22:38 Esasy günäkär / hekaýa | |
ESASY GÜNÄKÄR
Hekaýalar
Kolhoz başlygynyň kabinetine ýygnanan adamlardan ses-üýn çykanokdy. Olaryň ählisi gözlerini elek-çelek edişip, biri-biriniň ýüzüne, birem başlygyň dolmaç göwresine nazar aýlaýardylar. Kabinet şeýle bir dym-dyrslykdy, hatda siňek uçsa, iňňildisi eşidiljekdi. Doňdurylyp goýlan ýaly bolup, tiňkesini stoluň üstünde ýatan ruçka dikip oturan başlyk birden ýumruklaryny stola diräp, daýaw göwresini galdyrdy. Bir eli bilen bolsa stola batly düňküldedip goýberdi. Onuň zarbyna stoluň üstündäki kagyzdyr ruçka pyzylyp gitdi. Daşyna ýygnananlaryň ýüzlerinden çekinjeňlikden başga zady aňmadyk başlyk bokurdagyna bat berdi: —Nähili masgaraçylyk! Ýyllyk plany doldurmazlyk! Heý, meniň ýolbaşçylyk edýän kolhozymyň süýt-haryt fermasyna gelişjek zatmydyr bi, ýoldaşlar?! Ol öküziňki ýaly möle gözlerini töweregine aýlady. Hiç kimden ses çykanokdy. Az salymdan, hamala, teninden aýrylyp, togalanyp gidäýjek garpyz ýaly garnyny gujaklap, ferma müdiri ýerinden zöweldi. Ol ellerini owkalap, mylaýymsyrady: —Ýok, ýoldaş başlyk, asla gelişjek zat däl! Başlyk ferma müdirine tarap egildi-de, gatyrgandy: —Gelişmeýän bolsa, näme üçin ferma süýt planyny dolmady? Ferma müdiri başlygyň ýüzüne syçradan tüýküligini süpürip durşuna hüňürdedi: —Näme, ol plany dolmak diňe meň işimmi? Onsoňam, süýt diýeniň hol Halmyrat uzynyň guýusynyň suwy däl ahyry, bedreläp getirägede, eňterip oturyberere. Bir çetde oturan garajürjenje sagymçy aýal şaňňy sesi bilen ferma müdirini goldady: —Wah, şeýle bolan bolsa, bizem hezil etmejekmi näme?! Janawarlaryň ýelninden uzakly gün hiňňildik uçsagam, biziň ellerimiz üzülere gelýärem welin, bedrä nem damanok! Ýene-de bir oral aýal gürrüňe goşuldy: —Wah, bu ýagdaý uzaga gitse, ynha görersiňiz, bir owurt süýdem almarsyňyz. Başlyk uzak wagtlap aýak üstünde durup bilmedi. Ol agyr göwresini oturgyja goýberensoň, ýene gaplaň bolup arlady: —Planyň dolmazlygyna kim günäkär, kim? Onuň hemlesine ýygnananlaryň bary müzzerilipdi. Kimsi başlygyň hyrsyz ýüzüne seretmejek bolup ýere baksa, kimsi jaýyň içine göz gezdiren bolýardy. Hiç kimden idili jogap bolmansoň, gaba telpekli çopan ýerinden turmaly boldy. Ol egri taýagyny söýget edinip durşuna, sypaýyçylyk bilen söze başlady: —Başlyk aga, mallara iýmäge iým, çeýnemäge ot bolmasa, kim günäkär bor öýdýäňiz? Meýdanda-ha, özüňiz bilýäňiz, malyň agzyna ýeter ýaly zat ýok. Töwerek-daşam, görüp dursuňyz, ak gar. Fermanyň ot zapasy bolsa bireýýäm gutardy. Ot taýýarlaýjylar brigadasy wagtynda bolelin ot taýýarlan bolsa, biziň başymyza beýle günler inmezdi, başlyk aga! Çopanyň bu sözleri ot taýýarlaýjylar brigadasynyň brigadirine ot bolup ýapyşdy. Ol syçrap ýerinden turdy-da: —Ýalan! Töhmet! Öz edýän pyssy-pyjurlyklaryňyzy ýaşyryp, maňa töhmet atmakçy bolýaňmy?!—diýdi. Ol süýem barmagyny çommaldyp, çopanyň gözlerine dürtäýjek-dürtäýjek bolup, sözüni dowam etdi. —Ýok-ýok! Hemme zada sen günäkär, sen! Uzakly gün egri taýagyň bilen janawarlaryň çem gelen ýerine suňşuryp, ýaryş geçirýän ýaly, o depeden-o depä haltyldadyp ýörseň, süýt galarmy haýwanlarda?! Ýeri, onsoň sygyrlaryň süýdi däl, ol janawarlaň ölmänine begeniň. Brigadiriň ýerine çökerine mähetdel, ýene ferma müdiri zöweldi. Ol hem ähli ganyny ýüzüne urduryp gyzaryldy-da, çopanyň üstüne düwlemäge başlady: —Heý, sen bar-a, telpejigiň gabarasy bilen biziň howumyzy basjak bolma! Seň ol egri taýagyňdanam heder edýän ýok! Günäsiz adamlara günä ýüklejek bolup dyzamaň näme! Utanaňokmy?! O nähili mallara ot-iým ýokmuş? Baryndan beribirler. Iki aýjyk ýandak iýseler, şahlary içine gidip, ýerine ýandak gögerip çykaýasy ýok! Yzrakda, başlygyň özüne bir zat diýäýmeginden ätiýaç edip, sagymçylaryň arkasyna duwlanyp oturan zootehnik sen-men ýok, oturgyjyny takyrdadyp beýläk süýşürdi-de, edil çopanyň alkymyna dykylyp geldi. Boýy çopanyň döşüne ýetip duranlygyna garamazdan, süýem barmagyny çommaldyp, daraklygyna galyp käýemäge başlady: —Ýoldaş başlyk! Bujagaz gaba telpegiň hörpüne düşüneňzok siz. Bujagaz biziň ot-iýmiň ujundan dynnym ýaljak alanjamyzy aýtjak bolýa. “Barja ot-iými siz bölüşmedik bolsaňyz ýeterdi” diýjek bolýa. Näme on maşynjyk ot bilen ýekeje maşyn iými dört bolup bölüşeniňde, hiç zatdan düşmeýänini bilenokmy ýogsa bi? “Seňki dogry” diýiberseň, “Şol alanja ot-iýmleriňizi yzyna getiriň-de kolhozyň mallarynyň öňüne döküňem” diýer. Meniň-ä öýüme düşürilen iki maşyn ot bilen on halta iýmiň bireýýäm soňuna sogan ekildi. Şu günler gelnejeňem sygyrdyr goýunlaryna fermaň mallary üçin çapylan ýandakdan berýä. Hawa! —Biziňem ýagdaýymyz şeýle—diýip, ferma müdiri ýyrşarylyp oturan ýerinden zootehnigiň sözlerini makullady. Ot taýýarlaýjylar brigadasynyň brigadiri bolsa özüni aklamaga çykalga tapylanyna monça bolup saýrap ugrady: —Biziňkem. Hatda Amansoltan jan maňa her gün käýäp goýberýä. “Sen näme üçin ilki öz öýüňe ýeterlik ot dökmän, ferma çekdirdiň” diýip. Meň ýüregim ak. Ýogsa öýe näçe maşyn ot döksem-de, onuň sanyny duýjak jandar bolmaz! Başlyk ferma müdiriniň ýerden galdyryp goýan ruçkasyny aldy-da, stoly tyrkyldadyp, oturanlary tertibe çagyrdy. Ýuwaşjadan, emma azmly gepledi: —“Bal tutan barmagyny ýalar” diýipdirler. Indi bir kolhozyň hökmürowany bolup otyrkak, bir diýdi, ýarym diýdi, bede öýüňe düşmejek bolsa, gram-milligram iýmden dört aýaklyň datmajak bolsa, gabarylyp ýörmek nämä gerek! Bujagaz owunjak zatlary diline çolajak bolýan adamy... Ol stoluň gyrasynda ýere gaçman galan kagyzyň gyrasyndan kiçijik bölejik ýyrtyp aldy-da, aýasynda goýdy. Soňam ony pitikläp goýberdi. Kagyzjyk gaýyp, poluň ýüzüne düşdi. —Düşnüklimi, ýoldaşlar! Onsoňam, özüňiz bilýäňiz, ýoldaşlar! Sykylygy bilen mallaryň süýdüni çekdirip, birinji kwartalyň süýt planyny dolmagymyza zyýan edeni üçin, muňa duýduryşam berip görüpdik—diýdi-de, çopana gözüni alardyp, ýene sözüni dowam etdi.—Ýarym ýyllyk plany dolmazlygymyza sebäp bolanda, berk duýduryşam beripdik. Muňa asyl çäre tapylmady. Ýene-de sygyryp, yzlaryndan taýak zyňyp, gorkuzyp, janawarlaryň süýdüni çekdiren bolsa, muňa biz-ä “Taýagyňy tabşyr!” diýmekden başga çäre tapýan däldiris. Ot taýýarlaýjylar brigadasynyň brigadiri begenjinden başlygyň sözüni soňlamagyna-da maý bermedi: —Gaty dogry aýdýaňyz, başlyk aga, gaty dogry!—diýip gygyrdy-da, laňňa ýerinden galaýdy. Ferma müdiridir zootehnigem başlygyň pikirini el çarpyp makulladylar: —Örän jaý pikir! —Menem şony aýdaýyn diýip durdum! Ine, başga çopan geler welin, nädersiňiz, sygyrlaryň süýdüni guýmaga gap tapman durubersek... —Şeýle bolsun-da hernä—diýip, hälki sagymçylaram biri-biriniň ýüzüne ýylgyryp seretdiler. Aglasy gelip duran sagymçy bolsa, ýene gyňajynyň çowuny gözüne ýetirip şumjardy: —Begenjimden gözýaşyma erk edip bilemok, jora jan! Ogulsenem Taññyýewa. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |