15:08 "Gorkut ata" kitabynda skif däp-dessurlary | |
«GORKUT ATA» KITABYNDA SKIF DÄP-DESSURLARY
Taryhy makalalar
Drezdeniň Milli kitaphanasyndan tapylan, on iki boýdan ybarat, oguzlaryň gahrymançylykly eposy bolan, «Dädem Gorkut kitaby» atly golýazmany 1815-nji ýylda nemes gündogary öwreniji Dis (1751-1817) nemes diline terjime görnüşinde çap etdirdi. Bu terjime halk arasynda uly gollanma hökmünde kabul edildi. Bu ýadygärligiň esasy gahrymanlarynyň biri bolan, oguz Depegözüni gadymy grek mifologiýasynda belli Gomeriň «Odisseýa» eserindäki Polifemiň erkek dogany hökmünde görkezmek bolar»-diýip, 1988-nji ýylda oguz eposyny öwreniji H. Görogly belläp geçýär. Ol Orta Aziýada ýaşan skifleriň kömegi bilen gadymy grek mifologiýasynyň hem-de mifologik gahrymanlaryň üsti bilen oguzlaryň eposyny görkezýär, ýagny bu at (skif) ilkinji gezek taryhy çeşmelerde b.e.öň VII asyrda duş gelýär diýip aýdýar. Eýýäm, b.e.öň V asyrda «Taryhyň atasy» bolan Gerodot gadymy ýewropa ýurduny skifleriň däp-dessurlary bilen tanyşdyrypdy. «Mundan başga-da skifleriň taýpasyndan bolan issidonlaryň gürrüň bermegine görä, grifonlaryň altyn daşyny goraýan ýeke gözli adamlar ýaşaýar. Issidonlaryň bu gürrüňini skifler gaýtalaýarlar, biz bolsa ony skifleriň üsti bilen bilýäris. Şonuň üçin hem biz ony skif-arimasplary diýip atlandyrýarys» (şol ýerde ýeke gözlüler− Ö.G.)-diýip Gerodot ýazýar. Gerodotyň görkezýän ýerleri Merkezi hem-de Orta Aziýa, ýagny köp sanly türk halklarynyň watanyna degişlidir. Özümiziň köp sanly işimizde biz skifleriň, türki halklaryň, şeýle hem türkmenleriň däp-dessurlaryndaky diliň hem-de diniň arasyndaky ugurdaşlygyny saýlap alypdyk. Häzir biz bu ýerde saklanmakçy däl. Biziň esasy gürrüňimiz epiki eserleriň ugurdaşlygy barada. Gerodotyň öz kitabyndaky bölekleri skiflerden eşidendigine meniň hiç hili şübhäm ýok. Skifleriň − türkmenleriň hem-de beýleki türki halklaryň neslinden bolandygy üçin, türkmenleriň, özbekleriň garagalpaklaryň, gazaklaryň, altaýlylaryň, azerbaýjanlaryň hem-de türkleriň eposlarynyň arasyndaky aýratyn bütewi mazmunyň saklanmagy hem geň däldir. Elbetde, ýeke gözli elhenç adam baradaky rowaýatlar hem-de ertekiler Merkezi, Orta, Gündogar, Alynky we Kiçi Aziýada, şeýle hem Merkezi we gündogar Ýewropada, beýleki köp ýurtlaryň halklarynyň arasynda bar. Ýöne şolaryň içinden iň gadymysy Gomeriň «Odisseýa» atly eserinde saklanýar. Elbetde, Gomeriň gürrüň berýän taryhy ýagdaýy b.e.öň XII asyrda bolup geçdi, bu ýagdaý bolsa, onuň şol döwürde ýaşandygyny tassyklamaýar. Nemes derňew geçirijisi Margaret Rimşneýder Gomer takmynan b. e. öň VII ýa-da VI asyrda ýaşap geçip, onuň gelip çykyşy hem Kiçi Aziýaly grek bolupdyr diýip, ynamly tassyklaýar. Diýmek, Gomer şol wagt Kiçi Aziýada ýaşapdyr. Şol wagt ol ýere eýýäm skifler göçüp gelipdiler. Bu bolsa onuň skifleriň gürrüňlerini doly suratda epiki rowaýat görnüşinde ýazyp alyp hem-de ony öz eserine girizen bolmagynyň mümkindigini tassyklaýar. Gresiýada şol döwüre çenli bu geň rowaýatlara meňzeş rowaýatlary eşitmändiler, şonuň üçin hem bu rowaýatlar ol ýerde uly meşhurlyk gazanypdyr. Gomeriň poýemasyna beýleki nusgalaranyň çeşmeleri diýip, görkezmeklige hiç hili esas ýok. Ýöne meniň üçin esasy fakt şundan ybarat: - Ýagny Aziýa hem-de Ýewropa halklarynyň rowaýatlarynyň arasyndaky ýeke gözli döw baradaky waka bilen «Odisseýa» hem-de «Gorkut atadaky» rowaýatlaryň ugurdaşlygy ýaly hiç bir halklaryň rowaýatlarynda ýok. Mysal üçin: «Gomeriň suratlandyrýan Polimef atly ýeke gözli döwi, deňiz hudaýy bolan Fetidanyň ogly. «Gorkut atadaky» Depegözüň enesi bolsa uly deňizde ýaşaýan peri». Odisseýiň jahankeşdeligi, Penelopa söz aýtmaklygy, şeýle hem onuň ýeke gözli döw bilen söweşi, Troýan urşunyň taryhy ýagdaýlary baradaky rowaýatlary Gomeriň poýemasynda ýerliksiz ýaly duýulýar. Bu bolsa eseriň bütewiligine päsgel berýär. Diýmek, gadymy grek şahyry edil şol sýužetleri kabul edip alyp, ony hem taryhy işine goşupdyr. Bu täsirlenme bizi skif-sak jemgyýetine alyp barýar. Beýik türki eposlaryny öwreniji W.M.Žirmunskiý: «Esasy ünsi bir zada çekmeli, ol hem Gadymy Grek hem-de Orta Aziýa rowaýatlaryna mahsus bolan «Ýanýoldaşyň gaýdyp gelmegi» we umumy «gündogar» rowaýatlarynyň wariantlarynda belli-belli sýužetlere duşmak bolýar. Bu ýagdaý bolsa belli bir derejede antiki hem-de Orta Aziýa medeniýetiniň gadymy döwürlerden bäri aragatnaşygy bolandyr diýen soragy goýmaga mümkinçilik döredýär» - diýip belleýär. Biziň şu ýerde «Gorkut ata» döwrüne girýän skif eposy bilen meňzeşligini biz beýleki poýemalardan hem susup alýandygymyzy aýtmagymyz gerek. Bu bolsa «Depegöz», «Besediň Depegözi öldürdigi boýy» hem-de «Baý Bugra beg ogly Bamsy Beýrek» ýaly boýlarda görünýär. Baýbugra begiň ogly Bamsy ýaş wagtynda özüni söweşlerde edermenlikde tanadan pälwan bolupdyr. Bir gezek ol özüni tanatmazdan adaglysy bolan gelinligi Banu Çiçegiň sähralykda ýerleşýän çadyryna barýar. Bamsy Beýrege Banu Çiçek göreşde hem-de at çapyp, ýaý atmakda ýaryşmagy teklip edýär. Banu Çiçek ýaryşda ýeňilýär we pälwan ýigide ýüzük sowgat berýär. Şeýlelik bilen, Banu Çiçek ýigit tarapyndan gudaçylyga gelmekleri üçin atasyndan rugsat soraýar. Bamsy Beýrek Banu Çiçek bilen toý tutýar. Emma Bamsy Beýrek bu taýda dildüwşilen çozuşyň pidasy bolýar. Ol Baýburt galasynyň şasyna ýesir düşýär. On alty ýyl geçýär, ondan hiç hili habar-hatyr bolmaýar. Ýalanjyk atly biri Banu Çiçege ganly köýnek görkezip, «Bamsy Beýrek wepat boldy» diýýär. Banu Çiçek muňa ynanyp, Ýalanjyga durmuşa çykmaklyga söz berýär. Şol wagt Baýbugra beg tarapyndan iberilen söwdagärler pälwana, ýagny Bamsy Beýrege boljak toý barada habar berýärler. Şanyň gyzynyň kömegi bilen Bamsy Beýrege galadan gaçmaklyk başardýar. Ol diwana bolan bolup, köne eşikleri geýip, toý märekesiniň arasyna gelýär. Bu ýerde Bamsy Beýrek, öýlenjek ýigit hem-de beýleki palwanlar bilen ýaýdan ok atmakda ýaryşýar. Emma onuň özünden başga hiç bir adam, onuň ýaýyny dartyp bilmeýär, Bamsy Beýregiň oky Ýalanjygyň ýüzügini bölek-bölek edýär (pytradýar). Soňra Bamsy Beýrek eline saz guralyny alyp aýdym aýdýar. Aýalyny bolsa, bu işde aýyplap, Banu Çiçekden nika ýüzügini yzyna bermegini talap edýär. Emma Banu Çiçek onuň Bamsy Beýrekdigine ynanmaýar. Şonda Bamsy özüniň onuň bilen aralarynda bolan ilkinji duşuşygyny jikme-jik beýan edýär. Şeýlelikde, aýaly Bamsyny tanaýar. Betbagtlykdan ýaňa gözleri kör bolan Bamsynyň garry atasy, oglunyň barmagyndan gözüne daman gan bilen gözleri açylýar. Ýalanjyk gorkusyndan gaçýar, ýöne Bamsy onuň günäsini geçýär. Oguz rowaýatynyň gysgajyk beýany şeýle. Indi biz muny Gomeriň eseri bilen deňeşdireliň. «Odisseý 20 ýyllap ýat ýurtlarda sergezdan gezýär. Hiç kimiň onuň diriliginden ýa-da ölüliginden habary bolmaýar. Ruhdan düşen Odisseýiň wepaly aýaly Penelopa ahyr soňy oňa öýlenjekleriň joşgunly talap etmeklerine ýol berýär. Bu betbagtlykdan Odisseýiň ejesi Laýert ölýär, kakasy bolsa garyplyga sezewar bolýar. Penelopa kimde-kim Odisseýiň pälwan ýaýyndan atyp bilse, şoňa durmuşa çykjakdygyny habar berýär. Eger kimde-kim 12 söweş paltasynyň aşaklygyna dürtülen, ýiti, ötgür halkalaryň arasyndan naýzasyny göni geçirip bilse, şoňa durmuşa çykjakdygyny aýdýar. Şol wagt Odisseý hem Itaka şäherine gelip, geljekki toý barada eşidýär hem-de garryja garybyň eşigine girip, ýaýy çekýär. Şeýlelik bilen, ol duşmanlary bilen hasaplaşýar. Şunlukda, Odisseý Penelopa öz ýüregini açýar. Penelopa hemmelerden soň, diňe olaryň ikisine belli bolan nika syryndan tanaýar. Elbetde, bular ýaly sýužetler Ýewropa, Aziýa, Demirgazyk Afrika ýaly halklaryň arasynda hem belli. «Odisseýdäki» hem-de «Gorkut atadaky» wariantlar özbaşdak ýazylan bolup, olar özleriniň mazmun aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. «Odisseý» hem-de «Gorkut ata» eserleriniň merkezinde gahrymanyň aýaly bilen aýralygy, halkanyň gürrüňi, aýdym aýtmagyň üsti bilen romantiki mazmun orun tutmaýar. Bu ýerde esasy mazmun, sürgün edileniň zulum berijilere garşy gahrymançylykly söweşi, onuň öýüniň talanmagy, mülküniň we maşgalasynyň basylyp alnyşyndadyr. «Gorkut-ata» eposynyň iň gadymy rowaýatlarynyň biri hem Bamsy Beýrek baradaky rowaýatdyr. Ol özbekleriň we garagalpaklaryň «Alpamyş», gyrgyzlaryň «Manas», altaýlylaryň «Alyp-Manaş», gazaklaryň we başgyrlaryň «Alpamys» eserleri bilen ugurdaşdyr. Hakykatyna seredeniňde «Alp-Bamsy» (Pälwan Bamsy) we «Alpamys»bir gahrymandyr. Mende bu halklaryň atlary ýönelige agzalan däldir, sebäbi skifler, saklar, massagetler bu halklaryň gelip çykyşynda uly rol oýnadylar. Diňe «Odisseýa» eposynda hem-de ady agzalan türki halklaryň eserleriniň içinde esasy pursat rowaýatyň baş gahrymanynyň öz aýalyna «öýlenjek ýigit» bilen ýaryşa, ýagny pälwanyň ýaýyndan ok atmak, ony hem diňe ýaýyň hakyky eýesiniň ulanyp bilmegi, rowaýatyň gahrymanynyň garry gedaýyň eşigine girmegi ýaly esasy pursat sýužet çözülşini saklamakdaky meňzeşlikler duýulýar. Meniň pikirimçe, esasy ünsi bir zada çekmeli. Ol hem pälwanyň ýaýy bilen iş salyşmasy beýleki adamlaryň arasynda gahrymana artykmaç üstünlik beripdir. Gerodot skifleriň gelip çykyşy barada gürrüň berip, şeýle rowaýaty getirýär, ýagny Gerakl öz patyşalyk mirasyny üç ogullaryndan birine goýmakçy bolupdyr. Şonda ol haýsyňyz meniň ýaýymdan ok atyp bilseňiz, şol hem mirasa eýe bolar diýipdir. Ýaýdan ok atmaklyk onuň kiçi ogly Skife başardýar. Şuňa meňzeş mazmun türkmen ertekisi bolan «Garaja batyrda» hem bar. Ýene-de bir zady mysal hökmünde getiresim gelýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, Bamsy Beýregiň Banu Çiçege öýlenmeziniň öň ýanynda onuň bilen göreşe çykýar. Biziň eramyzyň II asyrynda ýaşap geçen grek şahyry Klawdiý Elianyň maglumatyny mysal hökmünde getireýin: «Kimde-kim sakly gyza öýlenmekçi bolsa, onda şonuň bilen söweşe çykmaly. Eger-de söweşde oglan ýeňilse, onda ol gyzyň ýesiri bolup, ol doly gyzyň hökümdarlygynda galýar, eger-de oglan gyzy ýeňse, onda, oglan gyzy öz hökümdarlygyna alýar». Toýlarda söweşmek däbi öňden hem türki halklaryň eposlarynda belli. Türkmenlerde «Gorkut atadan» başga-da beýleki eserlerde, rowaýatlarda, ertekilerde esasan hem «Görogly» eposymyzda öýlenjek ýigidiň öz aljak gyzy bilen göreşmek däbi çeper suratlandyrylýar. Bu esasan hem «Görogly» eposynyň «Harman däli» şahasynda görkezilýär. Şeýlelik bilen, biz skifleriň rowaýatlarynyň täsirleriniň «Gorkut ata» eposynda bolandygynyň hakykatdygyny aýtmagymyz gerek. Bu rowaýatlaryň türkmenlere miras boýunça geçendigini gürrüňsiz göni aýdyp bileris. «Gorkut atanyň» bize gelip ýeten aýratyn bölekleri biziň eramyzdan öňki 1 müňünji ýylyň ortalaryna degişli, ýagny 2,5 müň ýyl mundan ozal getirilen zatlardyr. Öwez GÜNDOGDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |