12:05 Gijigen duýgy / hekaýa | |
GIJIGEN DUÝGY
Hekaýalar
Göz boldumy, dil boldumy, Batyr gelni bilen hiç oňşup bilmedi. Ony sulhy alanokdy. Gelniň gözlerini güldürip edýän näz-kereşmesi myrryhyny tutdurýardy. «Näzem eden bolýar-a» diýip, özbaşyna hüňürdeýärdi. Ol gelni gaýdyp gidýänçä, zordan çydam etdi. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gelniň gitmesem hylalla boldy. Her gezek gaýtaryljak bolanda, bir bahana tapylýardy. Bir gün myhman gelýärdi, bir günem söwüşlik goýun tapylanokdy. Gelniň atasy öýüne gidýän güni Batyr ogul jigisi bolana döndi. Aýagy ýeňledi. Selbiniň ýeke wagtyny peýläbem: «Sen gaýdyp geljek bolma. Barybir, ýaşap bilmen» diýdi. Ygtyýarsyz gelin aglaplar öýden çykdy. Bossan daýza köwşüni tozduryp tapanja gelnini, oglunyň diýenini etmän, gaýtaryp getirdi. Batyr ýene onuň göwnüne degdi: «Men saňa «gelme» diýipdim ahyr. Näme üçin geldiň? Henizem bir pille. Pikirlen». Selbi naýynjar gözlerini adamsyna dikip, ýüregini paralady: —Indi... şeýdip... maşgalany bozaýjakmy?! —Men saňa ýene bir gezek aýdýan... Batyr hepdeläp öýe köwlenmedi. Ejesiniň ýanynda-da sözi birdi: «Özüň ýaşaryn diýseň-ä, hana gelniň, ýogsa-da azar berme. Ýüregim alanok». Ogly şeý diýip duransoň, Bossan daýza-da ähli günäni ykbala ýükläp, teýahyr kaýyl boldy. Selbi gidensoň, Batyryň geçisi daga ýaýrady. Dursun bilen gatnaşygyny ýygjamlatdy. Gyzyň ýewropa biçüwli köýnekleriniň pasyrdysy, uçlary seçelenip duran örümsiz saçlarynyň tarlary, reňkden doýgun dodaklary, sürmeli gözleri ýigidi basym beýhuş etdi. Ol iş gününi sagada seredip geçirýärdi. Iş wagty gutardygy, niredesiň Dursun diýip düňk ýasaýardy. Günleriň birinde Bossan daýza ýarym-ýaş aglap, oglunyň ýanynda dil ýardy. —Indi bu öý şeýdip haňlap durmaly bormy?! Heý, bu gapydan girip-çykjak uzyn eteklä gözüm düşmezmi?! Batyr ejesiniň bolşuna hezil edip güldi: —Ýak, senem-aýt, eje, haňlap-haňlamaz ýaly, näme, bu öýde adam ýaşanokmy! Onsoňam, bar geregiň uzyn etekli dälmi? Şondan köp zat ýok bi dünýäde. Isleseň, ynhajyk getirip görkezeýin. Bossan daýzanyň ýüzi birneme ýagtyldy. Ol soragly nazaryny ogluna dikdi. —Gelermikä beri? Batyr göwnüýetijilik bilen gürledi. —Geler, geler. Näme gelmän? Bu öý gelinmez ýalymy näme? —Onda getir-dä! —Bolýa, eje, janyň sag bolsun! Isleseň, ikini getirin. Uzak gün başy öýmeli, ýakasy nagyşlyja köýnek geýen gyzy göz öňüne getiren Bossan daýza üýtgeşik, etegi giň köýnekli, saçlary seçelenip duran Dursuny görüp, öz jaýyna geçip, ýaglygyny ýüzüne tutdy. Çaý-nahar eltensoň-a Batyryň jaýynyň gapysyndan hem seretmedi. Okara-çemçäni ýygnamaga-da barmady. «Näme etse, şony etsin, ýaşajak özi, gül ýaly gelnimi kowup, tapany şol bolsa...» diýip hüňürdedi. Nahar-nowa edilensoň, Dursun çete çekilip, ösgün dyrnaklarynyň içini arassalamaga durdy. Täzeden reňk çaldy. Näme üçindir, edil şu halat Batyryň ýadyna Selbi düşdi. «Selbi beýle etmezdi» diýip, ol iki zenany ygtyýarsyz deňeşdirdi. Selbiniň keşbi Batyryň göz öňünde janlandy. Ine, Selbi öňküsi ýaly, çaltlyk bilen ýerinden turup, okara-çanagy ýygnaşdyrýar, saçagy dolap, aşhana eltip gelýär. Batyryň öňünde guýulgy duran käsäniň çaýyny daşaryk serpende, Batyr: «Ony näme beýtdiň?!» diýip soraýar. «Sowaýypdyr, häzir gyzgynjak çaý demlärin» diýip, Selbi çykyp barýarka aýdýar. Derrewem bugaryp duran gök çaýly çäýnek Batyryň öňünde häzir bolýar. Dursunyň: —Näme beýle oýa çümdüň, Batyrka?—diýen sesi ony özüne getirdi.—Näme, aýalyň ýadyňa düşäýdimi?! Bu sözler Batyra ot bolup ýapyşdy. —O näme diýdigiň, Dursun?!—diýip, ol gyza çiňňerildi. Dursun kesirlik bilen buýruk berdi. —Men barkam, aýalyň hakdaky pikiri bes et! —Meniň näme oýlanýanymy sen nä bilýäň?! —Diňe gowy görýän adamyň hakda şeýle pikir edilýä. Sen ony menden gowy görýän bolaýma, hä?! Batyr sesini çykarmady. Muňa Dursunyň bolmajysy boldy. Ol tasanjyrap turdy-da, gapa ýöneldi. —Nirä, Dursun?—Batyr onuň öňüne böwet boldy.—Seň bolşuň nähili?! Dursun gaharly nazaryny Batyra dikip, gazap bilen gygyrdy: —Men gaýtjak. «Ýek ýigrandigim aýalym» diýýädiň. Indem... Bilýän, sen meni söýeňok. Şu wagtam şo gelniňi ýatlap, meni unutdyň. —Men ony gowy görýän bolsam, kowmazdym ahyry—diýip, Batyr höre-köşe bilen onuň öýkesini ýazdy. Barybam, törde asylgy duran dutary eline alyp, eýlesine-beýlesine seredişdirdi. Edil şol wagtam Selbiniň «Hany, saz çalyp bersene, Batyr!» diýen mylaýym sesi eşidilen ýaly boldy. Bir gezegem Selbi şeý diýende, Batyr: «Sen näme, saza düşünýäňmi!» diýip, onuň ýüzüni alypdy. Selbiniň bakyşyndan «Türkmeniň bu jadyly senedine düşünmeýän barmy?!» diýen sözleri okap dursa-da, ondan ötünç soraýyn diýmändi. Göwnüne, häzirem Selbi özüni synlap duran ýalydy. Ol dutaryň tarlaryna erksiz kakyp ugrady. Dutaryň şirin owazy häzir oňa diýseň üýtgeşik lezzet berýärdi. Hamana diýersiň, Batyr öň dutaryň şeýle jadyly sesiniň bardygyny duýmadyk ýaly joşýardy: «...Zöhre jan kandadyr-kanda». —Fu, bes et şu tiň-tiňiňi. Ýürege düşdüň! Dursun şeý diýip, dutaryň tarlaryny eli bilen basdy. —Se meni şu tiňňildiňi diňletmäge çagyrdyňmy?!—Soňam öňki heňňamyna başlady.—Sen ony gowy görýädiň gerek? Batyr bütinleý aljyrady. «Gowy görýäňmi?» Dogrudanam, men ony, heý, ýekeje gezek bir söýgi bilen synladymmykam?! Batyr içki pikirini daşyna çykardy. —Bilemok. —O nähili bileňok?—diýip, Dursun ony alarladyp ugrady.—Sen näme, öz duýgyňy bilmez ýaly mahlukmy?! Sen, heý, ony birwagt gowy görüpmidiň?! —Köne saman agtarmaly-la, Dursun. —Näme, gaharyň gelýämi?! Ýalan sözläniňi bilenim üçin gaharyň gelýämi?! —Men hiç wagt ýalan sözlemändim!—diýip, Batyr azmly gepledi. —A gelniň seni gowy görýämidi? Batyr muňa tisginip gitdi. Onuň göz öňünde ýene Selbi janlandy. Toý güni ýadyna düşdi. Şol gün Selbiniň ýüzi gülap suňy çaýylan ýalydy. Ýaňaklary nar kimin gyzarýardy. Utanjyrap, ýere baksa-da, ädik çykarýarka-da, guşak çözýärkä-de, ol üýtgeşik bir mähriban nazar bilen gözastyndan ýigidi synlaýardy. «Ýüzi gülüp durdy. Özem maňa duşanlygy üçin özüni bagtyýar saýýardy. Ony gözleri aýdýardy ahyry! Şol gün ol diýseň bagtlydy. Özem maňa duşanlygy üçin... hawa... Diýmek, söýýän eken!..» —Sen ýene şol hakda pikire çümdüňmi?—diýip, Dursun şumjardy.—Sen meni ýigrenýän bolaýma?! —Weý, weý, bolşuň nähili, Dursun?.. Hany, bes etsene! Baý, gabanjaň ekeniň-ow! Gyzyň ýaňaklaryndan syrygýan gözýaş onuň pudralarynam alyp gaýtdy. Kirpiklerine çalnan gara reňkler çyzyk ýasady. Uzyn kirpikler gysgaldy. Batyr bu ýagdaýy synlap, aňkarylyp oturyşyna, Dursuny köşeşdirmegem unutdy. Gyz akja elýaglygyny çykaryp, gözýaşa kemsiz ýuwlan ýüzüni süpürende, onuň akja däl-de, garaja ýüzli näzenindigi mälim boldy. —Hany, aýt, o seni gowy görýämidi?—diýip, Dursun ýene gaýtalansoň, Batyr özüne geldi. Başyny aşak salyp, ýuwaşja pyşyrdady. —Görýädi... —A sen?! —... —Men senden soraýan, söýýämidiň, ýok?! —Aýtdym ahyr! —Näme aýtdyň?! —Bilemok... —«Bilemok, bilemok»... Şundanam bir gürrüň bormy?!—diýip, Dursun Batyry bir eli bilen itip goýberdi.—Öz ýagdaýyňy özüň bilmez ýaly, sen nä haýwanmy? Batyr başyny aşak salyp oturyşyna, günäkär çaga ýaly müýnli gürledi. —Bilemok... —Bilmeseň, bilmän geç! Dursun gitmäge hyýallanyp, alabeder sumkasyna elini ýetirdi. Batyr ony kakyp alyp, çete zyňdy. Ondan pudranyň gaby atylyp çykdy. Halynyň üstüne bir gysym un dökülene döndi. Ýigidiň gaharynyň gaty gelenini aňdymy-nämemi, Dursun biraz ýuwaşady. Ol gyzyllanan uzyn dyrnaklaryny mylaýymlyk bilen Batyryň saçlaryna ýetirdi. Sesi näz-kereşmeli çykdy. —Batyr!.. —Hä! —Ho gurjagy kim beýle bezäp goýdy?! Batyr şifonýeriň üstündäki gurjaga seredip oturyşyna çalt jogap berdi. —gelnim. Dursun ýene kejirligine tutdy. —Sen ony gowy görmeýän bolsaň, näme üçin «gelnim» diýýäň?! —Ol meniň gelnimdi ahyr. Dagy men näme diýeýin! —Başga bir zat diý! —Näme diýeýin?! —Näme diýseň, şony diý! Ýöne sen ony öň gowy görenem bolsaň, indi ýigrenmelisiň. Bu sözler Batyryň janyna degdi. —O näme üçin men ony ýigrenmelimişim?! Dursunyň jogabyna garaşman ýene oýa çümdi. Gurjagy Selbiniň özi getiripdi. Gökje lentajyk dakybam, şol ýerde goýupdy. Bossan daýza gelninde bir üýtgeşikligiň bardygyny duýupmy-nämemi, «Gelnim, gurjajyk alyp geläýdiňmi?» diýip, enelik mähri bilen Selbä ýüzlenipdi. Şonda Bossan daýzanyň ýüzi şadyýan görünýärdi. Selbi bolsa: «Siz näme gyzy gowy göreňzokmy?» diýip utanjyrapdy. Bilmezlikde agzyndan sypdyran sözlerine burç ýaly gyzaryp, gözastyndan Batyra algyr nazaryny dikipdi. «Wah, bir zat bolsa bolýa, guzym. Bize oglam bir, gyzam» diýip, Bossan daýza dylym-dylym edip, bir ýerde durup bilmändi. Batyr hopugyp gitdi. «Meniň gyzym, ýok, belki, ol oguldyr...» Ol tiken çümen ýaly ýerinden zöweldi. Äpişgäniň ýanyna bardy. Penjiräni açyşdyryp, daşaryny synlady. Tomus gijesiniň asmany dup-durudy. «Meniň gyzym ýa oglum. Hawa, meniňki, meniňki...» Batyra niredendir bir ýerden edil şu pursat üýtgeşik bir duýgy aralaşdy. Ata bolmak höwesi, çaga mähri ony ejizledip barýardy. Özüne çalym edip duran eýjejik çagajyk göz öňüne gelende, ol tas ylgap köçä çykypdy. Iki eli bilen äpişgäniň gabsalaryny tutup, daşaryny synlap durşuna, uçup gidäýjege meňzeýärdi. Serinde birsyhly «Meniň gyzym» diýen pikir at çapýardy. Bir ýerlerden eşidilýän jyzlanyň sesi-de «gyzz-zzym, gyzz-zzym...» diýýän ýalydy. Şol wagt Dursun şifonýeri açyp, Batyra ýüzlendi. —Sen ony gowy görmeýän bolsaň, bu zatlar nämä gerek?—diýip, asylgy duran aýal köýneklerini iki baka hellewletdi. Zenan sumkasyny şifonýerden çykardy.—Özüni kowan bolsaň, bularam ýok et-dä! Batyr sumkany onuň elinden silkip alyp, öňküje ýerinde goýdy. —O zatlara eliňi degirme! Ol ýene gabsa ýaplanyp, jyzlanyň ýürege ýakyn sesine diň salmaga durdy. Bu ses häzir Batyra ene hüwdüsi ýaly täsir edýärdi. Dursunyň: —Men-ä gaýtjak, Batyrka, bir çen boldy—diýen sesine ol eşidiler-eşidilmez jogap gaýtardy. —Bolýa... Batyr ony ugratmalydyram öýtmedi. Gaýtam, nämüçindir, Dursunyň aýak sesi daşlaşdygysaýy, öz ýüreginiň şatlykly gürsüldisini eşidip ugrady. Fewral, 1978 ý. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||