21:14

Näme sebäpden adam öz arzuwyna dönüklik edýär?

Jemgyýetçilik tankydy
Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 665 | Добавил: jumagylyjovao | Теги: Ogulaman Jumagylyjowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 11
1
1 Ayhan  
215
Gülzyÿada ÿazan birinji teswiriñdäki aÿdylanlar bir söz bilen aÿdanyñda zakon prityazeniyany düşündırıpdır menın pıkırımçe

0
2 jumagylyjovao  
88
Özümizem ene-ata. Öz çagamyz üçin diňe gowulyk isleýäris. Biziň islegimiziň elmydama dogry boljagyna güwä geçip bilerismi? Biziň olaryň ýaşamaly durmuşyna goşuldygymyz bolmazmy? Birden ýalňyşaýsak özümizi bagyşlap bilerismi?

2
3 jumagylyjovao  
88
Ene-ata şu soraglary özüne hökman bermelimikä diýýän. Eger biziň,özümizçe dogry diýip, saýlan ýolumyzda çagalarymyz bagtsyz bolsa bu günä biziň boýnumyza.

4
4 Anonimka  
214
Bular ýaly ýagdaýlara, köp mysal getirseñ bolýar. Mysal üçin, öz arzuwlaryndan geçip, ene-atasyn diñläp, bagtly durmuşda ýaşap yörenler bar, şeýle-de tersine durmuşy bozulanlaram bar. Ene-atada çagasyna erbetlik islänok, ýöne olaram hemme zady öñünden görüp bilenoklar. Durmuşda öz ýolundan gidip, bagtly bolup yörenlerem bar, bagtsyzlaram deñ derejede bar. Meñ pikirimçe haýsy ýoldanam gitseñ, ilki bilen dolandyryş seniñ eliñde bolýar. Eger sen eliñdäki çarhyñy dogry tarapa, gowy zatlara öwürseñ, durmuşam saña gpwy miwelerin berýär. Eger-de sen çarhyñy , wagtynda, dogry ýerinde, ulanmaly ýerinde ulanyp bilmeseñ, durmuşam seniñ ýoluña bökdençlikler çykarýar. Umuman sen kimiñ saýlan ýolundan gitseñem, ýoluñ ugrundaky hemme zady sen kontrol etýäñ. Netijede aýlanyp, dolanyp taýak ýene öziñe gelýä. Şonuñ üçin, onuñ saýlan ýoly, goñşyñ saýlan ýoly diýip, oña muña güna çykarmaly dälda, ýoluñy özüñ bagy-bossana öwürmeli.

2
5 jumagylyjovao  
88
Men sledowatel (aňtawçy diýilýärmikä)bolasym gelýärdi.Emma kakam pahyr şeýle bir deliller getirdi welin,wah gyza boljak däl eken diýdirdi.Onda prokuror,adwokat ýa-da şular ýalyrak bir kär diýip ugradym.Emma hemmesine getirilen deliller öz islegim boýunça arzuwymdan el çekdirdi. Ýöne hiç wagt ýok bolmaz diýmändi. Ýöne şol sledowatel bolmak arzuwy welin,ýürejigimde galdy.

2
6 jumagylyjovao  
88
Elbetde Anonimka aýdýanlaryňyz dogry. Ýöne men ene hökmünde niýetim näçe gowulyk bolaýanda-da ýalňyşmak mümkinçiliginiň bardygyny gözden sypdyrmaly däldiris diýjek bolýan.

1
7 Anonimka  
214
Jumagylyjovao up

0
8 Bagabat  
43
@Jumagylyjovao, следователь-sülçi bolýar-la welin, gep onda däl-le. Erbet arzuw däl. Ýöne bu arzuw Agata Kristiniň, Artur Konan Doýluň, Erast Fandorin, Erkýul Puaro hakynda eserlerdir-kinofilmlerden gelip çykan arzuw bolmagy ahmal...Durmuş bolsa...arzuw bilen ikisiniň arasy ýer bilen gök ýaly...Psihologiýada psihikanyň professional deformasiýalaryny öwrenýän bir bölüm bar. Şol bölümi ýokary okuw mekdebinde öwrenýärkäk, ondaky ýazylan zatlary biçak uly skeptisizm bilen kabul edenim ýadyma düşýär...Soň şol bölümde öwredilýän zatlaryň entegem ýumşadylyp, ylmy diliň aýlawly ýumagyna çolaşdyryp beýan edilýändigine düşündim...Haýsy iş bilenem meşgullansaň beýniň hökmany ýagdaýda üýtgäýmeli. Bu aksioma.

0
9 Bagabat  
43
Ýöne tema gowy! Öz geçmişiňe täze göz bilen garamaga mejbur edýär.

1
10 jumagylyjovao  
88
Wiii sülçi diýilýämi smile   Ýok Bagabat, bu arzuwyň mende döremegine sebäp bolan waka, detektiw filmleriniň nämediginem bilmeýän wagtym,  heniz okamagam öwrenmänkäm bolupdy.Takmynan 4-5 ýaşlarymdadym.Goňşymyzyň ogly ýitiren topuny men alandyryn öýdüp, ejesi bilen üstümize geldiler. Meň:" Alamok" diýýänimem diňlemän goňşymyz: "Diňe sen bar ekeniň,diňe saňa görkezipdir,senden başga kim alsyn..." diýip azgyryldy durdy. Men çaga bolsamam sözüme ynanylmajagyna gözüm ýetdi. Kakam çykyp, topuň bahasyny töledi.Men muňa hasam erbet boldum. Kakam pahyr maňa ynanýandygyny aýdanda dünýäm giňäp giden ýaly bolupdy.Ine şol günden soň adalatsyzlyga bolan ýigrenç menden hiç wagt aýrylmady. Şondan bärem ol pylan edipdir,bu pysmydan edipdir diýilýän gümürtik gürrüňlere jogap beremok.Doly göz ýetirmezden adamy günäkärlemekden saklanýan. Şol waka mende hemme zadyň hakyky tarapyny açmak arzuwyny döretdi.

1
11 jumagylyjovao  
88
Emma häzir şol käri saňa bereli diýselerem, boýun bolmazdym. Jorj Karliniň aýdyşy ýaly, bu dünýäde adalatyň ýokdugyny boýnumyza almaly prof .   Sebäbi seň üçin amal bolan adalaty beýleki tarap adalatsyzlyk diýip hasap edip biler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]