GYŞDA
Ilkagşamky tozgalap ýagan gar görer göze ujypsyza bolup görnenem bolsa, töwerek-daşy galyň gara büräp ýetişen eken. Bu ir ertir belli boldy. Indi bu günem çagalar gary özlerine esasy güýmenje edinseler gerek. Ýogsam näme? Heý-de gar oýnap, buzda typmagy halamaýan bar diýseler, kim ynanar? Perhadyň gary gowy göräýşini, arman oňa köçä çykyp oýnamak rugsat edilmeýärdi. Aýagynyň agyrysy ymykly aýrylmasa, gaýdyp olar ýaly oýun oýnajak däldi. Ejesiniňem, oba lukmanynyňam tabşyrygy şeýledi. Nätmeli?
Perhadyň ýüregi daralyp barýan ýaly laňňa ýerinden galdy-da, ýeke aýagynyň üstünde durup ýöredi, baryp diwara söýendi. Penjiräniň tutusyny bir gapdala syrdy, soňam onuň aýnasyny bat bilen itip goýberdi. Daşarynyň tämiz howasy onuň ýüzüne urdy. Ho-ol beýleräkde üç-dört sany oglanjyk onuň bada-bat ünsüni çekdi. Olar nämedir bir zadyň maslahatyny etdiler-de, hersi birýana siňip gitdi.
Perhat şol bir ýere dikanlap seretdi. Göwnüne bolmasa ol ýerdäki gar üýşmegi göz açyp-ýumasy salymda beýgelip barýardy. Basym oglanlaram gelip başlady. Olaryň hersiniň elinde bir zat bardy. Perhadyňky ýaly diňe bir gar oýnap, buzda typmak däl, gardan adam ýasamak hem boljak eken-dä! Näme üçin hiç mahal gar adamsyny ýasamaga gatnaşmadyka? Häzir-ä onuň üçin bu işiň hiç bir kynçylygy ýok ýaly. Taýýar edilen gar adamsynyň kellesine bir ujy ýemşerilen bedre geýdirildi, burnunyň ýerine käşir oturdylyp, gözleriniň ornuna kömür bölejikleri dykyldy. Bu boluş näme üçindir Perhada ýaramady. Ol muny uly işiň kemçiligi diýip hasaplady. “Aý, gaty bir hijem däl, sowukda kim oňa üns berjek. Hany meniň ýaly ony ýyly içerden synlap duran adam barmy? Ýogsam ol mydama eli sübseli, egni possunly Tosy daýa meňzäp dur-la. Onsoň hemmelerem şonuň keşbidir öýderler”.
Şol günden soň aýagynyň agyrysy täzeden gozgan Perhat esli günläp ýerinden galman ýatmaly boldy. Soň-soňlar agyrynyň yzasy kemelip, özüni duýşy gowulandy. Bir günem ol has giç oýandy. Günüň şöhlesi tas onuň üstüne düşen eken. Ol howul-hara ýerinden galdy-da, aýnadan daşaryny synlady. Daşary ýazyň bir güni ýaly maýyldy. Agaçlaryň üstünde-de gar görünmeýärdi. Perhat şol bir ýere seredip ylla doňup galana meňzedi. Şol
günki yhlas edilip ýasalan gar adamsynyň ýeri boş durdy. Bogazy dolup, gözleri nemlenip gitdi. Şo dem onuň kellesine başga bir pikir geldi. Gar adamsyna jan girip, töwerekde gezmeläp ýörendir öýtdi. Emma ol hiç ýerde-de görünmeýärdi. Bu ýagdaý deňinden geçişip barýan adamlaryň-a piňine-de däldi. Gaýtam olar gar adamsynyň şu ýerden ökje göterenine begenişýän ýaly şadyýandy.
Perhat welin gar adamsynyň gidenine ýürekden gynandy. Onuň duran ýerlerine ýaňadan ser saldy. Ol ýerde garyň sähelçe bölegi galypdy, beýle ýanynda bolsa onuň hälki kellesine geýdirilen ýemşik bedresi ýatyrdy.
- Eje, ol bedre telpegini taşlap nirä gitdikä?—diýip, gygyranynam duýmady.
- Kim ol, oglum?—diýip, ejesi-de aşhanadan gygyrdy.
- Gar adamsy.
Ejesi oglunyň gürrüňine geňirgenip, gelip onuň ýanynda oturdy.
- Indi oglum, ýaz çykýar—diýdi-de, Bagdagül eje onuň başyny sypady.—Aýagyň agyrysam aýryldy. Täze ýyl mekdebe-de gatnarsyň. Gar adamsyny bolsa birjigem gaýgy eteme. Oňa sowukdan-sowuk, aýazly ýurt gerek. Ol şeýle ýurda-da gidendir.
Perhat ejesiniň ýüzüne seredip, onuň bilen ylalaşýan terzde gürledi:
- Onda men ho-ol bedräni ýygnaýjak, geljek gyş gelerem, onuň öňünden çykyp, elinjek gowşyryn, bolýamy?
- Bolar, guzym, bolar. Akylyňa döneýin. Gar adamsy hökman geler. Onsoň seniň bu asylly işiňe ullakan sagbolsunam aýdar.
Perhat begenç bilen daşaryk ylgady.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Çagalar edebiýaty