19:59 Gargalaryñ saýlan patyşasy / erteki | |
GARGALARYÑ SAÝLAN PATYŞASY
Satiriki hekaýalar
Bolupmy bu waka ýa bolmanmy, kim bilýär! Ýöne gadym eýýamda bir ýurtda garyp bir adam bar eken. Ol şeýle göwni açyk, gowy adam eken. Onuñ dünýäde ýeke-täk dilegi bar eken. Ol dilegi hem beýleki adamlara ýagşylyk etmek eken. Ýagşylyk etmwk gowy zat, ýöne ony nädip etjek. Ine ol şuny welin bilmeýär eken. - Wah, elimden gelse, menem bir ile ýagşylyk etsemdim! - diýip, ol ah urar eken. Onuñ bu sözlerini eşidenler: - Ýeri bolýa, niýetiñ gowy. Ýöne nädip sen adamlara ýagşylyk etjek, şuny aýt ahyry? - diýenmişler. - Aý, ýöne her kime ýagşylyk etjek ýörjek-dä! Ýöne maña mümkinçilik bersinler, onsoñ näme iş etjegimi özüm bilerin. Günleriñ bir güni ol dagyñ üstüne çykyp: "Alla jan, maña bir kömek etseñ, menem bir adamlara ýagşylyk etsem" diýip, özbaşyna özi hümürdäp otyrka, ýeñse ýüzünden bir derwüş gelip: - Essalawmaleýkum, balam! - diýipdir. Adamlara ýagşylyk etmegi küýseýän adam yzyna gañrylyp seretse, ak sakgaly guşagyna ýetip duran bir garry goja dur diýýär. - Waleýkum essalam, hormatly babam. - Bu nä özbaşyña samrap otyrsyñ. Alladan näme dileg edýäñ? Ol bu garry baba ýetip bilmän ýören arzuwyny beýan edip, adamlara ýagşylyk edesi gelip, halys heläk bolup ýörendigini gürrüñ berýär. Ak sakgal baba şunça ony akylyna aýlajak bolýar: - Wah, balam, özüñ ýaly adamlara ýagşylyk edesi gelýän ýigitler başga-da kän. Ýöne sen bu işiñ nähili hupbatly pişedigini bir bilsediñ, beýdip janam etmezdiñ. Bu iññän agyr işdir, henizen bir pille, päliñden el çek-de, öz güzeranyñ bilen boluber. Ile ýagşylyk etmek ýamanlyk etmekden has kyndyr. Adamata, Howenemiz dünýä ineli bäri bu işi gaty az-az adamlar başaryp bildi. Oýlan senem, agyr işdir. Emma ol gulak asmandy: - Aýdýanyñyz dogry, ýöne men bu görünýän adamlaryñ hilinden däl. Bir uly adam bolup bilsem, şu ýeriñ ýüzünden ähli bela-beterleri ýok etjegimi bilýän. Hiç kim açlyk, suwsuzlyk garasyny görmez. Garyp-gasarlar, gedaýlar gaýyp bolar. Dawa-jenjele, uruş-sögüşe ýer goýman... Ähli ýerde berk düzgün-tertibi ýola goýaryn! - Bo-how, balam, sen gaty kän zat küýseýäñ - diýip, garry baba haýran galypdyr. - Näme etjek, sen şuny göz öñüne getirýäñmi? Seniñ ýalylar öñem gaty kän geçdi. Arzuwyny amala aşyrmagyñ ýoluny bilmän ýörenler bir sen däl, balam. - Düşünmediñ, agam - diýip, ile ýagşylyk etmegi ýüregine düwen adam eginlerini gysyp, ýene derwüşiñ gañryşyna gaýdypdyr. - Adamlara ýagşylyk etmek ýalam bir añsat iş bolarmy?! Onda ak sakgal derwüä hasasyny üç gezek ýere tyrkyldadypdyr-da: - Ýeri, beýle ile ýagşylyk edesiñ gelip ölüp barýan bolsañ, bu jelegaýda durma-da, ýola rowana bol! Dünýäni gez! Ahyry bir gün şu arzuwyñ wysalyna ýetjek iliñe bararsyñ - diýipdir. - Eglenme, ýola düş, balam! Garry babanyñ bu sözlerini eşidenden soñ, ile ýagşylyk etmegi niýetine düwen ýigit şol bada ýola düşüpdir. Gaty kän ýyllar sergezdançylyk edipdir. Baran ýerinde-de adamlara şeýle ýagşylyk edesiniñ gelýändigini, şundan başga arzuwynyñ ýokdugyny aýdýar eken. Ine onsoñ bir gün uzynly gijesi bilen ýol tartansoñ, dañ agaranda, alysda bir şäher görnüpdir. Onuñ çar töweregini äpet gala gurşap durmuş. Ol gözläp, şäheriñ derwezesini tapyp, içeri giripdir. Şäheriñ meýdanyna gelip, geñ galyp doñup galypdyr. Geñ galmaz ýaly däl diýýär! Şeýle bir mähelle üýşüpmiş welin, telpegiñi zyñsañ, ýere gaçjak däl diýýär. Men aýdaryn - ýüz müñ adam diýip, sen aýdarsyñ üç ýüz müñ adam diýip. Añyrsam ýok, bärsem. Dünýä hyñ berýär. Biziñ jahankeşdämizem şo märekäñ içine özüni urdy. Hemmeler şol bir sözi aýdyp, gygyryşýardylar. Ol ep-esli salym diñläp durup, näme diýip gygyrýanlaryny aýyl-saýyl etdi. Olar: - Ildeşler, watandaşlar! Men sizden ýagşylyk hantama. Şu gargalary ynandyryñ, olar meni patyşalyk tagtyna çykarsynlar. Goý, gargalar meni şa saýlasyn! Şeýtseñiz, bagtyñyz geler, görüñ-de duruberiñ. Bu şäheriñ derýalaryndan şerbet suwy akyp, köçeleeinw altyn kerpiç goýaryn. Ýagyş-ýagmyryñ deregine bulutlar toşap guýar. Bir eliñiz mesgede, beýleki eliñizem - balda bolar. Tañryñ beren güni naz-nygmatdan gerk-gäbe borsuñyz! Iýseñiz - öñüñizde, iýmeseñizem - arkañyzda bor. Şeýle bir asuda ýaşarsyñyz welin, soña baka mundanam irip başlarsyñyz. Eziz ildeşler, gargalara aýdyñ, olar meni patyşa saýlasynlar! Bu sözleri eşidip, biziñ jahankeşdämiz özüni ýitirdi, aljyrady. Ýanynda duran adama äñetdi. Görse, şol telim ýyl mundan öñ dagyñ üstünde duşan ak sakgal gojasy! Gözüme görnäýýän bolaýmasyn diýip: - Essalawmaleýkum, hormatly atam! - diýip, oña salam berýär. - Waleýkum essalam, balam - diýip, ak sakgal goja onuñ salamyny alýar. - Bu şäherde hemme kişiñ bir arzuwynyñ bar ekenligini görüp durun. Ýöne näme üçin beýle gaty gygyryşýarlarka? Hormatly baba: - Her kim öz ýanyndan diñe men ýagşylyk edip bilerin diýip pikir edýä, emma ile ýagşylygy nädip etmelidigini welin, bilmeýär, şonuñ üçinem... - Bu adamlar mydama-da şeýdip gygyrýarlarmyka? - Ýok, diñe saýlaw wagty şeýle gygyrýarlar. Bu taýda ýylda bir sapar saýlaw bolýar, her kimem özüni saýlatjak bolýar. - O näme üçin? - Sebäbi her kim diñe men ile ýagşylyk edip bilerin diýip hasap edýär. Her kimem ýagşylyk etjek. Ýamanlyk etmek isleýän ýeke adamam ýok. - Häzir näme saýlaýarlar? - Patyşa saýlaýarlar! Bu ýurt üýtgeşik ýurtdur! Bu taýda häkimiýet atasyndan ogluna geçmeýär. Beýleki ýurtlarda bolsa patyşalyk nesilden-nesle geçýär. - Ýeri, bolýa, onda näme üçin bular "garga, garga!" diýşip gygyryşýarlar? Şuña düşmedim. - Sebäbi bu ýurtda patyşany gargalar saýlaýar. Edil şol wagtam birden dünýe garaldy. Gargalar süri-süri bolup uçup gelip, günüñ öñüni tutdular. Gargalar adamlaryñ depesinden "gak-gak" edip uçup geçip barýakalar adamlar: - Jan dogan garga, jan dogan garga, meni saýlasana, meni saýlasana! - diýip ýalbarýardylar. Gargalar gagyldaşyp, böwür berip aýlanýarkalar olaryñ içinden bir ullakan garga bölünip aýryldy-da, adamlara ýagşylyk etmek niýeti bilen dünýäni aýlanyp ýören adamyñ üstünde pel-pelläp başlady. Ol pesläp uçup, zol-zol şol adamyñ üstünde pyrlandy. Pyrlandy-pyrlandylar-da, soñam gagyldap edil bu adamyñ kellesine garga täretini etdi. Şeýtdi-de ýene al-asmana göterildi. Meýdança üýşen müñlerçe halaýyk ýerli-ýerden ony gutlamaga başlady. - Pah, zalywat, ýene iki gezegiñ galdy, şonam şeýdäýse, ýurduñ patyşasy sen bolýañ! - Ýene ikije gezek kelläñi pohlasa, patyşa sen! - Iki gezegiñ galdy! - Berekella! Bu bolýan işlere düşünmän, ol ýene ýanynda duran ak sakgal goja ýüzlendi: - Bu näme boldugy? Nämeler bolup geçýä? - Bu ýurtda şeýdip patyşa saýlaýarlar - diýip, garry baba düşündirdi. - Eger garga şol bir adamyñ başyna üç sapar nejasadyny dökse, şolam ýurduñ patyşasy bolýar. Sen, diýmek, häzir üçden bir patyşa saýlawyndan geçdiñ. Biribara sygyn, gargañ ýene seniñ kelläñi saýlaryny dileg et. Goja bu sözleri aýdyp-aýtmanka, ýene hälki garga onuñ üstünden şowurdap uçup geçdi-de, biziñ jahankeşdämiziñ kellesini görer ýaly etmedi. Märeke ýene gygyrmaga durdy. - Haý, ilat, ýene bir gezegi galdy-haw! Ýene bir gezegi galdy-haw! Emma garganyñ bu goh-galmagal piñine-de däl. Üçünji saparam ýene şonuñ kellesini saýlady. Indi etjek alajyñ ýokdy. Şundan soñ bu ýurduñ adamlary bu derwüşi patyşa diýip ykrar etdiler, ony eginlerinde göterip, köşge alyp geldiler. Bu adam patyşa bolansoñ gargalary ýatdan çykarmady, sebäbi şolaryñ arkasyndan patyşa bolupdy. Ol derrew bag-bakjalardaky ähli garantgalary ýok etmeli diýip perman çykardy. Kimde-kim gargalary keseklese ýa ürküzse, kaza tabşyryp, olaruñ mazaly temmisini berdi. Ýöne ol munuñ bilen hem çäklemmedi. Ol her bir öý günde gargalara bir gysym däne oklamaly diýip buýruk etdi. Halk ýer depip garşy çykdy, emma patyşanyñ gargalardan özge gözüne hiç zat ilmedi. Şeýlelik bilen bir ýyl geçdi. Täze saýlaw geldi. Bu ýurduñ ilaty ýene şol meýdança ýygnandy. Ýene adamlar gargalara ýalbarmaga başlady. Edil öñküleri ýaly, bu saparam her kim adamzada ýagşylyk etjekdigini aýtdy. Edil gara bulut ýaly bolup ýene gargalar uçup geldi. Edil öten ýyldaky ýaly, asmanyñ ýüzüne şar gara perde tutuldy. Gargalaryñ gagyldysyndan ýaña asman-u zemin lerzana geldi. Eger öñler patyşany bir garga seçip-saýlan bolsa, bu ýyl, patyşanyñ eden ýagşylygyny ýerine salmak üçin, on sany garga saýlamak däbini berjaý etdi. Ol bu saparam patyşa bolup, gargalaryñ özüne eden ýagşylygynu unutmazlyga çalyşdy - öýin-öýin ýigrimi sany garga ýetişdirmeli etdi. Olary sowukdan, şemaldan goramak üçin höwürtge gurmaly diýip, perman çykardy. Bu mähirli alada gargalaryñ nirede gören zady: şeýle bir semrediler welin, her biri düýeguş ýaly boldy. Duýman durkañam täze saýlaw döwri geldi. Patyşadan nägile halk eýläk urundy, beýläk urundy, ýöne etjek alajy näme? Bu gezekki saýlawda her biri düýeguş ýaly ýüz garga ýene şu patyşañ kellesini saýlap tutdular. Ol üçülenji gezek patyşalyga saýlanandan soñ: - Hiç bir gargada bit düşnügi bolmaly däl! Gargalaryñ bitini-sirkesini ýekeme-ýeke çöpläp, gaty päkize etmegi buýurýaryn. Gargalaryñ penjesine sürme salmaly, syrtlarynam ýaglap durmaly! - diýip, ýörite perman berdi. Idegi ýeten gargalar hä diýmän baggoýna añry dur diýdirdi. Özem sagatsaýyn köpeldiler. Ahyry olar şähere sygman başlady. Ýene onsoñ patyşa saýlamaly wagt gelip ýetdi. Bu sapar bäş ýüz sany semiz garga minnetdarlyk bilen öz ýagşyzadalarynyñ başyna üç sapar oñaryp nejasat dökdüler. Patyşa-da bergidar bolup galmazluk üçin, eýýäm şäherde galmaga ýer galmadyk adamlara guşlara öýüñizi goýuñ-da, daglara gidiñ diýip buýruk berdi. Bakysy ýeten gargalar indi sygyrdan kiçi däldi. Ýene nobatdaky saýlaw geldi. Asmanda öküz ýaly-öküz ýaly gargalar aýlanýardy. Olaruñ gagyldysy ýer sarsdyrýardy. Bu sapar patyşa bilen üzülişmek üçin ähli gargalar onuñ üstüne jem bolup geldiler-de, ählisi birden şu onuñ kellesidir-dä hernä diýip, öz "minnetdarlyklaryny" zyñdylar. Şeýle bir nejasat ýagdy welin, hiç aýdyp-diýer ýaly bolmady. Adamlar ýañadan hem bu ýurduñ patyşalygyna saýlanan adamy göterip, köşge äkitmäge gelseler. ... nähili bolandyr diýýäñiz? Garga pohy edil dag ýaly bolup durdy! Şol pohuñ aşagynda-da patyşa öli ýatyrdy. Muña şady-horram bolan adamlar al-asmana garap gygyryşyp başladylar. Her kim: - Eý, gargalar, gargalar! Meni saýla-da, meni saýla! - Meniñ başyma eñter! - diýip zowlasyp gygyrýardy. - Ine şu kelläñ üstüne dök!.. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: Kemal YKLYMOW. Türkçesi: http://kitapcy.com/news/2021-07-26-16706 | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |