00:58 Erkek taryhynyñ akymyny üýtgeden zenanlar: Garadeñiz amazonkalary | |
ERKEK TARYHYNYÑ AKYMYNY ÜÝTGEDEN ZENANLAR: GARADEÑIZ AMAZONKALARY
Taryhy makalalar
Taryhyñ we mifologiýanyñ arasyna gysylyp galan iñ jedelli temalaryñ birem "amazon zenanlary" legendasydyr. Amazon zenanlary Olar hakdaky maglumatlarymyzyñ köpüsi gadymy grek akyldarlarynyñ aýdýan gürrüñlerine esaslanýar. Bu ýagdaý hakykylygyna zeper ýetirýänem bolsa, häzirki Garadeñiz sebitlerinde ýaşandyklary we añyrlarynyñ skiflere birikýändigi kabul edilýär. Skifleriñem birnäçe taryhçy tarapyndan türki halklaryñ ata-babalarydygy kabul edilendigi göz öñüne tutulanda, amazon zenanlary diñe geografiki taýdan goñşymyz däl, şol bir wagtyñ özünde süñk garyndaşlarymyz hem bolup biler. Amazon sözi giñden ýaýran manysy bilen "göwüssiz" diýmegi añladýar. Munuñ añyrsy uruşjañ amazon zenanlaryñ has gowy ok atyp bilmek üçin göwüsleriniñ birini kesmegine esaslandyrylýar. Gomerde we Gerodotda giñişleýun durlup geçilen Garadeñiziñ amazon zenanlary boýunça edil häzir anyk faktlaryñ ýoklugy olar hakda aýdylýan hemme zady çaklamadan ybarat edip goýýar. Muña garamazdan olaryñ Aleksandr Makedonskiý bilen aragatnaşyk açandyklaryna we rimliler tarapyndan ýok edilendigine ynanylýar. Aleksandr Makedonskiý Elbetde, erkeksiz döwlet gurmagy we şäher ýykyp, ýene şäher gurmagy bilen taryhyñ iñ täsin medeniýetini emele getiren amazonkalylar häzirki Garadeñiziñ we Egeý deñziniñ kenaryndaky birnäçe şäheriñ (Garadeñizde Sinop, Egeýde Efes ýaly) düýbüni tutujylar hasaplanýar. • Mälim dünýäniñ ýarsyny basyp alan liwiýa amazonkalary Taryhyñ ýeke-täk azat we uruşjañ aýallary garadeñiz amazonlary däldi. Liwiýada gurlup, şol wagt mälim dünýäniñ ýarsyny basyp alan liwiýaly amazonkalar hem diýseñ adatdan daşary medeniýetiñ eýeleridi. Liwiýa amazonkalary hakdaky maglumatlar hem köplenç legendalara esaslanýar. Meşhur amerikan ýazyjysy Donald Sobol olaryñ ýaşan taryhy döwrüni reallykdan daşlaşdyryp, şeýle beýan edýär: "Dünýäniñ ýaş, Zewsiñ hudaýlarynyñ patyşalyk we jennetiñ tagty üçin döwler (titanlar) bilen urşan wagtlarynda". ("Grek mifilogiýasynda amazonlar"). Liwiýa amazonlary Emma döwrüñ hekaýatlary içgin öwrenilende, liwiýa amazonkalarynyñ Isa pygamberiñ (a.s) doglan wagtyndan elli ýyl öñ, ýagny, b.e.öñki I asyrda ýaşandyklary çak edilýär. Liwiýa amazonkalarynda öýde çagalara seretmek, nahar bişirmek ýaly gündelik işler doly erkegiñ boýnuna ýüklenipdir. Şeýle-de doly gul hasabyna görülen erkek hiç bir ýagdaýda döwlet wezipesinde işledilmändir we harby gulluga alynmandyr. Şeýle hem liwiýa amazonlary diñe özlerini goramak instinkti bilen hereket eden döwlet bolmandyr. Olar mongol talañçylaryndanam beter çozujylyk bilen goñşy şäherlere çozup, häzirki Liwiýadan Egeý deñziniñ kenarlaryna çenli aralygy basyp alypdyrlar. Zenan patyşa Mirina Zenan patyşa Mirinanyñ döwründe liwiýa amazonkalary Liwiýany, Arabystany, Siriýany, Egeý deñziniñ kenarlaryny ellerinde saklapdyr. Şeýle hem Müsür ýaly güýçli döwletler bilen ylalaşyklar baglaşyp, döwletini we güýjüni jümle-jahana ykrar etdiripdir. • Garadeniz amazonkalary Köplenç liwiýa amazonkalary bilen bulaşdyrylýan garadeñiz amazonkalary ýa-da başgaça aýdanda, anadoly amazonkalary has kiçi ýurda eýelik edipdirler. Şeýle-de olar liwiýa amazonkalary ýaly hüjüm edijilikli bolman, goranyş instinkti bilen gurlan medeniýet bolupdyr. Nemes şahyry Genrih fon Kleýst şahyrana dil bilen olary şeýle suratlandyrýar: "Bir millet beýge galypdy. Hiç bir gara güýje boýun egmeýän, men-menlik satýan erkek sesiniñ eşdilmeýän aýal milleti - öz kanunlaryny ýöreden, öz erk-ygtyýaryna uýan we özüni duşmanlaryna garşy gorap bilen jemgyýet". Amanzonkalaryñ neberesiniñ skiflere birikdirilmegini Donald Sobol şeýle beýan edýär: "Olaryñ nesli zalymdyklary sebäpli tagtdan agdarylan we sürgün edilen iki skif zenan hökümdary Skolopotdan we Hilinden soñ başlady. Iki zenan maşgalasyny, tarapdarlaryny we olaryñ maşgalalaryny alyp araçäkden geçensoñ çaklañja döwlet gurdular, Kawkaz daglarynyñ eteginde jemlenişdiler. Täze ýurt gözleginde bolan ähli çarwa taýpalaryñ umumy urp-adatyna eýerip, özlerini saklap biljek giñlikdäki ýerleri eýeleýänçä öldürdiler we taladylar. Emma basylyp alynan halklar ar almak maksady bilen gizlinlikde ýaraglandylar. Aýaga galdylar, skif hojaýynlarynyñ geleñsizliginden peýdalanyp, ahyrsoñynda arlaryny ýerine saldylar. Skif erkekleri ýok edildi. Aýallar her näme-de bolsa Skifiýada söweşjeñ tälim alandyklaryndan gandöküşlik wagtynda gaçyp ýetişdiler. Özlerini ele salyp yzyna äkitmek üçin ýollanan kiçijik otrýady ýeñmegi başardylar we belent daglaryñ çürbaşyndaky gala ýerleşdiler. Erkekleri bolmadyk we öñden garamagynda bolan adamlarynyñ ýesirliginde bolmakdan ýüz dönderen aýallar ajaýyp çykalga oýlap tapdylar. Meotiý kölüniñ (häzirki Don derýasynyñ deltasy -t.b.) golaýynda doly aýallardan düzülen döwlet gurdular". Amazon zenanlary Garadeñiz amazonkalarynyñ häzirki Sinop töwereklerine göçüp gelişleri bolsa başga bir rowaýata esaslandyrylyp şeýle diýilýär: "Ilkibaşda ýaş taýpa Amazon (Don) derýasynyñ boýlarynda ýaşady. Derýa has soñra amazon goşunynyñ patyşasy Lisippiñ ogly Tanaisiñ ady dakyldy. Tanais uruş bilen gyzyklanmaýandygy, öýlenmäge üns bermeýändigi üçin Afroditanyñ gaharyny getirdi we ejesine aşyk bolmak bilen jezalandyryldy. Tanais insest jynsy gatnaşyga girenden özüni derýada gark edip öldürenini gowy gördi. Bu ýagdaýa gahary felen Lisipp amazonkalary aýaga galdyrdy. Ezber at münüjilikleri bilen Kawkaz daglarynyñ howply ötüklerinden aşdylar, Kapadokýany duzaga düşürdiler we boýun egdirdiler. Lisipp urşujylaryny Kapadokýadan Pontusa (Garadeñize) getirdi we günorta kenaryna ýerleşdirdi. Anadoly amazonkalary döräpdi. Dünýäniñ iñ garañky ýerlerinden adamyñ aklyna-huşuna sygmajak okgunlylyk bilen öz legendalaryny döreden bu aýallar erkekleriñ agalyk sürýän taryhynyñ akymyny bütinleý üýtgetdiler". Sinop şäherini gurup, ol ýeri paýtagt eden amazonkalar Garadeñiziñ ep-esli ýerine agalyk etmäge başlapdyr. Olara degişli häzir iñ köp gyzyklanylýan meseleleriñ birem nesillerini nädip dowam etdirendikleri we erkegiñ jemgyýetdäki ýeri ýaly meseleler bar. Bu boýunça giñişleýin barlag işlerini geçiren Donald Sobol muña şeýle jogap berýär: "Urşujylar ýylyñ iki aýyny çaga edinmäge bölüpdir. Diñe uruşda adam öldürip bilenleriñ jübütleşmegine rugsat berlipdir, bu buýrugy ýerine ýetirop bilmedikleriñ käbiri enelikden we söýgi diýilýän duýgydan ömürlik mahrum edilipdir. Işi oñuna bolan urşujylar sallahlygyñ azatlygyny simwolirleýän kemerlerini çykarypdyrlar we özlerini goñşulary gargarlar bilen arasyny kesip geçýän daga gidipdirler. Ýurtlarynda zyýansyz ýaşamaklaryna rugsat berýän ylalaşyga eýeren gargar erkekleri hudaýlara gurbanlar berilende olara goşulypdyr. Amazonka zenany göwreli bolandan soñ öýüne dolanypdyr. Bu gizlin ýanaşmalardan doglan gyzlar amazonkalaryñ özünde galypdyr we urşujy edip ýetişdirilipdir. Olara aýalyñ ýokardalygy, aýalyñ hak-hukuklady, erkekleriñ etmeli işleri ýaly meselerde tälim berlipdir. Oglanlar gargarlaryñ özüne gaýdyp berlipdir. Gargar erkegi özüne getirilen çagany öz ogly ýaly ulaldypdyr, emma hiç wagt onuñ hakyky kakasydygyny ýa däldigini bilmändir. Muña derek amazonkalar birnäçe çagany alyp, geljekde gozgalañ turuzmagynyñ öñüni almak üçin el-aýaklaryna şikes ýetiripdir. Beýdilen çagalar gul ýerine ulanylypdyr. Aýalyñ eline oñaýsyz hasaplanýan ýüñ egirmek ýaly işlerde işledilipdir". Amazon zenanlary • Amazonkalar hakykymy? Amazonkalaryñ bardygy hakda iñ güýçli maglumaty orta atanam Gerodotdyr. Emma amazonkalaryñ hakykatda bolmandygyny aýdýan grek akyldarlary-da bar. Bularyñ başyny Strabon çekýär. Amazonkalaryñ bardygynyñ esassyz miflere esaslanýandygyny öñe süren Strabon şeýle diýýär: "Taryhyñ hakyky faktlara esaslanýan dogrusy bar. Özem ol köne-de bolsa, täze-de bolsa öñ eşdilmedik, görülmedik faktorlary ret edýär ýa-da seýrek kabul edýär. Muña garamazdan amazonkalar barada aýdanda, döwürdeş we öñki awtorlar tarapyndan şobir zatlar gürrüñ berilýär. Gürrüñ berilýän wakalar öñ görülmedik, eşdilmedik we bolşundan bäşbeter çişirilen zatlardyr. Kim aýallardan düzülen goşunyñ, bir şäheriñ ýa-da ýurduñ erkeksiz ýaşap biljegine ynanar öýdýärsiñiz? Hasam beteri, özlerine golaý ýaşaýan beýleki halklaryñ üstüne çozjagyna, olary güýçden gaçyryp, biziñ günlerimizdäki Ioniýa çenli geljegine we hatda Afinä deñziñ üstünden ýöriş gurajaklaryna. Bu, şol wagtlar erkekleriñ aýal, aýallaryñam erkek bolandygyny aýdan ýaly bolýar. Emma häzirem amazonkalar hakda şobir zatlar aýdylýar we taryhlarynyñ geñ-tañsylygy biziñ günlerimizdäkileriñ ýerine öñki aýdylanlara ynanylmagy bilen hasam artdyrylýar". Muña garamazdan Arrian ýaly taryhçylar amanzonkalar hakdaky pikirlerinden el çekmändir. Hatda Arrian amazonkalaryñ Aleksandr Makedonskiý bilen ýaranlyk gurandygyny we amazonkalaryñ atly goşun bölümi bilen Makedonskiniñ goşunyna goşulandygyny aýdýar. Rimliler Şol sanda b.e.öñki III asyrda rimlileriñ uruşda ýesir alan adamlarynyñ arasynda amazonkalar ady bilen ýörite uruşjañ zenanlar topary-da bar eken. Rimleriñ olary paýtagta getirip, köpçüligiñ öñüne çykarmagy amazonkalaryñ ýaşandygy baradaky çaklamalary güýçlendirýän delilleriñ biri hasaplanýar. Häzir olar hakda anyk arheologiki subutnamalar bolmasa-da, amazon zenanlary grek, rim, wizantiýa çeşmelerinde rowaýatlary bilen birlikde giñişleýin üstünde durlup geçilýär. Umuman Garadeñiziñ Sinop töwereklerinde ýaşandygyna ynanylýan bu aýallar söweşjeñ aýratynlyklary we erkegi durmuşlaryndan doly çykarmalary bilen taryhda geñ orna eýe bolupdyrlar. *Has giñişleýin maglumatlary Donald Sobolyñ "Grek mifologiýasynda amazonlar" kitabyndan okap bilersiñiz. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 14.04.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |