03:47 Gysgajyk kyssalar | |
GYSGAJYK KYSSALAR
■ Hakykat ýalana çyksa... Jon Smit bir ogrynyñ jübä nädip girip bilýänini görüp otyrdy. Şo wagtam poliseý peýda bolýar-da, onuñ adyndan we familiýasyndan peýdalanmaga çalyşýar. - Jon Smit - diýip, şaýat tutulýan adam jogap berýär. - Jögüsirän bolmasañyz-la - diýip, poliseý jabjynýar - Çyn adyñyzy aýdyñ ahyryn! - Aý, beýle bolsa, Uinston Çerçill diýip ýazaýyñ. - Ine, munyñ başga gep. Ýogsa her hili Jon Smitler bilen başymy garjaşdyrýarlar. ■ Alñasamaly däl Bimahal turan gaý iki adamy deñziñ ho-ol alyslaryna alyp gidýär. Olaryñ ýagdaýy agyrlaşyp başlaýar. Ahyrsoñunda azaşanlaryñ biri bu ýagdaýa tap getirip bilmeýär-de, Hudaýa mynajat edip başlaýar; - Eý, Hudaý, bize bir garaşyk et! - diýip, ol özelenip başlaýar. - Şu geçen ömrümde men señ kän wesýetiñi bozmaly boldum. Köp içdim, keýp çeken boldum, aldawçylykdanam gaýtmadym. Eger-de indi biz bu ýowuzlykdan halas bolup biläýsek, dagy-duwara men beýle wejeralyklara baş goşmazlyga söz berýän!.. Şo wagtam ikinji ýoldaşy gykylyk turuzýar: - Jek, birazajyk sabyr edip bileñokmy? Söz berip, beýle daşa gidiberme! Hanha, göwnüme bolmasa, gözýetimde bir gämi görünýän ýaly-la... ■ Näsazrak başaýlanma Lukman: - Hiý, siziñ maşgalañyzda ýeldirgeme keseline uçran bolupmydy? Harby gulluga çagyrylýan: - Näme diýsemkäm? Köp adama meñ kakamy tä ömrümiñ ahyryna çenli samsyk hasap edip gelipdiler. Lukman: - O nämüçin? Harby gulluga çagyrylýan: - Ol soñky demine çenli özüni öýde hojaýyn saýan bolup gezdi-dä! ■ Hüşgärlik Garawul: - Dur, kimsiñ? Rugsada çykan: - Men dostuñ. Çüýşejigimem bar. Garawul: - Onda, dost, sen-ä yzyña dön, çüýşejik, senem dur! ■ Döwür bilen aýakdaş Öýlenmek üçin, esger ofisersen gysga wagtlyk rugsat soraýar. - Eýse, sen o gyzy gowy tanaýarmyñ beri? - diýip, ofiser soraýar. - Tutuş bir hepdäñ içinde tanadym. - Munyñ-a sähelçe wagt eken. Ýene-de iki aý dagy garaş. Öýlenjegiñ çynyñ bolsa, soñ men saña rugsat bereýin. Iki aý geçýärem welin, esger ýene-de ofiseriñ ýanyna gelýär: - Diýmek, öýlenjegiñ çynyñ eken-dä. Bo-how, bir gyz şeýle uzak wagtlap gyzyklandyrar öýdüp, men hiç wagt pikir etmändirin. - Men siziñ aýdýanyñyza düşünýän, ser, şoñ üçribem indi başga bir gyza öýlenmegi küýüme düwdüm. ■ Bagtly pursat Kapitan: - Haçan-da, sen döşüñden atanlarynda, sen ölmändigiñi nähili subut edip bilersiñ? Esger: - Ser, edil şo pursat meñ ýüregim dabanyma geçipdi diýip aýdaýaryn. ■ Esgeriñ durmuşy Leýtenant: - Tüpeñiñi arassalañsa sen nämeden başlaýañ? Esger: - Ilki bilen, ser, men onuñ nomerini oñatja gözden geçirýän. Leýtenant: - Nomerine seredýän diýýäñmi? O saña nämä gerek? Esger: - Sebäbi arassalajak tüpeñim birden özgäñki bolaýmasyn diýip ätiýaç edýän. ■ Zähmet bölünişigi Taglym ýaýradyjy bildirişler tagtasynyñ öñüne barýar-da, şeýle ýazgy ýazýar: "Men hemmeler üçin doga okaýaryn" Onuñ aşak ýanyndan aklawjy şeýle ýazgy edýär: "Men hemmeler üçin doga okaýaryn". Lukmanam dowam edýär: "Men hemmeleri bejerýärin". Ýönekeý adam bolsa gysgajyk şeýle netije çykarýar: "Men welin hemmeler üçin aglaýaryn". # edebiyatwesungat_98 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |