20:08 Gepleýän küýze | |
Adamzady Hak Tagala toprakdan ýasapdyr, adamam onsoň özi üçin aýny gerek bolan zatlaryny toprakdan ýasamaga başlapdyr: palçygy eýläp jaý gurupdyr, tamdyr, humküýze, gap-gaç, oýunjak, garaz, sanasaň sanap oturmaly. Ýasan zatlaryny-da bişiripdir, syrçalapdyr, reňkläpdir. Jan berip bilmejekdigine akyly ýetse-de gözel we görkana bolsun diýip jan çekipdir. Indi biz gadymy dünýäniň hat-ýazuwdan, depder-kitabyndan ozalky zamanlarynda adamlaryň oý-pikiri, gün-güzerany hakyndaky duýgy-düşünjeleri şol döwürlere degişli ymaratlaryň galyndylaryndan, küýze döwüklerinden alýarys.
Hekaýalar
Gadymy kesp-kärleriň köpüsi ýitip gidipdir, ýitmediklerem özgeripdir, üýtgäpdir. Küýzegärlik ýörelgesem inçelip gyla dönse-de, üzülmän gelýär hernä... Buharada, Hywada, Köneürgençde... birlän-ikilän külal bar. Ha-aý, Ergeş aga, Ergeş aga... Mesge ýaly palçygy pyr-pyr pyrlanýan çarhyň ýasy tagtasynyň üstünde goýup, ony uzyn-uzyn barmaklary bilen her hili görnüşe getirýän bu garry ussany ýatlasam, ertekiler dünýäsiniň bosagasyndan ätläp, içerik giren ýaly bolýaryn. «Mirkülal muny bize goýupdyr, bizem birine galdyrmaly... Külalçylygyň piri Mirkülaldyr. Oňa pir Humnez diýilýän ýerem bar» - diýip, ussa gepleýän küýzäni ýasamagyň kül-külüne düşen Mirkülal pir hakyndaky gürrüňine başlaýar. Menem onuň garşysynda haýran galyp, diňläp otyryn. Indi-indi şol pursady ýatlap, göz öňüme getirýän welin, ol-a gepleýän küýze ýaly, menem göýä jadyly küýzä aňkarylyp oturan ýaş şägirt mysaly. Hany, bu gürrüňleri soňa goýaly-da, Ergeş agany diňläliň-le... Her dürli küýze ýasap, kürede bişirip, syrça çaýyp lowurdadýan Mirkülal baba ussatlyga ýetişiberen şägirtlerine iň soňky kämillik synagyny bermekçi bolup: «Men gepleýän küýze ýasajak» diýipdir. Şägirtlerem «Haçan ýasarka? Nädip ýasarka?» diýip, onuň ýanyndan aýrylman ýörmüşler. Pir garrapdyr, gepleýän küýze welin ýok... Ahyry bir gün ussadyň öz iş ornuna gelmeýändiginden biynjalyk bolan oglanlar onuň ýeke özüniň ýaşaýan gümmezli hüjresiniň gapysyny kakmakçy bolupdyrlar, emma piriň içerde kimdir biri bilen hümürdeşip gürleşýändigini eşidip, yza dolanmaly bolupdyrlar. Ertesi ýene şeýle. Birigünem şeýle. Üç güne çeken gürrüňdeşlik ahyrsoňy tamamlanan bolmaga çemeli. Hüjräniň ses-sedasyz, lal-jim ümsümliginden howsala düşen oglanlar hümer bolup içerik giripdirler. Görseler, pir ýaňy uka giden ýaly, nurana surat bolup ýatyr... «Lä ilähä illallah...» Otagyň ortarasynda çat açyp, bölekbölek bolan, aýlaw-aýlaw, bogun-bogun, üýtgeşik bir küýze... ...Küýzäni ýelimläp, öňküsi ýaly edipdirler, emma ol geplemändir. Şoňa meňzeş edip täzesini ýasapdyrlar, olam geplemändir. Şondan soň şägirtleriň her haýsysy öz gepleýän küýzesini ýasamak pikirini ýanyna aslypdyr-da dünýäniň dört tarapyna dargaşyp gidipdirler. Biri guşuň şekilini ýasap, içine suw guýup, tokga palçygy bilbilgöýä ýaly saýradypdyr, ýene birisi altyn suwly nagyş salypdyr, hat ýazypdyr... ýöne gepleýän küýzäniň syryny pir öz ýany bilen alyp gidipdir. Ergeş aganyň bu gürrüňini ýatlap, men öz ýanymdan pikir edýärin; “Mirkülal baba gepleýän küýze bilen näme hakynda gürrüň etdikä?” Bu sowala hiç bir göwnejaý jogap tapyp bilmeýärin. Ýöne welin, mahal-mahal tebigatda gudrat bilen dörän gözellikleri ýa-da uly ussatlaryň elinden çykan işleri görýäris, synlaýarys, olaryň ýanyndan aýrylyp bilmän dymyp «gürleşýäris». Näme hakynda, ony aňşyramyzogam, ýöne «gürrüňleşýäris». Ahmet Halmyrat | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |