19:10 Garawulhanadaky gürrüñçilikler -5: Omaryñ ogly | |
5. OMARYŇ OGLY
Hekaýalar
Omar ozal «Türkmenfilm» kinostudiýasynda redaktor bolup işleýärdi. Ýöne, garaşsyzlykdan soň ähli döredijilik soýuzlary bilen bir hatarda kinomatografiýaçylar soýuzam, kinostudiýa hem ýapyldy we onuň ornuna diňe döwlet baştutanyny we onuň «alyp beren» garaşsyzlygyny mahabatlandyrýan, döredijilik taýdan iňňän ejiz, çeperçilik nuktaý nazaryndan garanyňda juda ysgynsyz bolgusyzja, tagaşyksyz wideofilmleri döredýän, telewideniýä garaşly kiçijik studiýa döredildi. Netijede iş ýerleriniň ýarysyndanam gowragy kemeldildi. Köp adam işsiz galdy. Özüni sylaýanlaryň bolsa özleri gitdi. Omaram gitdi. Ol köp wagt işsiz gezdi. Ahyram rektor bilen aram gowy bolansoň men ony öz garawulçylyk edýän institutyma işe ýerleşdirdim. Okuw jaýymyz aýry bolsa-da, Omar bilen biz bir döwürräkde okapdyk. Obadaşy meniň otagdaşym bolansoň ol biziň ýanymyza köp gelerdi. Käte üç bolup şähere gezelenje çykardyk, baglara seýran ederdik, beýleki okuw jaýlarynyň ýatakhanalaryna gyz gözlemäne giderdik. Köçede keýpine ykýan wagtlarymyzam, rugsat döwürleri birek-biregiňkä gezelenje gidýän gezeklerimizem bolýardy. Okuwy tamamlanymyzdan soň biz uzak wagtlap görüşmedik. Men-ä öz ugrumdan okuwymy dowam etdirmek üçin merkezi institutlaryň birine gitdim. Ol bolsa Aşgabatdaky redaksiýalaryň birinde işe galdy. Soňam bilemok, näme üçindir kinostudiýa geçipdir. Almyşynjy ýyllaryň ahyrlary ýa ýetmişinji ýyllaryň başlary bolsun gerek, rejisýor Mansurowyň «Ölüm ýokdur, oglanlar» filmini surata düşürýän topar bilen Karpat daglaryna baranda ol meni gözläp ýörite Lwowa hem barypdy we sorap-idäp tapypdy. Onuň kinoçylara goşulanynam men şonda bilip galypdym. Görüp otursam oňa şol filmde redaktorlygynyň daşyndan kiçiräk rol hem berlen ekeni. Ol ortadan ýokarrak baýly, berdaşly, eginlek, ýüzi-gözi çaldan gelen çakanrak, çyparrak, daýawdygyna garamazdan hereketi çakgan, kirpisaç, kellesi egniniň üstünde çal zamça goýlan ýaly tos-togalak, alyn dişleriniň arasy açygrak, ýokarky dodagynyň sag tarapynda tyg yzy bildirip duran, dodaklaryny ýalap, töweregine ätiýaçly garap ýuwaşja gürleýän, duýman durkaň assyrynlyk bilen käte bir şorta söz oklap goýberýän oňşukly, öýkäni-kinäni bilmeýän geçirimli ýigitdi. Indi az-kem garrapdyr. Daýaw göwresine argynlyk aralaşypdyr. Hereketi haýallapdyr. Ýarsypdyr. Eginleri sallanypdyr. Garny biliniň daşyna aýlanypdyr. Ýöne häsiýetiniň welin şol durşy. Henizem her sözüniň birinde bir üýtgeşik gep tapyp gürrüňdeşini güldüräýesi gelip dur. Häzir-ä goýupdyr welin, okaýan döwürlerimizem, soň-soňlaram aragy juda zabun içerdi. Lwowa baran gezegem o «Weterokdan» bu «Weteroga», o dükandan bu dükana girip-çykyp, ýaýkanjyrap ýörüşimize, ukrainleriň kyrk graduslyk «gorilkalaryny» on iki graduslyk «Lwiwskoýe» piwolary bilen garyp bolubilenimizi bolupdyk. Ýüzümizi ýaz ýagşyna tutup şäheriň köp adamly köçelerine, seýil baglaryna aýlanypdyk. Gyz kowalapdyk. Ýöne, şol gezekki «gammarçylygymyz» näme bilen gutarypdyr: men ony otla mündürip Ujgoroda, filmiň surata düşürilýän ýerine ugradypdyrynmy ýa ol meni 7-nji tramwaýa mündürip şäheriň günortasyndaky «Maýorowka» diýen ýerde ýerleşýän ýatakhanamyza ugradypmy ony hiç birimizem bilemizok. Herimiziň öz barmaly ýerimize hiç bir «şakyr-şukursyz», «wakasyz» barandygymyz welin çyn. Omar bilen içişmek, oturyşmak hezildi. Çünki, hernäçe içse-de özüni ýitirmezdi, käbirleri ýaly serhoşsyrap tabakdaşyna azar bermezdi, garşysynda oturana tarap barmagyny çommaltmazdy, gaty-gaýrym aýtmazdy, tä, daňdana çenli otursaňam käte bir çilim otlardy-da, «mys-mys» edip, geň enaýy gürrüňler bilen gürrüňdeşlerini gülüşdirer oturardy. Ara bir bozgagyň düşendigini, şol gün oturşygyň mazasynyň bolmajakdygyny aňdygam, hamala daş çykyp gelmekçi bolýan ýaly ýerinden turardy-da, sessiz-ýüzsiz çykar gidibererdi. Ýakymly, ýürekdeşlikli gürrüňler bilen başlanyp, şol terzde-de tamamlanmaýan oturşyklary ol hakyky meýlis hasap etmeýärdi. Ol hernä serkerde şahyr Seýdiniň: Ýagşylaryň meýlisinde jeň bolmaz, Aýrylşanda bir-birinden hoş gider. ― diýen setirlerini gaýtalamany gowy görýärdi. Şol setirler onuň meýlishalarlyk ýörelgesidi. Işe gelen güni ol binanyň gapysyndan girişi ýaly aýak çekip, giň zala birlaý göz aýlap çykdy. Soňam gözlerinden begenç uçgunlaryny syçradyp girelgäniň çep tarapyndaky, öňi durşuna aýna bolup duran, ýukajyk ak tutuly, petiginde ullakan wentilýator aýlanyp duran garawulhana tarap gaýtdy. Gelip meniň bilen salamlaşdy. Gapdalymdaky arkasy ýaýjykly, mele reňkli, ýalpyldawuk agaç oturgyja çökdi. Ýüzüme seredip ajymtyk ýylgyranda galyň dodaklarynyň arasyndan aralary öňkülerine görä has açylan we birneme saralan dişleri göründi. Göwnüme bolmasa ýokarky dodagynyň sag tarapyndaky tyg yzynyň joýajygam öňkülerine görä çukraýan ýaly bolup dur. Onuň ýüzi birdenk-ä gyzylymtyl çal öwsüp gitdi. ― Dek-düýnjigem algyr bürgüt ýaly al-asmanda pel-pelleşip ýördük. Dünýä baky gelen ýalydyk. Gam-gussa ýatdy. Ine, bu günem eýýäm lagar düşen garry göhert ýaly sähelçe ýükem agyr görüp bagyryşyp durus. Baryş-gelişem ýatdan çykaryşyp barýas. ― Aý, edil beýle-de däldir-le ― diýip, men dostumyň ýarym degişmesine gara-çynym bilen jogap berdim. ― Baryşyp-gelişmämiz seýrekledenem bolsak biz entek eýeriň üstüne bek oturandyrys. Entek-entekler göreşere-de, söweşere-de güýjümiz, kuwwatymyz kändir. Omar: haý, näbileýin-dä, diýýän ýaly kese bakyp köpmanyly ýylgyrdy. Ýöne, hiç zat diýmedi. Asyl ol wagt gep nokatlaşyp oturmana pursadam ýokdy. Çünki, iliň-ä işiniň başlanýan, meniňkiniň bolsa gutarýan wagty bolansoň, ol-a sapagyna girmelidi, menem işimi tabşyryp öýe gaýtmalydym. Baryp ukymy almalydym. Ol kynlyk bilen ýerinden turdy. Bir zat aýtjak bolýan ýaly oýurgandy. Gitjek bolup gidibilmän öňe-yza leňňer atdy. Bir maňa, birem zalyň ugrundaky iki ýana gaýmalaşyp ýören tahýaly, ak köýnekli, gara galstukly, gara köwüşli, kellelerinden «Ruhnamadan» başga çigidiň gabygy ýalam ylym, bilim bolmadyk talyp oglanlara, başlary gyz börükli, ýakasy keşdelenen gyrmyzy köýnekli, ak köwüşli, elleri «mobil» telefonly, gyzlara, ýokarky, gatlardaky okuw otaglaryna, iş kabinetlerine tarap ylgaşlaşyp, basgançakdan-basgançaga böküşip barýan dürli ýaşdaky mugallymlara tarap seretdi. Ahyram jahyllykdakysyna görä hakykatdan-da haýal göçýän göwresini kynlyk bilen herekete getirdi-de, gaýda-gaýmalaşykdan doly zala tarap mytdyldap ugrady. Başyny aşak salyp, eginlerini sallap, barmasyz ýere barýan ýaly öz-özünden ökje ogurlap ýaýdanjyrap barşyndan kalbynda bir agyr derdiň bardygyny, hut şol derdiňem ony ýegşerdýändigini, basmarlaýandygyny, naladýandygyny, ony daşyna çykarjak bolup, çykarybilmän kösenýändigini welin men şol gezek barybir aňdym. Çaklamamyň çyndygyna soňky duşuşyklarymyzda hasam aýdyň göz ýetirdim. Soramana welin çekindim. Ahyr bur gün özi ýarylar-da, diýip garaşdym. Hut şeýle hem boldy. Baýramçylyklaryň birinde ol meniň bilen uzynly gije nobatçylyk çekmeli boldy. Ana, şonda ol içki harasadyny daşyna çykardy. ― Sen bir ýazyp-pozup ýören adam, sen maňa aýt.. ― diýip, ol has amatly ornaşmak üçin oturgyjyň üstünde oýkanjyrap otyrşyna çygylybrak gepledi. ― Sen söýgi diýlen zada ynanýaňmy? Şeýle zat barmy? Men ol özi hakda bir zatlar aýtmakçy bolýandyr öýtdüm. Megerem, giçki söýgä sataşan bolsa gerek, diýip, oýlandym. Şonuň üçinem: ― Bar! ― diýip, bat bilen bada-bat jogap berdim. ― Elbetde bar! ― Şol nägehan adamyň ýaş tapawudyna seredýärmi? ― Ýok! Seredenok! Ol ýaşyňam bilenok, garryňam. Şaňam bilenok, gedaňam... ― Orta atylan meseläniň hakykatdan-da Omaryň özi barada barýandygyna şondan soň mende şübhe galmady. ― Dogrymy aýtsam şeýle ýagdaýa bäş-üç ýyllykda özümem düşüp gördüm. Şol gelin menden göni ýigrimi bäş ýaş kiçidi. Emma söýgi boldy. Ol gelniň özi bilenem şeýle boldy. Mahlasy ikimizem öz wagtynda duşumyzdan geçiren söýgimize sataşdyk. Omar oturan ýerinde arkan gaýyşdy-da aýaklaryny öňe uzatdy. Gözlerini süzgekledip ýüzüme seretdi. Näme üçindir gyzardy. ― A eger-de sen däl-de, şol gelniň özi senden ýigrimi bäş ýaş uly bolaýan bolsa näme? ― Beýle zat bolup bilmez! Sebäbi şol wagt meniň özüm elli bäş ýaşymdadym. Gelin bolsa otuz ýaşyndady. Eger-de, menden ýigrimi bäş ýaş uly boljak bolsa, onda ol şol wagt segsen ýaşynda bolmalydy. O ýaşyndaky aýal hasasyna söýenibem gelip bilmez. ― Men ýüzi ýygyrt-ýygyrt, dişsiz, agzy hoňkaryp, süňkleri somalaşyp duran sop-sowuk kempiriň düşegime girip gelşini göz öňüme getirip gaýybanasyndan hopukdym. ― Ýok, ýok! Beýle zat bolup bilmez! Düýbünden bolup bilmez! ― A, eger-de oglan on dokuz ýaşynda bolup, aýalam kyrk ýaşynda bolsa näme? ― Onda bolup biler, ýöne wagtlaýynça. Oglan öz akylyna aýlanýança. Özüniň ýaňy bir kyrk ýaşa ser uran güni ýan ýoldaşynyň altmyş ýaşly garry aýal boljakdygyna gözi ýetýänçä. Häzir welin ol kördür. Agy-garany saýgarýan däldir. ― Menem şony aýdýan-da şoňa... ― diýip, Omar hamala gürrüňiň kim barada barýandygyndan meni bireýýäm habarly edip gaýan ýaly, burnuna salyp «hoňňuldady». Häliden bäri maňa dikilgi duran didelerini aşak goýberdi. ― Edil seň ýaňky diýýän zatlaryňy diýýän menem şoňa. Emma hiç düşündirip bilemok. Düşündirip bolanok. Asla düşünesi gelenok. Dogry, aýdan wagtyň aşak bakyp diňläp oturýa, «Kaka, seňki dogry» diýip meň bilen ylalaşýaram, ýöne, ertesi ýene gidiberýä şoňka tarap. Ýalbar-ýakarymyzdan netije çykmansoň ejesi ikimiz käte abaý-syýasatam edip görýäs. Bar git! Geçdik biz seň ýaly nadan oguldan, diýip öýdenem kowýas. Onda-da bolanok. Bäş-üç gün onda-munda kow-sow eden bolýa-da ýene geläýýä, boýnuny borup. Dözmän ýene öýe salýas. Ýene-de iki bolup daşyna geçýäs. Barybir bolanok. Iň ýamany şol aýalyň oglam mundan bir ýaş uly. Hälem ol bu wagt gullykda. Hiç zatdan habary ýok. Gelenden soň onuňam nähili hereket etjekdigi, ol öýde nämeleriň gopjakdygy belli däl. O-da bir binamys bolsa-ha, özünden bir ýaş kiçi oglana: «Al onda, pahan, götereli» diýip, munuň bilen käse çakyşdyryp arak içer oturar, bolmasa-da... Bilmedim-dä... Bile-hä ýaşaşanokmyşlar welin, öňki äri bilenem doly aýrylyşmana meňzeýär. Aýdyşlaryna görä arakkeşmişinmi, tirýekkeşmişinmi-de, öýünden kowanmyşyn. Olam bir gün gaýratyna galaga-da, näme etse edip oturybermeli. Gürrüňiň kim barada barýandygy maňa diňe şondan soň aýan boldy. Şonuň üçinem men Omardan ogluň barada aýdýaňmy, diýip, sorabam oturmadym. ― Beýle gowy görýän bolsa näme üçin öýňüzden kowanyňyzda baryp şoň bilen ýaşaşybermeýämişin? Näme üçin dolanyp ýene öýe geläýýämişin? ― Şoňa-ha menem haýran. Aýlanýa-öwrülýä-de, ýene öýe geläýýä. Bizem dogrusy begenmänem duramyzok, ýöne bir gün ýa geçýä, ýa geçenok ýene gidýä. Gijäniň bir wagtlaram birdenkä ýorganyndan sogrulýa-da, suwulýa ötägidýä şo tarapa. Yzyndan garap galýas. Ol bolsa bize «diýýämisiňizem» diýenok. Bir garaňka duwlanansoňam bu uly şäheriň haýsy künjünden gözlejek sen ony. ― Omar ýapyrylyp ýüzüme seretdi. ― Eýsem şu söýgümi? Şundanam bir söýgi bormy? Hiý, ter gülem bir gury agaja çyrmaşarmy? Bilbilem bir it gyzganyň üstüne çykyp saýrarmy? Juwan halyňa önelgeden galan aýaly alyp özüňi çaga söýgüsinden Allanyň buýrugyndan mahrum etmekdenem bir oýun bormy? ― Näme, ol ony aljagam bolýamy? Maňa şony äberiň diýýämi? Ýa şoňka ymykly gitjek, diýýämi? ― Aý, açyk aýtmasa-da ümzügi şoňa tarap-da. ― Omar «hyňk-hyňk» edip esli mahal gürläbilmän oturdy-da, birdenem biri howlukdyrýan ýaly çalt-çalt gepledi. ― Aý, onsoňam näme, o zatlaryň soňy şo bor-da... Ahyr bir gün öýlenmeli bor-da... Gözlerinden syçraşyp duran uçgunlar Omaryň beýnisinde ýyldyrymyň çakyp gidendiginden habar berdi. Ol tarsa ýerinden turdy-da, bir zat gözleýän ýaly daş-töweregine, aýaklarynyň aşagyna seretdi. Soň ýene-de oturdy. Ýüzüme garap awuly gülümsiredi. ― Almaýanda-da how, şu bolup ýörşem bir çydarlykly däl-ä! Il-günem, goňşy-golamam birlýär-ä seň nä günlere düşüp ýöreniňi... ― Omaryň dem almasy kynlaşdy. Kükreginiň galyp-düşmesi ýygylaşdy. Men oňa garawulhananyň diwarynda asylgy duran derman gutujygyndan «karwalol» alyp içirdim. Ol az-kem köşeşdi. Maňa «sag bol» aýtdy. Ýene-de şol öňki meselä dolanyp geldi. ― Ýa doga-tumar dagy ediläýdimikä? ― Men-ä o zatlara ynanamok, Omar. Dogalasa-da dürli sebäplere görä her kim öz-özüni dogalaýa. Çoçgara-da her kimiň özi-özüni çolaşdyrýa. Nebsi-şeýtanyň ugruna gidip ýoldan azaşýa. Töweregindäkiler bolsa ony dogalanandyr öýdýäler. Ýöne, beýle zat ýok. Hiç ylymda-da ýok. Durs ylymda-da ýok, ters ylymda-da ýok. Omar köpçüligiň içinde azaşyp, indem hossaryna duşan çaga ýaly oturan ýerinden gollaryny gerip maňa tarap galkyjaklady. ― Şo-da şeý diýýä! Meni dogalan adam ýok, özüm-özümi dogaladym, şoňa göwnümi berdim, ýakynlaşdym, öwrenişdim, indem aýrylyşyp bilemok, diýýä. ― Dogry aýdýa. Bir öwrenişöensoň aýrylyşmak kyn. Sähel görmeseň ýüregiň üzülip, dünýäň daralyp başyňda kyýamat gonup barýan ýaly. Öýüň, ataň-eneň, çagalaryň gözüňe görnenok. Dogrymy aýtsam şol derdi çekmek ölüm derdini çekendenem agyr. Ölüniň ölendigine, ony ömürlik ýitendigiňe gözüň ýetýä. Kalbyňda kaýyllyk döreýä. Ol bolsa gözüň öňünde gezip ýör. Agladyp, eňredip uly ile wejera edip barýa. Dogalanandyr, diýdirýänem ana, şol. Belanyň körügi ysnyşmakda. Ol aýalam her hili oýunlar, üýtgeşik hereketler bilen ony özüne mazaly imrikdirendir. Görmedigini görkezendir. Oýnandyr. Myjandyr. Özi zerarly bir ýaş ýigidiň şeýdip heläk bolup ýörşünden, siziň oda-köze düşüp ýörşüňizden lezzet alýandyr. Içi gülýändir. Ogluňa häzir käýemelem däl, öýden kowmalam däl-de, kömek etmeli. Girdapdan alyp çykmaly. Siz bilýän dälsiňiz, öz bolup ýörşünden onuň özem utanýandyr, çykalga-da gözleýändir, özüniň şeýle ejiz hala düşendigi üçin namysam edýändir, käteler pynhan bir ýere baryp tä, içi egsilýänçä aglaýandyram. Hem-ä şondan aýrylyşmaly bolýandygy üçin, hemem aýrylyşyp bilmeýändigi üçin, şoňa gaýratynyň çatmaýandygy üçin aglaýandyr. Howwa, aýrylyşmak üçin ilk-ä güýç, kuwwat, gaýrat gerek, soňam sowaşar ýaly wagt gerek. Ol diňe wagtyň geçmegi bilen köşeşer. Diňe wagtyň geçmegi bilen derdinden halas bolar. Şu gün aýrylyşsyn, ertir aýrylyşsyn, tapawudy ýok, barybir şoňa şonça wagt gerek. Häzir welin ol onuň ýanyna gatnar. Şonuň bilen durmuş gurmajakdygyna gözi ýetip duranam bolsa gatnar. Gatna diýseňem gatnar, gatnama diýseňem gatnar. Ursaňam, sökseňem, kowsaňam gatnar. Öldüräýmeseň gatnar. Häzir ol şoňa zynjyrbent. Şol aýal şony şu wagt gapydan kowsa baryp penjiresinden girer, penjiresinden kowsa gapysyndan girer. Omar esli wagtlap petige göz dikip oturdy. Soňam usulluk bilen söze başlady. ― Ýeri, büý-ä bir gögele oglan diýeli, orta ýaşdan agan halyna o heleýe näme diýjek? Durmuş gurmajakdygyna gözi ýetip durka başyna ýapjakmyka bular ýaly ýaş çagany... ― Bouw-w... Beý diýme, Omar! Adamzadyň aýal jynsy gyz wagty gunçalaýandyr, gelin wagty gunçasynyň agzy çyzylýandyr, orta ýaşlaryna barandanam şol gunça parlap bir açylýandyr welin, asyl doýdum-doldumam ýokdur. Öz deň-duşy ony şol wagt kanagatlandyrybam bilmeýä. ― Kanagatlanyp gezip ýör-ä uly iliňki. Haýsy biri kyrk ýaşadym diýip ýaş oglan gözläp ýör şolaň? ― Seň o diýýänleriň hakyna kaýyl adaty, asylly maşgalalardyr. Bu bolsa öz aýdyşyňa görä nogtasyny şeýtanyň eline beren jelep! Ol häzir seň ogluň «maňa gel, alaýyn» diýip müň mertebe ýalbarsa-da gelmez. Barmaz. Ol oňa häzir haram keýp üçin gerek. Ol pula-da, zada-da mätäç däl. Diňe şo zada mätäç. Doýan günem günübirin kowar. Ogluň şondan soň bilip galar ýalňyşandygyny. Ol aýal ony häzirem kowýandyr. Ýöne, mahal-mahal kowýandyr. Ýa-ha başga birinden doýan güni, ýa-da başga birini kabul etjek güni kowýandyr. Käte bir öýe gelmesem şonuň üçindir. Şol gün nobat başga birine ýetýändir. Bu bolsa o zatlardan belki bihabardyr, belki-de bihabar bolan bolýandyr. Ynanasy gelýän däldir. ― Ana, ana, şol şo, dogry şo ― diýip, Omar maňa tarap öwsün atdy. ― Ynanasy gelenok. Seň ýaňky aýdyşyň ýaly şu wagt şoň gözüne şondan başga zat görnenok. Şol diýip ölüp ýatyr. ― Ýogsa-da siz başga nädip bildiňiz onuň şoň ýanyna gatnaýanyny? ― Ýekeje günem ýazy ýatyp görmedik, oglan birdenkä öýe gelmesini seýrekledip başlady. Girim-çykymy, özüni alyp baryşy üýtgedi. Öýe gelen günlerem ýeldirgän ýaly iki ýana zowzuldady ýördi. Käte telim günläp gara bermedi. Nirede bolýaň, diýsegem her gün bir bahana tapdy. Bir edara başlyk bolup oturan dostum bardy, şondan haýyş edip garawulçylyga ýerleşdiripdim, o-da bir gün gelip: «Ogluň-a bize güýrük tutduranok. Işe-de gelenok, gelse-de hezil berenok. Ýa ir gidýä, ýa giç gelýä. Gijesine üç-dört sagatlap ýerini taşlap gidýän wagtlaram bolýa. Telim gezek şolar ýaly ýagdaýyň üstünden bardym. Men-a indi şony çykaraýmasam boljak-gä, senem gaty görme» diýdi. Şeýdip ojagaz işjagazyndanam dyndy. Wah, işem iş welin, aýal ikimiz başda oňa näme bolýanyny bilmän heläk bolduk. Arak içmeýänin-ä bilýäs welin, neşe öwrenäýdimikä, diýip bir çykdyk, ogra-jümrä goşulaýdymyka diýip bir çykdyk, olar ýaly nägehana sataşandyr diýip dagy ýadymyza-oýumyza-da düşenok. Şonuň öň ýanlary metjide gatnap ugrapdy, bäş wagtyna namaz okap, oraza tutup ýördi. O zatlarynam başyndan aýlap urdy. Hä diýmänem näme, ilçilik, gürrüň ýaýrap ugrady. Ilki ynanmajak bolduk, beýle zat bolup bilmez öýtdük. Ahyram nätjek, aýybam bolsa başga alaç tapman yzarlap ugradyk. Bissimyllasynam garawulçylykda bile işleşen ýoldaşlaryndan başladyk. Ideg-sorag etdik. Başda olaram belli bir zat diýmediler. Ýöne, bolup ýörşümize dözmedilermi, nämemi, ahyry biri dil açdy. «Şeýle-şeýle bir aýal bar, ol öň goňşy edaradaky garawul oglanlaryň ýanyna gelýädi, arak içişýadi, hersi bilen gezek-gezek ýatyp turýady, keýpini kökläbem gidýädi. Soňabaka oglanlar ondan gaça durup başladylar. Ana, şol ikiarada-da nädip bolanyny bilmedik, siziň ogluňyz şonuň bilen bulaşdy gidiberdi. Barma şoň ýanyna, ol baryp ýatan künti, ilerki oglanlaryňam ýatyp turmadygy ýok şoň bilen, diýip, şunça özelendik welin etmedi. Gaýtam bize-de betgümanalyk etdi. «Biz aýtdy diýmäweriň» diýibem şol aýalyň salgysyny berdi. Otuzynjy mähellede, birinji gatda ýaşaýan ekeni. Gapysynda daşyna gök reňkli, pessejik tagta haýatjagaz aýlanan howlujygy bar ekeni. Seýregräk bolsa hem güljagazlar, iki-üç sany agaç nahaljyklary gögerip otyr. Howla gaty bir yhlas edilmeýändigi bildirýär. Jaýynyň kä ýerleri jaýryk atan gapysam, suwaglary gagaňkyrlan söýesem şondan habar berýär. Howlujygyň ortarasyndaky krandanam «jürrüldäp» birsyhly suw akyp dur. Näçe towlasaňam şondan artyk ýapylanok. Ýöne, yrýa-da gidenok. Iki barmak inlilikdäki joýajagazyň içi bilen nahaljyklaryň düýbüne akyp barýar. Aýalym ikimiz üç-dört gezek baryp öý eýesini tapman gaýtdyk. Gijiräge çenli garawullap oturan gezeklerimizem boldy. Biz garyndaşlary, obadan geldik, diýip, goňşylaryndanam osmakladyp bir zatlar biljek bolduk. Ýöne, olar ozalam onuň biz ýaly garyndaşlaryny köp görüpdirlermi ýa biziň kimdigimizi, näme maksat bilen gelendigimizi ýüzümizden-gözümizden aňdylarmy, garaz, gözlerini ýere dikip duruşlaryna birhili syrly ýylgyryşdylar-da, seslerini çykarman ýeke-ýekeden öýlerine girdiler ötägitdiler. Şeýdip ýörşümize ahyr bir gün «ýitigimize» gabat geldik. Garaýagyz, keltejik boýly, etegi bilen çat maňlaýy sarymtyl, galan ýeri goňur reňkli ujy towarlanyp duran gaba saçy gerdene düşüp duran sag ýaňagy kiçijik peşehordaly, keltejik bilekleri tokmak ýaly, dodaklaryna ak bägüliň ýapragyna meňzeş, ýaldyrap duran ýakymsyz reňk çalnan, ýüzi-gözi «gel urşaly» diýip duran gaýduwsyz zenany soraman tanadyk. Biz baranymyzdan ol gapysynyň agzyndaky üç sekili beýik basgançagyň üstünde egni gök halatly, aýagy ýumşajyk çal şypbykly, eli çyr-çyrşak bolup duran kiçijik gyzylymtyl plasmas setilli, megerem zibilhana hapa döküp gelmäge hyýallanyp duran ekeni. Aýalym-a ony görenden: «Bir, bagryny myjap içimi sowadaýynla, şu jelebiň» diýdi-de, ringe çykan hünärmen boksýor ýaly ellerini kelemenledip öňe tarap okduryldy. Agaç germewden geçibilmän saklandy. Geçelgesini gözläp iki ýana urundy. Eglip üç ýüzüni sermeledi. Ätläp geçjegem boldy welin, germew tagtajyklaryň ýokarky, çiş taraplary eteginden ilişdi-de ony kyn güne saldy. Tas, bir tarapa agyp gaýdypdy. Halys bolmajagyny bilensoň ol iň bolmanda şo heleýi goňşularynyň, öten-geçeniň gözüniň öňünde it masgarasy etmekligi ýüregine düwen bolsa gerek, duran ýerinde diň-gögüne garady-da, ulyili bilen gygyrmana başlady. Agzyna ak gelse-de aýtdy, gara gelse-de. Arasynda ugursyz hapa sözlerinem suňşurdy. Men ol aýal bizden çekiner, müňkürgär, iň bolmanda goňşularyndan utanar, olaryň gözleriniň öňünde masgara bolup durmazlyk üçin gaçyp öýüne girer ýa bize ýalbar-ýakar eder, özüniň bigünädigini subut etmek üçin janygar, öýtdüm. Emma bar zat tersine bolup çykdy. Ol ilk-ä egildi-de usullyk bilen elindäki setilini ýere goýdy. Soňam duran ýerinde gabaryldy-da, iki elinem bakynyna urdy. Küle bulanan gyş serçesi ýaly aýalyma tarap hüjümerildi. Butlary çogup duran gysgaçyk aýaklarynyň arasyny açyp abşaryldy. Aşaky gatdaky goňşularynyň gapa çykyp, ýokarky gatlardakylaryň bolsa balkonlardan boýunlaryny süýdürişip tomaşakärçilik edişlerini, ýoldan geçip barýanlaryňam aýak çekip özüne tarap aňkarylyşyp duruşlaryny görüb-ä ol hasam möwç aldy. Sahna çykan artistiň zal doly halka gözi düşende hasam hyruçlanyşy ýaly kükregini ýelden dolduryp bogazyna sygdygyndan gygyrdy. «Gelmesin! Kim gel diýýä oňa! Näme üçin siz öz ogluňyza buýrup bileňizok! Näme üçin meni öz günüme goýaňyzok? Ýa meni ýeke görýäňizmi? Hossarsyzdyr öýdýäňizmi? Hudaýa şükür indi oglum ýetişdi. Ol basym armiýadan geler! Siziň gözüňize görkezer! Ýa oňa-da garaşman polisiýa aýtmalymy! Aýdaýynmy? Duýduraýynmy? Tutduraýynmy? Basdyraýynmy siziň şol ergeneksiz eklenip, söýesiz saklanan güjügiňizi! Ol o diýsem indi siziňki näme? Siz näme meň üstüme çöwjeşip dursuňyz! Näme üçin bir ak adamyň üstüne öz garaňyzy sürtjek bolup dyzaşyp dursyňyz? Ýa siziň üstüňizdenem arz etmelimi...?» Dogrusy men-ä haýykmanam durmadym. Hern-ä duýdansyz urgudan ýaňa serpmeden gaýdan ýaly bolan aýalym dessine özüni dürsedi-de, ýaňadandan gaýrata galaýdy. Daňylan it ýaly henizem gapysyny tapman agaç germewiň daşynda hars urup ýörşüne: «Bar aýt! Bar aýt polisiýa! Ondan ýokarraklaryna-da aýt! Tutdyr! Basdyr! Seň ýalyň tanşy köpdür, ýygna, diýseň ýygnarlar. Seňkide ýatandan goý, şolaň zyndanynda ýatsyn! Türmede ýatsyn! Gulagymyza-da dynç bor! Nirede-kä, diýip, gije-gündiz elewräp ýörmekden, ýola bakyp oturmakdan-a dynarys!» diýip gygyrdy. Ahyram germewiň gapyjygyna gözi düşdi-de, şoňa topuldy. Silkeledi. Şakyrdatdy. Ilgençegini gözledi. Emma açyp bilmedi. Ol aýalam şol duran ýerinden kelteden gelen ýogyn barmagyny çommaldyp: «E-eý, jyrryk köten! Giräýseň injigiňi döwerin, düşdüňmi? Öýüme girdi, diýip, üstüňden arza ýazaryn» diýdi. Diýen sözlerini berkitmekçi bolýan ýaly aýaklary bilen ýer depdi. Hakykatdanam injigini döwjekdigini subut etmekçi bolýan ýaly ylgap baryp howlujygyň bir burçunda duran inçejik uzyn taýagy eline aldy. Birdenem horaz bilen uruşmana hyýallanýan mäki ýaly aýalyma tarap jokgaryldy-da, keltejik aýaklaryny gybyrdykladyp «ýa Alla» üstüne eňdi. Ýöne, oýnuň düzgünini bozasy gelmedik bolsa gerek, o-da ýapyk gapydan bäri geçibilmedi. Şol duran ýerinden elindäki taýagyny henizem gapyny açybilmän ellerini saňňyldadyp duran aýalyma tarap çoçjaýtdy-da, düýbünden başga terzden gopdy: «Dynaýmarsyň! Menden aýrybam bilmersiň! Äriň ikiňiz birden süýnäýeniňizde-de gapyňyzdan garamaz ýaly edendirin ogluňyzy! Boldumy indi? Eşitdiňizmi eşidesiňiz gelýänje zadyny? Baryň onda dadyňyzy kime ýetirseňiz şoňa ýetiriň. Öwsüň şu ýerden basymrak!» Aýalymyň halys ysgyn-mydaryny alandygyna gözi ýetensoň ol iňňesini oň bedeninden çekip aldy-da, meniň ýüregime sançdy. «Inegiňi şalkyldadyp seň nä körüň bar bu ýerde? Ýa erkegem dälmidiň? Erkek bolup görmänmidiň? Ýa bar ömrüňi şu jyrrygyň porsy balagyny ysgap geçiräýdiňmi?». Şeý diýensoň ol «hyrra» yzyna öwrüldi-de, bilgeşleýn edýän ýaly syrtyny moýmuldadyp gapa tarap ugrady. Öýüne giren ýalam etdi-de, birdenem gapyny zarp bilen açyp bize tarap tüýkürüp goýberdi. Tüýküligi ýere gaçmanka-da gapysyny «jarkyldadyp» ýapdy. Içindenem ýa gulplady, ýa temmeledi. Är-aýal ikimiz, äm-säm bolşup galdyk. Ak esgä dönen ýüzümizi biri-birimizden gizlemek üçin daş-töweregimize garanjaklaşdyk. Näme etjegimizi bilmän ýaýdanyşdyk. Tamalary çykmansoň bizden göwünleri geçen goňşularam başlaryny ýaýkaşyp öýli-öýlerine girişip gitdiler. Men özümiziňki dogruka-da günäkärden gep eşidip, kowlup gitmeli bolandygymyza namys etdim. Has dogrusy ol aýalyň günäkär halyna özüni şeýle ussatlyk bilen aklap, bizi günäkärä öwrüp bişine gözüm gitdi. Özümde şeýle ukybyň ýokdugy üçin kemsindim. Bu duýgy aýalymda-da dörän bor-a çemeli, birdenkä goltugymyň aşagyndan sümlüp geçdi-de, howlujygyň gapysyna tarap tazeden topuldy. Ýöne, duşumdan geçmänkä men onuň goşaryndan şapladyp tutdum-da, ol ýerden derhal daşlaşmak üçin idenekledip ugradym. Şol barşyma-da agzymy gulagyna golaýladyp: «Uruşsaň bulaşdyrarsyň. Bular ýaly şermende bilen başgaça gürleşmek gerek, men beletdirin bulara» diýdim. Şeý diýdimem belany diýdim. Ýanyp duran oduň üstüne ýag guýdum. Agzymy ýygnaryma mähetdel aýalym bir ädim gaýra çekiläge-de ýüzüme çiňerildi-de: «Sen nireden belet bolýaň oňa? Ýa tanaýamydyň öňden? Öňem bir görüpmidiň?» diýip, meniň bilen menjeşmäne başlady. Şondan soň ony öz başymdan sowmak iş boldy. Meniň kimdigim, bu ýerlerde näme üçin, näme işläp ýörendigimiz dagy ýadyndan çykdy gitdi. «Toba et, Hudaý diý, gepiň gerdişine görä aýdylan söz üçin dagy köçede ile ryswa bolup durma» diýdim. Bir ýerde syýasatym, diplomatiýam bar bolsa asfaltyň üstüne üýşürip öňünde goýdum. Höre-köşe etdim. Ýalbardym. Häzir umumy duşmana garşy bilelikde göreşeli, ony ýeňenimizden soň özara düşünişibereris, diýdim. Ol welin wagty bilen köşeşmedi. Iki-üç köçe geçenimizden soňam elimden sypjak bolup şol tarapa dyzady gitdi bardy. «Senden barysy! Sen gorkak! Sen züwwetdin! Sende öt ýok! Ýa türkmeni goýnuň guýrugy ýaly tegelenip duran syrtyny görüp bar ysgynyň gaçaýdymy» diýip, arasynda ýene maňa azm urdy. Mähelleli köçäniň ugry bolansoň käte bir şatyrdadyp golundan gysaýmasam meniňem edibilýän zadym ýok. Taksa mündireýin diýsemem onuň bolup barşyny görýäler-de: «Munyň näme, peýanmy-aý?» diýşip, sürüjilerem ur-tut bizden daşlaşmak bilen bolýalar. ― Omar aşak bakyp tisgine-tisgine dem aldy. Soň başyny galdyryp ýüzüme seredende gözlerinde çyg göründi. ― Bolan wakany eşidipmi ýa tötänden barypmy, ýa heleýiň özi kowupmu şol gün agşam oglumyzyň özem geläýdi. Biz iki ýerden onuň üstüne sürünip başladyk. «Ýa şol, ýa biz» diýip, meseläni çürt-kesik orta goýduk. Aýalym-a göni: «Indi şo jelebiň ýanyna gitseň beren süýdüme razy däldirin» diýdi. Öz sözüne özi bozulybam aglady. Onda-da ýerlikli jogap alybilmän soň: «Jan oglum, ejeň ýaly heleýi başyňa ýapkjakmy? Onda-da ýurt jelebini. Men indi ile-güne nädip çykaýyn? Dogan-garyndaşa näme diýeýin?» diýip, oglunyň aýagyna ýykyldy. Menem: «Eşitdim-eşitmedim diýme. Şu günki wakadan soňam ataň-eneň üstünden ätläp şoň ýanyna gidäýseň şu gapa aýagyňam sekdirmen» diýdim. Emma bar diýenimiz puç boldy. Hiç birimiziňem gepimiz ýer tutmady. Aýdanlarymyzy ýüzüni ýerden galdyrman diňledi-diňledi-de, sesini çykarman turdy ötägitdi. Çykjak wagty men onuň ýüzüne seretdim. Ogul öňki ogul däl. Ýüzi-gözi gara-ört. Ejirli. Agyr ýüküň aşagynda galan ýaly «has-has» edip demini iki çigninden alýar. Damagy dolup dur. Şonuň üçinem gepläp bilen däl bolsa gerek. Kalbynda güýçli bir harasadyň köwsarlaýandygy, daş çykjak bolup dyzaýandygy bildirýär. Şonda men onuň ol işleri öz erkine edip ýörmändigini, agyr derde sataşandygyny aňdym. Nebsimem agyrdy. Ýöne, barybir men ýelden-günden, otdan-suwdan goraglap, nägünlik bilen kemala getirilen çagamyň girdaba gark bolup barşyna biperwaý seredip oturyp biljek däldim. Ony halas etmek üçin men bir zatlar etmelidim. Bir çykalgajyk tapmalydym. Şol maksat bilenem polisiýa ýüz tutdum. Ähli zady jikme-jik gürrüň berdim. Gaýrat ediň, kömek ediň diýdim. Olaram: «Agam, biz näme edeli? Görnüp duran jenaýatçylykly hereketi bolmasa biz oňa näme günä ýükläli? Nämäniň esasynda çäre göreli? Iň bolmanda bozuklygy, günde-günaşa öýünde salyhatsyz oturlyşyklar gurnaýandygy barada goňşularyndan şikaýat bolsa, onda başga mesele. Diňe oglumyz şunyňka gatnaýa, şu şonu azdyrýa, diýeniňiz bilen bolanok. Öý eýesi garşy bolmasa islendik adam islendik adamyňka barybam bilýa, ýatyp-turubam bilýa. Eger-de öýüme gelýä, günüme goýanok, diýip ogluňyzyň üstünden şol aýalyň özi şikaýat etse, onda biz hakykatdan-da siziň ogluňyza çäre görmeli bolýas» diýdiler. Ondan soň prokuratura ýüz tutdum. Edil dilleşen ýaly olaram şony gaýtaladylar. Göwnüme bolmasa hukuk goraýjy edaralaryň barysy şol aýalyň arkasyny alýan ýaly bolup göründi. Başga kime ýüz tutjagymy, kimden haraý sorajagymy bilmän gän gezdim. Wagt bolsa geçip dur. Bir günem oglum agşamaralar ýüzüni garaňka tutup geldi-de: «Kaka men-ä bir kesele uçradym, kömek edäýmeseň boljak-gä» diýdi. Görüp otursam ol şol aýaldan kesel tutupdyr-da, bejerder ýaly ep-eslije pul gerek ekeni. «Hä-ä, gördüňmi? Indi bildiňmi şoň kimdigini?» diýip, üstüne küpürsedim. Gaýtmaşym diýdirjek boldum. Ol welin şonda-da şonuň arkasyny aldy: «Ýok, kaka, ol günäkär däl, ol arassa». «Onda munyň näme? Ýa başga-da barýan ýeriň barmy? Ýa köçedäkilere-de ýanaşýaňmy» diýdim. «Ýok, başga gatnaşýanym ýok. Munuňam özi boldy. Nädip bolanynam bilemok. Garawulçylykdakam sowuklap dagy eden bolaýmasam». Çagaň-da, durup bolanok. Onsoňam her näme diýse-de şu indikisine sapak bor, gaýdyp gitmez, öýtdüm. Diýen puluny tapyp berdim. Bejertdim. Ejesi ikimiziň göwnümiz üçinmi, nämemi, her niçik hem bolsa ol gutulandan soň bir hepde ýaly öýde boldy. Meniň maşynym bilen kireýem etdi. Öýe pulam getirdi. Biz muňa begendik. Ýöne, begenjimiz uzaga çekmedi. Gitdi. Iki günden soň geldi-de: «Onuňka gidemok, oglanlaryň ýanynda boldum» diýdi. Emma, ertesi ýene-de gelmedi. O gezegem tanyşlarynyň biriniň adyny tutdy. Şeýdip ol-a bizi ynandyran bolýady, bizem ynanan bolýadyk. Bolup ýörşi welin ynanarlykly däldi. Öýe gelmesini barha seýrekledýärdi. Biz halys kelebiň ujyny ýitirdik. Çykalga tapman dört diwaryň içinde urundyk, iki ýana elewredik. Öýde telewizoryň, radionyň, magnitafonyň, daşarda dürli tomaşalaryň, baýramçylyklaryň bardygy ýadymyzdan çykdy. Iň ýamany o zatlardan çagalarymyzam mahrum boldular. Ýeke bir o zatlardan däl, ata-enäniň mährindenem, oýüň höwselesindenem mahrum boldular. Ilkagşamdan biri-birimize maňlaý direşip biz-ä öz derdimiz bilen başagaý, ýagdaýdan çykalga tapmagyň, dürli ýollaryny agtarmana başlaýas, olaryňam hersi bir burça geçýärler-de, bize tarap gözjagazlaryny mölerdişipjik oturýalar. Bu öýde nämeleriň bolup geçýändigini bilmäne çalyşýarlar. Aýal ikimiziň gözümize ýaş geldigi olaram biri-birlerini gujaklaşypjyk aglaşmana başlaýarlar. Soň bize olary diňdirmek iş bolýar. Şeýdip ýörkäk bir gün oglumyz ýene-de şol bir mesele bilen ýüzüni ýerden asyp geldi. «Şu gezegem kömek et jan kaka», diýip ýalbardy. Dodaklaryny kemşerdip gözlerinden ýaş dökdi. Indi bir gitmän oňarmyň şoň ýanyna, diýip gyssadym. Ýerden ses çykdy ondan çykmady. Turup depginiň aşagyna alaýasym geldi, ýöne, onuň bilen meseläniň çözülmejekdigine gözüm ýetip duransoň uludan demimi aldym-da: «Bolýa, men seni şu gezegem bejerdeýin, ýöne gutulan günüň şu barada şoň üstünden isleseň polisiýa, isleseň prokuratura arza ýaz. Birem däl, iki gezek boldy diýip ýaz, bir depik gumy bilen ýok edeýin men şony şu şäherden», diýdim. Ol welin kellesini iki dyzynyň arasyna sokup oturşyna: «Ýok, kaka, men beýdip bir ejiz naçara ýamanlyk edibilmen» diýdi. Içim dagy ýandy. Şonda-da özüme basalak boldum-da: «Onda şoňka gatnamaňy bir goýarmyň» diýip gygyrdym. «Goýubilemog-a kaka! Sen bir düşünäýmel-ä men ýagdaýyma. Sen erkek adam-a» diýip, ýüzüme şeýle bir naýynjar bakdy welin, men onuň indi halas ederden has çökder hala düşendigine, çagamy ymykly elden gidirendigime göz ýetirdim. Sen aýdýaň, ol heleý syrty doýan güni ony kowar, o-da ahyry öz ýalňyşyna düşünip geler, diýýäň. Ýo-o-k... Ol indi gelmez. Ol-a muny kowmaz, bu-da gaýtmaz. Belanyň haýsy tarapdan geljegin-ä bilemok welin, muň ahyrsy bir betbagtçylyga diremän gutarmaz. Soňabaka-ha gaty gyssabersem özüni heläkläýmesin şu diýen pikirem peýda boldy bir ýerden. Aýalymam özünde şolar ýaly gorkynyň dörändigini aýtdy. Şondan soň-a hasam aljyradyk. Şu wagtam şol aljyrap ýörşümiz. Halys, kelebiň ujyny ýitirdik. ― Omar sözüne dyndy berdi-de, içini egsen adam hökmünde uludan demini aldy. Esli wagt böwrüni diňläp oturdy. Aşaky dodagyny titredip, ýüzüme naýynjar garady. ― Ine, gardaş, biziň-ä düşen günümiz. Näme etjegimizi bilýän däldiris. Saňa-da aýdaýyn-aýdaýyn diýip, aýdybilmän, aýdyp oturşym şu. Öňem ýüz tutmadyk, töwella etdirmedik adamymyz galmady. Metjide gatnan döwri sapak alan mollasy bardy, gowy görüşýardi, ana, şonam çagyryp, ýüzbe-ýüz oturdyp gördüm. Bolanok. Dogry, kim näme diýse-de, ejesi ikimiz bir zat diýsegem ýok diýenok, bolýa, diýýä. «Aýdanyňyz dogry, men size düşünýän, siz maňa kömek etjek bolýaňyz, men bolsa sizi heläk edýän, men hökman siziň aýdanyňyzy ederin» diýýä. Ýöne, edibilemok. Öz-özüni ýeňibilenok. Nebsine buýrubilenok. Şoňa gaýraty çatanok. ― Omar oturan ýerinde arkan gaýyşdy. Ýadaw nazar bilen ýüzüme seretdi. ― Sen özüňem bir gürleşip göräýseň nädýä şoň bilen? Iň bolmanda telefonda. Derdi çeken biler, diýipdirler, belki nepiň deger. Gürleşmekden netije çykmajakdygyna gözüm ýetip duran hem bolsa men dostumyň raýyny ýykyp bilmedim. Şondan iki gün geçenden soň agşamaralar Omar öýe jaň etdi: «Oglum häzir ýanymda otyr, iki agyz gürleşsene şuň bilen» «Ber trubkany» diýdim. Berdi. Aňyrdan Omaryňka juda meňzeş, ýöne, ýaýaplabrak çykýan gowuşgynsyz ses eşidildi: «Salowmaleýkim». Men onuň salamyny aldym. Adyny, hal-ýagdaýlaryny soradym. Düşen gününden habarlydygymy syzdyrdym. Öz çeken jebri-jepalarymy gysgaça beýan etdim. Soňundanam: «Seň öz ýüregiň näme diýýä? Aýrylyşasyň gelýämi? Barmy şeýle isleg?» diýip soradym. Agyrysyz-ynjysyz aýrylyşmanyň ýoluny salgy berer öýden bolsa gerek, ýigit howlukmaç gürledi: «Bar, bar. Şeýle isleg bar. Ýöne başaramok. Aýrylyşybilemok», «Ol seniň özüňe bagly. Sen diňe özüň-özüňe kömek edip bilersiň. Saňa wagt gerek. Aýralyk yzasyny diňe wagt bejerýändir. Ýöne, esasy zat öz islegiň». Ýigidiň sesine jan girip ugrady: «Näçe wagt gerek borka?», «Ilki bir gün. Soň bir hepde. Ondan soň bir aý. Aňry çägem bäş aý. Şondan soň sen azapdan boş», «Agam, siziň bilen iki agyz gürleşip bolmazmyka?», «Ine gürleşip otyrys-a», «Ýok, men neme diýjek bolýan... Ýüzbe-ýüz oturyp diýjek bolýan», «Gel» diýdim. Ýarym sagat geçip-geçmänkä ol kakasy bilen tirkeşip gapymdan girdi. Daýylaryna çeken bolsa gerek, köp şähtden kakasyna meňzemeýän, syrdam baýly, ýüzüniň umumy keşbi üçburç, burnunyň gerşi inçe-de, tommaýy ýaýrawlyrak, gürlände ýa tolgunyp dem alanda burnunyň ganatlary höwür atyňky ýaly galyp-düşüp duran, gözleriniň hanasy çökgün, bäbenegi uly, gaşlak, owadan gara kirpikleri gyzyňky ýaly syh-syh, dodagyny çommaldyp göwresini iki ýana buruljyradyp ýuwaş gepleýän ýigit kakasyndan aşakda, çepki diwara arkasyny berip oturdy. Gollaryny dyzlarynyň daşyndan aýlap sag eli bilen-ä sol eliniň, sol eli bilenem sag eliniň goşaryndan tutdy. Kellesini dyzlarynyň arasynda bukup oturşyna günäkär okuwçy ýaly maňa tarap mölerildi. Men düşündim. Ol meniň söz açaryma garaşýar. Menden haraý isleýär. Men welin bir derman bilýän, o-da wagt. Onam ýap-ýaňyja telefonda aýtdym. Her niçik hem bolsa men onuň derdi beýany bilen doly tanyşmak üçin, «hekim» hökmünde özümi gyzyklandyrýan soraglary berip başladym. ― Sen şo gelniň nämesini gowy görýänligiň barada pikir edip gördüňmi? Ol jogap berip ýetişmänkä törki diwaryň penjiresiniň öňünde goşa ýassygy tirsekläp ýatan Omar laňňa galdy-da, aýasyna daýandy. ― Gelniň diýme-de aýalyň diýsene! Künti heleýiň diýsene! Kyrkdanam geçen-ä ol doganyňy... Ejesindenem bir ýaş ul-a! Ýigit erbet ynjady. Ýüzi ilk-ä al öwüsdi, soňam tutuksy çal reňke öwrüldi. Şonda ol meni geňler galdyryp kakasyna meňzedi. Ýöne, sesini çykarmady. Elime berdiňmi otur indi sesiňi çykarma-da, goşulma, ýogsam bulaşdyrarsyň, diýen terzde men Omara alarylyp seretdim! Ol düşündi. Ýene-de ýanyna ýaplandy. Aşak bakyp başyny ýaýkady. Men ýigide seredip soragymy gaýtaladym. ― Namesi ýaraýa saňa şoň? Ýa ol uçursyz owadanmy? Iki dyzyň arasyndan görünýän üçburç ak ýüzüň agzy gymyldady. ― Meň üçin şondan owadan maşgala ýok. «Mäşgele, mäşgele» diýip, Omar ýatan ýerinden onuň agzyna öýkündi. Men oňa ünsem bermedim-de, soragymy dowam etdirdim. ― Belki baýdyr? Pul berýändir? Ekläp-saklaýandyr. ― Aý, ýok, pulam berenok, ekläbem saklanok. ― Onda näme üçin barýaň ýanyna? Diňe owadanlygy üçinmi? ― Ýok, edil onuň üçinem däl. ― Onda näme üçin? ― Bilemok. ― O nähili bileňok? Haýsam bolsa bir zat baglanyşdyrýandyr-a sizi. Şony alyp önüp-ösmejekdigiňe-hä gözüň ýetýändir? ― Howwa. Oňa gözüm ýetýä. Ýöne, o zatlar barada aramyzda gürrüňem bolanok. ― Meni al, bile ýaşaly, bir gapydan girip-çykaly dagy diýenokmy? ― Ýok. Olar ýaly gürrüňleriň üstündenem baranok. ― Onda näme baglanyşdyrýa sizi? ― Nämäniň baglanyşdyrýandygyny özümem bilemok. Soňky döwürlerde-hä hiç zat baglanyşdyrmaýanam ýaly. Diňe meň bir özüm ýapyşyp ýatan ýaly. ― Nämeden bilýäň ony? ― Köp zat üýtgedi. Başda ol meni bir gün görmese oňup bilmeýärdi. Sähelçe gijä galsamam: «Näme köp eglendiň? Näme üçin köp garaşdyrdyň?» diýip, üstümde ölüp-öçüp barýady. Indi welin beýle däl. Barsamam, barmasamam göwni bir ýaly. «Gelme indi meniň ýanyma, bar git, öz deň-duşuňy tap» diýip, kowýa. ― Eýle bolsa näme üçin ýene barýaň? ― Barman durup bilemok. Şonsuz oňup bilemok. Şo tarapa ýönelenimi bilmän galýan. Öýden çykanymda başga bir ýana diýip çykýanam welin, bir görsem şonuň gapysynyň agzynda durun. Ol meni özüne edil magnit ýaly çekýä... Men bilgeşländen onuň çetini gyzdyrmak isledim. ― Senden başgalar bilenem-ä gezýän ýaly-la seň onyň. Okum nyşana degdi. Ýigit edil hudaýyna dil ýetirilen ýaly tutuş göwresi bilen tisginip gitdi. Aýdylan sözi ýokuş görmekden ýaňa eli, aýagy saňňyl-saňňyl etdi. ― Aý, ýok, edil beýle däldir. Ol söz ýalandyr ― diýende sesem sandyrady. Men hüjümi dowam etdirdim. ― Iki gezek özüňi bejerdipsiň, oňa näme diýjek? ― Bu gezekki atan okum baryp onuň çat maňlaýyndan girdi. Üçburç kelle ýene-de somalyp duran iki sany hor dyzyň arasyna sümüldi. Esli wagtlap maňa onuň yhlas bilen bejerilen kellesiniň süýr depesinden başga zat görünmedi. Seýrek saçlarynyň arasyndan akjaryp görünýän derisiniň üstüni örtmekçi bolýan ýaly, ýigit aýalary bilen birki ýola depe saçlaryny ýatyş ugruna tarap sypalap goýberdi. Ýeri, şo zatlary dagy aýtmak nämä gerek boldy diýsene, diýýän manyda kakasyna tarap gyýa-gyýa seretdi. Bu onuň jogapdan gaçdygydy. Agam, meni beýle sykajaga salma, diýdigidi. Şonuň üçinem, meniň ony şondan artyk gynasym gelmedi. ― Ýeri, bolýa, onda sen maňa şoň bilen başga nädip, nähili ýagdaýda tanyşandygyňy aýdyp beräý. Kelle iki dyzyň aşagyndan çykdy. Maňlaýy gara der bolan aksowult üçburçlyk göründi. Hamy ýalpyldap duran inçegeriş burnuň deşikleri giňedi. Ganatlary ýellendi. Bäbänekler öňküsindenem ulaldy. ― Garawulçylykdakam goňşy edaradaky garawul oglanlaryň ýanyna gelýädi. Şolar bilen bir sagat, ýarym sagat oturyp, gürrüňleşip gidýädi. ― Diňe gürrüňleşip gidýädimi ýa başga-da bir zatlar bolýamydy aralarynda? ― Ýok, başga zat bolanokdy. Ol arak içmäni gowy görýädi. Şonuň, üçinem gatnaýady. Içip-içibem gidýädi. ― Häliden bäri kükregini ýelden dolduryp, «has-has» edip oturan Omar şondan artyk saklanybilmedi. Gyşaryp ýatan ýerinden sähelçe dilkeldi-de, bir aýasyny ogluna tarap serdi. ― Sen nä bilýäň o ýerde nämäň bolup, nämäniň bolmaýanyny. Üçburç ýüz ýene-de iki dyzyň arasyna gitdi. Ýene-de bejerilen gara kelläniň aksowult derili depesinden başga zat görünmedi. Şol ýerden «hoň-hoň» edip çykan zoňtar sesiň näme diýýänini welin Omar ikimizem aýyl-saýyl eşitdik. ― Bilýän-dä men şony. Men ýene-de Omara «goşulmasana» diýen yşaraty etdim. Soň ýigide ýüzlendim. ― Aýdyber... ― Bir günem ol gelende goňşy edaradaky garawul oglanlar ýokdular. Öz-ä durmaly gezekleridi welin, çalşypdyrlarmy, nämemi, olara derek bir ýaşuly adam otyr ekeni. Ýaşulydan suwytly zat eşitmedik bor-a çemeli, kä durup, kä ýöräp, ol aýal meniň ýanyma geldi. Oglanlary sorady «Garry köpek ýaly hyňranyp belli bir zat aýdanok» diýip ýaşula gatyrgandy. Menem: «Näme üçin ýokduklaryn-a dogrusy özümem bilemok, ýöne, ine, meň ýanyma giräý, şu ýerde garaşaý, belki gelerler, gelmeselerem näme diýseň getireýin, oturaly, men içmesem sen içersiň, diýdim. Birbada giräýjek ýalam etdi-de: «Gel-aý, girmäýin-le... Honha, o köpegem tiňkesini dikip dur» diýip, daş işikde towlanjyrady durdy. Ahyram köwşüniň burnuna seredip, assa-ýuwaş daşlaşmak bilen boldy. Men yzyndan ýetip: «Onda telefon nomeriňi bir ber» diýdim. Azajyk oýlanyp durdy-da sumkasyndan kagyz-galam çykardy. Ýazyp berdi. Ertesi jaň etdim. Gel, diýdim. Esli mahal sesini çykarman durdy. Soňam: «Utanýan» diýdi. Ikinji gezek bu gün joramyň doglan güni, şoňka gidýän, diýdi. Üçünji gezek jäň edenimde: «Başga bir ýere bar diýseň baraýyn, ýöne ol ýere barjak däl, öňki oglanlaram men zerarly işden çykarypdyrlar» diýdi. Şeýdip şäher içinde bir ýeri belleşdik. Dogrymy aýtsam şol gezek men ony özümden uludyram öýtmändirin. Deň-duşumdyr öýdüpdirin. Edil gyz ýaly. Özem gurjak ýaly bezenip bir gelipdir welin, şeýle eýjejik maşgalanyň özüme boýun bolanyna birbada ynanybam bilmedim. Ana, şonda oňa meniň mähirm gitdi. Şondan bärem şol mähriň humaryndan açylyp bilemok... Sowaşyp bilemok. ― Şol gün nirä gitdiňiz onsoň? ― Onuň öz öýüne gitdik. Men uzak wagtlap içimi hümledip, aşak bakyp oturdym. Köp zatlary aňymda aýladym. Ölçerdim. Dökdüm. Ahyram häliden bäri näme diýerkä, diýip, agzyma aňkarylyp oturan Omara ýüzlendim. ― Obada garyndaşyň bamy? Agaň?.. Iniň?.. Daýyň?.. Ýegeniň? ― Ba-ar-la-aý... ― Omar ýene-de aýasyna daýanyp dik oturdy. ― Hemmesem bar. Men özümem aýtdym öten agşam şuňa seň şu wagtky diýjek bolýan zadyňy. Ýöne, utanylýaram how, ýigit ýeten ogluňy oba eltmäge-de iki-üç aýlap taşlap gaýdybermäne. Her kim bir zat pikir etjek. Ile-de näme gep gerek. ― Iliň-günüň gepinden gaçsaň-a, Omar gymyldabam bilmersiň. Onsoňam gepiň ulusyny sen ogluňy mazaly çoçgara çolaşdyranyňdan soň eşidersiň. Bir gowy zat ogluň özem dertden gutulasy gelýä. Kömek gerekdigini, özünde ygtyýar ýokdugyny hiç zada güýjüniň çatmaýandygyny boýun alýa. Haraý isleýä. ― Men ýigide ýüzlendim. ― Dogry gerek? Derdiňden dynasyň gelýä gerek? Ol ýuwaşlyk bilen başyny galdyrdy. Argyn gözlerini süzgekledip maňa garady. Guran dodaklaryny ýalady. Dilini çolaşdyryp zordan gepledi. ― Gelýä... ― Iki-üç aý oba gitmelem bolsa gidersiňmi? ― Giderin. Men Omara tarap boýnumy süýndirdim. ― Ine, gördüňmi? Esasy zat ine şu! Şunyň islegi. Razylygy... ― Wah-h... ― diýip, Omar sag eliniň ýumrugy bilen sol eliniň aýasyna şaplatdy. ― Aýtdym-a men saňa höwün. Bu doňuz hemmäň ýanynda-da şeý diýýä. «Bor» diýýä. Ýöne edenok. Häzirem şu ýerden öýe bararys welin, düýbünden başgaça gürlär. Men elimi serdim. ― Onda, meňň-ä edibiljek zadym ýok, Omar. Bar bilýänje dermanym-a şol. Aýralyk. Wagt. Dertliniň öz islegi. Mertligi. Düşünjeliligi. Şonuň üçinem, häziriň özündejik öýüňe bar-da, dynjyňam alman ýola düş. Ertire-de galma. Ýekeje sekundam eglenme. Eglenseň giç bor. Bu zatlar abaý-syýasat, uruş-sögüş, polisiýa, prokuror bilen çözülýän mesele däl. Hiç bir kada-kanuna boýun egmeýän, şahsy duýgy-düşünje netijesinde döreýän dert. Omar ýerinden turansoňam esli mahal yranjyrap, oýurganyp durdy-da, şo-ol, başky, şundan birnäçe gün öň beren soragyny gaýtalady. ― Eýsem onda söýgümi şu? ― Bu soragyňa men ähli gürrüňlerimiň dowamynda jogap berdim, Omar. Düşünmedik bolsaň, özüňden gör. Şol dertden sowa geçen bolsaň, onuň nämedigine düşünmeýän bolsaň, bilmeýän bolsaň, sen onda dünýede iň bagtly adamlaryň birisiň. Ol durdy-durdy-da başyny ýaýkady. Sesini çykarmanam çykyp gitdi. Agyr dert astynda ýegşerilip duran ýigidem kakasynyň yzyna düşdi. Ogluny iberendigi ýa özüniň äkidendigini bilmek üçin, ertesi irden Omarlara jaň etdim. Trubkany onuň özi aldy. ― Aý... Iberjek boldum welin... Özüm äkideýinem bir diýdim-de... Ýöne... Şu gün goňşularyyzyň biri hudaýýoly edýän ekeni-de... Şoňa kömekleşmeli boldy-da... Ir bilen ogluma maşyny berip mal bazara ugratmaly boldy-da... Indem nemedäýmesem... Ýa ertir özüni iberäýmesem ― diýip, birgiden boş takal oklady. Soň eşidip otursam hiç hili hudaýýolam ýok ekeni-de, entek oglunyň soňky «bejergisi» entek doly gutarman ekeni. Iň soňky ukoly galypdyr-da, onam maňa aýtmany kyn görüpdir. Ýöne, ol ogluny barybir oba ibermedi. Ertesem ibermedi, birigünem ibermedi. Her gün bir bahana bilen gaýra çekdi oturdy. Ýüreklerine düşýän bolmaýyn, diýdim-de, menem soramamy goýdum. Ýarym aý töweregi wagt geçendir-dä, bir gün ol ir bilen, garawulçylygy tabşyrjak bolup durkam ýüzüni çaňjardyp geldi-de, bir meýdan öz okunyň daşyndan aýlandy, çermegini çekişdirdi, soňam diň-gögüne bakdy-da, hamala menden ötünç soraýan ýaly, şeýle-de öz-özüni aklaýan ýaly: ― Aýtdym-a men, etmez diýdim-ä, gitmez diýdim-ä... ― diýdi. Men birbada onuň näme diýjek bolýanyna düşünmedim. ― Nämäni etmez, diýdiň? Kim etmez, diýdiň? Nirä gitmez, diýdiň? ― Oglum oba gitmez diýdim-ä. ― Hä-ä... Omy-y... Näme, gitmedimi? Gitjekdäl diýdimi? ― Gitjek dälem diýemok-da, birhili buruljyrap ýör. Gitmäýenini kem görmeýän ýaly. ― Gatnaýamy onsunyň ýanyna? ― Kä gije öýe-hä gelenok. Ýöne, öňküsi ýaly däl. Seň gürrüňleriňden soň üýtgändigi, öz-özi bilen göreşýändigi bildirýä. Özüne zor salýan bolmagam mümkin. Şoň üçinem men gaty bir dyzabam duramok, äkitjek bolup. Şo meseläni ejesem gaty bir göwnäp baranok. Gözümiziň alnyndan aýrylsa gorkýan, diýdä. Dogrusyny aýtsam şol gorky mende-de ýok däl. Senem gaty görmersiň-dä, aýdanymy etmediler, diýip. ― Men nämäni gaty göreýin, Omar. Çaga siziňki. Nähili hereket etseňizem ol siziň öz işiňiz. Şol gezek men oňa şondan artyk zat diýmedim. Diýeýin diýäýenimde-de indi mende aýdara zat ýokdy. Ähli aýtjak zatlarymy aýdyp, berjek maslahatlarymy berip gutarypdym. Şonuň üçinem tä Omar çykyp gidýänçä sesimi çykarman oturmaly boldum. Bir hepde geçenden soň ol bir gün ir bilen, işden gitjek bolup durkam ýyljyraklap garawulhananyň gapysyndan girdi. ― Bolaýdy öýdýän... ― Hä, näme boldy? ― Şol, seň diýeniň bolaýdy öýdýän. ― Hany, düşnükliräk edip aýtsana. ― Kowaýdy öýdýän şo heleý şony. ― Öňem kowýan ekeni-dä. ― Aý, ýok, bu gezek ymykly kowan-a meňzeýä. ― Özi aýtdymy? ― Öz-ä aýdanok welin, bolup ýörşi şoňa meňzeýä. Bäş-alty gün bäri öýden çykanok. Hiç kim bilen gepleşenok. Güň ýaly. Diňe düýn öýländen bäri dil açyp ugrady. Meniň ýanyma geldi-de: «Kaka, dogrudanam men birki aýlap oba gideýin» diýdi. Äkideýin diýsemem. «Ýok, özüm giderin» diýdi. Agşamaralaram meň maşynymy münüp gitdi-de, täzeje telewizor getirdi. Şoňkudan alyp gaýdypdyr. Öň äberen ekeni. Ýüz elli dollarlyk, diýýä. Týunerem, antennasam, başga-da oduk-buduk zatlaram bar, olaram alyp gaýtjak, diýýä. Ejesi bolsa: «Zat gerekgä, jan oglum, sag-aman sypsaň bolýa, barma indi şoň gapysyndan» diýip, aglaýa. Belki, çyn bolaýady-da. ― Belki, şeýle bolaýady-da. ― Senem alada goýduk. Nädeli, gaty aljyraýdygam-da... ― Omar çygjaran gözlerini elýaglygy bilen süpürdi. ― Birnäçe bendeler çagalarynyň neşebentliginden, arakhorlugyndan zeýrenişip ýörler welin, men-ä şunam neşe bilen arakdan oň bela däl gördüm, gardaş... Men aşak bakdym-da, böwrümi diňledim. Öz başymdan geçiren külpetlerimi, çeken jebri-jepalarymy ýatladym. Şol döwürki ölüp ýörüşimi göz öňüne getirip öz-özümden utandym. Hatda, ýanymda Omaryň durandygynam unudypdyryn. Birdenem özüme geldim. ― Dogry aýdýaň. Belanyň gowus-a ýokdur welin, ýöne, şu bela o belalardanam has beter beladyr. Ýowuzdyr. Ýamandyr. Ony diňe şol derdi çeken bilýändir. ― Men ýerimden turdum-da, Omaryň elini gysdym. ― Başyňyzdan sowuldygy bolsun... ― Taňyrýalkasyn. Eden kömegiň üçin köp sag bol. Oňa çenlem jaň kakyldy. Sapaklar başlandy. Omaram okuw otaglaryna tarap ýöneldi. Işimi tabşyryp menem köçä çykdym. Institutyň golaýjagyndaky duralga baryp trolleýbusa mündüm. Ýaşlardan kimdir biri ýer berdi. Oturdym. Daş-töweregime göz aýlap barşyma Omaryň oglunyň agyr dertden gutulmagyna sähelçe hem bolsa kömegimiň degendigini ýatlap öz ýanymdan begendim. Şol oglanyň ýene-de sähelçe wagtdan dünýä düýbünden başgaça seretjekdigi ýadyma düşende bolsa begenjime trolleýbusdan düşüp ylgaberesim geldi. Juma HUDAÝGULYÝEW. | |
|
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |