20:46 Garaşýan jañym | |
GARAŞÝAN JAÑYM
Ýatlamalar
2011-nji ýylyñ 26-njy dekabry. 316 günläp türmede ýatyryn... Şol gün ilkinji gezek "Odatv derñew işi" boýunça aýyplanýanlaryñ biri hökmünde suduñ mejlisine çykaryldym… Aýyplaw netijenamasynda ýazylana ynansañ, “Ergenekon toparynyñ ýolbaşçy düzümi bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarmyşym!” Men olaryñ köpüsini tanamokdymam. Tanaýanlarymyñ arasynda professor Ýalçyn Küçük bardy… Aýyplaw netijenamasynda şeýle sözler ýazylgydy: “Ýalçyn Küçük we Soner Ýalçynyñ arasynda iýerarhik gatnaşygyñ bardygy, toparyñ ýolbaşçy düzümindäki Ýalçın Küçügiñ toparynyñ maksady we beren tabşyryklary boýunça telegepleşikleri taýýarlamagy üçin Soner Ýalçyny ulanýandygy, Soner Ýalçynyñ-da berlen şol görkezmelere görä hereket edýändigi…” Men özüme söz berlende şeýle diýipdim: “ - Körlük şeýle bir derejä ýetýär welin, soñabaka gülkünçlige öwrülýär. Hormatly prokurorlar we sudýalar, adamyñ garaýyşdyr pikirlerini mälim etmegi bilen haýsydyr bir işi etdirmeginiñ arasyndaky tapawudy bilmezlikden gelip çykýar. Şuny gynanyp aýtmak isleýärin, aýyplaw netijenamasyndanam görşüñiz ýaly prokuraturanyñ sülçileriniñ toplan maglumatlary, iş tejribeleri derñew işiniñ juda-juda bärsinden gaýdýar. Bizi her tüýsli etiki prinsipiallykdan binesip jemagat müritleri - tarapgöý žurnalistler bilen bulaşdyrýarlar. Hiç kim bize emir-buýruk berip bilmez. Muña hiç kim het edip bilmez… Hormatly prokurorlar we sudýalar, kim haýsy kärde işlese işlesin, tapawudy ýok, adamyñ sözünde, ýazýan zadynda, orta atýan pikirinde belli bir ölçeg bolýandyr, ölçegsizlik - telperlikdir…” Ýalçyn Küçük bilen “gatnaşygymyzyñ delili hökmünde” bikanun diñlenen telefon gepleşiklerimizi görkezelenlerinde suduñ zalynda Ýalçyn Küçükden ötünç soradym! Sebäbi: ■ GÖZLERIM DOLÝAR... Söz gezegimde şeýle diýipdim: “Ýalçyn Küçük bilen soñky üç ýylda dokuz gezek jañlaşypdyryn. Aklawjym Feza Ýalçyn hasaplapdyr: ýylda ortaça 7 müñ 500 sany giriş-çykyş jañym bar eken. Üç ýylda 22 müñ 500 jañ. Ýagny, 22 müñ 500 telefon jañyndan bary-ýogy dokuzyny Ýalçyn Küçük bilen jañlaşan ekenim! Bu görkezijileri, hasaplamalary etmegimiñ sebäbi siziñ çaklaýşyñyz ýaly däl. Huzuryñyzda Ýalçyn Küçükden ötünç soramak üçin. Hawa, hormatly halypam, siziñ bilen soñky ýyllarda juda az habatlaşanym üçin menden gaty görmäñ. Käşgä, siziñ bilen dokuz gezek däl, 999 gezek jañlaşan bolsam bolmaýamy. Telefon jañlarynyñ sanawyna seredenimde utanyp ýere girdim…” Telefon gepleşiklerinde nämeleri gürleşendigimi aýdypdym: “Sizden ýegenime Londondan iş tapyp beräý diýip haýyş edipdim… Odatv-ä interwýu bermegiñiz üçin jañ edipdim… Odatv-ä daşary ýurtlaryñ habarlary boýunça makala ýazyp biljek biri barmy diýip jañ edipdim… Ankarada Sewil Ýurdakulyñ jynazasyna gatnaşandan soñ, ony ýatlap raki içmek üçin sizi restorana çagyrypdym... Sizem meni "Hürriyet" gazetinde çykan bir makalamyñ şowly çykandygy üçin gutlap jañ edipsiñiz... Sud mejlisine giden Siliwri sudy barada aýtmak üçin jañ edipsiñiz... "Vatan", "Milliyet" gazetleriniñ we Star TV-niñ satuwa çykaryljak bolunýanyny aýtmak üçin aýlapsyñyz. (Şol üç metbugat organy-da satyldy, öñünden bileniñiz üçin size berekella aýdasym gelýär.) Birem el telefonyñyzdan köp pul gitmesin "öýde bolsañyz öý telefonyndan jañ edäýin" diýen sözlerim telefon diñleýän çawuşlaryñ gulagyna has gowy aslyşyp galypdyr! Ähli gürleşen zatlarymyz şulardan ybarat… Söz berýärin, eger şu gepleşenlerimiz jenaýat bolýan bolsa, häzirden aýdyp goýaýyn, halypam, türmeden çykamsoñ size has köp jañ etjekdirin. Gowy bir restoranda hezzet-hormat edip, özümi bagyşlatdyraýyn!” Bugünki gün… Şu setırleri ýazyp otyrkam gözlerim dolýar. Çünki: ■ AÝDYÑ DÜŞÜNJE Ýalçyn Küçük indi telefonda jañlaşyp bilemok. Geçen aýlaryñ birinde onuñ aýaly Temren ýeññe jañ etdi. "Gara gapyrjak" (“Kara Kutu”) kitabymy Ýalçyn Küçüge ýöriteläp ugradanym üçin sagbolsun aýtdy. Mümkinçilik boldugyndan bizi jañlaşdyrjagyny aýtdy. Ýöne ol mümkinçilik entek döremedi… Ýalçyn Küçük dünýäden gatnaşygyny kesdi… ÝalçYn Küçük adamlar bilen gatnaşygyny kesdi… Indi onuñ bilen ne restoranda oturyp söhbet edip bilýäris, ne-de telefonda “syýasy gybat” kakýarys… Dünýäniñ saýlama marksist ykdysatçylaryndan bolan halypamyñ-egindeşiniñ zaryny çekýärin. Hem-de: Hakykat ugrundaky göreşini hemişe galamy bilen alyp baran "derwüşe" garşy ulanylan gara güýç ýadyma düşdügiçe içimde baslygyp ýatan ýigrenjimi daşyma çykarasym gelýär. Hakykaty tapma we ýazma babatyndaky batyrgaýlygyna çydamaýandyklary üçin bu beýik dana ynsana çekdirilmedik ezýet, görkezilmedik horluk galmady… Hamana, içindäki ähli hunaba-görgülerini ýuwdup çilä çekildimi nämemi... Hatda: Her beýik akyldaryñ ýaşan asyrynda başyna gelýän düşünmezlik derdi onuñam başyna indi, ýañsylandy! Gynansak-da, ýurdumyzda sowal berýäniñ, hakykaty agtarýanyñ, ýazýan erkin düşünjäniñ ýoly kesilýär, progressiw adamlar rehimsizlik bilen ýumdurylýar. Oppozisionerler diñe ýaraglar-bombalar bilen öldürilenok, telper kişileriñ-diýdimzor taraplaryñ her dürli pyssy-pyjurlykly kast etmeleri bilenem ýoguna ýanylýar… Ah! Ýalçyn Küçük halypam… Ynsan bolup galmak üçin göreşen, ynsany beýgeltmek isleýän ynkylapçy ruhuñyz şowakör nadanlaryñ zulmuna ýene näçe wagt döz gelip bilerdi? Ýadamazmy, armazmy ol aýdyñ düşünje? Her niçik-de bolsa umyt edýärin: Ýalçyn Küçükden geljek telefon jañyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn… Soner ÝALÇYN. "Sözcü" gazeti, 22.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |