08:16 Ene-atalar çagalary bilen aragatnaşygy dogry guramaly | |
ENE-ATALAR ÇAGALAR BILEN ARAGATNAŞYGY DOLY GURAMALY
Pedagogika we edep-terbiýe
Maşgalada ýetginjek çagalar bilen ene-atasynyň arasynda düşünişmezlikleriň bolýandygy gizlin zat däl. Muny olaryň ýaş aýratynlyklary, dürli nesliň dünýägaraýşy bilen esaslandyryp bolar. Emma nähili bolanda-da düşünişmezligi aradan aýyrmaly. Nädip? diýen sorag ýüze çykýar. Köp ene-atalar çagalaryň olara körekörlük bilen ökünýändiklerini unudýarlar. Diýmek ilki bilen özümizden başlamaly. Öz kemçiliklerimizi görmän, saýgaryp-seljermän çagadan bu kemçilikleri düzetmegi talap edip bolmaz. Sebäbi, çaga diýeniňi edenok, görenini edýär. Şuny ýatdan çykarmaly däldiris. Ýene-de bir bellemeli zadymyz, ýetginjek çaganyň eýýam belli bir derejede öz düşünjesiniň, gyzyklanmasynyň emele gelip başlandygyny bilmelidiris we oňa hormat goýmalydyrys. Hiç bir ýagdaýda-da çaganyň howuny basmaga ýol bermeli däldiris. Olara durmuşdan mysallar getirip, delillendirip maslahat bermelidiris. Bu diýildigi çaga diňe maslahat berip, erkinligi doly ellerine bermeli diýildigi däldir. Sebäbi, bu ýaşda çaga agy-garany doly saýgaryp bilmeýär. Ene-ata tarapyndan paýhasly kontrollyk hökman gerek. Ýene bir sapar nygtaýan,paýhasly kontrollyk gerek. Çaganyň size erkini elden alan diktator hökmünde garamagyndan häzir bolmaly. Çaganyň özüniň aladasynyň edilýändigine, biynjalyk bolunýandygyna ynam döretmeli. Munuň üçin öz çagaň bilen dost, jora bolmaly. Syr alşyp-berişmän olaryň ynamyna girip bilmersiňiz. Çaga durmuşda bolup biljek her hili pursatlarda ene-atasynyň goldawyna we düşünmegine ynamy bolmalydyr. Hut şu ynam esasynda-da ene-ata öz çagasy bilen aragatnaşygy ýola goýmalydyr. Şeýle edilende biz Watana wepaly, ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli ogul-gyzlary ýetişdirip bileris. Eger käbir ýagdaýlarda aljyrasaňyz ýa-da özüňizi nähili alyp barmalydygyny bilmeseňiz beýik pedagoglaryň, akyldarlaryň sözlerini ýadyňyza salyň. Olardan birnäçesini size hödürleýärin. - Enem-atam - şirin dilli ussadym. (Paýhas çeşmesinden) Gel, ata birle eneňni kyl ryza, Razy bolar, şübhesiz, senden Huda. (Döwletmämmet Azady) Eý,balam, akyl esasynda bilgin ki, ata-enäniň hormatyny boýnuňa almak zerur, çünki perzendiň asly ata-eneňdir... (Kowusnamadan) - Çaga iň mynasyp däl wagty, siziň söýgiňize mätäçdir.(E.Bombek) - Mähir bilen alyp bilmedik, talap edijilik bilen hem alyp bilmez.(A.Çehow) - Ene-atalar öz çagalaryny, olary zaýalaýan howsalaly we ýukaýüreklilik bilen söýýärler. Olary päk ýürekli edip ýetişdirýän ünsli we parahat söýgi bar. Ine şuda hakyky ata söýgüsi. (D.Didro) - Çaganyň kejirligi- ejäniň akylsyz hereketiniň netijesidir.(Ýa.Korçak) - Çaga - maşgalaň aýnasy. Suw damjasynda günüň görünişi ýaly, ene-ataň ahlak arassalygy çagada görünýär. - Söýülmedik çaga, söýüp bilmeýän uly adam bolup ýetişýär.(P.Bak) | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |