00:36 Gusaýjak ýaly bolýaryn | |
GUSAÝJAK ÝALY BOLÝARYN
Publisistika
Taryhdan bilýän zatlary ýok. “NATO… NATO…” diýip, ellerini owkalaşyp durlar. Ne köp magşugy bar eken-aý bu harby paktyñ! Serediñ. Düýni içgin öwrenmezden gelejegi gurup bolmaýar: Demokratik partiýa-Menderes hökümeti NATO-nyñ düzümine girjek bolup hars urdy. Mejlise geñeşmezden koreý urşuna esger ugratdy. Jemi 14 müñ 936 esger Koreýa gitdi. Şolaryñ 721-i wepat boldy, 175-i dereksiz ýitdi, 234-i ýesir düşdi we 2 müñ 147-si ýaralandy... Nazym Hikmet goşgularynyñ birinde bu barada şeýle diýipdi: "Meni, uniwersitetli ätiýaçdaky ofiseri, Koreýada harçladyñyz, Adnan beý. Elleriñiz itdi meni ölüme, Ýympyk hem çyglyja myssyk ellerñiz..." Günbataryñ gözüne ilmek üçin "ýurtda kommunizm howpy bar" diýip, sungat adamlaryndan, ýazyjy-şahyrlardan, alymlardan 167 çepçi kanuny bozmakda aýyplanyp, türmä salyndy... SSSR-iñ Kars-Ardahany almak isleýändigi baradaky gara propogandasy ara salym salman ýöredildi. Bulara NATO ynandymy? ABŞ-nyñ Syýasy meýilnamalaşdyrma uprawleniýesi 1950-nji ýylyñ 29-njy awgustynda "NATO-nyñ agzalygy üçin Türkiýäniñ talaby" sözbaşyly degerlendirmesinde Sowet Soýuzynyñ türk araçäginde haýsydyr bir harby üýşmeleñiniñ bardygy barada hiç hili maglumat ýokdugyny, Türkiýäniñ NATO agzalygy baradaky talabynyñ diñe içerki syýasaty bilen baglanyşykly gaýgylaryndan gelip çykýandygyny, Türkiýäniñ Koreýa esger ugradyp, ABŞ-dan sylag almak isleýändigini ýazdy... Ahyrynda! ABŞ-nyñ Trumen doktrinasy we Marşall kömegi bilen başlan prosedura bu ýurduñ NATO kabul edilmegi baradaky teklibi bilen ýetjek derejesine ýetdi. Emma, Türkiýäniñ agzalygy añsat bolmady: • DÜÝN GARŞYDYLAR ABŞ-nyñ "Türkiýäni NATO alalyñ" teklibine käbir ýurtlar garşylyk bildirdi! Norwegiýa, Daniýa, Gollandiýa, Belgiýa Türkiýäniñ NATO alynmagyna serhet goñşusy SSSR-iñ garşylyk görkezjegini we munuñ uruş turuzma ähtimallygynyñ ýokarydygyny nygtap, garşy çykdy. Eýse... düýn şu tutarygy öñe süren ýurtlar häzir näme üçin Şwesiýanyñ we Finlandiýanyñ NATO alynmagyny oñlaýar? Düýn SSSR-iñ gižželenmezligine ähmiýet berýän bu ýurtlar indi näme üçin Russiýany gižželemek isleýär? Şol eserdeñlik şu günki gün näme sebäpli görkezilenok? Bilýänsiñiz: Russiýa NATO-nyñ özüne tarap giñemesinden ynjalyksyzlanýandygyny ýigrimi ýyl bäri aýdyp gelýär. Muña garamazdan NATO äwmezeklik bilen nämüçin Russiýany gižželäp, jenaýat edýär! Türkiýäniñ NATO alynmagyna düýn garşy çykanlar sowet tarapdarydymy? Ýok. Şwesiýanyñ we Finlandiýanyñ şu gün NATO alynmagyna garşy çykýanlara näme üçin "rus tarapdary" diýilýär? Ýeri bolýa, men Türkiýäniñ NATO girişini ýazmagy dowam etdireýin: Hawa, NATO goşulandan soñ näme bolanmyş? Kagyz ýüzüne seretseñ-ä, bu "howpsuzlyk" şertnamasy... Eýse munuñ öwezine nämeleri berýäñiz? Ýa-da bu berjek zatlaryñyz sebäpli ýurduñ howpsuzlygyny howp astyna alýañyzmy? Bularyñ barsyny ýazaýyn, onsoñ siz taryhyñ çañly sahypalarynda galanlary okap, şu günki güne çyra tutuñ: • OSMANLA MEÑZEŞI Türkiýe NATO girdi. Emma agzalyk boýunça şertnamanyñ ähli şertlerine ABŞ bilen bile gol çekdi! Meselem: Türkiýedäki ABŞ-nyñ Harby kömek edarasynyñ personalyna NATO Güýçleriniñ statusy şertnamasynyñ talaplarynyñ geçiriljekdigi baradaky şertnama. Muña laýyklykda Türkiýede ýerleşen harby desgalardaky, bazalardaky amerikan esgeri NATO-nyñ däl-de, ABŞ-nyñ tabynlygynda bolmalydy! Ýokary Mejlisiñ gün tertibinde sese goýulmadyk Harby desgalar baradaky şertnama, Injirlik bazasy bilen birlikde Türkiýedäki harby bazalaryñ ulanylyşy hakyndady. Amerikanlar Türkiýede islän ýerlerinde baza gurup bilmelidi. ABŞ-na islän wagty bazalaryny ulaltmaga, serişde toplamaga hukuk berildi. Şeýle-de Mejlise görkezilmedik 2-nji madda laýyklykda ýurdumyza geljek amerikan goşun bölümleri üçin türk hökümetinden rugsat alynmaly-da däldi! Bu goşun bölümleriniñ ýurda girişi ýaly çykyşy-da hökümete mälim edilmeli däldi! Ýene nähili gör lähetler... Bu ýerde amerikanlar eden bidüzgünçilikleri sebäpli diñe öz derñew düzgünleriniñ çäginde jogapkärçilige çekilmelidi... Doly garaşsyz Türkiýe birnäçe ýyldan soñ şuña meñzeş şertnamalar arkaly Osmanlyny çöküşe alyp baran - boýun sunujylykly döwlet gurluşyna gaýtadan dolap äkidildi! Ine, NATO diýleni şudur!.. NATO-ny alkyşlamazdan öñinçä taryhy prosesleri gowja öwreniñ. Munuñ özi kolonial şertnamadyr. Galyberse-de, NATO-nyñ ýetmiş ýylyñ dowamynda ýurdumyzda nämeleri gaýyrandygyny mazaly öwreniñ. Sagçylar bilen çepçileriñ arasyna sim çekildi. Legal däl "Gladio" toparynyñ eli bilen Gresiýadan Italiýa çenli ýurtlarda ganly aktlary, prowokasiýalary gurnady. Zol "demokratiýa" sözüne duwlansa-da, Portugaliýadaky Salazar ýaly faşist diktatorlara arka çykdy. Türkiýedäki harby döwlet agdarlyşyklaryny goldady. FETÖ-nyñ "Ergenekon-Balýoz" prosesi bilen başlan we 15-nji iýula çenli uzaýan operasiýalaryna-zarbalaryna jyñkynam çykarmady. NATO ýurtlarynyñ PKK-ä goldaw bermegine göz ýumdy. Uzatmaýyn... Kimdir biriniñ NATO-ny öwýänini eşitsem, göz öñüme şu ýazanlarym gelýär we gusaýjak ýaly bolýaryn. Ýetmiş ýylda adamlarymyzyñ erk-eradasyny ýok edip, ýesir aldylar, özlerine añk bolup durar ýaly etdiler. Haýp. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |