19:49 Gazak sährasynyñ aýdymçysy | |
GAZAK SÄHRASYNYÑ AÝDYMÇYSY
Edebi makalalar
Gazak sowet edebiýatynyñ başyny başlaýjylaryñ biri bolan Säbit Mukanow çeper edebiýatyñ ähli žanrlary boýunça diýen ýaly görnükli eserler döredip, okyjylaryñ, edebi jemgyýetçiligiñ uly söýgüsini gazandy. S.Mukanow özünden öñräk edebiýata gelen ýazyjy hem rewolýusioner S.Seýfulliniñ mekdebine goşulyp, öz egindeşleri Muhtar Auezowdyr Gabit Musrepow ýaly ussatlar bilen bereketli gazak sährasynyñ waspyny alyslara ýetirdi. Geljekki meşhur ýazyjy S.Mukanow ýaşlykda uly horluklary başdan geçirýär. Ol ýedi ýaşynda ata-eneden ýetim galýar. Barlylaryñ gapysynda hyzmat edýär. Nähili zehinli hem ukyply bolsa-da, oña diñe 17-18 ýaşlarynda çala sowat öwrenmek mümkin bolýar. Kitaba, bilim almaga taýsyz yhlasy bolan Säbit Mukanow diñe Oktýabr rewolýusiýasyndan soñ şol arzuwyna ýetýär. Ol yzygider bilimini artdyryp ugraýar. S.Mukanow 1920-njo ýylda Kommunistik partiýanyñ hatatyna kabul edilýär. Şondan soñ ol sowet, partiýa işine özüniñ bar ukybyny, güýjüni bagyş edýär. Täze durmuş ugrundaky işlere, göreşlere işeññir gatnaşýar. Bilimini hem dowam etdirip, Orenburg rabfagynda okaýar. Respublikanyñ gazet-žurnallarynyñ birnäçesinde işläp, olaru redaktirleýär. Säbit Mukanow yhlas bilen düýpli bilim almak niýeti bilen 1930-njy ýylda Moskwanyñ Gyzyl professura institutynyñ edebiýat bölümine okuwa girýär. Ony tamamlandan soñ döredijilik işine ymykly girişýär. Ol şol döwürlerde geçmişiñ gara günlerini näletleýän täze sosialistik eýýamyñ artykmaçlyklaryny taryplaýan goşgularyñ onlarçasyny döredýär. Bu goşgular gazak sowet poeziýasynyñ täze mazmunly realistik eserleri boldy. Onuñ köptaraply hem baý döredijilik ýoly ownuk goşgulardan giñ planly poemalara, hekaýadyr powestlerden uly durmuş hakykatyny açyp görkezýän romanlara, epopeýalara ösüp ýetdi. Halk folkloryny, aýdymlaryny we erteki-rowaýatlaryny gowy bilýän, realistik edebiýaty düýpli öwrenen ajaýyp ýazyjynyñ edebiýat ylmyny ösdürmekdäki hyzmatlaty hem az däldir. Ol ilkinji irili-ownukly makalalardan başlap, düýpli derñewe eýe bolan ençeme ylmy işler, monografiýalar, edebiýat taryhynyñ meseleleri bilen gazak sowet ylmyna uly goşant goşdy. Zehinli şahyr otuzynjy ýyllaryñ aýaklaryndan başlap iri sýužetli eserler döretmäge başlaýar. Onuñ 1920-nji ýylda halk döredijiliginiñ materiallary esasynda ýazan "Slu saç" ("Owadan saç") epik poemasy öz döwründe uly meşhurlygy gazanýar. Bu eser halk döredijiligini ýazuw edebiýata ýakynlaşdyrmagyñ ilkinji nusgalaryndan boldy. Bu eserde baý gyzy öz atasynuñ batragy bilen söýşüp, onuñ bilen gaçyp gidýär. Baý bilen hyzmatçynyñ arasynda ýüze çykan güýçli garşylyk eseriñ esasynda ýatýan konfliktdir. Geçmişiñ bagtsyz söýgüsi hakda söz açýan bu poemadan soñ S.Mukanow ençeme iri eserler döretdi. Onuñ "Azaşanlar", "Syrderýa", "Botagöz" ýaly romanlary ýazyjynyñ adyna uly şöhrat getirdi. S.Mukanowyñ döredijilik ýoly gazak sowet edebiýatynyñ ösüş ýoly bilen ädimme-ädim baglanyşyklydyr. Baryp 1920-nji ýylda ýazan "Azaşanlar" romany gazak sähralarynda gurulýan kollektiw hojalyklaryñ artykmaçlyklaryny görkezmäge bagyşlandy. Onuñ ençeme eserlerinde duş gelýän gahrymany garyp ýigit Şokpyt täze hojalyga başarnykly ýolbaşçylyk edýär. Döwrüñ hem eseriñ täze gahrymany kemala gelýär. Säbit Mukanow öz halkynyñ durmuşyny, taryhyny iññän ökde bilýän ýazyjy hökmünde "Pälwan Çolak" romany bilen orta çykýar. Ýazyjy bu eserini öz wagtynda uly şöhrat gazanan döwrüniñ taýsyz pälwany, halk akyny hem kompozitory bolan Pälwan Çolaga bagyşlapdyr. Ýazyjy bu eserinde gahrymanlarynyñ gündelik durmuşyny realistik usulda suratlandyryp, pälwan hem göreşiji bolan Pälwan Çolagy ertekiçilik-romantiklik usulynda häsiýetlendirmek bilen özboluşly çeperçilik täsirini döredýär. Ussat ýazyjynyñ "Durmuş mekdebi" atly iki tomdan ybarat bolan romany belli täjik ýazyjysy Sadreddin Aýniniñ "Ýatlamalar" kitabyny ýadyña salýar. Tutuş gazak edebiýatynyñ üstünligi bolan bu romanda S.Mukanow öz çagalyk hem ýetginjeklik ýyllary barada tolgundyryjy gürrüñ berýär. Munda kiçijik batrak oglanyñ geçmişdäki agyr hem jepaly çagalygy barada söhbet açyp, ýazyjy ýüzlerçe özi ýaly täleýi ters bolan, dişi ýylgyrmadyk gazak çagalary hakda ynandyryjy gürrüñ berýär. Bu eserde baý-feodallaryñ rehimsiz dünýäsi bilen zähmetkeş halkyñ sahawada ýugrulan giñ dünýäsi çaknyşýar. Awtor zähmetkeş halkyñ ýeñilmez erk-ygtyýaryny uly höwes bilen beýan edýär. Ol çagalara mähriban bolan öz aýal doganynyñ, daýysynyñ, kakasy Mukanyñ, awçy Orazyñ we beýleki päk göwünli gahrymanlaryñ üsti bilen ýönekeý zähmet adamlarynyñ içki dünýäsine aralaşýar. Säbitiñ şäherde geçen, Sowet häkimiýeti ugrundaky göreşlere gatnaşan, buržuaz milletçileri bilen berk çaknyşan ýaşlyk obrazy bolsa halk içinden döräp, täze durmuşy öz eli bilen gurýan hem ony goraýan söweşjeñ rewolýusion häsiýetli adamynyñ kemala gelýändigini görkezýär. Säbit Mukanowyñ "Syrderýa" romany gazak kolhozçylarynyñ hem intelligensiýasynyñ şu günki durmuşyndan düýpli gürrüñ berýän eserdir. Baş gahrymanlary ýaşuly kolhozçy Syrbaý hem rus inženeri Polewoý bolan bu romanyñ esasynda ýatýan waka gurak raýonlary suwarymlylyga öwürmekdir. Eserde asyr boýy Gazagystanda ýaşap, gazak dilinde öz ene dili ýaly gürleýän, şol halkyñ däp-dessuryny ýakyndan öwrenen Polewoý bilen kolhoz işiniñ ussady Syrbaýyñ aralaryndaky doganlyga öwrülen dostluk, mähribanlyk barada tolgundyryjy gürrüñ berilýär. Her bir ýazyjynyñ döredijiliginde belli orun eýeleýän, ady bilen hemişe baglanyşykly bolan bir ýa iki eseri bolýar. Bu ykrar edilen hakykat Säbit Mukanowa-da dolulygy bilen degişlidir. Gürrüñ ýazyjynyñ "Botagöz" romany barada barýar. Ussat ýazyjynyñ uly tejribesi bilen ýazylan bu roman janly, realistik obrazlaryñ uly toparyny orta çykaryp, has ýokary belentlige galdy. Roman esasy wakalarynyñ geçýän wagty bolan, rewolýusiýanyñ öñ ýanlarynda hem graždanlyk urşy mahalynda gazak işçiler synpynyñ kemala gelşini, gazak proletariatynyñ arasynda rewolýusion hereketiñ döreýşini görkezýär. Eseriñ baş gahrymany bolan gyz Botagöz bilen mekdep mugallymy Askeriñ aralaryndaky gyzgyn söýgi romanyñ içinden geçýär. Ýöne bularyñ päk söýgüsine baýlar garşylyk döredýärler. Baý maşgalasy Botagözi özüne alyp, onuñ üsti bilen sähra baýlarynyñ bet pyglyny durmuşa geçirjek bolýarlar. Eserdäki berk konflikt oba baýlary bilen garyplaryñ hem işçileriñ arasynda döreýär. Romanyñ dowamynda Asker köp garşylyklaryñ hem säwlikleriñ üstünden geçip, rewolýusion hereketiñ durnukly baştutany derejesine çenli ösüp ýetýär. Botagöz bolsa sowet gurluşynyñ berkarar bolmagy, täzäniñ ýeñşi ugrundaky göreşlere gatnaşan ilkinji gazak aýallarynyñ biri bolýar. "Botagöz" romany Säbit Mukanowyñ iñ düýpli eseri bolşy ýaly, ol tutuş gazak sowet edebiýatynyñ hem üstünligidir. Bu roman durmuş hakykatynyny giñişleýin beýan edişi, kompozision gurluşynyñ köp ugurlylygy bilen awtoryñ beýleki eserlerinden has tapawutlanýar. S.Mukanowyñ "Botagöz" romany" B.Kerbabaýewiñ "Aýgytly ädim", Aýbegiñ "Mukaddes gan", A.Tokambaýewiñ "Ganly ýyllar" romanlary ýaly, zähmetkeş halkyñ öz azatlygy hem bagty ugrundaky göreşlere aktiw gatnaşyşyny, onuñ ýeñşini, gazak hem beýleki doganlyk halklaryñ arasyndaky bozulmaz agzybirligi aýdyñlygy bilen görkezişi uly şöhrata eýe boldy. Şu günler ýurdumyzyñ edebi jemgyýetçiligi tarapyndan 80 ýyllyk ýubileýi geçirilýän görnükli söz ussady Säbit Mukanow hasylly döredijilik ýoluny geçdi. Ol ýokarda ýatlanan eserlerinden başga-da onlarça hekaýalardyr oçerkleriñ, pýessalaryñ, opera librettolaryñ awtorydyr. Gazagystan Ylymlar akademiýasynyñ akademigi bolan S.Mukanow uly jemgyýetçilik işlerini hem alyp bardy. Ol köp ýyllar Gazagystanyñ ýazyjylar guramasyna ýolbaşçylyk etdi. Onuñ edebi döredijilik hyzmatlary uly hökümet sylaglaryna mynasyp boldy. Baý döredijiligi bilen okyjylaryñ hem edebi jemgyýetçiligiñ uly hormatyna mynasyp bolan zehinli şahyr, ýazyjy, dramaturg, alym Säbit Mukanowyñ ýubileýi diñ bir gazak edebiýatçylarynyñ baýramçylygy bolman, eýsem bütin sowet edebiýatynyñ, şo sanda türkmen edebiýatçylarynyñ hem uly baýramydyr. 1984. Begmyrat USSAÝEW. #edebidurmusymyz | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |