18:11 Emgek / powest | |
EMGEK
Powestler
(powest) I. --Tüket! — diýip, baş redaktor öz mertebesinden ep-esli kiçelip, garşysynda duran inçemikden hor, uzyn ýigide azgyryldy. -- Adamda utanç-haýa-da bolmaly ahyryn. Görgi, jepa seniň tarapyňda bolanda-da, ynsap bir bolmaly ahyryn., ynsap… “Dokuň açdan habary ýok-da” diýip, Omar içýakgyçlyk bilen oýlandy. “Deputat, Merkezi komitetiň çleni, Onuň üstesine, alty otagly jay bar. Ministriň aýlygyny alyp otyr. Seniň ýeriňe bolsam, menem ynsaply bolardym! Emma häzirki ýagdaýymda kim meniň ýagdaýyma düşünjek. Şumy? Häzir maňa ynsap däl-de batyrgaýlyk, azajygam gözi gattylyk erek. Goý, gygyryp geçsin. Emma menem öz sözümi ýöretmesem, Omar boilmadygym! -- Ýoldaş baş redaktor, menem şu döwletiň graždanini! Arkamda özümden başga-da, üç sany ejiz naçar bar. Naçar! Menem şol üç naçary kesekiniň işiginden ýygnamaly ahyryn. Omar ýalan sözledi. Onuň ýüreginiň teýinden ynsabyň inçejik damary çekilip gitdi. --Men aýyma elli manat berip, iliň işiginde ýaşaýan. Özümem respublikanyň ähli ýerine aýlanyp, iliň jay ýok, ýa-da pylan wagt bäri işläp, nobata dursa-da jaý berilmändir “ diýip, ile hussar çykyp ýörün Gelibem, özüm, respublikan gazetiň hökmürowan habarçysy bolup, iliň jaýynda, çagalarymyň agzyndan kjesip, aýyna elli manada berip kireýine ýaşaýaryn. Aýdyň, bu haýsy kanuna, haýsy heňe gelýän zat.—Ol ýalan sözledi. Ony mundane ýetmiş gün öň şol ýaşaýan jaýyndan çykaryp kowupdylar. Özüne, masgaralar edip, hut öz doglan gününde kowdular. Ol şäheriň howlularynyň birinde kireýine jaý alypdy. Ine, iýunyň başynda institutda okaýan dogany, onuň tehnikumda gaýybana okaýan aýaly, iki sany ýaş çagasy, olara sertjek bir gyzjagazbilen güpürdeşip geldiler. Doganyň bolsa, ol agasynyň öýüne geler-dä, başga nirä gitsin. Bu ýerde hiç hili ýalňyşlyk ýok. Gep onda däl, gep şol ýigrimi ýedinji günde. Şol ýigirimi ýedinji gün ähli bulaşyklygyň sebäpkär. Omaryň ýüregi bulandy. Onuň şol ýigrimi ýedinji güni asla ýatlasy gelenokdy. Ol şu geçen günlerde, şol ýigrimi ýedinji güni eýýäm, iki müň iki ýüz ýigirmi sapap ýuwutdy. Emma ol häzironuň bokurdagyna tegek bolup durdy. -- Geçenok!—diýip, ol essinden çykyp samrady. Ýoldaş baş redactor, bagyşlaň, geçenok. Düşüniň, geçenok! Omaryň gözlerine ýaş aýlandy. Baş redaktoryň hem dodaklary tibirdediu. Ol bu ýigit özüniň gatyrak gitmesiniň täsirinden ynjaýandyr öýdüp gorkdy. Omar bolsa hojaýyn aýalyň eýýäm ü müňünji saparky haýýar sesine tisginip gitdi. “Aý, oglan, biz öz hususy jaýymyzda kwartirant saklaýas diýsek, asyl, sizem özbaşyňyza kwartirant saklap ýören ogşýan? Han-a iniň aýaly aýdyp otyr. Bir aý üçin size ýetmiş manta berdi” diýip. Omaryň gözýaşy baş redaktoryň stolunyň üstüne paýrap gitdi. Baş redaktor gorkdy-da ýerinden turdy. Onuň bu ýigide nebsi agyrjak ýalam boldy. Emma, ol özüniň gaty berk durmalydygyna gowy düşünýärdi. Ýogsa, bujagaz dagy name? Eger, gözýaşa jaý berilýän bolsa, bu stoluň üstüni-hä däl, tutuş kabinetiňem sile basdyrjaklar kändi. Redaksiýada jaý üçin nobatda duranlaryňonusy hasaba alnypdy. Omar bolsa şolaryň onunjysydy. On adam! Hany şolaryň, olaryň maşgalalarynyň hasapla bakaly! Oňa baş redaktoryň kabineti däl-e, Uzboý gerek, Uzboý! Bek dur, baş redaktor! “ – Jan, hojaýyn, sen bir meniň janymy ýakmasan-a, olar ol ýetmiş manady kwartira üçin berenoklar. Olar garynlaryny otarmak üçin berýärler, ony, Düşün, men ol bäş adamy eklemek üçin ýetmiş manad-a däl, dört ýüz manatdanam köpräk çykdajy edip otyryn-a. Aýalym ikimiziň azabymyzam onuň üstesine.Aýybam bolsa, düşün, kim ýetmiş manada bäş adamy bir aýlap baker! Ol aýalynyň, özüniň hojaýyn aýalyň öňünde kiçeleninem owarram etjekdi. Emma şondan dört gün soň bolan uly we gaty taryhy masgaraçylygy ölse-de, geçirip biljek däldi. Ol sessiýalaryny tamamlap, bagtyýarlyk bilen obasyna barýan bäşleri razylyk bilen taksa mündirip, öýüne uly begenç, şadyhoprramlyk bilen gelen badyna bolupdy. Erkek hojaýynyň taýýar bolup duranyny ol näbilsin! -- Heý, ýigit! Men senem, seniň kwartirantlaryňam bilmarin. Şu günüň özünde göteriliň howludan. Men bizar boldum, sendenem, seniňkä gelýän lakaşalaryňdanam! Omar şol gün şäheriň çetinden köneje sümelge tapynyp, çagalaryny göçüripdi. Soňam Türkmanistan Kommunistik partiýasynyň birinji sekretarynyň adyna haýbatly arzasyny düňküldedip iberipdi. Indi name bolsa bolar-da diýip, şonuň netijesine garaşyp ýördi. Şol arzany ýazanynam birki sany adamyň ýanynda dilinden sypdyrypdy. Baş redaktor şol wakany eşidip, ýanyna çagyryp, Omara azar berjek bolupdy. Häzir bolsa, Omar oňa azar berip otyrdy. Oglan, seniň garşyňda garantgy ýaly bolup, adam otyr-a. Hiç bolmanda gelip duýdurmaky ekeniň-dä. Omar baş redaktoryň ozüne çaga gürrüňi ýaly edip “mynny-mynny edip oturşyny özüniň degnasyna degmek hasap edip başlady. Onuň öň çekinip ýören baş redaktory bilen edýän bu gürrüňlerinden soň birhili gahary gelip başlady. Redaktor oňa bu sowal , eýýäm altynjy sapar berýärdi. -- Ýoldaş baş redaktor, hakykatdanam, siz dogry aýdýaňyz, biziň edaramyza baş bolup outran, garantgydan başga zat däl, Siz oňa adam diýmäň! Onsoň-a, meniň siziň kimligiňiz bilen işim ýok. Meniň arkamda üç sany naçar dur. -- Meniň arkamda diňe jaý diýip duranlaryň onusy bar. Aýdaly, ertir birinji sekretar seni Kabul edip, saňa iki otagly jaý berdi-de… -- Ýok maňa iki otagly däl-de, üç otagly jaý gerek! -- Dur, diňle. Şonda men şol on adama name jogňap okaýyn? Baş redaktoryň aýdýanyna Omar düşünýärdi. Aslyna, baş redaktor erbet adamam däldi. Bir adamçarak adamçylygy bardy. Ol “eneden doglaly bäri şu gazet bilen ýaşaýardy. Bir wagtlar, ol enesinden doglanda onuň kakasy “Şuralar Türkmenistany” diýen gazetiň redaktory bolupdyr. Çagalary doglanda ol bendelerde arta-süýşe zat bolmany üçin, ýaňy dünýä inen bäbegi olar “Şuralar Türkmenistany” gazetine dolapdyrlar. Ol henize bu güne çenli, hammňama ýeke gidýärmiş. Sebäbi, onuň endamynda “Şuralar Türkmenistany” gazetiniň şol döwürlerdäki harplarnyň yzy galanmyşyn. -- Hany, aýt, sen- jaý alsaň, men ol on adamyň öňüne name gep okamaly. Seni şonda ynsabyň çeýnemezmi? Sen agzyňa gelen gepi otaryp oturman, heý, şular barada bir oýlanyp gördüňmi? Saňa önme, ösme, kollektiwiň arasynda erkin ýaşama gerek dälmi? Omaryň gahary geldi.”..El ýaly jaýda bäş bolup sürrenekleşip gelen doganym utanmasa, tutuş bir aý üçin bäş adama ýetmiş manat berip, onam hil bir iş bitiren ýaly, hojaýynlara ýamanlap ýören aýaly utanmasa, halalja hakyna ile azar bermän ýaşap ýören maşgalany ile masgara edip kowup goýberen “hojaýynsumaklar “ utanmasa, Omar name üçin, kimden utansyn. Onuň pikiriçe, bu zaman utançsyzlaryň, ynsapsyzlaryň, ýüzi bekleriň zamany boldy. -- Sen maňa bir sowaly on sapar berdiň? Menem saňa bir sözi ikinji sapar gaýtalaýan, ýoldaş redaktor, menem şu döwletiň graždanini. Şu döwletde, seniň, seniň kollektiwiň name hukugy bar boilsa, meniň hem hukugym bar. Özem, hälki aýdyşym ýaly, meniň arkamda üç sany naçar bar. Menem ýaşamal-a. Seniň diýýän ol on adamyň seniň öz dogan-garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, çüýşedeşleriň. Aýt, heý, olaryň häzir köçede galany barmy? Men bolsam indi ýetmiş gün bäti köçede ýaşaýan. Düşünýäňmi, köçede! Siz ynsap hakynda gürrüň edýäňiz. Meniň jaýym bolmasa, ynsabym bolarmy! Baş redaktoryň boýny buruldy. Onuň gözleriniň alasy çalymtyk dumanyň girdabyna gark boldy. -- Bagyşla ýigit! Men seni öz ýanymdan gaty gowy group ýördüm. Partiýa çlenligine alarys, bölüm müdiri ederis, ösdüreris diýip ýördüm. Bagyşla!—Baş redactor iň soňky kartasyny açdy. Emma Omaryň göwnündäki kartlar has güýçli çykdy. Ol özüni saklap bilmedi. -- Men öz hukugymy talap etsem, jaýly bolsam, patiýa çleni bolmaga mynasyp däl-ä? Maňa jaý gerek. Häzir baryň, bolüm müdirligiňizem, partiýa çlenligiňizem äkidiň-de, jara döküberiň. Olar maňa jinik ýalam derkar däl. Telefon arbitražyň kesgitlemesi ýaly bolup, ala goh bolup jyňňyrdady. Omaryň ýüregini sallap, jyzyrdadyp, ýakyp duran agyry häzir baş redaktoryň ýüzünden asylan ýalydy. Ol içiniň ähli awusyny trubkanyň dodagyna degip duran çetine tüýkürjege meňzeýärdi. Omary gaty geň galdyran zat, ol beýtmedi. -- Hawa, hawa—diýip, ukudan ýaňy turanyň ynjalygy bilen başyny atyp, gürleşip başlady. Omar haýran galdy. Ol” Bu adam özi bilen bolan bu “ sene-meneli” gürrüňden soň baş redaktor bir aýlap ozüne gelip bilmese gerek” diýip oýlanypdy. “Gör, bu aždarhany, kiçi dilinden bärde , meni oýnap gepleşýän eken, ýuwha, diýsäni!” “Men seni beýle goýman”. Omar garaşdy. Baş redaktor hymmy-symmy gürrüňwjagaz bilen, it ýylgyryşyny edip gürleşip otyrdy. Omar garaşýardy. Baş redaktortrubkany apparatyň üsüne emaý bilen goýdy-da, stolunuň aşagyna egilibräk, şol ýere berkidilen düwmäni basdy. Şol bada işik açyldy. -- Kümüş, gyzym, men halk kontrollygy komitetiniň ýygnagyna barmaly. Maşla aýt, maşynyna barsyn… -- Indi meniň meseläm nähili bolmaly? Baş redaktor ähli oý-pikirini halk kontrollygynyň ýygnagyna gidensiredip, gözlerini elli manatlyk puluň kagyzy ýaly bolup, iki bölek bolup ýatan kalendaryna dikip durdy. Ol:--Men jaý paýlamok! Onsoňam, Merkezi komitetem jaý paýlanok. Sen birinji sekretara arz etjek bolsaň, oýlanmaly ekeniň. Biz seni partiýa… Omar baş redaktoryň özüni utandyryp oýlanýandygyny duýdy. “Gel, men şuňa awusy ýüreginden gitmez ýaly bir söz aýdyp, tutuş aýlap begenjini burnundan getireýin-le” diýdi-de, basş redaktoryň sözüni şarta kesdi. -- Nesip bolsa, ol meni deputat hökmünde şu gün agşaňm Kabul edýär. Şonda seniň kolektiňde nähili garantgalyk roluny oýnap, garyndaşparazlyga, tireparazlyga, dotparazlyga nähili ýol berendigiňem adyp bererin. Soňam “Prawda” gazýetine gowja makala ýazyp goýdum. Onam ibererin. Goý, şolar bilen sürrenekleip gez bakaly.Soň bilersiň, adam bilen nähilki gepleşmelidigini… -- Omar bat bilen çykyp barşyna, baş redaktoryň bu aýdanlaryny öz ynsap gazanyna siňdirmän, öwwelip galanyny gördi.Bu adam işigiň agzynda ters aýlandy-da, gözüne urlan ýaly bolup, çykyp gitdi. Işikde baş redaktory sadyklyk bilen ugradyp, Süleýmanyň kakabaş boluşlaryna enaýyja ýylgyryp seredip duran Kümüşiň ezizje didary Omara täsir etdi. Ol redaktor çykyp gidensoň, özünibirneme erkin duýdy. --Ynan, Kümüş, men bulardan gep çeke-çeke, halys boldu. Bu gazýet bolmasa, beýleki gazýet, radio bar, telewideniýe bar, haçanna çenli bularyň öňünde ýaýaplap gezmeli. Men şu günden başlap, meni, meniň hukuklarymy sylamadyk mahluklaryň bireinem sylajak däl. Ynan, eýýäm otuz ýaşadym, otuz! Meniň ýene otuz ýaşajagyma kim garantiýa geçýär. Üstümde jaýym ýok. Çagalarymy köçä taşlap. Mendenem bir adam bolarmy?! Men haçan il ýaly, ile meňzeş durmuşda ýaşamaly? Kümüş enaýy ýylgyrdy. -- Seniň ýene otuz, ondanam kän ýaşajagyňa men garantiýa berýän! -- Näme? -- Men. - Sen name, Hudaýmyň? -- Men seniň Hudaýyň. Sen ýene elli ýyl arkaýyn ýaşarsyň! -- Sen nireden bilýäň?—diýip, Omar bar ünsüni Kümüşe berdi-de, birhilije, hälki oýlarynda açylyp gitdi. Kümüş oňa çynlakaý seretdi. -- Men bilýän-dä. -- Köp zadymy?—diýip, Omar uly tamakinçilik bilen oňa garady. Gaty köp zad-a däl, ýöne meniňem bilýän zatlarym bar. -- Onda aýt, maňa şu ýyl jaý berýärlermi? Kümüşiň ýaňaklaryna tylla çaýylan ýaly boldy. Gyzyň owadan gülýaka ýaly ýüzi öňküdenem ýagtyldy. -- Onçasyn-a biljek däl, ýöne, Alma gelnejemiň ogl-a bolýa, şu sapar! Omar tas essinden gidipdi. --Nä-m-ä-e? -- Hawa, çynym, beýle zatlarda oýun edilermi? -- Goýsana, Kümüş! Kümüş pyýala ýaly owadan gözlerini sözledip, bir zatlar diýdi. Emma, Omar ony eşitmedi. Hälki baş redactor bilen bolan sene-neneden soň gaýgy-gussanyň ýuwkajyk gaýmagy asylyp duran ýüregine başga bir akyk, süýji duýgularyň akymy kürsäp urdy. -- Ol Kümüşden bu sözi has anyklasy, onuň Almany nireden tanaýanyny, bu gürrüňi nireden tapýanyny çintgäp sorasy geldi. Emma şol arada Kümmüşiň nirädir bir ýerlere gürüm-jürüm bolanyny duýup galdy. Omar şol bady bilen koridora çykdy. Ol Kümüşiň koridoryň ol başyna ýetip barýanyny görüp galdy. -- Kümüş, dur, dursan-a! --Näme? -- Men seni bir ogşaýyn-a. -- Waý, goýawer-i-i! Kümüş keýerjekläp, gaçyp gitdi. Şol wagt kabinetlerden adamlar güsürdeşip, koridora çykdylar. -- Näm bolýar-aý? - Ýer yrandy-maý? Adamlar üýtgeşik zadyň ýokdugyny görüp, birneme köşeşip, kabinetlerine girdiler. Koridorda bölüm müdiri Hoja Akgaýew galdy. -- Nätdiň-ow, jaý meseläň düzeldimi? Öz-ä, ýaman kän eglendiňiz. --Düzeldi! Düzeldi-le!—diýip, Omar öz bölüm müdirine oýlanman jogap berdi. Iki gözi bolsa Kümüşiň giden ugrundady. Ol Hoja Akgaýewiň ýüzüniň ýüzüniň ajy sogan artýanyňky ýaly bolanyny, “Şu redaktorda-da messep ýog-aý. Sekiz çaga bilen iki otagly jaýda ýaşaýan diýsem, arkaýyn bol, şu sapar jaý seniňki diýen bolýar, inden şu agzy sary jüýjä-de söz beripdir”—diýip, hümürdäp kabinetine girenini görmedi. Sebäbi onuň ýanyna eli hatly, goňşy “Tokmak” žurnalynyň jogapkärkätibi Gulja aga ýetip gelýärdi. Omar salamlaşdy. -- Maňa sen gerekdiň!—diýip, Gulja agabegeneni, gynanany bildirmeýän gazaw ýüzüni buz ýaly edip aýty.—Hany, boşrak cabinet ýokmy? Häzir “Türkmenistan “ gazetiniň redaksiýasynda erkinligiň iň belent derejä çykan mahalydy. Baş redactor ýok, beýleki ýolbaşçylaram ýapyrylyşyp, gazýet okap otyrlar. Indi ýene sähel wagtdanam gaýdar wagty boldy. Onsoň, kim dursun, redaksiýada. Açyk bolsa, island kabinetiňe giribermelidi. Olar boş kabinetleriň birine girdiler. -- Me, şu haty dykgatlyja oka, hany! Omar ýaşulynyň öňünde goýan hatyna seretdi Haty mekdebiň pes klasynyň okuwçysy ýazypdyr. Ol okap başlady. “ Hormatky “Tokmak” redaksiýasy! Bu haty ýazýan Müjrip Möjek ogly. Meniň saňa arz etmegimiň sebäbi, Meni öz doganymyň ogly, Omar diýen adam gaty horlaýar. Men indi segsen bäş ýaşymda. Gözüm görenok. Emma öz inimiň deýýus ogly Omar, maňa hussar çykyp, pul- mal kömegini bermeden geçen, gaýta gara gün üçin ýygnap goýanja müň manta harjymy aldap- ogşap elimden alyp gitdi.Ondan bäri indi bäş ýyl geçdi. Men munda aä, mätäç otyryn. Ol welin alan amanatyny ýzýnagaýtaranok. -- Meniň ýagdaýym kyn. Elimde, aýagymda bir manta pulum ýok. Sen, “Tokmak” aga, şol deýýus, adamçylykdan çykan wenezzinadan meniň halalja hakymy alyp bermäge kömek et. Men ony etrabymyzyň prokuroryna-da ýazyp berdim. Ol şeýle ýeksurun, ýalan- ýaşryk sözläp, olaryň hem agzyny bekländir…” Omaryň depesinden gaýnag suw güýlan ýaly boldy. Aga seňkimi?—diýip, Gulja aga ýüzündäki buzy Omaryň üstüne üfledi. -- Aga meniňki-le, Ýöne… -- Ýönesi name? -- Pully gürrüň birhili çatagrak. Ýaşuly hakyky tokmakçylygyny etdi. --Men bilemok, ýigit. Baş redaktor nomere ber diýip otyr. Şu gün-de- erte-de düzetseň-ä, bagtyň geldigi. Bolmasa-da, uly ile masgara bolarsyň. Ýogsa-da, bar baş redaktoryň ýanyna, “agam” diýip. Omar onuň yzyna düşüp, baş redaktoryň kabinetine girdi. --Waleýkim!—diýip, gözüne ullakan, bir taýy ýüzüniň baryny tutup, beýleki taýam gapdala çykyp duran baş redactor ýerinden turup salamlaşdy. -- Omar diýilýäni, şu oglan. Ahyr ele saldyk. Baş redactor begençli ýylgyrdy. Balagyňa goýberipsiň öýdýän!—diýdi. -- Aga meniňki, ýöne pul alan men däl bolaýmaýyn. Sebäbi enemden doglalym bäri adam oglundan müň manta alyp göremok. -- Aga seniňki bolsa, segsenbäş ýaşyndaky namazly-täretli adam bolsa, ýalan sözlemez-ä.—Gulja aga tykyrady. -- Elbetde, onda-da”Tokmaga” ýazmak üçin, etrap prokuroryna ýazmak üçin delil, ynsap gerekdir-ä.—diýop, baş redactor çep äýneginiň1 tarapyna geçip makullady. Omar sadyklyk bilen baş atdy. Men oba baryp anygyna ýeterin. Şoňa çenli bir arzany saklaweriň. Gulja aga dyzmaçlyk etdi. -- Walla, ýaş oglanlaryň bolşy şeýle-dä, obadan-a şähere gaçyp gaýdýarlar. Yzlaram gepli-gürrüňli? Men sen barada aýdamok—Ol Omaryň ýüzüne hyrsyzlyk bilen garady. Aý, hemmesi şeýle bulayň. Birini öwüp, birini syndyrar ýaly däl. -- Hany, sen bir çaltyrak oba gidip gel. Bizem ony barlamaly bolarys. Barlasak, faktlar tassyk bolsa, gaty görüşmesi ýok.. (dowamy bar)... Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |