20:07 Gaplaña sataşan ataly-ogul | |
GAPLAÑA SATAŞAN ATALY-OGUL
Geň-taňsy wakalar
Gaplañyñ sesini eşiden haýwanlar yzgyşyberýärler. Eýmenç arryldydan adamlaryñ hem ýüregine howsala aralaşyp, depesinden suw guýlan ýaly bolýar. Gaplañ bilen garpyşanlar ir zamanlarda-da seýrek bolupdyr. "Ol janawer degmeseñ degmeýär" diýerdiler. Şol söz-ä hak eken. Parawbibiden günorta uzalyp gidýän maşyn ýol Küren dagynyñ bilini kesip geçýär. Oña Musanyñ gädigi diýilýär. Musanyñ gädiginden geçeniñden soñ, çar tarapa gidýän ýollar hañlap ýatyr. Şo ýollaryñ biri "Ejegül çoññalyñ" dabanyndan geçýär. Bu çoññalyñ il arasyna giñ ýaýran rowaýat-aýdymy bar. Ýadymda galan bendi beýan edeýin: Ejegüljan çykdy gitdi obadan, Agzym aýrylmady a gyz, tobadan, Onki gözel içinde sensiñ owadan, Ýigit görse, gaşyn kakýar Ejegül. Waka "Ejegül çoññalyñ" töwereginde bolýar. Parawbibi obasynda ömründe çopançylyk kärinden başga işiñ başyny çatmadyk Partyn (çyn ady Amandurdy Arazdurdy ogly) ýaşaýar. Ol häzir-de şol obanyñ hususy goýunlaryny bakýar. Düýe janawer Musanyñ gädiginden aşyrsañ, gyşy bilen gününi görýär. Partyn-da düýesini şol gädikden aşyryp goýberipdir. Ol bie gezek düýesiniñ nirede gezýänligini bilmek üçin gözlegine çykypdyr. Görse, janaweri näme-de bolsa bir zat ymykly ýatyrypdyr. Hojalyk üçin uly çykdajy. Ol-a düýe eken, adam pakyr towugy haram ölse-de gynanýar. Partyn-da gynanypdyr, düýesini ymykly ýatyran näbelli haýwana gahary gelipdir. Gaplañ janawer Öýleguşlugyñ, Gulmajyñ, Torgaýyñ, Ýalawajyñ dagynda aram-aram peýda bolsa-da, ony derelerde, jülgelerde, sannallarda, "Ejegülüñ çoññalynda" şu çaka çenli gören adam ýok. Gaplañdyr diýip Partynyñ oýuna gelen däl çemeli. Düýesiniñ daşyna 3-4 gapan gurýar. Birki gün geçenden soñ gapanlary barlamaga gidýär. Oña bir haýwan düşen eken. Yzyny saýgaryp bilmeýär. Obasyna gelýär. Uly ogly Şadurda: "Gapanlary alyp bolmazmyka?" diýip ýüzlenýär, ogly: "Alarys, däde, alman näme" diýip jogap berýär. Motosikletli gidýärler. Yzarlap başlaýarlar. Gaplañ gowagyñ içinde ýatan eken. Gorkuzjal bolup döwme tüpeñden käkilik atylýan seçme bilen arasy açygrak ýerden 4-5 gezek atýar. Gaplañ janawer sarsman ýatyr. Golaýrak barýarlar. Bir salym maslahatlaşyp durýarlar. Gaplañ birden Şadurdynyñ üstüne tarap bökýär. Aýagyndaky gapan hem sypýar duruberýär. Aşagynda ýatanyñ bir aýagy bilen mañlaýyny, art aýaklary bilen hem iki aýagyny basýar. Çep golundan agzyny salýar-da, silkelemän, bir salym üstünde ýatýar. Atasy pyçagyny gynyndan çykarýar, öñe omzaýar. Gaplañ öñe okdurylýar. Partyn tüpeñ bilen goranmakçy bolýar. Gaplañ tüpeñiñ nilini agzyna salýar. Ne eýlä goýberýär, ne beýlä. Atmak üçin oky bolmasa-da, Partyn ogluna: "Ataýynmy?" diýýär. Ogly: "Atma" diýip jogap gaýtarýar. Sowal-jogap üç gezek gaýtalanýar. Gaplañ garşydaşlarynyñ ýeñilendigini añan ýaly, birden tüpeñiñ nilini goýberip, beýleräk çykyp, çommalyp oturyberýär. Guýrugunyñ tarpyldysy ataly-ogla eşidilýär. Olaram oturýarlar. Şire indikide zyýan ýetirmejekdiklerine wada berýärler. Ol janawer turýar-da, öz ugruna gidiberýär. Aýaklary abat, diñe biriniñ derisi az-owlak sypjyrylypdyr. 12-nji ýanwarda - Hatyra güni Partynyñ öýüne ýörite bardym. Özi goýun bakmaga gidipdir. Ogly Gyzylarbadyñ keselhanasyna gidipdir. Hal-ýagdaýy gowy diýdiler. Bu geñ gürrüñi eşidenler gaplañ janaweriñ adam gylyklydygyna haýran galdylar. 1993 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |