19:54

Eý adamlar, siz kim we nirä barýañyz?

Publisistika
Категория: Publisistika | Просмотров: 222 | Добавил: Gökböri | Теги: Hakan Aksaý | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ependi  
284
Awtoryň bellikleri bilen doly ylalaşýan. Esasanam şu jaň meselesi. Işe gidilende hergün gabat gelinýän ýagdaý. Takside otyrmyň, awtobusda otyrmyň, piňine däl köpüsiniň. Käbiri şeýlebir gaty gygyryp gürleşýär welin, ýygnakda çykyş edýändirin öýdenok. Tutuş awtobus bolup gepini diňlemeli. Bir gezegem şeýle waka boldy:

Takside işe gidip barýadym. Içi doly salon. Men yzda, ortada otyryn. Çep gapdalymda oturan daýaw gelneje jorasyna aýlaýar:
- Gyýw, gowumyň. Bizem duty aldyk, duty. Özem paket.
Aňyrdaky düşünýän däldird-a, gromkostam açyk.
- Gowumy gyz. Näme diýdiň, düşünmedim?
- Duty aldyk diýän, duuuutyyy...
(Duty diýäni, duty awalon ýa duty kemri bolaýmasa)
- Toty diýäňmi?
- Ýokla gyz, duuuuuutyyyyyyy....
Bu gezek gelnejäň sesi gulagymyň gapdalynda gaty çasly çykdy welin, ziňk edip gidenimem duýmandyryn. Öňündäki şopura-da täsir etdi öýdýän, öňe gaýşyp gidenini bilmän galdy.
- Näme bolýa gyz o duty diýäniň?
- Toýota bolýa.
- Näme?
Ýene düşnenok.
- Hol bar-a sürülýän maşyn.
- Wiý, şeý diýsene, gutly bolsun gyz...
Yzam ş.m-ler. Olam bir maşynyny öwýä, zadyň çaky däl. Içimden diýän: - Ýeri, alan bolsaň bu takside görüň barmy. Äriň gapdalynda gaýşarylyp şonda diý näme diýjek bolsaň... Garaz, barmaly ýerime zordan baraýdym. Düşemsoňam, şo gün tä işden gaýdynçamam, gulagymda "duty" ýaňlandy durdy. Duuuuuutyyyyyy... Tas, gulagy deşipd-aý...

Ine, şeýle-dä. Esasanam zenanlar köp gürleşýär. Olary kemsitmek islämok, ýöne göre-göre gelemsoň aýdýan. Gürleşip duran wagty, edip duran pikiriňem duw-dagyn edýär. Özüm-ä, köpçülige barsam göni polýot. Ýas, bolsun, toý bolsun, isle oturyşyk. Beýlekilere päsgel bermezlik üçin edýän. Eger-de, wajyp jaň gelerine garaşmaýan bolsam. Käbirleri arkaýyn sögüşibem barýar jaňlaşýany bilen, utanman. Aý bor-da, näme diýjek, ilçilik.

0
2 Moderator  
1471
Şolar ýaly köpçülikde lagyrdaýan görümsizlere päliñ azyp "ýuwaşrak bolaý" dagy diýäýseñ, ýuwaşamakdan ýa bolup durşuna utanmakdan geçen, gaýtam öz ýüzüñi dalap alýar: "Özüñe jogap ber!" diýip... :)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]