08:14 Düýş / hekaýa | |
DÜÝŞ
Çagalar edebiýaty
Ir säher hopugyp oýanan Hoşgeldi sesiniň ýetdiginden “Eje!” diýip gygyrdy. - Näme boldy, balam?!- diýibem oglunyň çirkin sesini eşiden Gülöwser elindäki işini taşlap içerik ýumlukdy. Düşegiň üstünde ukuly gözlerini owkalap oturan oglunyň ak tam ýaly bolup agaran ýüzüni görende gözleri elek-çelek boldy. Ol ýene-de başky sowalyny gaýtalady. —Näme boldy, balam?! - Eje, men gorkýan, ýaramaz, örän ýaramaz, gorkunç düýş gördüm. - Gorkma, gorkma. Häzir men saňa suw içireýin, bary geçer. Düýşden-beýlekidenem gorkup ýörerlermi balam. Bilýän, gara basýandyr, oňa-da özüň günäkär, tä garaňky düşýänçä öýe ýygnanaňok, külüň-oduň üstünden geçýändirinem öýdeňok. Gelibem gijäň birmahalyna çenli arwah-jynly kinolary görýäň. Şol zatlardyr-da seniň düýşüňe girýänlerem, başga näme bolsun.-- Ol şondan soň suwly kürüşgäni oglunyň agzyna tutdy.--Al balam, iç. - Içjek däl. - Içmeseň-ä bolmaz. Gorkansyň, gorkan adama bolsa öňi bilen suw içirilýändir. Ýüregi düşüşer ýaly. Onsoň eşikleňňem çalşyraýyn, derden ýaňa öl-myžžyk, sykybermeli bolupsyň-a?! Hoşgeldi suwdan owurtlady. Ejesi, “Ýene iç!” diýip, gaýtalap duransoň kürüşgedäki suwuň baryny bir demde özüne çekdi. - Berekella, ana, indi bolaýdy. Hawa, onsoň düýşüňde nämeleri gördüň? - Düýşümde bar-a. Sen-a syrkawlan ekeniň. Onsoň menem saňa bolmasyz bir zat bolar öýdüp gorkup, kän-kän aglaýamyşym. - Wah, meniň aladaçyl balam. Gaýta, düýşüňde aglasaň begenýämişiň, gülseň gynanýamyşyň diýýärler. Gyşyň düýşüne-hä asla ynanmaly däl. Ata-babalarymyz hem ”Gyşda görlen düýşüň bary ýalan, ýazda görlen düýşüň ýary” diýlen pähimi bilmän döreden däldirler. Häzir bolsa gyş günleri. Ejeňi welin birjigem gaýgy etmezler, oglum. Şükür janym sag. Seni öýermän, öýli-işikli etman, agtyk-çowluklarymy görmän, olaryň boýuna guwanman hiç ýana gitmen. - Dogryňmy, eje?! - Dogrym. - Sag bol, eje!— Hoşgeldi ejesine gysmyljyrady. Ogluny birneme köşeşdien Gülöwser onuň birlaý eşigini çalyşdy. Hoşgeldi şondan soňam başyny ýassyga goýmakçy boldy. - Ýok, oglum, indi daň atdy, ýatmak bolmaz, bar daş çyk, gerin, ýuwun-ardyn. - Eje, ýene-de azajyk ýataýyn. - Ýok, indiden soň ýatmak bolmaz. Gal, gal, namazymy okamsoň saňa gyzgynjak süýdem bişirip berjek. Goňşymyz Guwa ýeňňäniň ikinji sygyram göleläpdir. Biz indi hijem süýt-gatyksyz bolmarys. Tur, gal ýeriňden. Bu günem biziň etmeli işimiz kän. -Näme iş? - Daýzaňlaryňka barmaly. Olar bizi ýowara çagyrypdyrlar. - O nänäniň ýowary? - Daýzaňlar şu gün keçe basjaklar. Bu işi goňşy aýallar üýşüp edýärler. Üýşüp ýerine ýetirilen işe ýowar diýilýär. Onsoň ýowara gatnaşan her bir adam gezekli-gezegine şol adamyň ýowaryna-da gatnaşýar. Hoşgeldi saçak başyndan turmanka ejesinden keçe barada sorady. - Eje, keçe edinmek kynmy? - Onuňam öz iş-aladasy ýetik. Öňi bilen oňat edilip saýylan ýüňleri gamyşyň üstünde ýerbe-ýer goýup, keçäniň boýuny-inini, dürli reňkli ýüňler bilen güllenilmegini amal etmeli. Şondan soň ony gamyşa orap, onuň biline daňylan ýüpden her tarapa bir adam çekip, tä ýugrumy ýetýänçä, ony iki-baka togalamaly, wagtal-wagtal suwlap durmaly. Diňe şondan soň gamyş ýere ýazylyp, alty-ýedi aýal ýeňlerini çyzmap, bilekleri bilen sudury taýyn bolan keçäni togalap başlaýarlar, bu birnäçe sagada çekýär. Şeýdilende, keçe hem berk bolýar hem-de oňat hilli owadan, göze ýakymly, gülli keçeler peýda bolýar. Bu ata-babalarymyzdan gelýän däp. Iýip-içen bolsaň, ýör onda, eglenmäli, tiziräjik baraly. Keçe basmak köpüň işi. Näçe el köp bolsa, şonça-da aňsat bolýar. Baraly, ýowara gijä galyp barmak gowy görlenok. Biziňem bir keçelik ýüňümiz bar. - Bizem kece edýäsmi, eje? - Nesip bolsa. Olar basym ýola düşdiler. - Eje?--diýip, Hoşgeldi nämedir bir zat hakynda soramakçy bolýan ýaly ýuwdundy. - Näme oglum?! - Men çagalar bilen garaňky düşýänçä oýnamasam, gaýdyp arwah-jynly kinolary hem görmesem, ýaramaz, gorkunç düýşleri görmerin gerek!? - Ýogsam, näme guzym. Wagtynda uklap-tursaň, arkaýynja bolaý, gaýdyp gorkunç düýşleri görmersiň. Onsoňam sen hälki gören düýşiňi birjigem alada etme. Şu günüň özünde goňşy-golama süýji-köke paýlaryn.”Sadaka müň belany başdan sowar” diýlendir. Ol bizi hem gorar. Hoşgeldi ejesiniň jogabyndan soň birneme ynjalan ýaly etdi, onuň şondan soňky ýöreýşem, ädim urşam ynamly göründi. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |