21:37 Geçiñ, hojaýyn, geçiñ | |
GEÇIÑ, HOJAÝYN, GEÇIÑ
Publisistika
Bäş müñ esger deñizde jan berdi. Alty müñ esger ýesir düşdi. Flotiliýanyñ otuz gämisinden zordan üçüsi ýurda gaýdyp gelip bildi. Londonyñ, Parižiñ, Berliniñ, Wenanyñ habar beriş serişdeleri birmeñzeş habar bilen çykyş etdi: "Akmeñiz bolmadyk halk ilkinji gezek uruşda ýeñiş gazandy!" "Ak adamyñ bäş ýüz ýyllyk üstünliginiñ soñuna nokat goýlupdy. Aziýa ýurdy ilkinji gezek Ýewropa ýurduny mat düşüripdi. Gazetler yzyndan ýene zörletdi: "Sary howp!" Uruş 1905-nji ýylyñ 5-nji sentýabrynda soñlananda dünýäde sensassiýasy uly boldy. Mysal üçin ýazyjy Halide Edip (Adywar) ogluna Ýaponiýanyñ Harby-deñiz güýçleriniñ komanduýuşisi Togonyñ adyny dakdy. Imperator Mikadony wasp edip şygyrlar ýazyldy, hatda ony "emirül-möminin" ("musulmanlaryñ emiri") yglan edenlerem boldy. Russiýadaky musulmanlary halas etmek islän asly sibirli Abdyreşit Ybraýym Ýaponiýa gitdi, hyzmatdaşlyk etmegiñ şertlerini gözledi. Üçünji derejeli ýurtlarda bu uruşyñ täsiri şuña sebäp boldy: bizem ýeñip bileris... Eýse, nädip "daýhanlar ýurdy" Ýaponiýa "senagatlaşma ýolundaky" Russiýany ýeñip bilipdi? Rus howpuny elmydama burnunyñ aşagynda duýan Abdylhamyt II bu soeaga jogap gözlemek üçin "Ertuğrul" fregatyny Ýaponiýa ugratdy. (Diñe Osmanly däl, köp musulman ýurdy pul toplap, Ýaponiýa sowgat ugratdy). Özlerine "siwilizirlenen-galkynma" ("Bunmei Kaika") şygaryny saýlap alan ýaponlaryñ reformist-rewolýusion ýolundan Abdylhamyt II ýöredimi? Çüýräp başlan "Ertuğrul" fregatynyñ yzyna gaýdanda gark bolmagy aslyýetinde konserwatiw kelläniñ hakyky simwolydyr... * * * “Tagut" kitabymda Ýaponiýanyñ "Meiji" reformalarynyñ üstünde jikme-jik durup geçdim. "Meijiniñ" ähtnamasy şeýledi: "Geçmişiñ ýaramaz endiklerinden el çekiler we hemme zat tebigatyñ adyl kada-kanunlaryna esaslanyp gurular. Bilim bütin dünýäde gözlegimiz bolar". Bu mugjyza döreýiş-modernizmiñ ýüz öwrülmesiz mejburylygy ittihatçylardan kemalistlere, Hytaýdan Eýrana reformalardyr rewolýusiýalaryñ ylham çeşmesi boldy... Anadolydaky harby ýeñiş üstünde Gün batmaýan iñlis imperiýasyny ýeñip boljakdygyny bütin dünýä subut etdi. Iñlisler basyp alan ýerlerinden ilkinji gezek yza çekilmäge mejbur edildi. Bu ýagdaý iñlisleriñ "syýasy yslamçylygy" döretmegine sebäp boldy. Hem bu "aldawçy miras" soñky ýyllarda ("Sowuk uruş" ýyllarynda) ABŞ-na berildi. Şeýle "mukaddes aldawçylygyñ" ýurdumyzda nämelere sebäp bolandygynyñ syýasy-ykdysady, medeni jedelini edemzok, edip bilemzok. Gündelik ýöntem syýasy lakgyldylardan başga bilýän zadymyz ýok. Iş aýlanyp-dolanyp elmydama başdan geçirýän ykdysady krizislerimize gelip direýär. Serediñ: * * * Robert Edward Uord bilen Dankwart Aleksandr Rastounyñ “Political Modernization in Japan and Turkey” kitaby Osmanly Türkiýesi bilen Ýaponiýanyñ bir asyryñ dowamynda geçiren syýasy modernizasiýasynyñ üstünde durup geçýär. Awtorlar şu soraglara jogap gözläpdir: - XIX asyrda ykdysadyýetleri biri-birine meñzeýän iki ekerançylyk ýurdunda bir asyrdan soñ näme boldy? Ýaponiýa üstünlik gazandy, Osmanly nämüçin baýap bilmedi? Ýaponiýa "Meiji restawrasiýasy" diýilýän kapitalistik bazar ykdysadyýetiniñ işleýişini ýola goýup biljek syýasy, ykdysady, medeni ädimleri 1868-nji ýyldan başlap atmaga başlady. Osmanly bolsa birmeñzeş inisiatiwany şondan otuz ýyl öñ 1838-nji ýylda "Baltalimany" we bir ýyldan soñ çap eden "Tanzimat" permany bilen başlapdy. Netijede aradaky tapawut şundady: Osmanly daşky formada, şekilde üýtgeşme geçirdi. Ýaponiýa üýtgeşmäni özeninden başlady. Ýaponiýa bie asyrdan soñ Günbatardan başga ýerde senagatlaşmagy başaran ýeke-täk ýurt bolan bolsa, biz şindizem ykdysady krizisden nädip çykjakdygymyzyñ üstünde jedelleşýäris. Hem bu jedelimiz eýýäm näçinji gezek? Nädip beýle añsat aldanyp bilýäskä? "Mukaddes aldanyşyñ şejeresini" bilmezden, fanatizm bilen hasaplaşmazdan halas bolmak mümkin däl. Muny oñaryp biljek syýasy erk-erada barmy? Geçiñ, hojaýyn, geçiñ... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 26.06.2024. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |