Duşakdan çykyp, Mäne-Çäçä tarap ugrarsyň welin, dag etegindäki sähralyklaryň ýaýlym-ýaýlym giňişliklerinde her dürli sudurlar salgyma öwrülip, salgymlaram sozulyp-sozulyp eräp-akyp barýandyr. Bu giňişlikler seni giň bolmaga çagyrar. Senem onsoň bu ötegçi dünýäde giň bolmagyň nähili wajypdygyna kem - kemden düşünmäge başlarsyň,sebäbi giňlige hemme zat sygýar, giňlikde hemme zada orun bar, şonuň üçinem giňlik şeýle owadan. Şondan bäri çöle ýa-da sähralyklara çyksam meniň göwnüm bu giňişliklere salgym bolup ýazylyp - ýaýrap gidýär.
Bu ýollardan ençeme sapar geçenimden soň göz ýetiren şu hakykatymy hemişe ýanymda götermek üçin pikirimde-oýumda täze-täze deliller bilen onuň çuňluklaryna aralaşýardym: dargursak adamyň ýanynda durup bolanok, emma göwni giň adamy görseň, seniňem göwnüň açylýar.
…Her sapar bu sähralygyň jümmüşindäki uly gussanyň deňesindenem biz birhili mylaýymlyk bilen geçip gidýäris, sebäbi ol giňişligiň içinde. Ol owadan giňişligiň içinde…
Howwa, bu ýaýlalaryň içinden geçýän uly ýol, uzak ýol eýýamhaçan harabalyga öwrülip giden uly bir obanyň deňesinden geçýär. Ýolagçylaryň hemmesi ony synlaýar. Bilen-ä bilýär, bilmedigem seredip, synlap “ Göçülen ýurtdur-da” diýip uludan dem alýar. Birmahallar akar ýaply hem kärizli küren oba bolup oturan bu obanyň ady Mahmaldy. Mahmal ýaly düzde oturan Mahmaldy.Ine, indem harabalyk bolup galypdyr.Sowetler ýurdunda komunizm gurujylaryň syýasatyna görä, kiçi obalary birikdirip, şäher tipli posýolok gurmaly edilmegi köp adamy dogdyk mekanyndan aýra salypdy. Köp obalar boşap galdy.Bu-da şolaryň biridi.Şol döwürden Mahmaldan ilaty göçürmäge suw gytlygynam bahana etdiler.
Oglanlyk ýyllaryny şu obada geçiren käbir adamlar bilen gürrüňdeş bolup görseň “Biziň aýdýanlarymyz siziň üçin erteki ýalydyr” diýýarler-de Mahmalyň ýatlamalaryna siňip gidýärler. Olar üçin bu obanyň geçip giden ýagşy günem ýaman günem mahmal ýalydyr, elbetde.
Bir ýaşulynyň aýdyp beren gürrüňini her sapar şu göçülen obanyň deňesinden geçmeli bolanymda ýatlaýaryn. Ol şeýle gürrüň berdi:
“Biz Tejeniň ulurak obalarynyň birine göçüp bardyk. Aradan iki-üç ýyl çemesi geçipdi. Men öňem çekene çopandym. Göçüp baran ýerimizde-de ýene çopançylygymy etmäge başladym. Bir sapar süriniň ýüzüni ilerik, dag tarapa öwürdim. Uzakly gün malyň yzyna düşüp, ýuwaş-ýuwaşdan ozal mal bakan sonarly meýdanlaryma golaýladym. Bir hili endamym jümşüldäp, süňňüm gowşan ýaly boldy. Şol gün agşam onsoň, şu ýerde goş ýazdyryp, goýunlary bir oýtak ýere gabap ýatdym. Neneň- niçik ahmal galypdyryn, bilmedim. Daň bilen tursam goýun ýok… Itlerimem, eşegimem ýok. Beýle ümsümlik bilen nädip, nirä gitdilerkä? Yzarlap, iki-üç sagat ýol ýöräp göçüp gaýdan obamyza geldim. Görsem, çekene mal-da, her kimiň öz dowary topbasy bilen sürüden saýlanyp, öz eýesiniň howlusyna , öz agyljygyna barypdyr…Meniň öz mallarymam, eşejigimem, itlerimem howlymyzda …
Soň onsoň, mallaryň başyny jemlejek bolup howlulardan kowup çykarmaly bolanymda obamyzyň adamlaryny elime taýak alyp öýünden kowýan ýaly bolup, erbet gyýyldym… Obadan göçmeli bolanymyzda aglamandym, şol gün welin…”
Men Haweran çölüniň giňişliklerini synlap barýaryn. Daglara tarap uzaýan jülge , guran çaý, bölek – bölek kepderiler, pyýadalap zyýarata barýan ýalňyz ýolagçy, göçülen oba…, bularyň bary owadan giňişligiň içinde.
Giňlikde hemme zat özüne orun tapýar. Giňişlikde hemme zat owadan.
Ahmet Halmyrat
Hekaýalar