20:05 Gurbanmyrat batman | |
GURBANMYRAT BATMAN Gökdepe galasynyñ her garyş ýeri ata-babalarymyzyñ şehit ganyna eýlenen. Galanyñ gündogar tarapyndan ilerden gaýra tarap uly ýol geçýär. Şol ýol bilen galanyñ aralygynda bir gonamçylyk ýerleşýär. Oña "Batman öwlüýäsi" diýilýär. Bu gonamçylyk haçan döräpdir we oña berlen at nämeden galypdyr. Geliñ, bu barada bilmäge synanyşalyñ. ▶ Gurbanmyrat batman kim bolupdyr ? Gurbanmyrat batmanyñ doglan ýyly barada anyk maglumat saklanyp galmandyr. Ýöne ol ýaşan döwründe juda edenli, sylag-sarpaly, halal we ýeter-ýetmez bendelere kömek edýän sahawatly adamlaryñ biri bolupdyr. Şeýle hem onuñ dört aýaly bolupdyr. Doglan ýyly belli bolmasa-da, onuñ geçen asyryñ ýigriminji ýyllarynda aradan çykandygy barada Orazdurdy Atahanow Gurbanmyrat batmanyñ agtygy, Gökdepe etrabynyñ "Ahal" daýhan birleşiginde ýaşap geçen Berdi Orazsähedowyñ (Berdi batman) agzyndan şu gürrüñi ýazyp alypdyr: - Gurbanmyrat atamyz ömrüniñ soñky ýyllarynda gum içinde Bükriçaran diýen ýerde ýaşapdyr. Ol ölmänkä "Meni Gökdepe galasynyñ gündogar tarapynda jaýlañ!" diýip, wesýet edipdir. Gurbanmyrat ýogalandan soñ ony düýäniñ üstüne keseligine merduwan goýup, şonuñ üstünde ýatyryp, gumdan alyp gelenleri şu günki ýaly ýadymda. Ol wagtlar men kiçijikdim. Bu waka ýigriminji ýyllarda bolupdy. "Ynha, alyp geldiler" diýip, adamlar içeriden çykyp ugranlarynda menem ululara bildirmän, kim geldikä diýip, çaga bilesigelijiligi bilen olaryñ arasynda daşary çykdym. Ýogsa munuñ ýaly ýere çaga goýberilmeýär ahyryn. Onsoñ ony wesýet eden ýerinde jaýlapdyrlar. Ol ilki ýeke ýatypdyr. Soñ onuñ töwereginde Gurbanmyrat batmany gonambaşy edinip, batmanlarymyz dünýäden gaýdan adamlaryny jaýlap başladylar. Indi bolsa bu ýere başga tirelerden hem adam jaýlaýanlar bar. Şeýdip Gurbanmyrat atamyzyñ gonambaşylygynda "Batman öwlüýäsi" emele geldi.. Gurbanmyrat batmanyñ eziz ruhy bizden şat bolsun! © "Watan" gazeti | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |