01:59 Elbukja / hekaýa | |
ELBUKJA
Hekaýalar
Zübeýda soňky günlerde hiç ýerde çykman, täze tikinýän köýneginiň ýakasyny basymrak bejermek üçin, basa oturyp keşde çekýärdi. Ol ýaka salynýan ak nagşynyň çynarlaryny çekip bolansoň, ýakany palasyň üstüne ýazyp, oňa baş käsäni düňderip, ikiýana ýöredip, nagyşlaryna syntgylansoň has-da lowurdap öwşün atdy. Ol ýakasyna salan nagşynyň köýnekliginiň matasyna neneňsi gelşendigine diýseň begendi. Gaýta – gaýta sypalap ýylgyrdy. Şol mahal hem gapynyň zülpesi şykyrdap, erkek adam ardynjyrap, usullyk bilen gapyny çekdi: - Zübeýda, öýdemiň! - Geliberiň, geliberiň, dogan jan! Gyz tarsa ýerinden turup, öýüň burçunda eplenip goýlan körpeçedir ýassygy goltuklap, Magtymgulynyň hemişe gelse oturýan ýerine oklady. - Hoş gelipsiňiz, geçiň, oturyň! - Men geçip oturmaýyn. Senden bir zady haýyş edäýjekdim. - Başym üstüne, näme ýumşuňyz bolsa aýdyberiň – diýip, Zübeýda bilesigelijilik bilen doganynyň ýüzüne bakdy. - Elime bir ýunşajyk teletin düşdi-de, şundan sowgatlyk diýip, bir elbukja tikdim. - Hany, tüweleme, dogan jan, siz-ä oňarypsyňyz muny. Ýüzüne “meňli” diýibem ýazypsyňyz. Ol-a gaty begener. - Ýöne onuň hasam begenmegi üçin seniňem kömegi gerek bolar muňa. Elbukjanyň tikinleri görnüp durmaz ýaly, içine içlik tikip beräýseň diýjek bolýan saňa. Her-nä, sende şuňa bolar ýaly gelşiklije mata tapylar-la? Agasy çykyp gidenden soň, Zübeýda täsin elbukjany eline alyp, täeden synlady: - Tüweleme, elleriňe güller bitsin, dogan jan. Görüň-ä, munuň tikiniň inçedendigini, Hindistandan gelen sowgatlarynyň arasynda zire-zire bolup duran inçejik sapak bardy welin, menem: “Bu sapak bilen keşde çekib-ä bolmaz, bir zada ýarar-da” diýip, goýsam, doganym ony gaty gowy edip ýerinde ulanmany başarypdyr-ow. Elhepus, munuň tikiniň dagy zibadygyny! Bol-bol, Meňli bol! Şu obada senden bagtly gyz barmyka?! Belki, şol bagtyň hem ömürlik nesip etsin-dä saň, meňli jan! Agam janam ýigidiň gowudysyr-la, illimiň-günümiň, obamyň guwanjydyr. Alla janam: “Deň etmän, duş etmerin” diýenmişin-ä. Belki, şeýle bolsun-da, her-nä! Zübeýda agasynyň buýran işini töwekgele goýmady. Ol elbukja ylaýjak edip içlik çekdi, gyralaryny hem owunjak ýörmedi. Elbetde, ziba zadyň ownuk işlerinem zibadan tutmaly-da. Zübeýda Aýlarbibinem çagyryp, elbukjanyň gyrasyna tutulmaly “aldymgaçy” ýüpüni hem gara bilen gyzyl sapaklardan çalyp, çalşyp gelýän diş-diş nägyşlaryny hem deňje düşer ýaly etdi. Üç dört günläp agasynyň öz otagynda ýeke oturan wagtyny aňtap ýören Zübeýda ahyrsoňy Nury Kazym dagynyň onuň bilen hoşlaşyp çykyp gidendiklerini tekjeden görüp galdy. Ol akja ýaglyga dolap goýan elbukjasyny goltugyna gysyp, agasynyň jaýyna tarap alňasady. Açyk galan gapydan Zübeýdanyň howlukmaç gelýändigini gören Magtymguly ör turup ony gadyrly garşylady. - Geleweri-de geçeweri. Sen alňasama-da, arkaýyn otur. Mundan soň indi meniň ýanyma myhman gelip durasy ýok-la. - Aý, menem şu elbukjany ýanyňda ýat adam ýok wagty gowşuraýaýyn diýdim. Hany, senem açyp gör, isleýşiň ýaly boldumy-ka? Magtymguly Zübeýdanyň dolap gelen akja ýaglygyny aýryp, elbukjany eline aldy. Onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Elbukjanyň daşyna oralan ýüpi usul bilen çözledi. - Päh, päh, muny-ha gül edäýipsiň. Tüweleme, her zadyň br özüne gelşik berýän bezegi bolýar eken-dä! Munuň ýerliginiň zünem nepis görüpdim welin, asyl içbitsin! Gör-ä, sen bukjanyň içinem zatdan dolduraýypsyňmy?! -Hawa-d, seniň oňa şu gün gülýaka salmaga ýagdaýyň ýokdugyny bilip durkam, boş goýberesim gelmedi. Onsoň, gyzyň elbukjasyna easy salynmaly zatlary salaýdym-da. Aýna bilen daragam saldym. Goý, olar senden Meňlä ýadygärlik bolsun! Bu söze Magtymguly birhili bolup, gamgyn halda ýüzüni aşak salyp oturdy. Uludan demini alyp: “Ýadygärlik” diýsene diýip, aýna-başdaragy usul bilen elbukja salyp: “Şeýle bolmaly bolaýarmyka?” diýjek bolýan ýaly başyny ýaýkap, onuň uzyn ýüpünem haýaljakdan daşyna arady. Ony gapdalynda duran ýassygyň üstünde goýdy-da, tutş penjesi bilen basdy. Sözüni süýndürip, “ýadygärlik bolar” diýäýdiňmi?” diýip, agraslyk bilen ýüzüni aşak salyp oturdy. Zübeýda agasynyň sähelçe salymda beýle hala düşmegine özi sebäp bolan ýaly müýnürgedi. Onuň ýene-de bir zatlar diýerine garaşdy. Şu pursatda onuň düşen ýagdaýynyň gowulyga üýtgemegini isledi. - Dogan jan, size näme boldy? Ýap-ýaňy-da dostlaryňyzy ugradanyňyzda keýpiňiz kök ýalydy-la. Ýa-da, “ýadygärlik bolar” diýen sözümden başgarak manyny alaýdyňyzmy? Men-ä göni manysynda aýdypdym. - Wah... naçarym ýürejigiňi ele alyp, galagop bolubermäweri. Dagy men näme edeýin-dä. Senden özge derdimi paýlaşjygym ýok meniň. Bir gözümiň agy, biri ýüregimiň ýagy. Diri ýitik bolan goşa dagym, nirelerde şehit galdylarka?! Olary görmän gezen her bir günüm ýyllara dönýär. Gara dagym, pälwan atam Azadym hem gün-günden çöküp barýan ýaly göwnüme. Bizem diri gezip ýörenleriň borjuny ýerine ýetirýäris. Illim-günüm bar. “Illim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýen sözüni türkmen şunuň ýaly güne düşende diýýän eken. Indi bizem iliň-günüň diýeni bilen bolýas. Ýöne aşyny-suwuny bereniň bilenem olaryň ýürekde goýan derdini egsip bolanok. Şindem olardan umydyňy üzüp bolanog-a. Magtymguly dyzynyň üstünde ýatan akja ýaglygy bilen gözýaşlaryny sylyp, maňlaýyny tutup oturdy. Başyny gam laýyna batyryp, urnup oturan doganynyň halyna dözmedik Zübeýda bu pursat onuň bilen bile aglaşaýmasa, özünden uly adam näme akyl berjegini bilmeýärdi. Magtymguly Zübeýdanyň ýüregini mundan beter agyrtmajak bolup onuň başyny sypalap agraslyk bilen: Magtymguly diýerler meniň adyma, Bir ah ursam, älem ýanar oduma. Eý aranlar, kim ýetişer dadyma, Başym çykmaz ne gowgaýa sataşdym. Kimi bilmez ne gowgaýa sataşdym. - diýen setirlerini okady-da, usul bilen ýerinden turup, çykyp gidişine daglara tarap ýüzüni öwürdi. Onuň yzyndan gamgyn garap galan Zübeýda hem: - Bar, dogan jan, seniň ýüregiň oduny biz ýaly naçarlar egsebilmez. Sen ol derdiňi Ýer bilen bile dörän daşlara, gara daglara aýtsaň gowy ýeňlärsiň. Bu daglar, gara daşlar seniň kimin aşyklaryň derdini kän çekendir – diýip pyşyrdady. Garaja telpegi dag-daşlarynyň arasynda ýitip giden gardaşynyň yzyndan garap Zübeýda akja ýaglyga dolangy elbukjany ýerden göterip bagryna basdy: - Wah... Meňli jan, indi seniň meniň doganjygyma derek bagryňa basjagyň şu düwünçek bolmalymyka? – diýip özelendi. Sona ÝAZOWA, Türkmenistanyň Halk ýazyjysy. | |
|
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |