23:56 Duşman döretmek | |
DUŞMAN DÖRETMEK
Publisistika
Karlhaýns Ştokhauzen (1928-2007)… Germaniýanyñ dünýä belli kompozitory. Klassyky sazda öñden dowam edip gelýän galyplardan çykyp, elektron gurallarda we her dürli sesleri ulanmak ýaly ýeñillikleri synap gördi... 2001-nji ýylyñ 16-njy sentýabry. Hemmeleriñ ünsi şondan bäş gün öñ 11-nji sentýabrda Nýu-Ýorkdaky "Ekizekler" binasyny ýumran terrorçylykly aktyna gönügipdi. Gamburgda eserlerinden düzülen dört günlük festiwal boýunça habar beriş serişdelerine interwýu beren Ştokhauzene žurnaliistleriñ biri 11-nji sentýabr aklary boýunça pikirini sorady. Onuñ beren we şobada dünýä jemgyýetçiliginde uly gowur turzan jogaby duranlary añk etdi: "- Bütin kosmosda mümkin bolan iñ uly sungat eseri! - Hatda saz äleminde-de oýumyza-hyýalymyza gelmejek zady ýeke perdede amala aşyrdylar! - Munuñ bilen deñeşdirende kompozitor hökmünde bizi dagy hiç kim saýmaly!" Ştokhauzeniñ aýdan bu gyjyt beriji sungat meñzetmesiniñ üstünde birnäçe günläp jedel gitdi. Ýogsa-da, ýurdumyzda bir sungat adamsy haýsydyr bir terrorçylykly akta "uly sungat eseri" diýse, başyna ne belalar inerdi? - Gije ýarymdan soñ öýüne dökülerler. - Gyssagly soraga çekiler. - Türmä atylar. Halkara jemgyýetçiligiñ nägileligi ulam bolsa, hiç kimiñ aklyna-oýuna kompozitor Ştokhauzene temmi sanksiýasyny goýmak düşmedi. Çünki: Hemmelerem Ştokhauzen özüniñ bu gödek meñzetmesi bilen öte geçenem bolsa, terrorçylygy öwmeýändigini gowy bilýärdi, ol sungatyñ-da fanatizme ýugrulandygyny ýañzydýardy. XIX asyrda giñden ýaýran "ynsany täzeden kemala getirme" düşünjesiniñ sungat senetkär-pygamber meñzetmesine göndermede bulunuyordu. (Diñe şunuñ özi ýurdumyzda agzalsa, agzanyñ başyna nämeler gelerdi?!) Syýasy yñdarmalyk bilen awangard sungatyñ "baglanşygy" birnäçe aýlap jedelleşildi. "Ganhorlar, senetkärler we terrorçylar" diýen ýaly kitaplar ýazyldy… Ştokhauzen türmä atylmady! Germaniýa onuñ adyny köçelere, ýaşaýyş massiwlerine dakdy. Şeýle agyr meñzetmeden soñam kompozitorlyk ugry boýunça Belgiýa, Irlandiýa, Italiýa ýaly ýurtlardan uly-uly baýraklary aldy… Şuña geleýin: • NÄÇE NEBSIMIZ AGYRSA-DA... Duşman döretme düşünjesi (восприятие), gürrüñsiz, duşman jeza hukugyny boýna dakýar. Hem tussaglyk gutulgysyz bolýar! Ýurdumyzda çekişmeleriñ hemmesi diýen ýaly, ýa bolmasa gödek syýasy meñzetme nämüçin türme bilen soñlanýandygy belli dälmi näme? Çünki bizde syýasat "duşman döretme" düşünjesiniñ-taslamasynyñ üstünde gurlan. Garşydaş bolmak "duşmançylyk" bilen deñ görülýär. Garşylyklaýyn pikire señrik ýygryp seredilýär. Duşman döretme kesgitlemesini diñe häkimiýet üçin aýdamok, bu gödek çemeleşme, gödek dil, degnaña degiji hüý oppizisiýa-da ýolukdy! Ýogsa-da, nämüçin türk syýasatynda "duşmana mätäçlik" bar? Ýigrenjiñ çeşmesi duşmançylyk düşünjesini döretmek haýsy mätäçligi giderýär? Şu: - Şübhesiz, özüne, partiýasyna we garaýşyna garaşlylygy, tarapdar sanyny artdyrmak üçin edilýär... - Şübhesiz, tarapdarlarynyñ arasyndan garşydaş pikirliler çykaýmasyn diýip, "daşarda duşman bar" howatyryny döretmek üçin edilýär… - Gürrüñsiz, åhli şowsuzlyklaryñ gözbaşynyñ, sebäbiniñ "iýse-de agzy gan, iýmese-de gan duşman möjekdigi" hakdaky pikiri döretmek üçin edilýär... Duşmana mätäçlik - garşydaşyñy “şeýtanlaşdyrma” status-kwosyny goraýar, häkimiýetiñ, lideriñ, partiýanyñ dowamlylygyny gazanýar! Bular ýaly syýasy “ýigrenje mätäçligiñ” ýurdy bölýändigi görülenokmy? Daşardan ýagy gözlemegiñ hajaty barmy? Bölünişikçi terrorçylykly guramasyna ne hajat bar? Duşmanlaşdyrmaga mätäçlik duýýan syýasat düşünjesi ýurdumyzy bagryndan bölekleýär. "Kürsini elden bermezlige" ýa-da "kürsä ýetmäge" mätäçlik duýýan bu betpygyl syýasy garaýyşa garşy el-ele berip göreşmeli dälmi? Gynansak-da, käbirleri bular ýaly "söweşde" nöker bolmagy özüne mertebe bilýär... • AÝNADA GÖRÜNEN Duşman düşünjesini döretmek - aslynda "aýnanyñ" wezipesini ýerine ýetirýär, biri-birini şekillendirýär. Her iki tarapam oñyn taraplary özüne, oñaýsyz taraplary bolsa garşysyndaka ýöñkeýär: “Biz” ynamly, edenli, işbaşarjañ, oñşukly, at-abraýly, gumanist... “Olar” - ynamsyz, iş oñarmaýan, geleñsiz, galmagalçy, wagşy duşman... Her iki tarapam "duşmanyny" häsiýetlendirende şol bir taktikany ulanýar, birmeñzeş negatiw añlatmalary, adalgalary ulanýar! Öz identiçnostyny (kimligini, ýüzüni) häsiýetlendirmek üçin "beýlekini" duşmanlaşdyrýar. Serediñ: Garşy taraplary ýaraşdyrmaga, oñuşdyrmaga synanşamok. Syýasatyñ we mediýanyñ diliniñ, özüni alyp barşynyñ makul we akyla, mantyga laýyk bolmalydygyny aýtjak bolýaryn. Çünki: Iki mähelläniñ arasynda duşmançylyk orta çyksa, hemmeler ýadyña-oýuña düşmejek derejede instinktiw taýdan ähli ýaramaz özboluşlylygyny orta goýýar... Näme bolsa şo bolsun edip, garşydaşyny ýok etmek isleýän wagşy ruhy ahwaly Çorum wakalarynda başdan geçirdim… Heý, bu zatlardan sapak almaly dälmikäk? Diñe syýasatçylar däl, metbugat serişdeleri-de ünsli bolmaly, näme bolsa ýurdumyza bolýar. Bize gerekli moral çemeleşme garşyñdaka düşünmäge, özümizi olaryñ ýerine goýmaga synanyşan wagtymyzda ýüze çykar. Hawa, bize sowukganlylyk lazym... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |