12:10 Gaýly günde / hekaýa | |
GAÝLY GÜNDE
Hekaýalar
Selim Ýamat bilen bir obada önüp-ösüp, ýedi ýyl bir mekdepde okasa-da, onuň neneňsi adamdygyny bilmän ekeni, altmyş dokuzynjy ýylyň gyşynda iki gün ýoldaş bolanda tanady oturyberdi. Olaryň duşuşygyna agyr gar sebäp boldy. Gar ýagyp başlanda raýonyň ferma müdirleriniň ählisi ýygnakda otyrdylar. Selimi geçen ýazda raýonyň goýun fermasyna müdir belläpdiler. Ondan öň mal doktory bolup işleýärdi. Ferma müdirlerini uzak öriden çagyryp, mallaryň dok hem ýyly gyşladylmagyny ýene bir öwre ýatlatdylar, ýöne gar ýagyp başlandygyny görenlerinde ýygnagy uzaga çekip bilmediler. Gerek zadyňyzy ykjamlaň-da çaltrak çöle ugraň diýdiler. Selim gyssandy. Gije on maşyna ot ýüklediler. Daňdan kerwen gurap obadan çykdylar. Agşama deňiç iki ýüz elli kilometr ýol geçilip, merkezi goşa ýetilmelidi. Bolmady. Gidildigiçe gar galňady, orta ýolda maşynlar ýatdy. Ýüki agdaryp, oba dolanmaly diýen teklip boldy, Selim unamady, ertire garaşalyň diýdi. Onuň çakyna görä, obadan kömek gelmelidi, garly howada on maşyny ýola salyp arkaýyn oturmazlar, merkezi goş bilen habarlaşarlar, maşynlaryň ýetmändigini bilseler, bada-bat gaýdarlar, traktor ýollarlar. Uzak gije ojaryň ody sönmedi, gara taňkalaryň çaýy yzly-yzyna boşadyldy. Her kim ýanyna göteren owkadyny iýip gutardy. Daňdanyň ukysyna çydamadyklar sowuk kabinada gözleriniň awusyny aldylar. Ertir irden ferma müdiri ýola höwessiz garady. Gar olaryň gelen ýollaryny düzläp, tep-tekiz edipdir. - Habarlaşyp bilen däldirler, tilpun kesilendir, ýogsa bi mahala gelerdiler – diýdi. - Gelerle-er... – Şofýorlaryň arasyndan iň çepiksi görünýän Daňatar oduň başynda böküp ugrady. – Ertire çenl-ä gerler-le. Ýamat oňa azgyryldy: - Aýagyňa ot ýapyşdymy? - Hereket ediň, üşemersiňiz, adamyň bedeni energiýadan doly akkumulýator ýaly, how! Kabinadan düşüp gaýdan Esen oduň başyna gelip zeýrendi: - Warak maşynyň kabinasynda ýatyp bolýamy, çöp çatma ýaly, ähli ýerinden hazlap dur. Ýamat: - Garnyň açka gözüňe uky gelmez – diýdi. - Ony sen aýtmaňda-da bilýäs. Bi warak maşyn bilen bizi çöle çykarmaly däl-ä. Daňataryň bigam görünesi gelýärdi. - Özüň warak bolmasaň bor, Esen jan, maşyn hiç – diýdi. – Adam bir hepde sowuga-da çydar, açlyga-da. Ol sojap başlasa-da, bökmesini goýmady. Soňa baka hiç kim oňa üns bermedi. Ýamat hüňürdedi: - Ýeri, barmaly ýere baranam ekenik-dä, on maşyn ot bilen onça maly gardan çykararmyň diý. - Sen bir otursana, Ýamat – diýip, Esen jibrindi. – Sendäki gurat maşyn mende bolsady, sesimi çykarmazdym. Ýamat azgyryldy: - Gurak maşyndan bir aşyklyk peýda barmy häzir? Düýn yza gaýdalyň, oba ýeteliň diýildi, indi yza-da gidip boljak däl. Jübüsine gaty kagyz salynan bizden akylly bolaýýar. Selim çilim çekýärdi. Otyranlar onuň Ýamada gaýtawul bererine garaşdylar. Selim sesini çykarmady. Erkin: - Galmagaldan peýda ýok, Ýamat – diýdi. - Onda sen peýdalysyny et-da! Itden çydamly däldigiňizi bilýän, item aç bolsa, sowuga çydanok, çyňsaberýä. Daňatar bökmesini goýdy. -Ýamat jan – diýip gygyrdy. – Sen häzir şo janawaryň haýsysy boljak bolýaň: ýarýanymy ýa çyňsaýany? Ýamat ojar kesindisini garbap aldy, ýöne oňa zyňmaga maý bermediler, ýerli-ýerden ýapyşdylar, Daňatar keýpihon gülüp gaçdy, gara süsdürildi. - Oýun etýä, how, degişýä. Goýberilmejegine gözi ýeten Ýamat alaçsyz dyzyny epdi. Erkin: - Itiň oýnam bolsa, göläň çyny, how – diýdi... Ap-ak meýdandan Daňataryň diňe telpegi garalyp göründi, sesi geldi. - E-e-eý-ý, bi garyň ýumşaklygyny görüň-ä!... Ol oturanlara garap tokgasyny zyňdy. ... Selim mekdep ýyllaryny, gar ýaganda çagalaryň turuzýan şowhunyny ýatlady. Emma Ýamady göz öňüne getirip bilmedi. Bir mekdepde okansoň ýada düşäýjek ýaly welin, teý, Ýamat göz öňüne gelenok! Olaryň ýedi ýyllyk mekdebi gutaranyna ýigrimi ýyl geçipdir. Selim: ýigrimi ýylyň dowamynda käbir adamlaryň ýatdan çykaýmagy ähtimal diýen netijä geldi. Soňra: - Ýamat, sen meň bilen gitmeli – diýdi. - Men seň bilen nirä gitmeli? - Un getirmäge. Şu golaýda goşa kepbe görüpdim, üç-dört kilometrlikde. On gün ozal bir halta un ýatyrdy, äkitmedik bolsalar, alyp gaýdarys. - Äkiden bolsalar nätjek? - Oglanlar, Ýamadyň maşynynyň otuny agdaryň. Olar demirgazyga tarap ugradylar. Gar uşaklap ýagýardy, gözýetimiň çägi juda dardy. Ak reňk sähel öňdäki zady aýyl-saýyl etmäge göreje päsgel berýärdi. Ýamat çöplükdir öýdülen ýeri peýläp sürdi. Maşynyň gymyldysy haýalam bolsa, bu garda togtamasa kaýyl bolaýmalydy. - Sen, nä, on adamyň arasynda ala-böle meni saýladyň-la? - Seň maşynyň gurat. Ýamadyň hor ýüzünde ynamsyz ýylgyrma göründi. - Onda meni permäňe-de al-da, çöle gurat maşyn gerekdig-ä belli, ýa meň dilimden çekinýäňmi? Ýaňy oglanlaryň ýanynda bolşuň-a göwnüm ýetdi, sesiňi çykarman ýeňdiň. Sanaşyp oturmagy kiçilik bilip şeýden bolsaň, dogry edýäň, ýöne menden gorkma, bir kişiň duran ýerinde duraryn. Barýan ugrumyz dogry gerek? - Biraz saga al. - Saga al diýseň, saga alarys, hojaýyn. On bäş ýyly ruluň başynda geçirdik, indi bi çöli başarmaz öýtmegin. Selim eýýäm agyr gyşyň aladasyny edip otyrdy. Mämmet çopanyň sözlerini ýatlady. Gyşyň agyr geljegini Mämmet çopan oktýabryň aýagynda aýdypdy: “Pyşdyl hininde tersine bakyp ýatyr, gowy alamat däl şol, gyşyň gazabyna garaşybermeli” diýdi, bilen ekeni. Häli-şindi sörtük öwüsdi, gijelerine çaňyr aýaz, halys ýöne goýun janawarlaryň endamlaryna ýygnanjasyny ýalap gutarjak. Gardan soň howa ýumşasa gerek, ýöne gar tükezzybana tutmasa-da biridir. - Oty Nurýagdynyň sürüsine alyp barýas. - Sen maňa diýýäňmi? - Saňa diýýän. Ýol barha agyrlaşdy. Soňabaka ähli güýç öz gerdenine düşen ýaly, Ýamat ýadady, tüňňi maňlaýynda der damjalary göründi. Agzy dek durmady, gygyldadyp gaza basyp otyrka-da gygyryp, Selime gep atdy. - Perma geçip dogry etdiň sen... Permede utarsyň diýýän. Mal dogtaryňky hiç... Mal dogtardan döwran ötdi... Olarda düşewünt gutardy diýýän. Permeler zor, permeleň öňünde döw dursun... E-eý, içigaragalan... – Maşyn gaýta-gaýta silkindi, omzady, birdenem motoryň sesi tapba ýatdy. – Eý, bi ýol hezil bermez, hojaýyn. - Ýamat, sen köp gepleýäň. Ýamat ýakymsyz güldi, ýaşaryp duran kiçijek gözlerini süpürdi, burnuny çekdi. - Dogry aýdýaň, hojaýyn, gyzamykdan galan endige çäre bolmaz ekeni, he-he. Wezipe wagtlaýyn zatdyr, adamlaň göwnüne degjek bolmagyn. Gepländen gorkma sen, geplemän oturandan gork. – Ol maşyndan düşdi. Gapyny žarkyldadyp bat bilen ýapdy. Maşynyň daşyna bir öwrüm edip, ýene kabina girdi. – Öňümiz alaň, yzymyz oý, iş pyrryk! Iki kilometr ýol geçilipdi, mundan beýläk pyýada gitmeli boldy. Ýamat gara taňkany ýanyndan goýmady. - Sen öz akylyň bilen permalyga geçdiňmi ýa-da kakaň ýaly biri maslahat berdimi? Selim dört-bäş ädim öňünden barýardy. Ýumşak gara batyp-çomup gelýän Ýamat onuň näme jogap berenini eşitmedi, jogap bermezligem ähtimal. “Eger jogap bermese, oň meni adam hasabyna urmaýanlygy” diýip pikir edip gelýän Ýamat Selimiň bolşundan özüni kemsidäýjek alamatlar gözledi. Satanlak bolany üçin gardan ýöremek Selime aňsadrak düşýär. Şol artykmaçlygyny ol Ýamady horlamak üçin ulanýar. Ýamat näme bilen içini sowatjagyny bilmedi, diňe: “Şu gar seň başyňa ýetäýse gerek” diýdi. Olar iki sagat gymyldadylar, wagt geçeni bilen ýol önenokdy, agyr gar aýaga duşak boldy. Ýamat çydamady: - Öleris biz, doňup galarys – diýip gygyrdy. Selim säginip yza garady. Agyr gar Ýamadyň göwresini demine sorup barýan ýaly göründi. - Gaýrat et, Ýamat. - Guýy diýdiň, kepbe diýdiň, hany görünýän zat ýog-a. - Görner. Selim gonjy gardan dolan agyr ädigini kynlyk bilen göterip ýoluny dowam etdi. Goşa kepbäniň görünmeýänine özem geň galdy, biraz howsala etdi: azaşyp ýörmükäk diýdi. Ýamadyň galmagaly galmady. - Bir salkyn ýöredig-ä, kepbe görnenok, dogry barýan bolsak görnerd-ä, azaşandyrys, yza gaýdaly-la! Gar uşaklap ýagýady, günbatardan öwüsýän şemal güýjedi, sowady. - Goýman geçmiş goýmaz bi, ýüzüni garaňka tutup ýagar, bela-beterdir bi! Oduň başynda galan ýoldaşlarynyň ýagdaýyna Ýamadyň gözi gitdi. “Selim meni bilkastdan görgä goýýan bolsa gerek” diýen pikir ony horlady. Selimi säginmäge, geplemäge mejbur etjek sebäp gözledi, gygyrdy. - Çagakaň urlanyň häzir ýadyňa düşdümi seň? Selim kemteresinden oňa gaňrylybam garamady. Ýamat çürt-kesik netijä geldi: “Äsgerenok, meni kemsitjek bolýa”. Ol alaňa dyrmyşýanyna üns hem bermedi, ýogsa ýöremek juda kyndy. Her ädim ädeňde göwresi öňe ümzük atyp, eňegi gara degmäge golaýlaýardy. Depeden tozgalap inýän gar owuntyklary ýüz-göze syrap, yş tapan ýeriňden içiňe dolýardy. Öňdäki çöketligiň oratasynda egşerilip ýalňyz kepbe otyrdy. Gapysy, penjiresi goparylan kepbä şemal urýardy. Içerik gar syrapdyr, ortada çil ýasap, üşmek bolup ýatyrdy. Guş tezeginiň hem syçanyň ysy aňkap, bu golaýda kepbä adam aýagynyň düşmänligini äşgär etdi. Ýamat bosagadan ätlände kepderiler güsürdäp ördi. Ol elini talawladyp, gykuwlap, güsürdini hasam artdyrdy. Onuň bolşy Selimiň çydamyny barlap görýän ýalydy. - Men-ä indi şu kepbeden çykman – diýdi. Selim jogap bermedi. Olar kynlyk bilen ot ýakdylar, gar suwundan bir taňka çaý gaýnatdylar, el ýaly çöregi bölüşip ýürekse edindiler. Agaçlaryň, tagta tekjeleriň üstünde çogum-çogum oturan kepderilere üns bermediler. Ýamadyň oda tutup oturan dolagyndan çygyň hem gert bolup giden deriň ýakymsyz ysy ýaýrady. Selim: - Seresap bol, ýakaýma – diýdi. - Ýanmaz, oda ataňda ýanýamy bi, buza dönüpdir-ä, Aýagym ten bilenok welin, sowuk alandyr. Selim ýarty käse çaýy ýeňsä serpip goýberdi. - Suwda tagam bolmasa, çaýa-da meňzämok. Ýamat: - Arak alman gaýdanyma içim ýanýa – diýdi. – Umuman alaňda, ýagdaý ýaramaz, hojaýyn. Içim ýanyp dur. Öýde, ýyly pejiň gapdalynda oturmaly adamlar, gör, nirede entäp ýör. Azabyna biz görýäs, hurşuny iýýän başgalar. Hä-ä, köp gepleýäň diýjekmi? - Ýok, gepläber, geple. Selim peselýän oda asuda garap, çilim çekýärdi. - Sen dogruňdan gel, näm üçin alyp gaýtdyň meni? Görgi görkezjek bolduňmy? Ine, gör, aýagym ten bilenok. – Ol bugaryp duran balagyny ýokary çyzgap, baldyryndan çümmükledi. – E-he, birazajyk ten bilýär-eý, doňy çözülýä! – Ýamat erjellik bilen diwaryň gowşak suwagyny sypyrdy, hyşalary dartyp-dartyp aldy, oda taşlady. – Goýun gyrylsa, saňa-da degerler ä-ä? - Hawa, degerler. - Gorkaňakmy? Ne beýle çiňňerilip seredýäň?... Gaýgy etme kakaň zordur, seni alyp çykarlyk gory bolmaly oň. - Sen kiçikäň nähilidiň, Ýamat? - Bilýänsiň. - Teý göz öňüme getirip bilemok. - Gözüň zat görýämidi seň, kakaň kanturda işlänsoň, senem emeldaryň ogly bolan bolup... häzirem şo bolşuň eken-laý. Gatyrak ýençmeli ekenik, ýadyňdan çykmaz ýaly! Güzeriň başynda zörledip duranyň ýadyňa düşenokmy? Düşýändir-le, hä diýmegi kiçilik bilersiň sen. Jahan ejäň tudy bişende, bizi kowduňyz, iýdirmediňiz. Bizem aňtap ýördük, güzeriň başynda sen duşaýdyň bir gezek. Ýençdik. - Urlanym-a bilýän. - Heý, bilmezmiň, adamy kemsit, ölse-de ýadyndan çykmaz, özüm-ä şeýle. - Sen-ä ýadyma düşeňok. - Ýençeliň diýen men-ä! Selim mesaýy güldi, mahaly bilen goýmady. - Näme gülýäň-aý? - Teý ýadyma düşeňok-da! Selim daş çykdy, gaýra tarapa köw urdy. Onuň çakyna görä, golaýdan köne jar geçmeli, şol jar göni goşa kepbä eltýärdi. Ýamat kepbäni otlady. Selim dolanyp gelýänçä, hyşadan galdyrylan kepbäniň süňňüni goýy ýaşyl tüsse gurşap alan eken. Ýamat: - Men-ä ody ulaldaýdym, hojaýyn – diýip, göwnühoş güldi. – Kepderiniň eti iýmezçe däldir, duzlapjyk, he-he... mende duz bar. Gapydan ýekesinem goýbermedim, pasyrdy eşidilenok welin, boglup ölendir bary, häzir bişer. Sen-ä bagyr-öýken iýip ýören adamsyň, onda-da nätjek-dä! Ýatdan çykarmasyň gerek? - Sen-ä, Ýamat, bolgusyz ekeniň. - Ajyň aňy bolmaz, hojaýyn. Kepbäniň depesi tutuşlygyna aşak çökdi. Tozandan, tüsseden, ýalyndan ýaňa oduň golaýyna barar ýaly bolmady. Olar köne jaryň boýy bilen esli gitdiler. Gar ýagmasy kiparlady, bulutlar bölünip başlady. Ýamat: - Bulut syryls-a, çakyr aýaza tutar bi, gatap galarys – diýdi. Mejalsyzlyk onuň essini aýyp barýardy. Ýüzi, aýratynam, pökgi dodaklary gara reňke boýalýardy. Burnundan akýan suwy süpürjegem bolmady. Gün ýaşanda goşa kepbä ýetdiler. Kepbeleriň gapysyny sim bilen baglap gidipdirler. Selim gapyny açyp, sowuk jaýa boýnuny uzatdy, unly haltanyň duran ýeri boşdy. Yzyna öwrülip: - Un-a äkidipdirler – diýdi. Ýamadyň göwresi garyň üstüne serlip gitdi. Selim ony kepbä saldy, ot ýakdy. Süňňüne ýyly ötende Ýamat biraz reňkine geldi, gözüni açdy. Kepbäniň tüsseden garalyp giden diwarlaryna, aşagyndan şemal urýan poluň jaýryklaryna höwessiz syn etdi. - Bi taýda un goýup gider ýaly, akmak adam ýog-a – diýdi. Selim golaýdaky küdä gitmekçi bolup durdy. Içerik çöp düşelmese hazlap urýan şemaldan ýaňa oturybam bolmaz, ýatybam. Selim Ýamada sargyt etdi: - Ýaňky oýnuňy edäýmegin. Çöl bolany bilen bi taýda-da bihasap zat ýokdur. - Bihasap zady bize görkezmersiňiz siz. – Ýamat etişmedi, bu sözleri gapy ýapylandan soň aýtdy. Ýandak küdesiniň ykyş tarapynda dört aýagy ýere çüýlenen ýaly bolup, gymyldaman ýalaňaç gök eşek duran ekeni. Selimiň golaýlaşanyny duýanda haýwan içinde jan bardygyny duýdurýan şekilde gulagyny gymmyldatdy. “Görgüsiýam, sen bi taýda näme işleýäň, kim seni taşlap gitdi?” Selim eşegiň gerşine düşen gary tozgaladyp kakmaga başlady. Eşek ýagyrnysyna adam eli degende kynlyk bilen kellesini öwrüp, Selime garady. Haýwanyň gözlerine buz çöken ýaly sowukdy, biperwaýdy. Selim her goltugyna bir desse ýandak alyp kepbä dolandy. Ýamat: - Nan tapdym – diýdi. – O kepbeden tapdym, burçda ýatan ekeni. – Ol tozan siňip çalaran, el ýaly çöregi görkezdi. Çöregiň gyralary kertilip gidipdir, syçan gemren bolmaga çemeli. – Agaja dönüpdir öz-ä, ýylatsak ýumşar-la, iýse boljak. Ýamat ýitelen gözlerini çörekden aýyrmady, eline bir bölek gyzyl düşen ýaly, hyrydar hem gabançly garap otyrdy. - Küdäň gapdalynda ýalaňaç eşek duran ekeni. Bu habar Ýamady gyzyklandyrmady. - Eşek ölmez – diýdi. – Öňünde ýandak bolsa, eşek ölmez. Garnyň aç bolsa, şo ýaman. Ol gaty çörege agyz salarly göründi. Ýandagy kepbäniň içine ýazdylar, poluň gowşan tagtalaryny goparyp, oda saldylar. Tüsse diýmeseň, içeri biraz ýylady. Ýamat çöregiň ýüzüne suw çalyp, gyzgyna tutdy. - Okan bolsam, menem senden pes adam bolmazdym – diýdi. - Sen häzirem pes däl. - He-he. – Ýamat ajy ýylgyrdy. – Kakama içim ýanýa, meň gazanjym bolmanda aç ölermidi şol. Barybir üç ýyldan öljek ekeni. - Öleni ýagşylyk bilen ýatlarlar. - O meň öz işim. Gabarylma, okan bolsam, sendäki gaty kagyzy menem alardym. Üýtgeşik aklyňyz ýokdur. Akylly bolan adam bäri gaýtmazdy. Hany, un diýeniň? Ýok eken-ä! Çörek biraz ýumşasa-da, tamşanara oňly zat bolmady. Içi heňläp, göm-gök bolup gidipdir, asyl nanyň tagamy ýitipdir. Ýary gijeden soň asmanyň buldy syryldy. Kepbäniň süňňüni buz gurşana döndi. Selim: - Mal üçin iň ýamany – şu aýaz –diýdi. – Nurýagdyň haşary köne, täzesini gurmaga-da ýetişmedik. Meýdanyň gara çöp-ä ganymatdyr welin... - Hany, bir mahalky çopanlar bamy! Bir çopan: takyr ýerden telpegimi togalaýyn diýipdir, şoňa-da dört-bäş sany çöp ýapyşsa, şo ýerden sürini doýurmasam çopan bolmadygym diýipdir. Nurýagdy dagyň başarjak işi däl! - Gyş ýaman, aýaz heläk edýä. - Buýl abat sypasyňyz ýok-la. Otur, gaty görme, men boljak zady aýdýan. Selim gapa ýöneldi. - Eşegi kepbä kowjak, gatap galaýmasyn. - Sen öz janyňy gaýgy et, eşek kime gerek. Selim çykan dessine dabanynyň astyndan doňan garyň gütürdisi eşidildi. Ýamat bada-bat onuň bolşuna baha berdi: “Mal janly diýdirjek bolýa, meň gözüme çöp atjak bolýa.” Esli salymdan ýene garyň gütürdisi peýda boldy, goňşy kepbäniň gapysy jygyldap açyldy. Selim dolanyp geldi, onuň başyna çökdi. Çöwürilip tikilen deri possundan arassa aýazyp sowuk demi töwerege ýaýrady. - Indi ölmez, bir desse ýandagam taşladym. - Eşegi halas etdim diýsene, gözüň aýdyň. O, meýdanda galan oglanlary nätjek? - Adamda emel köpdür, adam başyny çarar, mal janawarlaryňky kyn. Ýamadyň ýüzi ajady. - Näme diýmelisin-ä öwrenipsiň, hojaýyn – diýdi. Selim çydamady, Ýamady alyp gaýdany üçin özüni ýazgardy. Iki adamyň äpet kölegesi kepbäniň sowuk ganatlaryna oduň ýagtysyny düşürenokdy. Ýalnyň öwüşgini diňe depede, garalyp giden faner potologyň ýüzünde öçügsi oýnardy. Aýazly gijäniň tukatlygy wagtyň herekedini haýalladan ýalydy. Selim aýak üstüne galdy. - Ýylnan bolsaň, tur gideli. - Yza gidere ysgyn barmy bizde?! - Gep urşuň-a ysgynsyza meňzäňok. Selim gapa öwrüldi, Ýamat jynssyz gygyrdy. - Dur entek! – Ol ýanyp duran tagta bölegini depip goýberdi. Gulakjynynyň gulagyny alkymynyň aşagyndan daňyp durşuna käýindi. – Çölem gursun, garam gursun... Daň atmadygam bolsa, asmanyň açyklygy, ýerde garyň ýatanlygy sebäpli gije garaňky däldi. Agyzdan, burundan zogdurylyp çykýan buga seredeniňde, adamyň içindäki ýylylyk sähel salymdan gutararly göründi. Howa öýkene ýetýänçä ýylanokdy. Gaşda, kirpikde, burunda gyraw peýda boldy. Göze görünmeýän sowuk güýç olaryň süňňüni gysyp barýardy. Her kim garyň gütürdisine gulak asyp gitdi. Olary eşegiň hynçgyrýan sesi saklady. Eşek pesdäki guýunyň gabadyna ýetipdir, iki adamyň ýasan ýodasyndan çykman gelýärdi. Selim: - Galdyrmasak bolmaz – diýdi. – Bi taýdan gitse öler ol. - Ölmez, eşel ölmez. Selim eşegi yzyna dolap, kepbä golaý eltip gaýtdy. Eşek galmady. Ýamat jabjyndy: - Ähli aladamyz şu eşek boldumy indi? Özi haýdap gitdi. Golaýlap gelýän adamy gören eşek sakga durdy, gulaklaryny keýerdip seretdi, soňam juda göwünsiz yzyna döndi. Ýamat muny hasap etmedi, ýykylyp-sürşüp eşegiň yzyndan ýetdi, barşyna-da syrtyna depdi. Bir depeni bilen oňmady, ýene depdi, üçinji gezek depmäge ýetişmedi, eşek goşa toýnak zyňdy, Ýamat arkan serpildi. Selim demi daljygyp ýatan Ýamady dikletdi. Ýamat biraz özüni dürsedi. - Şo eşegi öldürmän gitmen – diýdi. Eşek kepbäniň deňinden ötüpm ýandak küdesine tarap barýardy. - Hernä, maňlaýyňa degmändir, şoňa şükür et. Ýamat öjükdi. - Öldürmän gitmen, aýagymam ätmen! Kepbä salyp otlaryn, ýansyn, bişsin kül bolsun. - Eşek bilen deň bolmazlar. Ýamat gowşady, Selime ýakymsyz seretdi, sesini çykarmady. Daň atanda olar kolhoz başlygynyň GAZIK maşynyna duşdular. Şofýoryň ýanynda Daňatar bilen Erkin oturan ekeni. Daňatar: - Ýamat jan, maşynyňy gaýgy etme – diýdi. – Traktora tirkäp goýberdik. Ýamat ýeke söz aýtmady, asyl ol uzakly gün geplemedi. Nurýagdynyň sürüsine ýetildi, ot düşürildi, çaý-çörek iýildi, Ýamadyň barlygam bildirmedi. Oglanlar: - Ýamada ne döw çaldy? – diýip soradylar, halys Selimiň ýüregine düşdüler. Selim çydamady, ahyrsoňy: - Ýamady eşek depdi – diýdi, başga hiç zat aýtmady. 1985-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |