10:54

Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Ýagşy ýigit

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 408 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024
Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024
Mint / hekaýa - 24.08.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024
Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024
Şahyr / hekaýa - 17.11.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Myhman0430  
778
Serdar akga, ýitýäňizaý. beýtmäň ahwetin.

Ýefremowyň ady agzalan eserini şu gün okap başlajak. ýagşy ýigit näme üçin beý diýdikä.

ziňkildäp oýanýan ýeri bir wakany ýatlatdy (dost oglan gürrüň berdi):
bir kursdaşym bardy. göze düşüp ýören bezzat däl, ýöne ýatak. haçan görseň ýatyr. mollymlar başda kän käýýediler. dekanyň ýanyna-da alyp gitdiler. soňa-baka olaram boýunalyk boldular, zadam diýenokdylar. mollym ýok bolup awditorýaň içi ala-goh bolýan wagtlaram ýatybilýä.
bir günem meň gapdalymda otyr, has dogrusy ýatyr. myžžyk özem, gara der. mollym, telefonyna jaň geldimi, nämemi, bir zada ünsi sowlup leksiýasynyň arasyny böldi. sessizlik. birdeň ýaňkyň zähresi ýarylan ýaly bolup turdy. ilki daş-töweregine, soň meň ýüzüme seretdi. ýüzümden bir zat okajak bolýa. ýuwaşjadan "eşidildimi?" diýdi. menem "ýok, (soragyndan nämedigini aňsamam) näme eşidilmeli" diýdim.
olam "göz bilen ...iň köki bir" diýýänleri çyn ekenow. şowagt gözüm açyldy" diýdi.
"ýöne hakykatdanam hiç hili ses eşidilmedi, ysam gelmedi" diýýä dosdum.

0
2 Bagabat  
43
Heh.
Gowy waka ekeni.

Obada-da irräk döwürler şoň ýaly bir waka bolupdyr.
Kolhoz başlygy (megerem, Guwanç aga pahyr (Guwanç Orazow) bolmaly), ýylyň jeminde uly ýygnak geçirýärmiş. Onsoň öte ýadaw, garynlak, daýaw kolhozçylaryň birem öler ýaly ýatasy gelýärmiş. Ol halys ukusyna çydaman ýanyndaky goňşusyndan haýyş edipdir:
-Owadaş, men-ä biraz irkilmesem, gözüm ýumlup, alyp barýar. Byrgadyr aýtdy, şuwun biziň byrgatdan meniňem adym tutulyp, sylag gowşurylmaga sahna çagyrylmaly. Adymy tutduklary ýeňimden çekip goýberersiň-dä.
Goňşusam geplemän, "bor" diýen terzde baş atypdyr.
Demsalym geçmänkä-de ýaňky epeý kolhozçy myrlap uka gidipdir.
Biraz wagtdan soňam onuň goňşusy - megerem, irden ýygnaga gaýtmanka "ajygaýmaýyn" diýen ätiýaç bilen öten agşamdan galan nohutly çorbaň ýarty tabagyny ýaplandyr ýa-da turşyrak gatykdan doýandyr - birdenkä süňňüne erk edip bilmän zoňtar "zaýyrdadyp" goýberipdir.
Dym-dyrs zalda oslugyň ses-ä sesi welin, porsy ysam oturanlary faşistleň Oswensiminiň gaz kamerasyna düşürene dönderipdir.
Bu edepsizlige girre gahary gelen kolhoz başlygy, nutugyny tapba kesipdir-de, gaharly gözlerini oturanlaň ýüzünden birme-bir gezdirip, azmly sorapdyr:
-Kim beýdenem bolsa, gaty bahym boýun alsyn! Päheý-de welinim! Heýemmir inni köpçülikde beýle-de bir edepsizlik bormy? Nä, el galdyryp, çykmaga izin soraňyzza sizi şu taýda atyp öldürjek bolup duran barmy?
Hiç kimden ses çykmaýarmyş.
Sypdyran bende-de nämetjegini bilmeýärmiş.
Birdenem gyssanjyna, henizem dünýeden bihabar uklap ýatan goňşusy ýadyna düşýär-de, assyrynlyk bilen onuň ýeňinden çekiberip goýberýär.
Ol pahyram, serpaý aljak pyýada:
-Men, men!-diýip elini galdyryp, zöwwe ýerinden galypdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]