22:47

Duralgada duran gyz

Aýdym-saz sungaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 809 | Добавил: Nurdan | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 g57152014  
1684
Şahyr M.Mämmetgurbanowyñ "Duralgada duran gyz" atly goşgusyny N.Tokgaýew ir döwürde 'Aksona" ady bilen aýdym etdi. Şondan şu günlere çenlem hu aýdym bagşylaryñ dilinden düşenok. Şahyryñ gürrüñ berýän wakasynyñ çyndygyny ýada ýalandygyny bilemok, sebäbi meñ aýtjak bolýan wakamy mañada biri, ýagny daýzam gürrüñ beripdi. Daýzam uniwersitetde okady mümkin şonda şahyryñ özi ýada dosty Öwez gürrüñ berendir. Esasy zat, şahyr Arçman obasyndan bir gyza aşyk bolyar. Gyz ak ýüzli, owadan, eli çeper gyz ekeni.Özem goşgy ýazýan ekeni. Şahyr gyza birnäçe goşgy, aýdym düzýär. Onuñ "Zülpüñ" diýen goşgusynam Kerim Gurbanalyýew aydym eden ekeni. "Mähriban" diyen aydymy hem şol ak ýüzli owadan gyza bagyşlap düzýär. Bular alty ýyldan gowrak halaşyp hat ýazyşýarlar. Gyza sawçy bary çozup başlaýar. Şahyr bolsa Sank-Peterburgda okap ýör. Gyz alaçsyz galýar. Bu ýagdaý şahyryñ gulagna degýär we ene-atasyny olara ugradýar. Näme gep gürrüñ bolanyny her hili gürrüñ edip ýaýradýarlar, emma gyzy berenoklar we gyz ýat birine berilýär. M.Mämmetgurbanow şondan soñ näçe setir ýazan boksa şo ýaşyl gözli, ak ýüzli owadan gyza bagyşlanmyş.

0
2 g57152014  
1684
"Aksona" aýdymynyñ döreýşini şahyryñ Öwez atly dosty şeýle gürrüñ beripdir." Gurbanlykda rugsat alyp oba gitdik, baýramçylyk göreli diyip. O wagtlar oba yerinde kimiñ ulagy bar bolsa (hatda ýok hem jolsa birinden haýyş edip alyp) klasdaş, tanyş, söýgüli gyzlary üç gün gurbanlykda aýlaýan ekenler. Ana, şonda şahyr öz söýýän gyzyna " bileje aýlanaly"- diyip habar gönderya we wadalaşan ýerlerinde, Nohurdan aşak düşýän ýoluñ ugrundaky duralgada garaşjakdygny aýdýar. Gyz jorasy bilen garaşyp dur, oglan ýetip gelýär emma ulagyñ içinde ba§ga birini,ýagny şahyryñ toý edip alan (birinji aýalyny) görýär. Gyz doñup galýar. Şahyr olary hiññildige düşürip gelýär, söýgülisi bu ahwaly bagyşlamaýar. "Sen meni allatdyñ" diyip, aglap gaýdýar. Şahyr näçe düşündirjek bolsa-da,gyz bagyşlamaýar. Ine, şol "Aksona" aýdymyndaky ähli hereketler Arçman obasynda bolan wakamyş. Eşdişimize görä aýralyk bularyñ ikisinem sahyr eden ekeni. Eger, bu eşdenlerimde ýalan bar bolsa, şahyrymyz meni bagyşlasyn!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]