GARALANÇ SAKGYJY
Keremiň obadan geleli bäri onuň kakasyndan soran zatlarynyň hetdi-hasaby bolmady. Kakasy hem özüniň oguljygynyň aşa soranjaňlygyna begenýärdi, şonuň üçinem onuň sowallaryna höwes bilen başardygyndan jogap bermäge çalyşýardy. Keremiň hem göwnüne ulular hemme zady bilýän ýalydy. Onuň göwnüne kakasy hem şeýledi. Ol häzirem şol bir bilesigelijiligi bilen:
- Kaka! Kaka!—diýip, kakasynyň okap oturan kitabyndan ünsüni sowdy.—Senden bir zat barada soramak bormy?
- Iki zat sora.
- Ýok, bir zat sorajak. Ikinjini ertir. Bir zatlar ýadyma düşdi-de, aý, hiç, gowusy soramaýyn-la.
- Kerem jan, oglum, "Dile geldi, bile geldi" diýilýändir. Sorajak zadyňy soňa goýma. Ýadyňdan çykmagy ahmal.
- Bolýa, soraýyn.—Ol ykjamlandy. – Sen maňa "Sakgyjy köp çeýnemek bolanok" diýýäň. Enemleriň sygyry welin gije-gündizläp sakgyç çeýneýä.
- Hä, sen mundan tutdurdyň-ow! Bolýa, gulak as. Seniň gören sygyrlaň, olar sakgyç çeýnänoklar, gäwüş gaýtarýarlar.
- Gäwüş näme?
- Gäwüş diýip käbir mallaryň gök otdan doýansoň dişleri bilen çeýnände edýän hereketine aýdylýar, olar ýuwudan iýmitini agzyna gaýtaryp gäwüşeýärler.
- Onsoň ähli mallar hem gäwüş gaýtarýarmy?
- Bilmedim,
- Ullakan adam bolubam bilmeýän zadyň bar eken-ä!
- Häý, garagol. Aslynda ähli mallar gäwüş gaýtarybam durýan däldir. Ol diňe düýe, sygyr, goýun ýaly mallara mahsusmyka diýýän. Onsoňam, sakgyjy köp çeýnemegiňe garşy diňe men däl, ony lukmanlaram kän bir maslahat berip duranoklar. Dogry, sakgyç çagalaryň äňiňiň berkemeginde, agyz boşlugynyň ýaramaz yslardan arassalanylmagynda azda-kände kömegem etse edýändir, ýöne ony uzakly günläp çeýnäp ýörmegi ýa-da içiňe ýuwutmagy hiç kim maslahat bermese gerek. Häzirki sakgyçlaryň düzüminde näme barlygyny-ha bilemok. Ýöne biz çaga mahalymyz dynç günlerinde ýöriteläp daga garalanç ýygmaga giderdik.
- Garalanç näme?
- Howlukma, men saňa bilýänimiň baryny birin-birin gürrüň bereýin. Garalanç bolanda käşiriň ýapragyna meňzeş ýaprakly, köküniň miwesi süýtli ösümlik. Indi düşündiňmi? Oňa geçemjek hem diýýärler. Onsoň biz garalanja duşdugymyz, ony derhal köki bilen köwläp alardyk. Kim köp ýygnasa özüňkidi. Getiribem onuň kökündäki miwäni oda tutardyk. Ondan goýulymtyl syzylyp çykýan süýdi çöpüň ujuna usullyk bilen orap alardyk. Ýygnalan süýtli miwäni bir çeýnämçe böleklere bölübem, togalapjyk goýardyk. Ilki çeýnän mahalyň ajy bolsa-da, soňabaka, çeýnedigiňçe kem-kemden ajysy aýrylyp, süýji sakgyja öwrülerdi. Garalanç sakgyjyny çeýnän mahalyň „şark“, „şark“ edip birgeňsi sesem ederdi. Onsoň şeýle lezzetli sakgyjyň hyrydary hem köpdi. Birentek oglanlar-a olardan bäş manat hem gazanardylar. Ulugyzlaram çeýnär ýörerdi, güýmenje kemi ýokdy. Çeýnäp ýadan wagtlary, häzirki sakgyçlar ýaly zyňylyp goýberileýäenokdy-da, ol bir bölejik akja mata daňylyp goýulardy. Ertesem, biri günem, islän mahalyň ýene-de alyp çeýnäbermelidi.
Ana, şol sakgyçlaryň adam saglygy üçin birjigem zyýany ýokdy. Sebäbi olar tebigydy, arassa ýerde, tämiz howada ösen ýaz möwsüminiň ösümligidi. Haýp, dükanlarda satylyp başlanylan her tüýsli sakgyçlardan soň meniň saňa gürrüňini berýän garalanç ösümligimem, onuň sakgyjam ünsden düşürildi oturyberdi.
Kerem garalanç ösümligini gözi öňüne getirjek boldy. Başarmady, munuň üçin daga gitmelidi. Daga gitmek bolsa, onuň bir özüne başartjak däldi. Şonuň üçinem kalbyndaky sowalyny daşyna çykardy.
- Kaka! Kyn görme, iki zat sora diýip, özüň maňa söz berdiň. Indi oba gidenimizde, menem özüň bilen daga äkidermiň?
- Ýogsam näme, oglum, obaň dag-jülgelerine bileje aýlanarys, men ol ýerlere belet. Saňa başga-da täsinden-täsin ýerleri görkezerin.
- Garalanç ösümliginemmi?
- Garalanç ösümliginem. Ýaz çyksyn, baryp gaýdybereris. Onuň bol bitýän ýerinem bilýän!
Kerem muňa monça boldy: "Ýaşasyn kakam!" diýibem kakasynyň boýnuna bökdi.
Goçy Annasähedow.
Çagalar edebiýaty