14:06 Gyz bolmasa | |
GYZ BOLMASA
Goşgular
Diýipdirler: "Gyzyl ýùzli ýigidiñ, Diýipdirler: Gyz dogany bolmasyn!" Çuñ manysam bolsa her bir òwùdiñ, Ol durmuşyñ kanunyny bozmasyn! Tawus guş dek tez Maral gyz bolmasa, Mähek deýin mele gelin bolarmy?! Agyr aýak gelin törden galmasa, Ak bäbekli ene saýa salarmy?! Gyz bolmasa gelinem ýok, ene-de, Men diýen ýigidem kaka bolaýmaz. Tymsal kändir bu durmuşa belede, Ýer bolmasa tohum örñäp galaýmaz. Goý, gyz bolsun il göwnüne kybaply, "Gyz dogdy"- diýp, ýigit saçyn ýolmasyn! Ýöne, asla gyz uýasy sebäpli, Ner ýigidiñ güler ýüzi solmasyn! | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |