16:36 Gaza... "Bu uruş däl, genosid" | |
GAZA... "BU URUŞ DÄL, GENOSID"
Publisistika
"Öý-öwzaryndan jyda düşürilen bir million adamyñ ysy burunlarymyza doldy" Her gün okaýarys we tomaşa edýäris. Eşidýäris, okaýarys, käwagtam eşidýänlerimize, görýänlerimize ynanmaýarys. Adam wagşyýanalygynyñ şeýlekin derejelere ýetmegi mümkinmi? Ysraýylyñ Goranmak ministri uruşyñ başynda gazalylaryñ adam däldigini aýdypdy. Arman Galianyñ Gaza syýahaty hakdaky "Men Gazä giden amerikan lukmany we şuny gördüm: bu uruş däl, genosid" ady bilen "Los Angeles Times" gazetinde çykan makalasyndan bir bölek dykgatyñyza ýetireýin: "Ýanwar aýynyñ ahyrlarynda plastiki we rekonstruktiw hirurg hökmünde işleýän ýerim bolan Wirjiniýadaky öýümden çykyp gaýtdym we gumanitar topar bilen birlikde Gazä geçmek üçin Müsürden gitmeli lukmanlardan we şepagat uýalaryndan düzülen "MedGlobal" meýletin toparyna goşuldym. Men başga-da uruş gidýän ýerlerde bolupdym. Emma öñümizdäki on gije-gündiziñ dowamynda Gazada gören zatlarym uruş däl-de, hakyku genosiddi. Ysraýylyñ Gazä gönükdiren bombalaýjy istrebitelleri bilen azyndan 28 müñ palestinaly öldürildi. Kairden çykdyk we gündogardaky "Refah" gümrük postuna ýetmek üçin 12 sagat ýol ýöredik. Gazä girmägr rugsat berilmändigi üçin kilometrlerçe aralyga uzaýan hatar görnüşinde duran gumanitar kömek awtoulaglarynyñ ýanyndan geçdik. Meniñ toparym we BMG bilen BSGG-nyñ agzasy bolan beýleki wekillerden başga ol ýerde birküç sany adam bardy. Birnäçe adamyñ demirgazykdan gaçyp sygynan ýeri Günorta Gazä giriş 29-njy ýanwarda başlady we hamana distopik romanyñ birinji sahypasynda duran ýalydyk. Gulagymyz gapylypdy we maña aýdylyşyna görä munuñ sebäbi, daş-töweregimizde durman uçýan gözegçi dronlaryñ yzy üzülmeýän wyzzyldysydy. Ýakynymyzda amatly gigiena şertleri bolmazdan ýaşaýan öý-öwzaryndan jyda düşürilen bir million adamyñ ysy burunlarymyza doldy. Gözlerimiz çadyr deñizinde ýitip gitdi. "Refahda" bir myhmanhana ýerleşdik. Birinji gijämiz sowukdy we köpümiz uklamadyk. Balkonda durup bomba seslerini diñledik we Han Ýunusdan asmana göterilýän tüsseleri gördük. Ertesi gün Ýewropa Gaza hassahanasyna golaýlaşanymyzda, köçeleriñ iki tarapynda hatar-hatar edip gurulan çadyrlar bardy we ýollar petiklenendi". Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 21.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |