09:53 Global düzgün | |
GLOBAL DÜZGÜN
Publisistika
Ilýustrasiýa: Xinmei Liu / NYT Bu labirintde käbirleri "täze dünýä düzgüniniñ" gözleginde. Käbirleri bolsa ekstremistik sagyñ beýgelmeginden gorkýar. Emma hemmämiz ýönekeýje bir sebäpden ötri kommunizmiñ şindizem dünýäniñ 5%-ni emele getirýändigini ýatdan çykýarýarys. Şonuñ üçinem Hytaý häzirem Kommunistik partiýanyñ agalygy astynda ýaşaýar. Ýöne bu agalyk ne Mao Szedunyñ, ne Marksyñ, ne-de Leniniñ kommunizmi. Belki-de, "Hytaý Halk Respublikasy" we "sosialistik Hytaý" günleri gaýdyp yzyna gelmejek ýaly bireýýäm geçip gitdi. Häzir Hytaý Hindistandan soñ dünýäniñ iñ uly kapitalistik ýurdy we ABŞ-dan soñ iñ güýçli erkin ykdysady güýji. Şeýle global ýok boluşda hiç kimse kommunizmiñ gürrüñini edenok, emma nasionalistik akymlaryñ janlanyşyna şaýat bolýarys. Aýratynam, Wladimir Putiniñ kyrk ýaşynda we şonça wagta çenli ömründe başga režimi ykrar etmeýärkä nasionalizmiñ hem-ä öz içinde, hemem dünýäde çagşan Russiýasynda. Häzir Putin garaşsyzlyga bolan meýli sebäpli Ukraina "nasist" diýmekden çekinenok we bu meýli oña garşy uruş turuzmak üçin sebäp saýýar. Şeýdibem uruş we nasionalistik meýiller megerem her iki ýurtda-da ýetmiş ýyllap kommunistik häkimiýet astynda bolup geçmedik ýaly ot alyp tutaşdy. Hytaýyñ yzy bilen dört ýurt şindizem kommunizmiñ baýdagyny pasyrdadýar: Wýetnam, Laos, Kuba, Demirgazyk Koreýa. Hemmesi-de düýnüñ kommunizminiñ hiç bir prinsipine eýerenok. Wýetnamyñ paýtagtynda Ho Şi Miniñ ady gury ýatlamadan başga zat däl. Kuba Kastronyñ mirasyndan her geçen gün daşlaşyp, özüniñ ýene bir ädimde ýadro uruşyna iterjek amerikan goñşusyna gaýdyp gelýär. Laos bardygyny ýatladýan her turisti göwnaçyklyk bilen garşylaýar. Demirgazyk Koreýa bolsa, mañlaýynda ýazylany görmäge garaşýar. Häzir otuz ýaşynda, ýagny Putiniñ Kremle aralaşan döwründe dünýä inenler Rim imperiýasynyñ ýa-da ondan öñküleriñ taryhyny öwrenýän taryhçy kimin kommunizmiñ taryhyny öwrenýärler. Imperiýalar çagşanda, paýtagtlary-da öñki güýçlerini ýitirýär. Sowet Soýuzy darganda-da kommunizm dargady we Moskwanyñ aýtymyndaky kiçijik närselerden ybarat paýtagtlar dyr-pytrak boldy. Günbataryñ imperiýalary gadymy döwürlerde däl, gözümiziñ alnynda ýok boldy. Hiç kim bularyñ häzirki imperial döwletlerden has uly bolandyklaryny ýada salmaýar. Geçen asyr soñlanmanka Birleşen Korollygyñ, Fransiýanyñ, Sowet Soýuzynyñ häzirkisinden has giñ meýdany tutandygy ýatdan çykdy. Muña derek taryhyñ iñ uly köp ilatyna eýe Hindistan we Hytaý ýaly öñki koloniýalar täze imperiýalara öwrüldi. ABŞ-dyr Russiýa öz uruşlary bilen başagaý bolup ýörşüne, Hytaý Taýwan bilen boljak uruşyna (Alla gorasyn!) garaşýar we bir ýandanam "howpsuz asudalygyñ" wagtlaýyn sapasyny sürýär. Ine, ýurtlaryñ başgalaryñ ejizliginiñ hasabyna beýgelýän, ejiziñ güýçlenýän we güýçliniñ ejizleýän "global düzgüni" şular ýaly. Semir ATAULLAH, Liwanly źurnalist. Şenbe, 10.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |