07:42 Gaýdyp geliş / hekaýa | |
Gaýdyp geliş
Hekaýalar
(Hekaýa) Bu gije Nargülüň içini has-da gysdyrdy. Kejebesi darygyp, ýüregi agzyndan çykyp gelýärdi. Göwnüne, bu ýerleriň asmany-da, ýyldyzlaryň şöhlesi-de üýtgeşik görünýärdi. Günüň garasy gowy ýitip, gije gara şalyny bürenenem bolsa, howa ýeňläberenokdy. Petişdi. Wagtlaýyn tutulan gara öýüň gapysyna ýazylan köneje keçäniň üstünde Nargülüň özünden başga iki ynsan bardy. Ogullarynyň biri-hä sekiz ýaşlaryndaky Hudaýguly, beýlekisem ýaňyja bäşine giden Orazguly. Bir almany iki bölen ýaly meňzeşje, mele saçly, ak ýüzlüje çagalar dünýäden bihabar myrlaşyp ýatyrdylar. Olar asmandaky ýyldyzlaryň haýsysynyň özleriniňkidigi, haýsysynyňam ejesidir kakasynyňkydygy baradaky uzak dawadan soň ýadap surnugypdylar. Goşa çynaryny synladygyça, Nargülüň hasraty artyp gaňşyrawugy tütedi. «Indi, şü ýat illerde biz şeýdip, hor-zar bolup galybermeli boldukmykak? O haram ýezidem baýyň gyzy bilen nikalaşaly bäri bizden barha sowaýar. Eger o tuladan çagasy boluberse dagy gapymdan ýeke günem garamaz. Onsoň men bu ýat ilde iki balamy hor-homsy ulaltmaly bolaryn». Çaga eklemek hakda pikir edende, Nargül has-da hopukdy: «Nädip ulaldaýyn men olary. Bu ýerde ne-hä maňa borluk iş bar, ne-de bir eklenmäge umyt. Wah!.. Näme üçin gaýtdymkam aslynda bu ýerlere?! Öz ilimizde indi gowulyk. Täze hökümet, tüýs biz ýaly «Hudaý urup, pygamberem hasasyny dürtenleriňki». Ol halkyň alnyndan diredi. Kime ýer-suw berdi, kime mal-hal. Wah!.. Eger ýat ile nesibe çekmedik bolsa, belki, menem kolhoza agza bolardym. Hudaýguly jan bilen Orazguly jan täze mekdebe gatnap, hat öwrenerdi. Tüweleme, ulujam-a ers-mers. Nähili gowulyk bordy. Indi bu ýerlerde çagalarymyň ömri kül bolar...». Nargül bu pikirleri diňe beýnisinde aýlap, dilinde gaýtalaýardy. Ol ýanynda kimdir biri bar ýaly çalaja pyşyrdaýardam. Öz düşen ýagdaýyna hamsykdy. Gözlerinden ýaş paýrady. Ýüregi gobsundy. Dymyk howa barha demligini daraltdy. Ol hasanaklap galyp, düşekden kyrk-elli ädim aňyrlygyna ýöredi. «Alla janlarym, şu gün maňa bir zad-a bolýar. Gowusyny edeweri!» diýip, pyşyrdaýardy. Kimdir biri bilen derdini paýlaşmak isleýärdi. Ýöne kimiň ýanyna barjak! Ýat ilde ýürekdeşi ýok. Dogry, tanaýanlaram bar. Hanha, olar taýak atymlykda hatara tutulan öýlerdäkiler. Şol ýedi howlynyň ählisine-de ol belet. Ýöne olaryň ýanyna Nargül öňler hyzmat edip, döwüm-dişlem gazanmak üçin baran-da bolsa, häzir aýagy çekjek däldi. Hatda şol ýana seretse-de, Nargülüň ini jümşüldäp, ýüregi kükregine sygmajak bolýardy. Ol öýleriň birinde Nargülüň ýek ýigrenýän adamy bardy. Dogrusy, bu gelniň ony adam hataryna goşasy gelenokdy. Sebäbi ol—Çölli baýyň ýalňyz gyzy Güljeren Nargülüň elinden göwün beren ýassykdaşyny aldy. Çagajyklarynyň ýanyndan kakasyny alyp gitdi. Hudaýguludyr Orazguly indi ýarym aý bäri kakalaryny diňe gündiz, daşyndan görüp galýardylar. Şu zatlar ýadyna düşende, Güljereniň ýanyna baragada, onuň pökgerip, owasyndan çykaýarly görünýän möle gözlerini köwläp alaýasy gelýärdi. «Sen, tula, barjak bolsaň, meň ärimden başga adam tapmadyňmy?» diýip, ony it masgarasy etmek isleýärdi. Birdenem, Nargülüň Güljerene ýüregi awady: «Bagty ýatan, belki, ol Allagula barmaga bütinleý närazydyr. Kakasynyň deminden nädip gutulsyn o bende! Haram Çölli baý, Hudaýym, ýedi ýurda göçüp-gonsaňam, ýer tutmasyň, orun almasyň sen. Sen dälmi, bizem il-günden, ýer-ýurtdan aýryp alyp gaýdan. Sen dälmisiň, ýaňyja on altyny tegelän gögele gyzyňy çaga-çugaly birine çatyp, bagtyny ýatyran! Meni ärsiz, balalarymy atasyz goýan! Hudaýym, ýurduňda ýel össün seniň!». Güljerene ýüregi awaýan ýaly bolsa-da, gabanjaňlygy aýrylmady. «Wah, ýüz bermese-hä, Allaguly aram-aram bärigem-ä gelerdi. Asyl, çagalaryndanam bizar boldy ahyry. Allagulynyň syraty, görki-görmegem on sekiz ýaşly ýigitleri küýseder ýaly däl-ä...» Häzir ata Watanda, öz ojagynda bolan bolsady, bu gam-gussalary Nargülüň bir özi çekip oturmazdy. Dogan-garyndaşlaryna aýdyp, ýüküni ýeňlederdi. Olaryň hoşamaý sözler bilen ýüregini giňeltjeklerini ol bilýär ahyry. Asyl şol mähriban adamlar ýanynda bolanlygynda, belki, durmuşyň bu şarpygy Nargüle beýle agyr degmezdi. Pikirlendigisaýy Nargüli dünýe gowurdy. Ol göz açyp-ýumasy salymda çagalarynyň ýanyna ýetdi. «Wah, samsyk heleý diýse» diýip, ýene-de içini gepletdi. «Eneň-ataň duwlanan topragyny, mähriban adamlary taşlap nirä gelýäň diýsene! Gaýtmanym üçin Allaguly öldüräýenem bolsa, öz topragymyzy gujaklab-a ölerdim. Ine, indi bolsa maslygyň bu ýat ýurduň haýsy künjeginde galjagy belli däl. Bu gün Hamýapda togtanam bolsa, Çölli baýyň göwni Akjada ýa-da Andhoýda mekan tutmak. Bu çagalary horlap, ol ýerlerde syňsyraklap ýörendenm men oba aşjak bolaýyn». Nargül birden aýgytly pikire geldi. Häzir gidäýende-de, ony birbada duýjak ýokdy. Allagulynyň Çölli baý bilen goýunlary sürüp gidenine ýaňyja bir gün geçdi. Olar Andhoýyň ýa-da Akjanyň töwereginde gowy ornaşyp, soň aýal-oglan-uşaklar, öý-goşlar üçin gelmelidiler. Munuň üçin eslije wagt gerekdi. Häzir goşlary diňe baýyň hyzmatkärleri goraýar. Olaryň Çölli baýyň sansyz çopanynyň aýaly Nargül bilen asla işleri ýok. Nargül öýe girip, ýol azygy üçin saçakdaky barja çöregi aldy. Iki tüňçäni suwdan doldurybam egne atar ýaly edip, ýüpe daňdy. Süýji ukuda ýatan ogullarynyň ýanynda çöküp, olaryň başlaryny sypalady. —Hudaýguly jan, Orazguly jan!.. Turuň, balalarym! Çagalar yňňyl-çyňňyl etmän, ýerlerinden galdylar. Gözlerini owkalaşyp, ejelerine tiňkelerini dikdiler. —Nirä, eje?—diýip, ekabyrrak bolansoň ejesiniň ýola şaýlananyny duýan Hudaýguly sorady. —Öýümize, oglum! Öz öýümize! Nargül goşuny arkasyna atansoň, Orazgulynyň elinden tutup ýola düşdi. Hudaýguly hem leňkildäp ugrady. Daň agarmanka, Gowak obasyna ýetmelidi. Gowak—ata Watanyň başlaýan ýeri—şura ýurdy. Öňe ümzük atdygysaýy Nargülüň ýüregi gürsüldäp başlady. Gözlerinden akýan ýaş ýürege hiç hili agram salanokdy. Gaýtam, agladygysaýy ýaş gelniň ýüregi giňeýärdi. Watana ugramagyň taýsyz lezzetini duýmagyň gözýaşlarydy. Ol aglaýanyny çagalaryna duýdurmajak bolup, zol burnuny çekýärdi. Owganystanyň Hamýap obasyndan Türkmenistanyň Gowak obasyna çenli ep-esli ýol geçmelidi. Özem serhetçilere duýdurmajak bolmaly. «Göräýselerem, olara ýagdaýymy aýdaryn. Ýalňyşandygymy, Watansyz ýaşanymdan özüm üçin ölümiň müň paý gowudygyny düşündirerin. Düşünerler, şura adamlary adamyň ýagdaýyna düşünýärmişler ahyry!» diýip, Nargül özüne teselli berýärdi. Watana ýetmegiň yhlasy, höwesi ony barha öňe alyp barýardy. Çagajyklary hernäçe hyklasa-da, yňňyl-çyňňyl etse-de, Nargül Gowaga özüni atman, birem durarly däldi. Yzyna Hudaýguly zordan eýerýärdi. Orazgulyny bolsa ol käte göterýärdi. Onuň göz öňünde bu ýat ýurda gaýdyljak gündäki waka janlandy. ...Allaguly hepdeläp öýden ýitdi-de, bir günem garaňky gowy gatlyşanda, yzyndan ýagy kowýan dek hasanaklap geldi. Onuň gan guýlan ýaly gözleri neşesiniň gowy ýetendiginden habar berýärdi. Girip-girmänem sesini batlandyrdy: —Heleý! Goş-ýapyňy ýygna! Gidýäs bu ýerden! —Nirä? Näme üçin? Allaguly aýalynyň sowalyna jogap bermekden geçen, Nargülüň çem gelen ýerine depip ugrady. —Äri bir zat tabşyranda, diňlemeýän heleýiň derisinden içmek tikseňem, içiň sowamaz. Nirä gideris öýdýäň, Owgana gidýäs, Owgana! Bu habary eşidip, Nargülüň gulaklary şaňlady. Gözleri tegelendi: —Näbelet ýurdamy? Ýat ýerleremi? —Sen maňa ýene gep öwretmekçi bolýaňmy?—Allaguly barha guduz açýardy.—Bol basym, öýem gerek däl. Diňe egin-eşikleriňi al! Allaguly urmasyny goýup, çete çekildi. Sesini pessaýlatdy: —Çölli baýyň mallary eýýäm serhetden aşyryldy. Diňe aýallar galdy. Olar eýýäm goşlaryny daňyp bolandyrlar. Ýat ýurt hakdaky habar Nargüli serpmeden gaýdana dönderdi. Ol näme bolsa, şol bolsuna salyp, ýüregindäkini aýdyp galmakçy boldy: —Çagalaryňy ýat ýerde horlajakmy? Eşigiňi çalşyrmaga ýagdaýyň ýokka, ol ýerde nädip oňňut etjek?! Çölli baýyň aldawyna düşüpsiň sen, Allaguly! Ömrüňi aglap geçirmeli borsuň, ata Watany taşlap gitseň! Akylyňa aýlan! Orsuň il bilen işi ýok. Hana, Gurban, Mele dagy aýallary bilen kolhoza girdiler. Heý, şolaryň görýän zyýany barmy? Gaýtam, gün-günden agyzlary aşly bolýar. Bu gezek Allaguly Nargüle el galdyrmady. Sesini peseldip düşündirmäge çalyşdy: —Kapyr şeýdip, başda hülli-hülli edip, soň görýämiş halkyň işini. Ähli mallar-da bir ýerde saklanmalymyş, aýallar-da. Onsoň her kim gerek malyny, gerek heleýini alyp gaýdybermelimişin. Çagalary-da gitse-gelmeze iberýämiş. Owganda bolsa beýle zatlar ýok. Çölli baý sürüsiniň birini başy bitin bize berýär. Üstümize-de öý tutjak diýýä. Har-zar etmez! Bol! Nargül alasarmyk ýagdaýda galdy. Bir-ä myrlaşyp ýatan çagalarynyň, birem äriniň ýüzüne seretdi. Onýança Allaguly ýene gyzyp ugrady. Bilindäki aksaplyny gynyndan sogurdy: —Gitmejegem bolsaň, aýt. Men seni soýup gitjek. Maňa dini başgalar bilen baş goşup, meň ata-babamyň ganyny haramlajak bolýan aýal gerek däl! Ol şeýle diýibem, Nargülüň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Iki daşyň arasynda galan gelin ellerini daldaladyp, çirkin gygyrdy: —Waý, öldürme! Balajyklarymy ýetim goýarsyň! Gideýin häzir! Şeýdibem, ol äriniň yzyna alaçsyz düşmeli boldy. Allagulynyň aldananyna Nargül doly göz ýetirýärdi. Sebäbi Gurbanyň aýaly Gülle-de, Melejäniň aýaly Gyzlargülem oňa täze hökümetiň gowudygy barada her gün gürrüň berýärdi. Bir gün «kooperatiwden aldyk» diýip, owadan mata görkezseler, beýleki gün «kolhoz berdi» diýşip, däne getirýärdiler. Nargül hut şu zatlary görüp-eşidip duransoň, Allagula-da kän ýalbarypdy. Kolhoza girmegi ündäpdi. Ýöne özüni bileli bäri, Çölli baýyň hyzmatynda ylgaýan adamsy birsyhly dymýardy. «Bolýaram» diýenokdy, «Bolanogam». Ine, bu günem ol düýä goşuny basyp, aýalyny ýat ýere alyp barýar. Çölli baý Allagula beren sözünde tapyldy. Bir sürini durky bilen oňa bagyşlady. Üstesine-de, ýedi ogluň içinde kemala gelen ýalňyz gyzy Güljereni-de oňa ikinji aýallyga berdi. Şeýdibem, ol wepaly çopanyny özüne has ysnyşdyrmak isläpdi. ...Nargül Gowaga barha ýakynlaşýardy. Aýaklary gan-gabarçak, zerzawdy. Şeýle-de bolsa, ol bu zatlara üns berenokdy. Watan sary ümzük atýardy. Gowak obasynyň çetinden girende, öýüne gelen däldirin öýtmedi. Ýüregi giňäp, dünýä täzeden inen dek boldy. Şatlykly duýgular kalbyna ornady. Hatda ärini taşlap gaýdanlygyny-da ýatdan çykardy. Güljeren hakda-da oýlanasy gelmedi. Ýogsa Nargül Allagulyny näler gowy görerdi, sylardy. Onuň üçin ähli kynçylyga dözmäge kaýyldy. «Watan aýraçylygynyň ýanynda äriňden aýrylmak dagy hiç zat eken» diýip pikir öwürdi. «Ärsiz ýaşap boljak eken, ýöne Watansyz ýaşap boljak däl eken. Şuňa-ha düşündim men!». Nargül amatlyja ýere gelensoň, gür ojarlygyň içinde düşledi, çagalaryna çörek-suw berdi. Özem garbandy. Könelip, sal-sal bolan donuny ak çägäniň üstüne ýazybam ogullaryny ýatyrdy. Uzak gijäniň argynlygyny, ata Watandalygyny duýmagyň göwün rahatlandyryjy şatlygy onuňam kirpiklerini-kirpiklerine gatdy. Ukudan ganansoňlar, olar ýene ýola düşdüler. Öz öýüne—Kerki galasyndanam esli daşlykda ýerleşýän Gabasakgal obasyna barýança, heniz menzil bardy. Ýöne indiki uzak ýol Nargüli birjigem eýmendirenokdy. Sebäbi ol özüniň topragyndady, ildeşleriniň arasyndady. «Ata Watanyň beýle süýjüligini!» diýip, ol içinden pikir öwürýärdi. «Aralyk gaty daşam däl welin, ýat ýer ýat ýer bolaýýan eken. Asyl, inim almady şo taýyny. Durşuna çölem bolsa, öz mekanymdan aýyrmasyn! Gumunyň dagysynyňam göze beýle yssylygyny munuň!..». Nargül Gabasakgala çenli gaty arkaýyn gitdi. Dynç alyp-dynç alyp aşdy. Şeýdibem, üç gün diýlende, gijaralar ojagyna gelip ýetdi. Ýapyp giden kepbesiniň agzyny açdy. Begenjinden açlygyny-da, ýadawlygyny-da unudyp, öýüň aladasy bilen boldy. Şol agşam ony gijäniň birwagty aýak sesi oýardy. Erkek kişiniň ardynjyraýan sesi eşidildi. Gelen göni öýe giribermäge çekindimi-nämemi, kürtdürdi. —Hudaýguly-y... Oglu-u-m!..—diýen sokduryjy ses geldi. Nargül Allagulynyň sesini tanady. Depesinden gaýnag suw guýlana döndi. Göz açyp-ýumasy salymda äriniň özüne pyçakly topulyşy aňyna gelip-geçdi. Çykyp gaçjagynam, çagalaryna duwlanjagynam bilmän elewredi. Ýöne alaçsyzja baryp, gapynyň kildini ýazdyrmaly boldy. Allaguly işikde sadylla bolup durdy. Aý aýdyňa Nargül onuň elinde ýarag-beýlekiden hiç zadyň ýokdugyny görüp, birneme özüni dürsedi. Ýöne ätiýajy elden bermäýin diýen niýet bilen, birden Allaguly penje gerip topulaýsa, haýsy tarapa gaçsa gowy boljagy barada oýlanyp, töwerege nazar aýlady. Sesini çykarman durdy. —Ogullarymam getirdiňmi, Nargül?—diýip, Allaguly agy gatyşykly seslendi.—Nireden kelläňe geldi ata Watana dolanmak?! Nargül oňa sowal berdi: —Sen näme üçin geldiň? Allaguly sen-men ýok, ýüzinligine ýere ýazyldy-da, topraga bagryny oýkap, möňňürmäge başlady. —Şuň üçin geldim, şuň üçin!—diýip, ol agysynyň arasynda ýer ýumruklap gaýtalaýardy.—Sen, Nargül jan, yzyňa gaýdyp, meni täzeden dünýä inderdiň, meniň gözümi açdyň! Bu Watanyň süýjüdigini saňa aýtmak hökman däl ahyry häzir! Nargül bütinleý üýtgän adamsynyň bolşuna geň galyp doňup durdy. Obanyň ileri başynda kimdir biriniň «sandyk bagşysynyň» sesi gelýärdi. Magtymguly şahyryň dürdäne setirleri ýüreklere ornaýardy: «...Bir biwepa ýara gülüp bakandan, Şirin jany yşk oduna ýakandan, Ýat illerde aýraçylyk çekenden, Ursa-sögse, horlasa-da, il ýagşy...» Iýun, 1984 ý. Ogulsenem TAÑÑYÝEWA. | |
|
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |