13:55

Hajy Bekdaş Weliniň Hoja Ahmet Ýasawy, Möwlana Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre bilen baglanyşygy hakda

HAJY BEKDAŞ WELINIŇ HOJA AHMET YASAWY, MÖWLANA JELALEDDIN RUMY, ÝUNUS EMRE BILEN BAGLANYŞYGY HAKDA

Elbetde, Hajy Bekdaş Weli bilen Hoja Ahmet Ýasawy arasynda uzak ýyllar ýatyr. Ýasawyny 1166-njy ýylda ýogalypdyr hasap etsek, Hajy Bekdaş 1210-njy ýylda dogulýança-da ýarym asyr ýatyr. Diýmek, bu iki beýik ynsanyň diňe ruhy, pikir, ideýa baglanyşyklary hakda gürrüň edip bolar. Hajy Bekdaşyň mugallymy Lokman Perende Ýasawynyň okuwçysy bolupdyr diýip gadymdan gelýän maglumata-da alymlar güman edýärler.
Rowaýatlar welin ýeterlik. Bir rowaýatda Hajy Bekdaşdan halypasynyň kimligini soranmyşlar. Ol şonda şeýle jogap berenmiş: «Men Horasan erenlerinden. Türküstandan gelýän. Mürşidim togsan dokuz müň Türküstan pirleriniň ulusy Soltan Hajy Ahmet Ýasawydyr». Bu rowaýatdaky Hoja däl-de Hajy sözüne üns berdiňizmi?
Hajy Bekdaş Weli Anadolyda Ýasawynyň pikirlerini yhlasly ýaýradan beýikleriň biridir. Ol özüniň «Kitab-ul fewäid» (“Haýyrlylyk hakda kitap”) diýen işinde Hoja Ahmet Ýasawynyň adyny bäşýerde hormat bilen agzaýar diýip alymlar ýazýar.
Ýene bir rowaýatda şeýle waka gürrüň berilýär: «Hoja Ahmet Ýasawy özünde bir täç, hyrka, saçak we namazlyk saklap ýör. Müridler bize ber-de bize ber boluşýarlar. Emma Ýasawy ony hiç kime bermän uzak saklaýar. Ahyry, bir gün müridleri Ahmet Ýasawydan bu zatlary kim üçin sakla¬ýandygyny soraýarlar. Ol hem eýesiniň geljegini aýdýar. Az wagtdan dürli keramatlar görkezip Hajy Bekdaş Weli gelýär. Hoja Ahmet Ýasawy o mukaddes zatlary berip: “Eý, Hajy Bekdaş Weli, nesibäňdäkini aldyň. Indi Kutb-ul aktaplyk mertebesi seniňkidir, kyrk ýyl hökmüň ýörär. Şu güne çenli biziňkidi, mundan beýläk seniňki bolsun. Hany, ýöre, ýola düş, seni Ruma saldym we Rum abdallaryna baş kylyp, serçeşme eýledim”.
Başga bir rowaýatda müridler Ýasawydan şol täji, hyrkany, saçagy we namazlygy dileýärler. Olam: “Eýesi bar” diýýär. Müridler şonda-da aljak bolşup synanyşýarlar. Ýasawy muny duýýar. Onsoň müridlerine: “Kim dary gülüniň üstüne namazlyk ýazyp namaz okasa, zatlar şonuňky” diýýär. Şo mahal Hajy Bekdaş Weli görünýär. Ýasawy “Eý, Bekdaş!” diýip, bir yşarat edýär. Hajy Bekdaş dary gülüniň üstüne namazlyk ýazyp, iki rekat namaz okaýar. Şonda darynyň bir dänesi hem gymyldamanmyş. Soňra Ýasawynyň mukaddes zatlary Bekdaşa berilýär hem-de oňa doga okalýar.
Ýene bir rowaýat şeýledir: Soltan Hoja Ahmet Ýasawynyň bir agaç gylyjy bar eken. Ol ony alyp Hajy Bekdaş Weliniň biline dakypdyr. Ojakda ýanyp ýatan bir tut kesewiniň hem bir ujuna esgi daňyp uçuryp goýberipdir. Ol esgi Konýa barýar. O taýda bir är bardy, oňa Soltan Hoja Fakih diýerdiler. Ol hälki otly kesindini gapyp alyp, hüjresiniň öňüne dikýär, Allanyň gudraty bilen tut gögerip, miwe berýär. Hajy Bekdaş hem ýanynyň ýoldaşlary bilen namazlygyň üstünde ýatypdyrlar, bir gudratly owaz eşidilipdir: “Eglenmäň, Ruma baryň” diýlipdir. Olar rugsat diläpdir. Şonda Hoja Ahmet Ýasawy, Aly Murtyza we togsan dokuz müň mürid haýyr doga edipdirler hem-de Käbä rowana bolupdyrlar”.
Rowaýatlaryň başga birinde bolsa şeýle waka beýan edilýär: “Ähli ülkeler musulmançylyk däbindemiş-de Badahşan halky kapyrmyş. Olar wagtal-wagtal çapawulçylyk edip azar berýärmiş. Onsoň halk Hoja Ahmet Ýasawa arza gelipdirler. Ýasawy hem on iki ýaşly ogly Haýdaryň biline gylyç dakýar, tug we älem berip, 5000 esger bilen söweşe ugradýar. Emma o goşun dargaýar we ogly Haýdar ýesir düşýär, goşunyň esgerlerini hem gyrýarlar. Haýdar ýedi ýyl ýesir bolýar. Halk görgi görýär we ýene Ýasawa ýalbarýar. Olam Alla mynajat edýär. Şo pursat Hajy Bekdaş Weli peýda bolýar. Ýasawy begenip, ähli ýagdaýy habar berýär. Onsoň Hajy Bekdaşbürgüt sypatyna girýär, Haýdary ýesirlikden boşadýar, başga-da köp-köp keramatlar görkezip, soňunda-da Badahşan halkyny musulman edýär”.
Türk alymlarynyň belleýşi ýaly, rowaýatlar Hajy Bekdaş Welini Hoja Ahmet Ýasawa has ýakyn bir ynsan edip görkezmäge çalyşýarlar.
Hoja Ahmet Ýasawynyň Ýasawiýa tarykaty bilen Hajy Bekdaş Weliniň Bekdaşiýa tarykatynyň baglanyşyklary, tapawutlary hakda aýratyn ýazmak zerurlygy üçin bu taýda sözi uzaldyp durmaýarys.
Bilşiňiz ýaly, Möwlana Jelaleddin Rumy bilen Hajy Bekdaş Weliniň doglan ýerleri – Balh, Nyşapur bir-birinden uzak däl, doglan ýyllary hem (Möwlana 1207-nji ýylda, Hajy Bekdaş1210-njy ýylda doglan) örän ýakyn, soňra olaryň Rumustana baryp, biriniň Konýada, biriniň Suwluja Garahö¬ýükde (bu ýerler hem bir-birinden uzak däl) ýerleşmesi, ahyrda Rumynyň 1273-de, Bekdaşyň 1271-de dünýäden gitmesi ünsi çekerlikdir.
Bu iki beýik ynsanyň bir-biregi gaýybana bilendigine söz ýok, emma ikisiniň ýüzbe-ýüz oturyp söhbetdeşbolandyklary hakda heniz hiç bir çeşmede okamadym. Bir milletden bolup, bir döwürde ýaşap, bir maksada gulluk edip, bir-biregi görmändiklerine ynanyp bilmeýärin. Olar hakynda bir rowaýat bar: “Namazyň öň ýany täret kylmak üçin suw getireýinmi?” diýip hyzmatçy Hajy Bekdaşdan sorapdyr. Hajy Bekdaşhem suw getirip eglenmän, derrew Möwlana Jelaleddin Rumynyň ýanyna – Konýa gidip gelmegi tabşyrýar. Baranda Rumy oňa garaşyp duran ekeni. Şonda ol hyzmatça şeýle diýýär: “Hünkär Hajy Bekdaşa baka her gün ýedi deňiz, sekiz derýa akýar. Şo sebäpli oňa täret suwy zerur däl”.
Bu rowaýatda näme üçin ýedi deňiz, sekiz derýa diýleni syrlygyna galýar.
Möwlana Jelaleddin Rumy bilen Hajy Bekdaş Weliniň duşuşanlygyny Ýunus Emre bilen bagly rowaýatlardan hem duýup bolar. Sebäbi Ýunus Emre Hajy Bekdaş bilenem, Jelaleddin Rumy bilenem ýakyn gatnaşykda bolupdyr.
Gadymy ýazgylardan belli bolşy ýaly, Ýunus Emräniň halypasynyň ady Emre ekeni. Olam döwrüniň ylymly, tanymal we abraýly adamlarynyň biri ekeni. Onsoň bir gün erenler üýşüp Hajy Bekdaşyňka gidýärler, emma Emre gitmeýär. Muny bilen Hajy Bekdaş adam iberip, gelmegini haýyş edýär. Gelende näme sebäpli gelmändigini bilesi gelýär. Şonda Emre: Dost diwanynda perdäniň aňyrsyndan çykan bir elden öz nesibesini alanyny, emma o mejlisde Hajy Bekdaş atly hiç kimi görmänligini aýdypdyr. Hajy Bekdaşşol perdäniň aňyrsyndan uzan eliň bir belliginiň barlygyny-ýoklugyny sorapdyr. Emre: “Aýasynda ýaşyl meň bardy” diýip-diýmänkä, Hajy Bekdaş oňa aýasyny açýar weli, şo meňi tanan Emre “Tapdyk Hünkärim” diýip baş egipdir, ýagny «tapmak» sözüniň gadymy türkçede «baş egmek, gullugyna häzir bolmak» manysy hem bardyr. Şondan soň Emrä Tapdyk Emre diýlip başlanýar. Ýunus Emräniň:

Tapdygyň tapysynda,
Gul oldum gapysynda

diýen setirlerini ýatlalyň.
Indi Ýunus Emräniň özi bilen bagly bir rowaýaty beýan edeýin:
Ýunus Emre atly bir pukara daýhan kişi barmyş. Bir ýyl gaty gytlyk bolup, ýaňky Ýunus Emre halys garyp düşüpdir. Onsoň ol Suwluja Garahöýüge – Hajy Bekdaş Weliniňkä ugraýar. Ulagyna-da miwe ýükleýär. Hajy Bekdaş Weli ony birnäçe gün myhman edinýär. Ahyry, Ýunus habarynyň alynmasyny isleýär. “Men bir ýoksul adam, ekinimden bir däne alyp bilmedim. Şu iýmişi alyň-da bugdaý beriň« diýýär. Hajy Bekdaşbir derwüşine: Baryň, o myhmana aýdyň: oňa bugdaý berelimi ýa-da nepes (erenler hümmeti)? Ýunus bolsa: men nepesi näme edeýin?! Maňa bugdaý gerek» diýýär. Hajy Bekdaş: “Miwäniň her birine on nepes bereýin” diýse-de bolmaýar. Ýunusuň ulagyna bugdaý ýükleýärler. Ýunus obadan çykyberende uly hata goýberenini duýýar-da yza dönýär. “Maňa şol hümmeti, şol nepesi bereweriň« diýende Hajy Bekdaş: “O hümmediň, o nepesiň gulpuny Tapdyk Emrä berdim. Şo sebäpli Tapdyk Emräňkä bar-da nesibäňi şo taýdan gözle» diýýär. Ýunus Tapdyk Emräňkä barýar, ýagdaýy aýdýar. Ol Tapdyk Emrä kyrk ýyl hyzmat edip, her gün odun daşapdyr. Şo kyrk ýylyň bir gezeginde-de egri odun, çyg odun getirmändir.
Onsoň günleriň bir güni erenler mejlisinde Tapdyk Emre Ýunusy Güýende diýen bir şahyrdan şygyr okamagy haýyş edýär weli, olam bir bahanajyk tapyp şygyr aýtmaýar. Şonda halypa Tapdyk Emre Ýunus Emrä bakýar-da: “Hany, sen başla! Döwrüň geldi, gulpuň açyldy. Hünkär Hajy Bekdaşyň hödürlän hümmeti, nepesi ornuna geldi. Durman söýle!” diýýär. Ýunus Emräniň gözünden perde syrylýar we saýrap başlaýar. Onuň şygyrlary soňra bir diwan bolýar. (Bekdaşy tarykatynda şygra hem nepes diýilýär.)
Hajy Bekdaş Weliniň döredijiligi bilen Ýunus Emräniň döredijilik ýakynlygy, bir-birege täsirleri hakda köp-köp söhbetler etse bolardy, emma bu tema aýratyn çemeleşigi talap edýär.
Umuman, Hajy Bekdaş Weli oba-oba, şäher-şäher sökmese-de, onuň jemgyet bilen örän ýakyn gatnaşykda bolandygy gümansyzdyr.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 56 | Добавил: Moderator | Теги: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]