17:25 Gara Isgender beg | |
GARAGOÝUNLY DÖWLETINIÑ SOLTANY
Taryhy şahslar
▶ GARA ISGENDER BEG Gara Isgender beg, 1420-1437-nji ýyllar aralygynda Garagoýunly türkmen döwletine hökümdarlyk eden türkmen soltany. Gara Isgenderiñ ömrüniñ ilkinji ýyllary barada ýeterlik maglumat saklanyp galmandyr. 1416-njy ýylda Gara Ýülük Osmanyñ Erzinjany gabawa almagy bilen erzinjanlylara kömege gidip, gabawy şowsuzlyga uçratmagy başarýar. Kakasy Gara Ýusubyñ hökümdarlyk döwründe Kerkukda emirlik edýär. 1420-nji ýylyñ 13-nji noýabrynda kakasynyñ aradan çykmagy bilen özüni Kerkukdan hökümdar diýip yglan edýär. Garagoýunly begleriniñ aglaba bölegi hem onuñ hökümdarlygyny ykrar edýär. 1421-nji ýylda Mardini gabawa alan Gara Ýülügiñ üstüne hüjüm edip, şol ýylyñ aprel aýynda Nusaýbiniñ golaýynda bolup geçen söweşde Akgoýunlylary ýeñlişe uçradýar. 1422-nji ýylda Gündogar Anadolydaky ýerli begleri gaýtadan tabynlygyna salyp Töwrize dolanýar. 1429-nji ýylda Töwrizden herekete geçen Teýmirleñiñ ogly Şahruh bilen garşylaşmak üçin dogany Yspyhan beg bilen bilelikde hereket edýär. Emma şol ýylyñ iýun aýynyñ ahyrynda Agadewe diýen ýere golaý ýerde bolan söweşde agyr ýeñlişe duçar bolýar. Şahruhyñ yza çekilmeginden soñ özüni dürsän Gara Isgender 1432-nji ýylda Azerbaýjany gaýtadan golastyna alýar. Teýmirleñiñ dinastiýasynyñ wassallary bolan Şirwanşalaryñ üstüne eden ýörişe üstünlik bilen tamamlanýar. Muny gören Teýmiridler we Akgoýunlylar bileleşip, Garagoýunlylaryñ üstüne hüjüm edýär. Akgoýunlylar Erzurumy ele geçirýärkä, Şahruh hem Töwriziñ üsti bilen göni Isgenderiñ üstüne gaýdýar. Ýagdaýdan çykalga tapmak islän Jahanşa beg Şahruha boýun egýändigini mälim edýär. Bir özi Şahruhyñ garşysyna çykmakdan çekinen Isgender beg yza çekilýär, ol yza çekilip barýarka öñüni dolamak islän Gara Ýülük beg bilen Erzurumyñ eteginde garşyma-garşy gelýärler we bolan söweşde Gara Ýülük öldürilýär. Gara Isgender Osmanly döwletine sygynýar. Şahruh Ujana gelip, hökümdarlygy Jahanşa bege berýändigini mälim edýär. Şondan soñ öz dogany bilen häkimiýet ugrunda özara göreşe başlan Gara Isgender Töwriziñ golaýynda bolan söweşde ýeñlişe duçar bolýar we Alynjak galasyna gaçyp barýar. Alynjak galasyndaka 1438-nji ýylyñ maý aýynda bize näbelli bolup galan bir sebäp bilen öz ogly Şakubat tarapyndan öldürilýär. Gara Isgenderiñ agtygy Pirguly begiñ ogly Weýisguly begden Günorta Hindistanda höküm süren Kutubşalar türkmen döwleti döräpdir. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |