Biz türkmen ruhunyň ony özge halklardan tapawutlandyrýan milli aýratynlyklaryna düşünmek isleýäris. Şu maksatlara ýetmekde köne edebiýatymyzda hem pelsepämizde işlenip düzülen ruhy aňlatmalary hem filosofiki düşünjeleri häzirki zamanyň akyl eleginden geçirmeli bolýar. Beýik Galkynyşlar döwrüniň ruhy-jemgyýetçilik wezipeleriniň hötdesinden gelmek üçin häzirki wagtda türkmen publisisti özüniň döredijilik şahsyýetinde filosofyň-da, alymyň-da käbir sypatlaryny jemlemeli bolýar. Çünki biziň döwrümiz türkmeniň ruhy geçmişine ýüzleý däl-de, çuňňur, bölek-büçek däl-de, bitewi garaýşyň kemala gelmegini talap edýär. Aslynda, bu diňe bir talap däl, bu ajaýyp mümkinçilikdir hem. Garaşsyzlyk türkmeniň milli ruhy geçmişini doly we hemmetaraplaýyn öwrenmäge, ruhuň milliligi hakynda açyk hem çynlakaý gürrüň etmäge mümkinçilikleri açdy. Milletleriň ýitmelidigi baradaky taglymaty goldanan sowet ideologiýasynda millilik barada düýpli, çynlakaý pikir ýöretmek adat däldi. Galyberse-de, bu hakda gürrüň etjek bolsaň, şol ideologiýanyň dünýägaraýyş çäklerinden çykmalydy, bu bolsa asla mümkin zat däldi. Dünýägaraýyş çäklerinden çykmalydygynyň sebäbi — türkmen milli ruhyýeti marksizm bilen asla ylalaşmaýan, oňa ters, gapma-garşy gelýän filosofiki taglymatlara daýanýardy. Onsoň ýa-ha türkmende düýpli bir pelsepe bolmadyk ýaly, bu meseläni dymyp duşundan geçirmeli bolýardy, ýa-da alymlar başarsa-başarmasa, paşsa-paşmasa, biziň milli ruhy daýançlarymyzy «dini nadanlyk», «ylmy däl ynançlar» ýaly ýarlyklary dakyp, emelsizlik bilen tankyt eden bolýardylar. Bu biziň öz milli köklerimizden daşlaşmagymyza, hatda «Bizde derekli zat bolmandyr-ow» diýen esassyz kemsinme duýgusynyň döremegine-de sebäp bolýardy. Hudaýa şükür, Beýik Galkynyşlar zamanasynda milli köklerimize dolanmak baradaky mümkinçilikler bize öz aslymyza göz ýetirmäge uly mümkinçilikleri berdi. Bu gün ruhy gymmatlyklarymyzyň altyn gapysy açyldy. Bu altyn gapyly mülke aralaşmagyň öz aýratynlyklary bar. Ýüzleýje pikirleniş bilen juda çuňňur milli ruhumyzyň esaslaryna aralaşmak, onuň diline düşünmek we ony häzirki durmuş hajatlaryna hyzmat etdirmek mümkin däl bolup çykdy. Türkmen ruhuna göz ýetirmek üçin pähim hem pikir goruň gerek. Ýöne şol gory-da ýene türkmeniň geçmiş ruhy mirasyndan edinmeli. Ine, şonuň üçinem häzirki döwürde adamlarda ruhubelentligi terbiýelemegi özüniň raýatlyk hem hünär borjy hasaplaýan ýazyjy ýa publisist öňki döwrüň publisistinden düýpgöter tapawutlanmaly bolýar. Ol şol borçlary ýerine ýetirmekçi bolsa, türkmen milli filosofiýasyny-da, türkmen ylmyny-da doly öwrenmeli, özleşdirmeli. Türkmen ruhunyň aýratynlyklaryna düşünmekde möhüm aňlatmalaryň biri-de «dünýä» düşünjesidir. Geçmiş türkmen şahyrlarynyň dünýä barada ýazmadygy tas ýokdur. Bu bir tarapdan, «dünýä» düşünjesiniň nähili derejede ähmiýetli zatdygyny görkezýär. Ýene bir tarapdan bolsa, şeýle edebi maglumat biziň şahyrlarymyzyň pikir örküniň nähili giň bolandygyna şaýatlyk edýär. Çünki dünýä ýaly düýpli temadan söz açmak üçin, ilki bilen, ýeterlik bilim, paýhas gerek, kämil intellektual şahsyýet bolmak gerek. Bularyň üstesine-de, zatlaryň düýp içki manysy barada oýlanyp bilýän, umumylaşdyryp bilýän adam bolmak gerek. Dünýä her öňýeteniň çeýnejek çöpi däl. Muňa hötde gelmek üçin joşgunly şahyr kalby, özüne göwni ýetýän paýhas, galyberse-de, batyrgaý ýürek derkardyr. Emma bir zady aýdaýyn: könelerimiziň dünýä baradaky pikirleriniň janly manysyna ýetmek hem-de olaryň dünýä babatdaky pozisiýasynyň çyn manysyna düşünmek bize kyn düşýär. Hem-de dünýä diýilýän närsäniň olaryň ýüreginde döreden duýgulary köplenç biziň ýüreklerimizde özüne laýyk ýaňy tapanok, biziň ýüregimiz ol duýgularyň öňünde birhili ýadyrgaýan ýaly bolýar. Beýle ýagdaý «Dertsiziň ýanynda dert hakda gürrüň etme» diýen pähimi ýatladýar. Şu meselede atalarymyz bilen aramyza bir göze görünmeýän zad-a düşüpdir. Aňyň, ýürekleriň hem pozisiýalaryň bu meselede näler tapyşmaýanlygynyň, gelişmeýäniniň sebäbi, megerem, şundadyr: sözler-ä şol bir sözler weli, olardan alynýan many, hakykatlar üýtgäpdir. Biziň dünýägaraýşymyz bilen atalarymyzyň dünýägaraýşy, biziň dünýäni duýuşymyz bilen atalarymyzyň dünýäni duýuşy deň gelenok. Olaryň dünýägaraýşy — çuňňur dini häsiýetde, biziň dünýägaraýşymyz bolsa — dünýewi. Biziň dünýäni duýuşymyz hem başgaça, dünýä gatnaşygymyz hem başgaça. Biziň üçin tebigat bar, olar üçin — pelek. Aslynda şol bir zada getirýänligine, şol bir obýektdigine garamazdan, oňa subýektiw gatnaşyk düýpgöter tapawutly, şonuň üçinem tebigat bilen pelek biri-birinden büs-bütin başga zatlar bolup çykýar. Şundan möhüm bir many gelip çykýar: hakykat obýektde — zatda däl-de, oňa bolan ruhy gatnaşykdadyr. Hut şu sebäpli-de barlygyň şol bir barlykdygyna garamazdan, her döwrüň öz hakykaty bolýar. Diýmek, barlyk bilen hakykat dürli zatlardyr. Biz «olar — dini, biz — dünýewi» diýýäris. Bu näme, biz — dinsiz diýmekmi? Elbetde, ýok, bu biziň ruhumyzda diniň kesgitleýji däl-de, ikinji derejeli ornunyň bardygyny aňladýar. Biz dünýewileşen ruhuň adamlary, ýagny dünýä biziň üçin öz «menimiziň» içine girýär, könelerimiz üçin bolsa dünýä diňe «sen» bolupdyr. Bu bolsa gaty düýpli tapawutdyr. Häzirki zaman ruhly adam üçin dünýä asly başga we aýrybaşga zat däl. Biz özümizi owalbaşdan dünýäniň içinde saýýarys we özümizi dünýäniň içinde duýýarys. Köne türkmen ruhy dünýäni öz garşysyna goýlan ontologik barlyk hökmünde duýýar. Wagt bu meselede-de etjegini edipdir. Biz wagtyň başga bir ölçeglerinde ýaşaýarys. Biz ruhuň başga bir dilinde sözleýäris, pikirlenýäris, ýaşaýarys hem işleýäris. Biz dünýäniň öňünde mugyra gelen adamlardyrys, dünýä bilen barlyşan adamlardyrys. Bu barlyşyklyk aňymyzda «tebigatyň kanunlary» diýen pikir görnüşinde amal bolýar. Ölmegi, dogulmagy tebigatyň kanuny diýip, biz muňa garşylyk görkezmegiň zerurlygyny aradan aýyrýarys. Ömrüň manysyny hem gözelligini bolsa dünýäniň içinden gözleýäris. Biziň üçin ýaşaýşyň tagamyny ömrüň uzynlyk ölçegi kesgitlänok. Elbetde, hiç bir döwrüň adamlary, şol sanda biziň üçinem ölümiň ajysy kemelenok, ýöne biz ölümiň kemelmeýän ajysyny az pursatlyk ömrüň süýjüsi bilen üstüni dolmaga ymtylýarys. Şol sebäpdenem atalarymyzdan tapawutlylykda, ölümden çekip-çydap bolmajak pajyga ýasamzok. Türkmen ruhunyň dünýä bolan garaýşynda iň esasy aýratynlygyň biri dünýäniň aýal hökmünde göz öňüne getirilmegidir. Bu häsiýetli hadysanyň aňyrsynda türkmen taryhynyň hem ruhunyň milli aýratynlyklary ýatyr. Aslynda, jansyz zatlary, ýaşaýşyň başga formalaryndaky zatlary adamlaşdyrmak adamzat aňyna mahsus häsiýetdir. Örän gadymy döwürlerden başlap adam daş-töweregini özüne meňzetmäge çalşypdyr. Dünýäniň özüne meňzeş dälligi, düşnüksizligi adamda gorky hem howp-hatar döredýär, adam ruhy ýadyrgaýar. Adamda ähli janly-jandara mahsus şeýle häsiýet bar: ol töweregini boýun egdiresi, rüstem çykasy, ony ele alasy we ony ele salasy gelýär. Bu jan instinktinden gelip çykýar: Eger boýun egdirmeseň, ele almasaň, ol seniň üçin howp bolup galýar we seniň özüňi ele alaýmagy, ýok edäýmegi mümkin. Şonuň üçinem adam her edip-hesip edip, töwereginden üstün çykmaly. Üstün çykmak, ele salmak üçin bolsa onuň nämedigine düşünmek gerek. Düşünmek üçin bolsa ony, ilki bilen, özüňe meňzetmek gerek. Şeýdip hem adamzat dünýäni adamlaşdyrýar, adamlaşdyrmak bolsa dünýä bilen aradaky üzňeligi, perdäni aýryp, onuň deregine aragatnaşygy ýola goýmagyň ruhy täri bolup durýar. Bizde, biziň milli ruhumyzda dünýäniň ala-böle aýal sypatynda şahsyýetleşdirilmeginiň taryhy sebäpleri bar. Hawa, dünýäniň şahsyýetleşdirilmegi adamyň emläkleşdirmek, ele salmak, erk etmek ýaly meýlinden gelip çykýar. Gündogarda taryhyň uzyn dowamynda adamyň erk etmek meýliniň amala aşýan zady hut aýal bolupdy. Gündogar ruhunda aýala birbada iki hili gatnaşyk bardy: ol hem-ä ýokary götermäniň, haýran galmanyň, hem-de erk etmäniň, emläge öwürmäniň hadysasy bolupdy. Şonuň üçinem adamyň ruhy hem fiziki taýdan öz hasabyna geçiresi gelýän dünýäsini aýal keşbinde görmegi tebigy zatdy. Munuň üstesine, dünýä ýaşaýşynyň ilkibaşdaky jana hem göwne ýakymlylygy aýalyň göze ýakymlylygyna barabardy. Hawa, dünýä hem aýal ýaly göze ýakymlydy… Emma türkmen ruhunyň soňky tejribeleri adamyň dünýä bilen gatnaşygyna pajygalylyk häsiýetini beripdir. Ata-babalarymyz dünýäni ele salmagyň mümkin däldigine hasrat bile akyl ýetiripdirler. Çünki özüniň ýaradylyşy boýunça adam — wagtlaýyn, dünýä bolsa — heňňamlaýyn diýip olar netijä gelipdirler. Bu uly aratapawut adamyň köňlüne uly hasrat salýar. Özüňden uly zady gola salmak mümkin däl. Dünýä adamyň öz gizlin, ýagny onuň öz-özi tarapyndan doly aňlanylmaýan islegine görä-hä aýal, ýöne şol islegini-de ahyryna çenli berjaý etmeýänligi üçin hem, biwepa aýal. Biwepa — çünki ol adam bile hemişe bolanok, ol belli birine wepa bermeýän, öz jübütini günde-günaşa çalşyryp ýören loly aýal. Jilwe, sözi bilen gaşyma geldi, Tükenmez söwdany başyma saldy, Şansyz, ärden galan garry kagşaldy, Agzynda ýok, ýeke dişi dünýäniň. Dünýä zendir, köp oýnaşly, äri — bir. Magtymguly. Görer sen, dünýäniň owwaly toýdur, Güler sen, oýnar sen, ahyry waýdyr. Dünýä bir bazygär gahba heleýdir Gözün süzüp duran loludyr — loly. Seýdi. Aslynda şahs däl dünýäni şahsyýetleşdirmek, dünýäni adamlaşdyrmak logiki alnyp barylýar: şahyrlar adamyň durmuşdaky umytlarynyň, garaşmalarynyň puç bolmagyny, durmuşdaky wagtlaýyn hezillikleri dünýäniň häsiýeti hökmünde suratlandyrýarlar. Diýmek, olar ruhuň ösüşiniň dowamynda eýýäm aňly-düşünjelilik bilen pikir sungatyň şertliligine öwrülýär. Şeýdip, aslynda «ýalan», göçme manyly söz — aýal obrazy çyn hakykatyň beýanyna hyzmat edýär. Ähli çylşyrymlylygam şundadyr. Dünýäniň jansyz zatdygyny olaram bizçe bilýär. Emma öňden gelýän çeperçilik tär olaryň döredijilik erkini özüne düýrüp alýar. Dini-mifologiki aňyň çäginden daşardaky adama dünýä — biwepa aýaldyr diýen pelsepäniň filosofiki manysy, howaýylyk, bigänelik hem düşnüksizlik bolup galýar. Ol ýüregine ýakynlaşdygy ony dilim-dilim edip barýan fiziki duýarlykly hakykat — pajyga däl-de, ýöne owadan kebşirlenen söz bolup görünýär. Şeýle-dä! Ýüregiň hakykaty kabul edip biliş ukybyny seniň gulluk edýän akylyň, dünýägaraýşyň kesgitleýär. Akyl görmese, ýürek hem kör. Sebäbi, akylyň gözi ýürekde. Ýüreksiz akyl kördür. Köne türkmen ruhunyň dünýä — aýal pelsepe galyby bilen baglanyşyklylykda tüýs aýratynlygy özüni bildirýär. Köne şahyrlarymyzyň, hususanam, sopy şahyrlarymyzyň çäklerinde Hudaýyň göçme keşbi-de aýal sypatynda berilýär. Bu juda möhüm zatdyr. Bu ýerde-de adam ruhunyň şahsyýetleşdirilmek kanuny berjaý bolýar. Köne aňyň çäginde şahsyýet hökmünde göz öňüne getirmeseň, hiç bir närsäniň hakykylygyna psihologik taýdan güwä geçmek mümkin däl. Dünýäniň hem, Hudaýyň hem aýal sypatynda bolmagy köne türkmen ruhunyň düzümi boýunça ikileýin häsiýetde bolandygyny görkezýär. Ol ruh özi üçin ret etmeli we ykrar etmeli hakykatlary aýdyňlaşdyrypdyr. Hudaý — zemin — ykrar etmeli, ugrunda gezmeli baky hakykat, dünýä — zenan — ret etmeli zat. Birinji hakykat ynanja, ikinjisi bolsa durmuş hem ýaşaýyş tejribesine esaslanýar. Bularyň haýsysyny alyp, haýsysyny goýjagyňy biläýmek juda kyn. Ynanç boş zat diýmek hakykatdan daş düşdügiň bolar. Çünki ynanç hem, bellibir manyda, tejribedir. Nesilden nesle geçip gelen ynanç adamzat taryhynyň esasy kesgitleýji hadysalarynyň birine, ýagny tejribä öwrülipdir. Ýöne ýene dünýä gaýdyp geleliň. Köne türkmen ruhunyň filosofiki dilinde dünýä iň bir çylşyrymly düşünjeleriň biri. Ylaýta-da ol Hudaý bilen baglanyşyklylykda has çylşyrymlaşýar. Wagtal-wagtal hatda şahyrlar dünýä diýip Hudaýy göz öňüne tutýan ýaly bolup görünýär. Çünki olaryň dünýäniň şeýle hökmürowanlygy, eden-etdilikligi, garawsyzlygy baradaky janyýangynly pikirleri seni hut şeýle görüşe iterýär. Be, bu şahyrlar: «Gyzym saňa aýdýan, gelnim sen hem eşit!» diýlişi ýaly, dünýä diýen bolup, dünýäden nadyl bolup, Hudaýa kakdyryp, diýjegini diýip durlar. Olar dünýä däl-de, Hudaýa gargynýarlar diýip pikir edýärsiň. Onsoň kelebiň ujuny ýitirýärsiň. Herhal, beýle netije nädogry bolsa gerek. Belki, şahyrlar bilmezlikde şeýle pikire golaýlaşandyrlar?! Näme-de bolsa, biziň olara soňuna çenli düşünmeýänligimiz aýan zat. Bir zat weli belli: biz dünýäni sazlaşyk hökmünde duýýarys, könelerimiz ony apat, nägehan diýip bilip, pajyga düşýärler. Pajygaly ruhuň pelsepe hem çeperçilik miweleri bolsa, adatça, bol bolýar. Ine, beýik Magtymgulyny alyp göreliň. Şahyr dünýä baradaky pikirlerinde aýratyn ýangynlylygy bilen tapawutlanýar. Dyrnagy demirden talaňçy dünýä, Işiň ýokdur namys bile, ar bile. Jebri-jepasy köp, ýalançy dünýä Goýmaz sen gezmäge ýary ýar bile. Elbetde, bu ýerde ýaşaýşyň bikemallygynyň — adamyň wagtlaýynlygynyň üstüne şahyryň ýaşan jemgyýetiniň bikemallygy-da goşulýar. Bu iki bikemallygam şahyryň ýangynyny iki esse artdyrýar. Netijede-de, ol özüniň ýeriň giňinde diline almajak zatlaryny-da aýdyberýär. Ol dilinden sypdyrýar. Şeýdibem, özi aýtmyşlaýyn, her zaman bir söz bile derdini egisýär. Bu hakykat iki sany ähmiýetli zady görkezýär: birinjiden, şahyrymyz öz döredijilik ruhuny hiç bir zat bilen çäklendirmedik şahsyýet bolupdyr. Kellesi ýeňleşen, ýüregi düşüşen mahaly öňden gelýän galyby garaýyşlaryň çäginden çykyberendigini duýup, mahal-mahal müýnürgese-de, ol galamy erkin ýöredipdir. Görşi ýaly, duýuşy ýaly ýazypdyr. Bir tarapdan, ýazmak, döretmek meselesindäki erkinlik, beýleki tarapdan, ynanjyň gürrüňsiz talaplary onuň dünýäsiniň juda çylşyrymly bolmagyna getiripdir. Ikinjiden bolsa, şeýle ýangynly pikirleri filosofiýa bilen sungatyň özboluşly tebigatyna, ylaýta-da ylym hem din bilen deňeşdirilendäki özboluşlylygyna şaýatlyk edýär. Filosofiýa hem sungat, ylymdan we ynançdan tapawutlylykda, keýpiýetdir. Olar dörediji ruhuň keýpiniň netijesidir. Meniň pikirimçe, bular şu aýratynlyga görä-de, ruhy döredijiligiň has erkin, ýagny intellekt we ynanç öňünde erkin görnüşidir. Şahyr üçin dünýä ruhuň iň uly duşmany. Şol sebäpli, ol bihaýa dünýäniň ýüzüne gelýär, dünýä bilen sanaşýar, dünýä aýypnama bildirýär. Men ylaýta-da onuň dünýä bolan garaýşynyň bir täsin galdyrýan tarapyna ünsi çekesim gelýär. Bu garaýyş şu setirlerde beýan edilipdir. Bir mada eşek sen, gelip sen deme — Gasygy gam bilen doly dünýä, heý! Dünýä bir loly heleýdir — Bir gün seni guçar gider. Bu pikiriň, bu setirleriň gaýtalanmajak pelsepe belentligine ser salyň. Dünýä edebiýatynda beýle pikir Magtymguludan başga şahyrda ýokdur. Onuň kalbyňy heýjana getiriji hakykatyna doly düşünmek üçin, megerem, Freýdiň teoriýasynyň nukdaýnazaryndan seretmelidir. Dünýäni erkine salmak islän adamzat bu maksadyna ýetenden-ä geçen, onuň özi dünýäniň erkiniň pidasy bolýar. Adamzadyň ölümi dünýäniň erotiki zulumynyň amaly akty! Dünýä — zulumkär! Dünýä adamzady aýal zorlan ýaly edip zorlaýar! Ölümi şeýle seksual-erotiki aspektde dünýä edebiýatynda Magtymgulydan başga açan ýok, hatda dünýäni biwepa aýal keşbinde suratlandyran şahyrlaram dünýäniň beýle ýowuz intimligine ýetip bilmändirler. Ýok, bu dünýäniň öz hezilliginden bir gezek dadyryp, soňam görünmän gaçýanlygy baradaky mädäňe degýän pikir däl. Bu başga duýgy, bu bütinleý başga hasrat. Dünýäniň esasy sypatlarynyň biri bolan ölümiň ajysy öňem, soňam beýle ýürek gopduryjy görkezilmändi. Eýsem-de bolsa, şahyryň dünýä hakykaty derejesinde aňladan bu pelsepesi dünýä edebiýatynda entek hatda adaty durmuşyň derejesinde-de beýan edilmesi hiç bir nakgaşyň küýüne-de gelmedik zatdyr. Dogrudanam, siz heý erkek adamyň aýal tarapyndan zorlanyşy hakynda zat okapmydyňyz? Okan dälsiňiz. Ruhumyzyň klassyklarynyň dünýä baradaky aňşyrmalarynyň ýene bir möhüm inçeligi hakynda gürrüň etmek zerur hasaplaýaryn. «Dünýä» sözi türkmen dilinde — baýlyk, mal-mülk, pul diýen manylary aňladýar. Köne şahyrlarymyzyň dünýä bolan gatnaşygynda şu pursat uly orun tutýar. Dünýäniň şu jähetinde, megerem, jemgyýetçilik meseleleri jemlenendir. Adam ýüwürip-ýelip, mal, baýlyk toplaýar. Şeýdip ol dünýäniň gurbany bolýar. Hut şonuň üçinem ruhuň beýik wekilleri dünýäni ýigrenipdirler. Ýöne dünýäniň şu baýlyk, maddylyk sypaty pikir edişimizden has çylşyrymlymyka diýýärin. Baýlyk, mal-mülk entek öz-özünden ýekirilmeli zat bolup bilmez. Çünki adamyň bir ýany ten, ol iýmek-içmeksiz oňup bilenok ahyryn! Ýöne gep adamyň dünýäniň baýlygyna gatnaşygynda. Adam ruhdan geçip, dünýäni ahyrky maksada öwürýär. Onuň oýy-pikiri, aňy, duýgulary — her güni, sagady, ömri, şatlyk-gaýgysy duza gaçanyň duz bolşy ýaly, boýdan-başa dünýälik bolýar. Bu bolsa adamy juda kemsidýär. Çünki adam özüniň akyly, duýgusy hem erki, mahlasy, ruhy bilen dünýä basdaş (alternatiwa) ahyryn! Ruh oňa dünýäden ýokary galmak, dünýäni badalga öwürmek üçin berlen ahyryn. Ol bolsa öz meýli bilen özünden ejiz hem pes närsäniň gurbany bolýar. Hany, adamyň ruhunyň belentligi, ar-namysy, ruhy hem intellektual asylzadalygy?! Hawa, dünýäniň maddy namartlygy baradaky şeýle oýlanmalara diňe ruhuň belent derejelerinde baş goşmak mümkin. Şol derejelere ýeteni üçinem klassyky türkmen edebiýaty ruhuň beýik hadysasydyr. Dünýä özüni namart dost ýaly alyp barýar diýip biziň akyldarlarymyz pelsepeli netije çykarypdyrlar. Namart dost mal-mülküň, güýç-kuwwatyň barka, hoş günüňde ýanyňdan aýrylmaýar. Emma haçan-da gurbatyň gaçyp, baýlygyň tükenip, aşsyz galan, gamly galan günüňde seniň gapyňdanam görünmeýän adamdyr. Dünýäniň bolşy edil şuny ýada salýar. Adam dünýä bilen gyzygýar, ony özüne ýegre dost ýaly görüp, bar güýç-kuwwatyny onuň bilen gatnaşyk etmäge sarp edýär. Ýaşaýşa yssy-yssy gyzygyp, düýrmegi bilen, akyly, göwni, barlygy bilen dünýä berilýär. Şonda ol dünýäni dost ýaly görýär. Dost ýaly diýen sözüm hem bärden gaýdýan ýaly bolup dur. Hawa, adam dünýäni özüne diňe bir ýegre dost däl, eýsem eziz dogany ýaly hem görýär. Emma ýaşaýyş joşguny kemelip, süňňüň gyzgyny gidip ugradygy, onuň dünýä bilen arasyna sowuklyk düşýär. Adam barha ýalňyzlaşmak, çetleşmek bilen. Özüniň güýçsüzligi, mejalsyzlygy sebäpli, öňki gidýän ýerlerine gidenok, öňki gyzygýan hezilliklerine gyzyganok. Bu dünýäniň ondan ýüzüni sowup ugrandygyny aňladýar. Şeýlelikde, türkmen şahyrlary adaty durmuş hadysasyny dünýä babatda ulanyp, ony filosofiki manyly hakykata öwrüpdirler. Ony çuňlaşdyrypdyrlar, giňeldipdirler, onuň many goýazylygyny artdyryp, simwoliki terzli hakykat derejesine ýetiripdirler. Köne türkmen pelsepesiniň şeýle mazmuny şahyrlarymyzyň könelmejek eserlerini okanyňda aýan bolýar. Elbetde, ata-babalarymyz eseri okamagy-da bir medeni iş hasaplapdyrlar. Eseri ýüzleý okamaly däl, onuň ýokarsynda durmaly däl, oňa ýüregiň bile berlip, onuň süňňüne aralaşmaly, ony edil bir sungat eseri hökmünde ýerine ýetirmeli. Ine, molla Keminäniň şu aşakdaky setirleri, ondaky beýik hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolanyňda, her gezek ýüregiň çuňlugynaky duýgular hyruja gelip, dünýäniň süýji yzasyny oýaryp gidýärler. Pelek çarhyn çeker, öwrüler, tizdir, Göçülen menzildir, görülen yzdyr. Dünýä bir hoşsurat, owadan gyzdyr, Gola düşmez, aşyk bolanyň galar. Beýik! Söz ýok. Ylaýta-da soňky iki setiriň ýürege täsiri okadygyňça, byçgyny agaja çaldygyňça, yzasy artyşy ýaly, kemençäni syhadygyňça, gyjagyň nalasynyň ulalyşy ýaly bolup barha güýçlenýär. Bu ajaýyp obrazyň şeýle güýçli täsiri onda ajy bilen süýjüniň, ýag bile toşabyň gatyşyşy ýaly gatyşanlygyndamyka diýýärin. Dünýäniň süýjüsi hem ony doly gola salyp bolmaýanlygyň ajy hasraty — ine, akylyňy derbe-der ediji täsiriň köki şu ýerde. Gaty üýtgeşik täsir edeni sebäplidir-dä, molla şahyryň çaklaň diwanyny okap, şeýle ahwala düşüpdirin, geň düýş görüpdirin (eýsem-de, düýşüň geň däli barmy diýsene, islendik düýş — bu durmuşyň adatylygyndan, guran agaç kimin, gülsüz keçe kimin bireňk adatylygyndan çykmak ahyryn). Haýsydyr bir şäheriň köçesinden barýarmyşym. Dünýä aslyndakysyndan, huşdakysyndan has owadan. Onuň owaza, reňke hem terlige baýlygy edil sungat eserini ýada salýar. Ýöne, ine, ýaňam häzirki zamanyň giň ýolundan barýan ýalydym weli, bir görsem, kiçijik, darajyk hem egrem-bugram köçejikde durun. Bir gapdalda minaraly, metjitli medrese görünýär. Kitapda görlen, durmuşda okalan bu ymaratlaryň nagyş çekilen syrçaly hem ýalpyldawuk diwarlary Günüň şuglalary bilen ýiti öpüşip, gözüňi gamaşdyrýar. Uzagrakda hüjrelerem görünýär. Näme üçindir, «Bu hüjreleriň içindäki adamlaryň içi hüjre-hüjre gepden doludyr-ow» diýip pikir edýärin. Pikiriň wysal tapýan ýeri bolan hüjre öz ýürege ýakyn owazlylygy bilen «hijran» sözüni ýatladýar. Kelläme: «Şu hüjreleriň birinde molla Kemine oturan bolsa gerek» diýen geň pikir gelýär. Hamana, molla maňa şu ýerde garaşaryn diýip söz beren ýaly, çetki hüjrä gadam urýaryn. Gapysyny açsam, dogrudanam, hakyt suratyndaky ýaly, Kemine maňa garşy bakyp dur. «Gelesen-de, göresen» diýleni-dä! Hatda salamlaşanym-salamlaşmanymam ýadyma düşenok, ýöne şahyrdan «Dünýä nämedir?» diýip soranymy weli, huşumda soranym ýaly bilýän. Ol sesini çykarman, edil goşgularyndaky ýaly ýitiden ýakymly kinaýa bilen ýylgyrdy-da, öňünde ýatan argyn döwet galamy alyp, kagyza derrew bir zatlary çyzyşdyrdy we ony maňa uzatdy. Düýşümden huşuma başga geçen zat ýok, ýöne kagyzyň ýüzünde üç sany egriniň barlygy weli hakydamda. Meni gyzyklandyran zat şahyryň «üç egrisi» boldy. Hakydamda galan bu çyzyklary boldugyndan ak kagyzyň ýüzüne geçirdim-de, köneden baş çykarýan alym dostum Annagurban Aşyrowa görkezdim. Ol bularyň üçüsiniňem arap elipbiýiniň «dal» harpydygyny aýtdy. Bir munuň bilenem çäklenmän, ol bu aňlatmalaryň manysyny özüçe düşündirdi hem: «dünýä» sözi şu harp bilen başlanýar, dünýä bolsa «dertdir», «dagdyr», «derýadyr». Birbada kellämiň gyzgynyna onuň bilen ylalaşan hem, hatda beýle çözgüdi täzelik bilip, haýran galan hem bolsam, ýuwaş-ýuwaşdan beýle ýöntem çözgüdiň täsirinden saplandygymça, ikirjiňlenme köpelip ugrady. Dogrudanam, kämahal şeýle-de bolaýýar: iň bir adaty we ýöntem çözgüdi-de ilkibaşda tapyndy, täzelik hökmünde kabul edäýýärsiň. Emma sonundan munuň iň bir adaty zatdygyna göz ýetirýärsiň. Üç egrini üç dal hökmünde tirmek Keminäniň öz şahyrlyk ýüzüni açmaga ýer goýmaýar. Çünki dünýäni dag, dert, derýa, ýa bolmasa, şuňa meňzeş ýaramaz sypatlaryň jemi hökmünde görkezmek biziň edebiýatymyzda Kemineden has ozal çeper-filosofiki pikirlenmäniň adaty pikirlenme tärine öwrülipdi. Bu ýerde bolsa adatylyk däl-de, bir göwün ymsyndyryjy täsinlik bardy. Şahyryň «Bir ýar gözle, egri ýardan el göter» diýen setiri bar. Ine, teswir nirede gizlenip ýatan eken. Meniň gürrüň beren düýşümiň — bir düýşlük bu çaklaň sýužetiň döremegine-de, aslynda şol setir esas bolan bolmaly. Onsoň Keminäniň öz şahyrana pikirleniş aýratynlyklaryndan çen tutsaň, hususanam, onuň «üç ak, üç gara, üç ýogyn, üç inçe» ýaly ajaýyp hem manydan doly obrazlaryny göz öňünde tutsaň, gürrüňiň ýar hakynda gidýändiginem hasaba alsaň, mollanyň üç egrisiniň manysyny şeýle teswirlemek mümkin: gürrüň biwepa ýar hakynda barýar, onuň esasy sypatlary bolsa: dili egri, aýagy egri hem-de eli egri. Diňe şeýle teswir arkaly Keminäniň belentlik derejesine ýakynlaşmak mümkin. Dili egri — ýalançy. Aýagy egri — biwepa. Eli egri — ogry. Elbetde, sen aýdarsyň: dünýäniň ýalançydygyny, biwepadygyny, ogrudygyny aýtmak üýtgeşik bir pikir däl diýip. Onsoň, men aýdaryn: dogry, emma molla Keminäniň bu sypatlary hakyt türkmençeläp obraza salyşyna syn kylsana diýip. Bir pikir başga bir pikiri açýar diýýärler. Men bu pikiriň dogrudygyna gaty köp ýola göz ýetirdim. Aýratynam kitap okanyňda şeýle bolýar, kitapdaky bir pikir saňa düýbünden başga bir pikiriň döremegine sebäp bolýar. Bu pikir Didroda-da, Ç.Aýtmatowda-da bar. Şeýle bolansoň, bir ynanç aňyma berk ornapdyr: täze pikirleri kitaplardan däl-de, kitap okanyňda tapyp bolýar. Hawa, hawa, täze pikirleri kitaplardan däl, kitap okap otyrkaň tapyp bolýar, okamakda täsin gudrat bar. Täze pikirli kitaplar örän az. Ýöne haýran galmaly gudrat, Allatagala seniň kitap okap gözýetimiňi baýlaşdyrjak bolýanyňy görýär-de, saňa sahylyk bilen täze pikirleri oklap ugraýar, soň görüp geň galýarsyň, täze tapan pikiriň bilen okap oturan eseriňdäki pikiriň hiç hili baglaşýan ýeri ýok. Filosofiýada erkek pikir, aýal pikir, erkek duýgy, aýal duýgy diýen düşünje bar. Entek, dogrusyny aýdanyňda, dünýä filosofiýasynyň düşünjeleri bolan bu düşünjeler türkmen dilinde o diýen köp gaýtalanyp ýörlen sözlerem däl. Şu düşünjeler hakda aýtmaly bolsa, özüm-ä erkek däl, aýal pikirleri, erkek däl, aýal duýgulary halaýaryn. Akyl erkek, pikir aýal bolsa, göwün erkek, duýgy aýal bolsa gowy. Çünki erkek diňe material berýär, dogurmaga, öndürmäge bolsa diňe aýal ukyplydyr. Aýal pikirleri täze pikirlere uç berýärler, pikir ulgamynyň geň hem täze, kämahal garaşylmadyk öwrümlerini ýüze çykarýarlar. Akyl işinde erkege mahsus ýognaslyk hem gödeklik däl-de, inçelik hem näziklik derkar. Emma erkege mahsus gaýrat ýoklugynda hem önelge bolmaýar. Türkmeniň dünýäniň esasy gylygy — biwepadygy baradaky pelsepesi bilen ganan beýniniň gözi bilen seredeniňde, biziň şonsuzam düşünýändiris öýdüp ýören pikirlerimiziň bimöçber çuňlaşyp gidýändigini belläýmek gerek. Meselem, ata-babalarymyzdan bize gelip ýeten bir nakyl bar. «It — wepa, aýal — biwepa» diýýär. Bu nakylyň filosofiki hakykatyny aşa durmuşylaşdyryp, biz onuň manysyny tanalmaz derejede ýoýupdyrys, üýtgedipdiris. Meniň şeýle netijä gelmegime ýönekeý bir durmuş wakasy sebäp boldy. Ol hakynda men bir wagt gazetleriň birinde okapdym. Beýikligi bilen depesi asmana ýetýän gat-gat ymaratlary bolan, giňligi bilen zemin arkasynyň ýarysyny tutup ýatan, öz şowhuny, gohy öz içine sygmaýan häzirki zaman şäheri bardy. Bu beýik şäheriň millionlarça ilatynyň içinde şol millionlar tarapyndan ady-sory bilinmeýän, olaryň diňe käbiri tarapyndan daşyndan görülýän, içden asla tanalmaýan bir adam bardy, bu ýalňyz adamyň bolsa ýalňyz bir köpegi bardy. Öz gara güni bilen kowalaşyp, mydar edip ýören bu adamyň ýeke-täk höwri şol köpekdi. Egbarlap, gurbaty gaçyp, gartaşyp ugransoň bolsa it onuň üçin ýöne bir höwürlikden geçip, ýalňyz hossaryna öwrülip barýardy. Ol hemişe diýen ýaly hojaýynyň ýanyndady. Düşbüligi, akyllylygy üçin eýesiniň islegini, matlabyny, kömege hem mähre mätäçligini onuň gözlerinden okap bilýärdi. Oňa hatda buýruk hem, üm hem gerek däldi. Öýde-hä mydama ýanynda, işe gidende bolsa her gün awtobusa münülýän duralga çenli ugradyp, agşamara-da onuň gelýän pursady şol duralgada hojaýynyny garşy alýardy. Ine, bir günem irden awtobusa münüp giden adam agşam yzyna gaýdyp gelmedi. Bir ýakymsyz hasratyň bolandygyny syzan it agşam duralgadan aýrylmady. Emma eýesi gelmedi, gelip biljek hem däldi. Işde ýüreginden tutup, ýogalan ýalňyz, hossarsyz adamyň jesedini işdeşleri tabşyrmaly ýerine tabşyrypdylar. Gijäň bir wagtyna çenli garaşan it başyny sallap, yzyna gaýdyp geldi. Ertesi ol ýene duralga baryp garaşdy. Eýesi gelmedi. It agşam hem duralga bardy. Eýesi gelmedi. Emma it ertesi gün hem onuň ýoluna garady. Birgün, soňkusy gün... Aýlar aýlanyp, ýyllar ötdi. Pasyllar çalyşdy. Gara ýollary, ol ýollaryň üstünden eýläk-beýläk çapýan demir ýürekli maşynlary bilen şäher itiň gözüniň alnynda özgerip gitdi. Emma it ýüregi weli üýtgemedi. Gören, üns beren adamlaryň aýtmagyna görä, it edil 10 ýyllap gününi sypdyrman eýesiniň awtobusa münen duralgasyna gatnapdyr. Bu beýik şäher öz adamlary, ýollary, maşynlary, ymaratlary bilen, bu giň dünýä öz şäheri bilen şol adamy unutdy, oňa öldüňmi hem diýmedi, dirilikde ony owadan aýal ýaly bolup gyzykdyran dünýä ýogalansoň, oňa biwepalyk etdi. It weli wepasyny unutmady. Emma onsoň neneň «It — wepa, aýal — biwepa» diýmejek! Bu ýerde aýal aýal däl-de, dünýädir. Sebäbi biz aýalyň, zenanyň erkek bilen deňeşdireňde, köplenç, has wepalydygyny bilýäris ahyryn. Şonuň üçinem aýal babatda şeýle netije çykarmak akyl üçin gelşiksiz çökderlik bolardy. Nakylda durmuşy däl, filosofiki hakykat bar. Filosofiki hakykat — ylahy manynyň zemin formasynda amal bolmagydyr. Hususanam, şu ýerde dünýäniň biwepalygy diýen many aýal formasynda amal edilýär. Näme üçin bu many ala-böle şeýle formany tapyp, onuň bilen utgaşdyka? Sebäbi aýal erkek adam üçin ýaşaýyş ýoldaşydyr, söýgi hem ýigrenç gatnaşyklaryny kemala getirýän garşylykdyr. Men bu ýerde «garşy» diýen türkmen sözüniň süňňündäki iki hili manylylyga ýörite ünsi çekýärin. Häzirki wagtda dilimizde köplenç bu sözüň bir manysy — gapma-garşylyk manysy ulanylýar. Emma aslynda bu söz öz süňňünde diňe bir iňkärlik röwüşini däl, eýsem ykrarlyk, oňyn manylylygy saklaýar. Ýekeje mysal: Magtymgulyda: «Gelene garşy çyk, bolsa mejalyň». Diýmek, garşylyk bilen gapma-garşylygyň arasynda düýpli tapawut bar. Garşylyk düşünjesi özüniň ýumşaksylygy, dialektikligi bilen tapawutlanýar. Aýal — erkegiň gapma-garşylygy däl-de, eýsem garşylygydyr. Garşylyk şu asyl filosofiki manysynda razylygyň tersindäki bir zat däldir. Jemgyýetiň biwepa aýal, dünýä şekillerinde aňlanylmagynyň utuşly tarapy bolupdyr. Dünýä diýen düşünje jemgyýetiň, adamlaryň bikemallygyndan ýaňa döreýän ýigrenjiň — ýaramaz güýç-kuwwatyň adamlardan sowulyp, başga ýaňa ugrukdyrylmagyna mümkinçilik beripdir. Ýogsa şol ýigrenç, agzalalyk, pitneler dörärdi. Ine, dünýäni aýal hökmünde gaýybana aňlamagyň şeýle oňyn ruhy taraplary bar. Adam dünýä bolan gatnaşygyny rowaýatlaryň üsti bilenem beýan edýär. Özem adam Saadynyň «Men özümi özüm bilýärin» diýşi ýaly, özüne gaty ýowuz çemeleşýär: Allatagala janly-jandarlary, adamy ýaradypdyr. Adama häsiýet, edim-gylym beripdir. Janly-jandarlaryň hem hersine bir pyrka boluş eçilipdir. Adam haýwanlary, janly-jandarlary synlap, özüniň olardan tapawutly, aňly-huşly, ruhly ýaradylandygyna örän şükür edipdir. Ol: — Hudaýa şükür, haýwan edip ýaratmandygyňa şükür — diýipdir. Adam görse, haýwanlaram: «Adam edip ýaratmandygyňa şükür» diýip, özlerinden gaty razymyş. Adam haýwanlaryň bu şükür etmelerine gaty geň galyp, itden sorapdyr: — Senem Allatagalanyň özüňi adam edip ýaratmandygyna begenýäňmi? Sen günüňden razymy? — Gaty razy. Allatagalanyň adam edip ýaratmandygyna şükür edýän — diýip, it jogap berenmiş. Adam lüýge bulanyp, agnap ýören doňzuň ýanyna barypdyr: — Eý, doňuz, senem günüňden razymy? — Razy, gaty razy. Adam bolsam näderdim? Doňuzlygyma döneýin. — Eý, doňuz, özüň-ä hapa, lüýge bulanyp ýatyrsyň. Ýanyňa barar ýaly däl. Ýene adam däldigime şükür diýýäň. Munuň hikmetini düşündir. — Onuň hikmeti örän düşnükli. Allatagala meni doňuz edip ýaratdy. Men bu dünýäde doňuz bolup ýaşaryn we bu dünýäden doňuz bolup hem geçip giderin. Ýöne, köp adam bu dünýäde adam bolup ýaşap geçip bilenok. Siz käte doňuz bolýaňyz, kä möjek, kä tilki. Allatagalanyň beren ömrüniň esli bölegini adam bolup ýaşap geçireňzok. Siziň adam bolup ýaşaýan wagtyňyz az. Özem öz ýaradylyşyna mynasyp bolup ýaşap bilmeýän ýeke-täk jandar bar, ol hem siz. Onsoň men doňuz bolup ýaradylanyma neneň begenmäýin?! Neneň şükür etmäýin?! Adam doňzuň pikiri bilen razylaşanmyş. Adam diňe bir bu dünýä däl, özüne-de gaty ýowuz çemeleşýär. Ýöne ol özüni biçak söýýär, ol edil öwlüýä ýykylyp alnan ýaly. Ol bu dünýäden gitse, bu dünýä duruberjek ýaly. Türkmen dünýä her näçe gargan-da bolsa, dünýäni, ýaşaýşy biçak söýüpdir. Türkmen halkynyň ýalançy diýýän dünýä söýgüsini ýekeje bir tymsal bilen esaslandyrmak isleýärin. Türkmen aga: «Bir gözümde juwazyň okuny aýlaň, ýöne bir gözüm ýagty ýalançyny görsün!» diýipdir. Bu söze düşündiriş gerek däl bolsa gerek! Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||