22:21 Nury Halmämmet: Daýna jennet burçy | |
NURY HALMÄMMET
Edebi makalalar
Beýik köňle syýahat Okyjym! Sen meşhur kompozitor Nury Halmämmediň beýik köňlüne syýahata çykdyň. Ýollaryň açyk bolsun. Men syýahata çykamda köp kişi öz bilỳänini maňa gürrüň beripdi. Olaryň ählisine Taňry ýalkasyn diýýärin. Aýratynlykda daýnalylara we daýnaly Amanmyrat Baýmyrada minnetdarlygymy aýdýaryn. • NURY HALMÄMMET: "Dünýä Daýnadan başlanýar.” * * * “Men Türkmenistansyz oňup bilmen.” * * * “Çeşme diỳlende dutar göz öňüne gelỳär.” * * * “Men enemi däl-de, dutar sapyny emip ulaldym. Kükregimi ỳarsalar, sazdan başga zat tapmazlar.” * * * “Gargalar adamlaryň üstünden gülýärler.” * * * “ Duýgulary unudyp, saz döretjek bolýan—köksüz agaç ỳetişdirjek bolýana meňzeş.” * * * “Maňa mydama gamgyn diýýäler. Ýüregim gan içinde galdy ahyry.” * * * “Özüm hakda sazymdan oňat aýtjak ỳok.” * * * “Joşmasaň, joşdurmarsyň.” * * * “Magtymguly biz akyl ýetirerden beỳik.” * * * “Türkmen sazynyň hersiniň aňyrsynda simfoniýa ýatyr.” * * * “Sen patyşa-da bolup bilersiň, emma Nury bolup bilmersiň.” • Nury Halmämmet hakda: D.Şostakowiç: ”Çaýkowskiý konserwatoriýasy saz älemi üçin täze bir ajaýyp sowgat taýýarlaýar.” * * * Ç.Aýtmatow: “Şeýle tebigy dörän saz Türkmen halkynyň saz medeniýetine şan-şöhrat getirýär.” * * * Ý.Hudaýberdi: “Nury, sen bu dünýä öz asyryňdan ir gelipsiň.” * * * Alty Garly: “Nuryň sazy ýaňlananda sözüň geregi ýok. Ol bar zatdan güýçli.” * * * Daňatar Öwez: “Bu oglana beýik gelejek garaşýar.” * * * Gurbannazar Eziz: ”Ol bu zeminiň adamsy däl. Ol ähli zatda diňe öz sazyny eşidýär.” * * * Aman Agajyk: “Ol erkinligi hiç zada çalyşmaz.” * * * T.M.Wyzgo-Iwanowa: “Onuň simfoniỳasy Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň kompozitorlarynyň döredijiliginde täze döwrüň başlanýanlygyny aňlatdy.” * * * Daỳýaly Çary Kulyýew: “Keç pelek” dünýä döräli bäri ýaňlanýan ýaly.” * * * Dünýä belli balet tansçysy Rejep Abdyýew: “Nury Halmämmedowyňky ýaly arassa, çuň sazy hiç wagt eşitmändim. Onuň ýüregi aýdym aýdardy, ol bolsa ony kagyza geçirerdi. Nurynyň beýikliginiň syry şundadyr. Nurynyň ölümi — saz dünýäsinde soňky döwürde bolup geçen iň aýylganç tragediýadyr.” * * * Rejep Allaýar: “Nury neresse, sazy namysy ýaly görerdi.” * * * Jemile Gurbanowa: ”Dutaryň owazy” - Türkmen saz medeniýetiniň taryhyna iň ýokary kämillikdäki eser hökmünde girdi.” * * * O.Çaryýewa: “Nury Halmämmet - sazyň Magtymgulusy.” * * * M.Diwanaýew: “Türkmen halkynyň meşhur ogly Nury Halmämmediň ömri, süýnen ýyldyz ỳaly, gysga, gamgyn, garyp geçse-de, ýürekden çykan sazlary asyrlarça ýaşar.” * * * O.Oraztaganowa: Nury Halmämmedi diňläp, gamly oturan pursatymy men iň bagtly pursatlarymyň biri saýýan.” * * * Ö.Gandymow: ”Nury Halmämmet kinoda sazy hemaýatçy wezipesinden baş gahryman derejesine ỳokary göteren beỳik ussatdyr.” * * * Akmyrat Çary: “Onuň Nury Halmämmet diýdirýän ýeri - çeşmäni dutardan alýar… Onuň döreden zatlary ýürege sygar ýaly zatlar däl.” • Daýna jennet burçy Gündogardan günbatara baka akyp barýan dag derýasy Sumbar öz suwunyň kuwwatyna daýanyp, kä sag kenara, kä çep kenara agyz urup, toprak bolsa ýuwup-eredip barýar. Kä ýerlerde ýylçyr daşly gaýalara urlup, hökmi ýöremänsoň, näme etjegini bilmän, bulanyk suwuny syçrada-syçrada ýene hanasyna girip gidýär. Sumbaryň iki tarapynda ak derekler, toraňňylar topar-topar, hatar-hatar bolup derýanyň owazyny diňläp otyr. Derýa bolsa her öwrümde, her inişde başga-başga sazlar çalyp akyp ýatyr. Bu derýanyň ir baharda, ýazda-güýzde, aňzak gyşda çalýan sazlarynda-da parh kän. Şeýle owazly-sazly derýanyň sag boýunda kiçijik oba otyr. Hozlaryň, armytlaryň, seleňläp oturan böwürslenleriň arasynda gurlan pessaýrak öýleriň ýany bilen iki ýana aýlanyp-öwrülip ýatan ýol-ýodalaryň käbiri kiçeňräk baýyrlara, depelere-de dyrmaşyp gidýär. Ol taýda-da öý gurup, gün dolap oturanlar bar. Ho-ol uzakdaky daglaryň bilinde-başynda bolsa gögerip oturan arçalar görünýär. Ol arçalar her adamy görenlerinde gorka-gorka ýygrylýarlar. Iru-giç eli paltaly biri gelip, sütünine palta uraýjak ýaly duýgy olary ers-mers ösmäge goýanok. Bu oba Daýna diýýärler. Eger asfalt ýol bilen gitseňiz, Aşgabatdan Gyzylarbada-Serdara iki ýüz kilometr gowrak ýol geçmeli, soňra daglaryň arasyna siňip gidýän ýol bilen Garrygala-Magtymgula barýaňyz. Bu aralygam ýakyn däl, dag ýoly. Onsoň Garrygaladan Sumbar jülgesine baka ýola düşüp, Sumbary yzarlap ýokary gidiberýäňiz, kiçijik-kiçijik dag obajyklarynyň deňinden geçip, ýüz kilometrlik ýoly arkada goýaňyzsoň, soňky oba Daýna bolýar. Sumbaryň iň dury suwuny içýän Daýnalylardyr. Gökdepe söweşinden soň ruslar söweşde özüni görkezenleri oňa-muňa göçürip, basyp alan ýerlerinde halka salgydy güýçlendirýär hem-de Eýran bilen araçäkleri berkidip başlaýar. Üstesine-de ýerli halkda dini başganyň gözünden daş bolmak meýli artyp başlaýar. Daýnaly ýaşulularyň gürrüň bermegine görä, 1882-nji ýylda Daýna göçülip gelnipdir. Ruslar Sumbaryň sag kenarynda o töwerege gözegçilik etmek maksady bilen zastawa gurýarlar. Ol zastawany iýmit, odun-çöp bilen üpjün etmek üçin daýhan zerurlygyny bolsa şol göçüp baran Daýnalylaryň üstüne atýarlar. Aýdyşlaryna görä, Daýna göçüp baranlardan salgyt alynmanmyş, olar patyşa gullugyna çekilmänmiş. Onsoň ol erkinlik ýerli halky biraz ynjaldypdyr. Eýran tarapynda galan garyndaşlar bilen gatnaşyk üçinem bu taýy amatly ekeni. Ol döwürler bu jelegaýlaryň tebigaty gaty gözel ekeni. El degmedik sümme tokaýda adamyň gujagy ýetmejek arçalar, serwiler başyny dumanladar oturar ekeni. Ygal köp bolany üçin tozap ýatan boş ýer görünmezmiş. Üstesine-de bu taýdaky tokaýlaryň arçalary dürli-dürliligi bilen geň galdyrýan ekeni. Miweli agaçlaram gaty kän. Nedir Döwletow diýen bir Daýnaly ýaşulymyz, Nury Halmämmedowyň synpdaşy söz arasynda agzanda derek, toraňňy, arça, serwi, igde, armyt, söwüt, alma, hoz, ülje, alça, wişnýa, garaly, böwürslen, badam, ennap, tuwulga ýaly irili-ownukly agaçlary agzady. Gyrymsylar näçedir, otlar näçedir?! Akademik Wawilow ylmy gözegçilik edenden soň, o jelegaýlary dünýäniň gaty gadymy we iň köp dürli ösümlikli ýeri diýip kesgitläpdir. Ösümlik dünýäsiniň baý bolşy ýaly, o döwürleriň haýwanat düýäsi hem gaty baý ekeni. Ýabany haýwanlar el degrilmedik meýdanda hezil edinip ýaşapdyrlar. Daýnalylar ol töwereklerde aýy, gaplaň, gurt, tilki, şagal, syrtlan, doňuz, torsuk, ýabany pişik, alajagözen, ýabany ýaby ýaly haýwanlaryň ellinji ýyllarda-da kändigini aýdýarlar. Daýnalylar göçüp baranlaryndan, däne ekinine köp üns beripdirler, esasanam bugdaý bilen arpa köp ekipdirler. Elbetde, o topragam däne üçin gaty amatly ekeni. Daýna sözüniň manysy nämäni aňladýarka? Bu sözüň ylmy taýdan derňewine duşmadym. Emma Daýnalylaryň özi muny däne sözi bilen baglanyşdyrýarlar. Ol taýda däne köp ýetişensoň, däne sözi köp agzalypdyr. Orslar bolsa däne sözüni edil türkmenleriň aýdyşy ýaly aýdyp bilmän, dana, daýna diýýän ekeni. Onsoň ors harbylary ol ýer bilen bagly dürli ýazgylarda-da Daýna diýip ýazyp başlaýarlar we ol soňra obanyň ady bolýar galyberýär. Emma Daýnada ýaşaýan, Moskwada ýokary bilim alyp gelen, ömrüni mekdep mugallymy, müdiri bolup işlän ýaşulymyz Işanguly aga Daýna sözüni başgaça düşündirdi. Ors esgerleri ýoldan geçenden : “Nirä barýaň?” diýip soraýan ekeni. Türkmenlerem daýyma, daýymyňka diýýän ekeni. Onsoň orslar o sözleri Daýna diýip ýazyp başlanmyşlar. Daýna sözüni düýpden başgaça düşündirjekler hem tapylar. Daýna obasynyň käbir aýratynlyklaryny hem aýdyp geçeýin. Bu oba türkmençiligiň iň gowy däplerini saklap otyr. Myhmansöýerlikleri çyn ýürekden. Özleri hem örän açyk, türkana adamlar. Öz bolşuny üýtgedip görünjek bolýanlardan däl. Men olaryň özüni alyp baryşlarynda hiç ýasamalyk görmedim. Özüni kiçeltme hiç ýok. Olar öz sarpasyny hem, özgäniň sarpasyny hem saklamagy başarýarlar. Başga bir ünsi çeken aýratynlyk ─ Daýnalylar örän ýuwaş sesli sözleşýärler. Muny birinji gezek duýaňda haýran galýarsyň. Beýle ýuwaş gepleýän oba Türkmenistanda başga bardyr öýdemok. Bu obada ýuwaş geplenýäniniň sebäbini, bu gylygyň nädip döränini hiç bilip bilmedim. On kilometr beýle ýandaky obada we beýleki ýakyn obalarda gaýta adatydan gaty geplemek gylygy bar. Daýna barsaň, seni ýadyrgar ýaly etmeýärler. Öňden bäri gatnaşyp ýören ýaly ahwal döredýärler. Bu tapawut hem seýrek duşýan bir zatdyr. Üstesine-de Daýnada bir-birege baglylyk, birek-birege ýardam-kömek bermäge taýýarlyk, yhlaslylyk gaty güýçli ekeni. Beýle gylygyň nädip şu günlere çenli mizemän saklananyna haýran galýan. Belki, Daýnalylaryň gaty pukara ýaşaýandyklary munuň bir sebäbi bolup biler. Özleriniň pukaralygynyň sebäbini olar şeýle aňladýarlar: “Daýnalylar şu günlügini tapsa, ertiriniň gaýgysyny edýänlerden däl. Adama agyz beren Alla azygam berer.” Daýnada it az, bolany hem üýreýin, topulaýyn diýenok. Bu ahwalyň hem manysy köp. “It eýä, är daýa” diýip, türkmen aga aýdypdyr. Oba adamlarynyň ýumşak gylykly, ýagşy niýetlidigini şol itleriň bolşundan hem bilibermeli. Bu obada eşekler iň köp ulanylýan ulag, özem ol eşekleriň gaty ownuklygy geň galdyrýar. Daýnanyň eşekleri adaty eşekleriň kürresi ýaly görünýär. Ýük çeke-çeke tohumy ownana meňzeýär. Iki flýaga suwy ýagyrnysyna alyp ỳa-da üstüne ýüklenen odunyň aşagynda zordan görnüp, inçe aýaklaryny sandyradyp barýan eşekleri köp gördüm. Daýna obasynyň baş tapawudy-bu obanyň aýal-erkek, ähli ynsanynyň şahandazlygy. Olar şahandazlyga uly hormat goýmany hem başarýarlar. Şondan bolsa gerek, olar özleriniň Daýnalydygyna çuň ýürekden guwanyp ýaşaýarlar. Daýnada bir sygyr molasa-da aýdym ýaly eşidilýär. Dogrusy, şu obada sygyrlaram aýdym aýdýan ýaly görünýär. Şeýle obadan uly-uly adamlar, tutuş ýurda, dünýä belli adamlar ýetişipdir. Olary Daýnalylar hiç-hiç unutmaýarlar hem-de olar hakda uly buýsanç bilen gürrüň berýärler. Daýnalylaryň, ähli türkmeniň iň beýik buýsançlarynyň biri hem Nury Halmämmetdir. “Men Nury Halmämmediň obasyndan” diýmek, iň bagtyýar sözleriň biridir. Ynha, şu obada Atanepes bagşynyň üç ogly, bir gyzy ýaşaýardy. Olaram aýdym-saza ýakyndy. Atanepesiň Annahal diýen ogly has meşhur bagşydy.Oňa Bilbil bagşy hem diỳer ekenler. Atanepesiň gyzy Artykgül daýza bolsa zenan aýdymlaryny aýdýan ekeni, arasynda goşgy okaýan ekeni. Artykgül daýzanyň özi hem goşgy düzýän ekeni. Onuň goşgularyny obadaşlary häli-häzire çenli aýdyp berýärler. Keminäniň adyna berilýän “Salma gözüňden” diýen goşguda aýdylýan “Daýnanyň öňüniň beýik arçasy” diýen setirler hem aslynda Artykgül daýzanyň düzen goşgusy bolmaly diýip Daýnalylar aýdýarlar. “Kemine 1770-1840-njy ýyllarda ýaşap geçen adam, Daýna obasynyň bolsa o zamanlar ady ýokdy, ýaşaýjysyz bir ýerdi. Daýna 1882-nji ýylda göçüldi ahyry” diýip, Daýnalylar öz ynamly delillerini aýdýarlar. Şahyr hem aýdymçy Artykgül daýzanyň Hangül diýen gyzy bar ekeni. Hangül orta boýly, boýy bilen deňeçer gara saçly, ullakan ala gözli ,bugdaýreňk, örän mährem bir gyz bolup ýetişipdir. Umuman hem, Sumbaryň suwuny içenleriň özboluşly bir gelşikliligi, sagdyn görünmesi, mylaýymlygy bar. Hangüliň üýtgeşik bir gözelligi diňe ol obada däl, beýleki obalarda-da bilnipdir. Onsoň öýlenmedik ýigitleriň baş arzuwy – Hangüle öýlenmek bolupdyr. Mynasyp hem, mynasyp däl hem Hangüli duluna geçirmäge meýil edipdir. Näme bolany belli däl, ýöne soňunda, Aý bölegi ýaly Hangüli Hanmämmet diýen bir ýigide durmuşa çykarýarlar. Hanmämmedi görenler onuň bir gözi güllüdigini, şoňa görä Hanmämmet kör diýlen lakamlydygyny aýdýarlar. Emma Hanmämmediň gözüniň öýlenmänkämi ýa öýlenenden soň gülli bolanyny bilýän ýok. Her niçik bolsa-da obadaşlar Hanmämmedi şeýle gözel Hangüle mynasyp görmändirler. Hangüliň gözelliginiň ýanynda Hanmämmediň kemsinýänligi belli bolupdyr. Bir-birege bal bilen ýag ýaly gatyşyp gidibermänini ýaşlaryň özi hem duýupdyr. Şonda-da türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gelýän däplerine görä, syr bermezlik, özüňi mydama elde saklamak endigi Hangülde-de bar ekeni. Olaryň ilkinji perzendi Baýly, soň Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet dünýä inýär. Çaga dograny üçin Hangülüň gözelligi kemelmeýär, gaýta oňa täze bir gözellik suwy çaýylan ýaly bolýar. Elbetde, gözellik ähli ýerde söýülýär, ähli ýerde göriplik, görübilmezlik, gözellige çirk ýetirjek bolmak ýaly duýgulary hem döredýär. Hanmämmet bilen Hangülüň ojagyna ýaman niýet bilen bakanlaram tapylyp başlaýar. Emma bäşinji çaga ─ Nurynyň dünýä inmegi bu ikisini ysnyşdyrýar. Ikisi bir ogluň üstünde kökenek bolýarlar. Öýlenen günleriniň yz ýanynda Hanmämmetde dörän gabanjaňlyk hem ýitip gidýär. Är-aýal bir-birege şeýle bir öwrenişýär weli, hat-da bir-biregiň ýüz keşbi hem ünsden düşüp gidýär. Şol günleriň birinde oba toýunda gelin-gyzlar bir öýe üýşüp, gopuz çalýarlar, läledir öleň aýdýarlar, birki sany gyz heňli goşgy okaýar. Bularyň arasynda oturan Hangülem birden joşanyny duýman galýar. Hangüliň ýüreginde gaýnaý-gaýnaý mumyýa dönen, möwjügen duýgular şeýle bir owaz bilen, şeýle bir näz bilen akyp-çogup başlady. Agaç başynda durdum, Düýbünde duzak gurdum, Näkes ýaryň derdinden, Hem agladym, hem güldüm. Gyzlar-gelinler ilki sesini kesip Hangüli diňlediler, soňra onuň sesine ses goşup bile aýdyp başladylar. Gyradan “Berekella Hangüljan” diýýänlerem bar. Dutaryň perde-perde, Her perdesi bir ýerde, Ýagşy gyz ýaman ýerde, Wah, ýandym-la şol derde. Hangülüň ýüzi gyzardy, gara gözlerinde ýaş buldurap-buldurap, ahyrda, Hangül läle bendini soňlaman sesini kesdi-de ýaglygynyň ujuny ýüzüne tutup sessiz aglady. Onuň agysy dabarany kesdi. Öýdäkileriňem keýpi bozuldy. Hangüle göwünlik berdiler. Az salymdan Hangül gözýaşlaryny süpürip, ýüzünden ýaglygyny aýyrdy. Hangül aglanda-da owadandy. ─Maňa näme bold-a?! Siziňem keýpiňizi bozdum. Aglanymy bilmän galaýypdyryn. ─Begenjiňe aglansyň-da gyz. ─Biz seni läle kakmany ýatdan çykardyňmykaň öýdüp ýörüs. Tüweleme, sen Hangüllügiňi görkezdiň. ─Artykgül daýzaň gyzy bolarda ýatdan çykararmy?! “Zehin eneden, kuwwat atadan” diýipdirler. ─Her näme diýseňiz-de bu agy syrly agy. Hangüljan, gizleseň gizläber syryňy. Seň ýüregiň ýangynlydygyny sesiň aýdyp dur. Näme üçin ýanýanyny bütin il bilýä. ─Goýsaňyz-la, gyzlar, ýok ýerden gep tapjak bolmaň. Läledir-dä. Öýüň içindäki gürrüň, duldegşir öýdäkilere-de eşidilip durdy. Toý-şagalaň sowlup, her kim öýüne ýygnananda adamsy Hanmämmet giç geldi. Öňlerem şeýle bir açyk ýüzli bolmadyk Hanmämmet bu gün gaty agyr ýüzlüdi. Hangül onuň halyny bilmediksirän boldy. ─ Hanmämmet, çaýyň demini alyp durandyr. Jogap bolmady. Hanmämmet Hangüle baka gözlemejek bolup ýüz sowdy. ─Näme, kelle agyryň tutýamy? Ýene jogap ýok. Hangül Hanmämmediň ýeňsesi bilen gepleşmesini bilýärdi. Hemişekileri ýaly bir salymdan açylyşar öýtdi. Golundaky Nuryny sallançaga saldy-da ýuwaşja üwräp goýberdi. Demli çäýnegi Hanmämmediň öňüne süýşürdi. Çaý içilmän galdy. ─Ýadaw bolsaň ýeriňi ýazaýynmy? ─Sen heleýjik, etjegiňi edip, meni oýnajak bolma! Sen entek Hanmämmedi tanaňok. Köpüň içinde aýdym aýtmag-a däl, öýde bir agyz gepleseňem, diliňi damagyňa gidirin. ─Bolýa, geplemedigim bolsun. Çagalary oýaraýma! ─Ikiňizi hem bir çukura gömerin, bilip goý. ─ Gül ýaly çaga beý diýme. O seniň – meniň ýürek ýagymyzdan öndi. ─Sen kime diýilýänini gaty gowy bilýäň . Mönsüremäňi bes et. ─Hanmämmet! Sen gabanjaňlyga başlama! Men özgä göz galdyramdan ölüp gidenimi gowy görerin. Ynan maňa, musurman bolsaň ynan! ─Sen lal bol! “Dutaryň perde-perde” diýip, kimi göz öňünde tutýanyňy bilmeýändir öýdýänsiň. Bilýän, asmandaky durnaň dem alşyny eşidýän. ─Sen eşidýäň, ýöne göreňok. Görmersiňem. Il gepine gitme . Il ikimiziň agzybirligimize şek ýetirjek bolýa. Senem ynanýaň. ─Lal bol . Hangül sallançagy haýalja üwräp goýberdi. ─Men lal bolaryn, Hanmämmet. Bir dilegim: başga ýüz müň töhmet at, ýöne biwepa diýme. Ölerin, çüýrärin, sen perdämi açdyňmy, senden başgasy meniň meýdimi görer. Aýalam bolsam, merdana aýaldyryn, şuny unutma! Şu günden beýläk maňa gara sürtjek bolma. Men diňe seniň düşegiň. Öldüresiň gelýämi, ynha men, öldür. Ýöne töhmete çydamok. ─Hangül soňky sözleri agyly aýtdy-da, ýaglygyny ýüzüne örtüp, içigip-içigip aglap başlady. Başga ýana bakyp dik oturyşyna Hanmämmet Hangülüň agysyna erejege meňzemeýärdi. Hangül gözleriniň ýaşyny ýaglygy bilen syldy, emaý bilen arkadan baryp ýakyn oturdy-da Hanmämmediň sag goluny gorka-gorka gujaklady. ─Hanmämmet, men seniň naçaryň ahyry. Hanha, sallançakda ýatanja perzendimden ant içýän, ynanmasaň, Kuran getir, alnyma goýup ant içeýin maňa beýle horluk etme. Sen soltanym, men gyrnagyňdyryn. Aýagymy gyşyk basanymy gördügiň hanjarlaýgyn, razydyryn. Ýöne öz gözüň bilen görgün. Gepe ynanma. Hanmämmet sarsmady, hiç bir sözem diýmedi. Hangül ýene aglap başlady. Eşidiler-eşidilmez agyly pyşyrdady. Beden ýar-a, beden ýar, Aklym haýran eden ýar, Owal-a beýle däldiň, Meger, gepe giden ýar. Hanmämmet eliniň tersi bilen Hangüli batly itip goýberdi. Hangül ol zarba çydaman keçä ýazyldy. Gamly oturdy-da sallançagyň bagyny haýalja çekip başlady. “Wah, Allajan, näme üçin meni owadan ýaratdyň? Şu jebirleri görmek üçinmi? Meniňem gözümi Hanmämmediňki ýaly gülli et-dä, Allajan! Hanmämmediň ýüregine giňlik ber, Allajan! Gabanmasyny ýok et, Allajan!”... Sallançakdaky Nury ajygyp oýandy, assaja gygyryp dodajyklaryny şapbyldatdy. Hangül Nuryny sallançakda ýanap, emdirip başlady. Oguljygynyň ýyly demi göwsüne urup, Hangül ýene bozuldy, aglamajak boldy, sesi çykmady, emma gyzgyn ýaşlar gözlerinden paýraý-paýraý Nurynyň gözlerine, maňlaýyna, saçlaryna akdy. Belki-de o gözýaşlar ene süýdüne gatylyp, Nurynyň dodajyklaryny ajydyp gidendir. Bir salymdan Hangülüň ýorgan-düşek ýazjak bolmasyna üns bermän, Hanmämmet donuny üstüne örtdi-de gyşardy. Onsoň Hangül onuň üstüni ýorgan bilen örtüp, aýak ujuny dony bilen basyrdy. Şo mahal beýle ýanyndaky bir öýden birki gyzyň läle aýdýan sesi eşidilip-eşidilip gitdi. Aýlarym agyllaşar, Gargalar gagyldaşar... Hangül pessejik penjiräniň galyň örtüsinden jyklady . Daşarda sowuk Aý dogupdyr. Dym-dyrslyk. Ýaňky gyzlaryň sesi hem eşidilmedi. Şemal kesildi öýdýän. O läläniň soňy nähilidir-ä? Hangül ony unudypdyr, Hangülüň sesi çykmanyna näçe wagt boldy. Ýüregi ýarylyp barýar, ýürek läleden dolupdyr, owazdan püre-pürlenipdir. Bir daşary ylgap çyksa, aýak ýalaň çyksa, depä dyrmaşaga-da töwerege bakyp, şemala goşulyp, lälä gygyrsa. Köräp duran gursagyny gowzatsa. Läle aýda-aýda, sykylan nar ýaly boşap galsa. Hangül zordan, gaty zor bilen özüni saklady. Ýogsa, penjiräniň öňünden aýrylyşyna, daşary ylgajak bolup birki ädim hem ätdi. Dur! Dur! Seniň aýdymyň soňy ahy-nala bilen tamamlanar. Gapy açylanyny duýsa, Hanmämmet ýaňadan partlamazmy, ganygyzgynlygyna etmesiz bir işi edäýmezmi?! Saklan! Saklan! Gapydan dönen Hangül emaý bilen baryp sallançaga egildi. Ogly myssyllap ýatyr, Hanmämmede baka garap goýberdi. Olam sessiz. Hangül ýag çyrany öçürdi-de sallançagyň bir ýanyna maňlaýyny diräp oturdy. Uzak oturdy. Ol hiç köşeşerlikli däl. Näbelli bir güýç onuň ýüregini o göwrä sygyranok, ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýä, partlasy gelýä. Özem läle aýtsa, aýdym aýtsa, soňky wagtlar diline gelýän goşgy setirlerini aýtsa ynjalar. Häzirem ol sessiz dodaklaryny hereketlendirip, ýadyna düşenleri aýdyp otyr. Bilbilim garga boldy Maňlaýym gara boldy Ölenler öldi gitdi, Galanlar yrga boldy. Ýok, ýok. Bu gün ynjalyk ýok. Näçe sözläni bilen içdäki tupan köşeşerli däl. Ynsan bedeninde ýürek ýumruk ýalyja weli, ne göwrä sygýar, ne dünýä sygýar. Hangül ýerinden turdy. Näme bolsa şol bolsun. Daşary ylgamasa, öý howasy ony gowrup-köýdürip barýar. Ýandym-la, bişdim-le, öldüm-le! Hangül gapynyň sowuk agajyna el degrende togtady. Aklyňa aýlan, özüňe rehmiň inmese-de çagajygyňy unutma. Tümlükde Hangül ýere çökdi, az salymdan emedekläp sallançagyň ýanyna bardy. Oguljygynyň ýaňajyklaryna aýasyny goýup, çaganyň yssysyna ýylyndy. Birdenem agysy tutdy-da, beýle ýana başyny goýup, aglaý-aglaý surnugyp, uklap galdy.Hangül şol gijeden başlap, aýrylmajak bir ýalňyzlyga uçrady. Şol gijeden başlap, ol öz äriniň gözlerinde özüne baka ynamsyzlyk, güman we gahar duýgularyny görmäge başlady. “Är-aýalyň urşy-ýaz gününiň ýagşy” diýseler-de ol ýagyş-ýagmyrdan geçene, aňzak-buzluga ýetene meňzeýärdi. Hangül adamsynyň gabanjaňlygynyň, sarpa saklamaýşynyň baş sebäbini özüniň özgelere meňzemeýän gözelliginden görýärdi. Ol bir mahallar gyz wagty gözelligine buýsanan bolsa-da, elbukjasyndaky aýna uzak-uzak bakyp oturan bolsa-da, özüne göwni ýetýän ýigitleriň maý tapyp öz söýgülerini duýduranlarynda gaty başy dik dyman bolsa-da, häzir onuň ahwaly başgady. Ol Hanmämmetden özgäni göresi gelmeýärdi, Hanmämmediň muňa ynanmagyny, göz ýetirmegini isleýärdi. Emma Hanmämmetde ol inçelik ýokdy, gödekleç boýnyýogynlyk oňa häkimdi. Hangüle ýetibilmedik, emma içinden arman çekýän bir topar ýigidiň göribilmezlikden ýaňa içi çüýreýärdi. Olar bir ýollar arkaly Hanmämmet bilen Hangülüň agzybirligini bozup bilseler ynjaljakdylar. Muny Hangül aňry ýany bilen bilýärdi, ýolda-yzda, toý-tomgada özüne bakan her bir erkegiň neneňsi niýetiniň barlygyny gabak aňyrsyndan görmegi ýalňyşsyz başarýardy. Ol şeýle üşüklidi, emma Hanmämmet ol duýgulara ýetip bilmän, şo gaharly dymyp ýördi. Soňky wagtlar Hanmämmede dost görnüp, öýlerine oturmaga gelýänleriň arasynda-da Hangüle ýiti-ýiti bakýanlary Hangül duýsa-da Hanmämmet duýmaýardy. Şo sebäpli, bir gün Hanmämmet açylyşyp är-aýal gatnaşygy adaty durkuna gelende Hangül Hanmämmede bu ýagdaýy ýaňzydasy geldi. ─Hanmämmet, bir zat aýtjak weli, akyl berýä diýmegin, sen “dostum” diýip dostlaryňa kän bir ynanybermegin diýjek bolýan. Dost men diýen kändir weli, Wepadar üçin aglaryn. - diýýä gadymkylar. ─Meniň dostlarymdan ikilik çykanok, indem çykmaz, inşalla. Bir aýal aýtdy diýip, dostumdan geçip bilmen. ─Sen maňa ters düşünme. “Haýwan alasy daşynda, ynsan alasy içinde” diýýärler. Ähli dostuň ýamandyr öýdemok, ýöne ... ─Meniň dostlarym bilen ne işiň bar?! Sen özüňe seretsene. Seniň joralaryň seni oýnajak bolup, Hangül gowy aýdym aýdýa, gowy goşgy okaýa diýşip, seni masgara etjek bolýarlar. ─Näme, ejem aýdym-goşgy aýdany bilen masgara boldumy?! ─Ýaşy bir çene baransoň aýdanynyň zyýany ýok. ─Ejemiň-ä dogup-döräli bäri dilinde aýdym-goşgumyş. ─ Ýalandyr. Hangül, mundan artyk gidiberse, Hanmämmediň gaharyny getirerin öýdüp sözlemedi. * * * Zamanalar birgeňsi üýtgäp ugrady. Eşidilýän habarlar gulaga ýakman başlady. Soňky wagtlar bu kiçijik Daýna obasyndan esgerlige köp kişi çagyryldy. Erkekler öz dogduk obasyndan uzaga gidesi gelmän, maşgalasyny başsyz goýasy gelmän gaçybatalga gözläp, her tüýsli pikir etdiler. Hanha, oba ortasynda oturan Seýitnurlaryň birbada iki ogluny esgerlige almakçy bolup, Bäherdene çagyryp başladylar weli, bir gije tutuş maşgala göterilip gidipdir. Ir bilen goňşulary gelse, daşky gapynyň kilit ýerine bir çöp ötürilgiligini görüpdirler. Olaryň nirä gideni belli bolman galdy. Başga bir oba göçdülermi, ýa dag içinde, il gözünden çetde bir gizlinje ýere gondularmy, ýa Bäherdeniň gaýrasynda ýazylyp ýatan çölde bir guýynyň başyna bardylarmy, Alla bilsin. Eýran tarapyna geçip giden bolmaklary hem bolup biljek zat. O tarapda-da türkmen bary ýaşaýar. Her niçik bolsa-da, bir-birege öwrenişip, bir-birege goltgy berişip bir maşgala ýaly oturan oba üçin beýle habar uly urgy boldy. Dünýäde ýeke galan ýaly boldular. Bir ýerlerden bir bela ýetip gelýän ýaly, emma özleri mundan bihabar ýaly duýgy döräp başlady. Seýitnurlaryň maşgalasyndan habar bilibilmän ýörkäler, oba mugallymy bolup işläp ýören, öýlenenine ýaňy birküç aý bolan Ýusup hem bir gije ýitirim bolupdyr. Ýatylar uçurlary daşardan biri “Ýusup, Ýusup” diýipdir. Ýusup daşary çykypdyr. Şol çykyşy. Gelni pahyrjyk, uzak garaşyp, ahyry “Gelmedi-le” diýip daşary çykypdyr. Ses-üýn ýok .Onsoň goňşy-golam, garyndaş bary örüzilip, gijäniň içinde her ýerden habar alypdyrlar. Emma Ýusupdan derek tapybilmändirler . Ýalňyz galan gelin üçin gije hem-de geljekki gije-gündizler dowzaha dönüp, ýerli häkimýete, kolhoz başlygyna, Bäherdene habar berseler-de “Gördüm-bildim” diýen bolmandyr. Seýitnurlaryň maşgalasynyň gürüm-jürüm bolmagynyň üstesine, Ýusup mugallymyň ýitmegi Daýna halkyna dowul saldy. Obada uly-kiçi, aýal-erkek, ähli halaýyk diňe şo ýitigleriň gürrüňini edip başlady. Elbetde, myş-myşlaram rowaç aldy. Agzy ýelliler palaw iýençe hezil edindiler . ─Seýitnurlaryň gaçyp baran ýerine Ýusubam baranmyş, her gije obada üç atly aýlanýamyş. Şolar adam ogurlaýamyş. Gün batdygy öýden çykmaweriň. ─Beýdip, gorkup ýaşap bolmaz. ─O-how, bu gürrüňler çişip-çişip, ahyrynda, ýetmeli ýerine ýetmeýämikä? Üç kişiniň hötdesinden gelibilmeýän bolsalar, bolmaz ahyry. ─Ýusuby Şeýtan köpriň ýakynynda bir gowakda görenmişler. Diýwana ýaly, saç-sakgaly ösgünmiş diýýä. ─Woýenniler Ýusuby nirede görseler atjakmyşlar. Ol döwletiň garşysyna bir zat diýenmiş diýýäler. ─Seýitnurlar näme, olaram döwlete söz aýdypmy?! Olar-a pukaraja külbesinden başga zady bilmezdiler. Gowy adamlardy. ─O-how, olar ölen ýaly gürrüň etme. Ertir geläýseler utanarsyň. ─Näbileýin, geläýse-hä bolýa weli. Bu goňşy obadanam ýiten bamyş diýýäler. Bir bela gopýa, biz bilemizok. ─Bir ýerde uruş turanmyş diýýäler, ähli erkek göbekli şoňa sürüljekmiş. ─Meni bir ýitirmäýedirler, çül çagajyklarym aç öler. ─Mürçeden bir günde dokuz ýigidi woýennä alanmyşlar. ─Çendirden bäş maşgala Eýran tarapa göçüp gidenmiş. ─Soňky wagtlar oba içinde ýat adam köp duşýar. Düýn biri gabat geldi weli salamymam almady. ─Allajan, özüň ýagşysyny et-dä. Hanmämmet şo dymyp ýörşüne bu gürrüňleri gaty dykgatly diňleýär. Uzak-uzak pikire batýar. Ol maşgalany goramaga amatly ýer gözleýär. Eger Daýnada rahatlyk bolman, adamlary şeýdip ýitirim edip ýörseler, bir gün özüne-de nobat ýetjegini oýlanýar. Hanmämmet diňe çagalarynyň atasyz ýetim galjagyny däl-de, eýsem aýaly Hangülüň başy boş galjagyndan howatyr edýär. Hangüli başga biriniň aýal edinerinden gorkýar. Hangüli bäş çagaly aýal görnüşinde däl-de henizem şol öňki owadan gyz görnüşinde görýär. Şeýle aldawçy görnüş ony kyn günde goýýar hem-de Hangüle şübhe-güman bilen bakdyrýar. Hangülüň gyz owadanlygy galmadyk bolsa-da, ol dört ogul, bir gyz doguran aýala hiç-hiç meňzemeýärdi. Onuň giň maňlaýy, alkymlary, bilekleri ak kümüşden guýlan ýaly owadandy. Ýarsmadyk göwre derek ýalydy. Ol owadanlyga gelin owadanlygy diýilýärdi. Hanmämmediň gabanjaňlygyndan ýaňa çeken ejirleri hem Hangülüň gözel durkuna täsir edip bilmändi. Şol gelin owadanlygy ähli dertden rüstem görünýärdi. Emma owadanlyk ýitmese, gabanjaňlyk ýitmejek ýaly.Hanmämmet indi günde-günaşa gowga turuzmasa-da, wagtal-wagtal bulanyp alýardy, özem Hangüli aýal-gyzlaryň üýşmeleňine goýbermejek bolup, ýüz-müň bahana araýardy. Bir gün Hanmämmet gijara işden geldi weli, çagalar gapyda oýnaşyp otyr, emma Hangül ýok. Çagalardan sorasa suw almaga gitdi diýdiler. Hanmämmet öýüniň gapysynda birahat halda iki ýana garanjaklady. Ol sabyrsyzdy. Güzere baka böküp barjakdy. Şo mahal beýle ýandan suw kädili geçip barýan bir zenan Hanmämmedi gördi-de suwly gabyny ýere goýdy. ─Hanmämmet, Hangül ýarawsyz öýdýän, suw başynda aglap otyr. Ýör gideli diýsemem gaýtmady. Özüň git-de kömek edip getiräý. Hanmämmediň öýi Dänegulyň depesiniň orta bilinde. O taýdan inip, mellekleriň arasy bilen aýlanyp-öwrülip, soň tokaýyň içi bilen ep-esli ýöräňsoň, Sumbardan suw alynýan güzere barýaň. Hanmämmet Sumbara ýakyn baranda, derýanyň şaggyldysynyň ýany bilen Hangülüň agyly sesini eşitdi. Bilbilim garga boldy, Maňlaýym gara boldy, Ölenler öldi gitdi, Galanlar yrga boldy. Hanmämmet çybşyldap bardy-da güzere jyklap bakdy. Hangül kenarda mahal-mahal suwa çöpjagaz, şahajyk zyňan bolýar hem-de gözýaşlaryny sylyp läle aýdýar. Hangülüň bu zaryn owazyny derýa diňleýärdi, ol owazdaky ýalňyzlyk, söýgä teşnelik, bu dünýä azaplaryny çekmäge taýýarlyk, geçene gynanyp, geljekden umytlylyk duýgulary derýany hem elendirýärdi. Derýa Hangüle syrdaş bakýardy. Töwerekdäki gaba-gaba toraňňylar, uzyn-uzyn derekler Hangülüň owazyna çydap bilmän, iki ýana baş ýaýkaýardylar, gözýaş ornuna ýapraklaryny derýa dökýärdiler. Beýle ýanda böwürslenler başyny sallap, Hangülüň owazyndan ýaňa gama batyp sessiz otyrdy. Diňe Hanmämmet töweregiň bu ahwalyny duýmaýar. Käşgä duýsady. Käşgä bile gam-hesret çekişsedi, käşgä ýürek eresedi. Şeýle bolsady, şonda Hanmämmet emaý bilen gelip, Hangüli gujaklar, başyny döşüne gysar, onuň ajy gözýaşlaryny öpe-öpe guradar, saçlaryny sypar, bagryna basar. Şeýle bir ýumşak, şeýle bir ýüpek ses bilen: “Hangülüm, gülleriň hany, saňa näm bolýa, näm bolýa? Men mydama ýanyňdadyryn. Seni ýalňyz goýmaryn. Hangüljan, köşeşsene. Hany, maňa bakyp ýylgyrsana” diýip özelener. Hangül ýene lälä başlady. Hüwdi-hüwdi hüwlendiýä, Suwda balyk köwlendiýä, Balyk diýip tutanym-a, Ýylan bolup towlandyýa. Hangülüň gözlerinde ýaş köpeldi. Ol barha batly, barha zarply aýdasy geldi. Ýürek pessaý uçasy gelenok. O ýürege deň geljek, oňa laýyk geljek owaz zerur. Hangül häzir bu töwerekde özüne düşünmeýän, özüni söýmeýän-halamaýan bardyr öýdenok. Hat-da gije bolaryny diläp, hininde ýatan gurtlaram bu zarynlama ýumşaýandyr öýdýär. ─Ýok, ýok. Arkaňda adam bar, Hangül! ─Dälirediňmi?! Lal bol! Ýör öýe! ─Hanmämmet gazaply gygyrdy. Hemişeler bolanlygynda Hangül tisginerdi, buýruga boýun bolardy. Emma bu sapar beýle däl, rahat bakdy-da: Hanmämmet, gelsene, gel, meni derýa zyňyp goýber. Seniň eliňden öleýin. Saňa gurban bolaýyn, Hanmämmet! ─Lal bol, ýör öýe. ─Bir salymjyk duraly. Maňa bir zad-a bolýa. Ýüregim ýüregime syganok. Hanmämmet, bilýäň dämi, göwrämde ýene çaga bar. Maňa kömek et, men däliräýmäýin. Azajyk duraly. Azajyk duraly. Wah, çagajyklaryma nebsim agyrýa. Men olaryň enesi ahyry. ─Goý-how, samramaňy. Düş öňe. ─Gaýrat et, Hanmämmet, maňa kömek et. Hanmämmet ony diňlemedi. Suw kädi bilen suw susup aldy-da Hangülüň elinden gaharly tutup, öýe baka gaýtdy. ─Sen meni oba masgara edýäň. Dälirän günüň ýere gömerin. Beýdip, ile gep bolup gezmerin. Hangül sözlemedi. Emma köňlünde turýan tupan köşeşmän, gözýaşlar ýodajyga seçelendi geldi. Içki dünýäsinde bolsa lälemi, aýdymmy, goşgumy... çogýardy. Hangül olary içinden gaýtalap gelýärdi. Ümüş-tamyşlykda, gapynyň bir gyrasynda bir-birine gyslyşyp oturan çagalar ejesini görenden “Eje-de, eje!” bolşup, Hangülüň eline, köýneginiň synyna ýapyşyp öýe bile girdiler. Hangül dymýar, gözlerinden ýaş akýar. Ol çagajyklarynyň başyny, arkasyny sypaşdyrýar. Uly ogly Baýly, Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet indi ep-eslije bolupdyr. Olar beýleräkde otyr. Ýaňy ýöräp ýörenje Nury bolsa ejesiniň gujagyna giripdir. Ol ejesine bir zatlar diýýär, emma ejesi ony eşitmeýän ýaly. Şo-ol bir nokada göz dikip otyr. ─Hany, doňup oturma-da çaý-naharyň ugruna çyk. ─Hanmämmet zarply sözledi. Baýly ylgap çykyp, ojakda gaýnap duran tüňçäni getirip demledi. Saçak ýazdy. Onuň hereketine guwanyp bakan ejesi: “Baýlyjan, küýzäň düýbündäkije ak ýagy käsä guýup kakaňa ber, oglum” diýdi. Ejesiniň gepläp başlamagy çagalary begendirdi. Hälden bäri öýi daraldan içgysgynçlyk çagalardan aýrylyp başlady. ─Eje, häli Annasoltan daýza gelip gitdi. Uruş turanmyş diýýä. Bäherdenden bir kişi gelenmiş, şol aýdanmyş. ─Baýlynyň bu sözi Hanmämmediň gulagyny gazap gitdi. Ol çaýyna bir bölejik ýag atyp, çörek batyryp, iýip-içensoň ýene donuny geýdi-de geplemän çykyp gitdi. Hanmämmet giç dolandy. Çagajyklar bir hatar bolup ýatyr. Ölügsi ýanýan ýag çyranyň aňyrsynda Hangülüň oturan keşbi zordan görünýär. Öňki gezeklerdäki ýaly, Hanmämmet dostlarynyň ýanynda oturyp gelen bolsa, yrsarap, bir bahanajyk tapyp Hangülüň üstüne herrelmelidi. Hem öz keýpini bozmalydy, hem Hangülüň keýpine sogan dogramalydy. Hangül muňa garaşýardy. Emma bu sapar başgaça boldy. Hanmämmet donuny çykaryp, Hangüle ýakyn ýere geçip oturdy. Sesi hem ýumşak çykdy. ─Eşitdiňmi? Uruş turanmyş. Nemisler çozanmyş. Ähli erkegi urşa sürjekmişler. Derýadan aňry geçiläýse näder.? Derýadan aňry geçmek─Eýrana geçmekdi. 1917-nji ýylyň, soňraky ýyllaryň gowgalarynda köp-köp türkmen maşgalalary Eýran tarapa geçip, o taýdaky türkmen obalarynda gaçybatalga tapdylar. Hangül birbada jogap bermedi, uludan dem aldy, näme diýjegini oýlandy. - Geçmek aňsat, ýöne il nädýä, şoňa görä bolsak gowy bolmazmy? Dogduk ýeriňi terk edip, ýat ýurda gitmek gorkunçdyr-la. - Bäş çagamy, aýalymy ýeke zyňyp, Orsyýete gitmegem-ä jennete giden ýaly däl. Onsoňam urşa girmel-ä, öljegiňi-galjagyňy Alla bilsin. ─Turan uruş, ýatybam biler. Iliň ümzügi nirä bolsa, bizem şo tarapa gideli. ─Seňki belli-le . Sen äriňden dynybilseň, hezil edinersiň-le. Erkeklere aýdym aýdyp berip, bäý-bäỳ, özüňi güjeňlärsiň-ä. ─Sen gitseň, bäş çagam ýetim galýa. Onsoň men çagamyň ýetim galaryna dözer öýdýämiň?! Agzyňy haýyr açaweri. ─Men başga çykalga tapmasam, maşgalamy derýadan aňry geçirmeli borun. Soňuny soň görübereris. ─Ilden çykmajak bolaly, Hanmämmet. Alla bardyr. Gaty howlugyberme. Aljyrana şeýtan ýardamçy diýipdirler. - Hudaýa ynansaň ynan, eşejigiňi berk duşa-da diýipdirler. O gije ne Hanmämmet, ne Hangül rahat uklady. Ýüz müň pikir başa gondy, hiç birine jogap tapylmady. Ata-ene geljekki günlerde, aýlarda başlaryna ne kysmatlar düşjegini, ne wakalar görjegini, ýanynda myslaşyp ýatan çagajyklarynyň ne ykbala sataşjaklaryny häzir gümanam etmeýärdiler. Adamzady bu günlere getiren we elmydama öz yzynda ýüwürden ýagşylyk umydy Hanmämmet bilen Hangüli hem aldawly ýoluna düşürdi. Uruş turdy habary Hangülüň öňki gamyny düşnüksiz we hiç-hiç egsilmeýän gamyny hasam artdyrdy. Garyp –gamgyn başym bardy. Gam üstüne gamlar ýagdy. Ýalňyz başyma gar ýagdy. Garyň gap-garasy ýagdy. * * * Hanmämmet dagy dagda bugdaý ormaga ýatymlyk gitdiler. Tä bugdaýy orup, döwüp, harman atyp, samanyny bir ýana, çäjini bir ýana üýşürýänçäler şol taýda galýardylar. Şol günleriň birinde Daýnadan dört ýigidi urşa çagyrdylar. Türkmenler o döwürler front sözüni özüçe pyront diýip üýtgedip aýdardylar. O söz agzalsa ölüm, ajal agzalýan ýaly ýakymsyzlyk duýulýardy. Köplenç, toýa ugratmak diýerdiler. Anha, şol dört ýigidi toýa ugratmaga oba mekdebiniň beýle ýanyndaky aýmançada dogan-garyndaşlar, obadaşlar üýşdüler. Ilki bir gamlylyk, sussupeslik, dymyşlyk bardy. Kä ýerde agy sesi eşidilýärdi. Begsoltan diýen zenan geldi-de öz hökmüni ýöredip başlady. Begsoltanyň diňe sesiniň eşidilmesi mähelläniň göwnüni göterýärdi. ─Aýu, adamlar! Näme beýdişip, boýnuňyzy sallaşyp dursuňyz? Näme, ýasa geldiňizmi?! Biz-ä ýigitlerimizi toýa ugradýas. Gülüp gitsinler, gülüp gelsinler. Allajan! Duşmanyň ýüzi aňrydyr, inşalla! Hany, Remezan, gel, gel, öňe geç, bakaly. Toýa gidýänleriň biri Remezandy. Ejesi onuň yzyndan gelýärdi, gözleri aglaý-aglaý gyzaryp, henizem ýaşlydy. Begsoltan olara güler ýüz bilen bakdy. ─Remezan jan ! Özüň bilýänsiň, menem ile aýdyp durmaýyn. Şu derek boýlujalary görýäň dälmi?! ─Begsoltan topar bolşup duran gyzlara elini uzadyp goýberdi.─ Şularyň biri saňa aşyk . Ýürejigi her uranda : “Remezan, Remezan!” diýýä. Toýdan gelen günüň öýlenäýmelijedir. Ýöne uzak ýere gitdim diýip, ors-pirs yzyňa düşürip geläýmegin. Şo mahal üýşmeleňiň içinden bir rus aýaly elini Begsoltana baka salgap,sap türkmençe degişme äheňli gygyrdy. ─Näme, ors-pirs adam dälmi?! ─Bu-u, Dusýa dogtor, seň barlygyňy bilen bolsam aýtmazdym. Üstesine, sen Remezanyň göbek enesisiň-ow, şoň üçin batyr gepleýänsiň. Onsoňam senden ors bolmaz, sen-ä Daýnanyň orta barmak ýaly ýerinden ahyry. ─Begsoltan toýa gidýän Aman atly bir ýigide ýakyn bardy. ─Amanjan! Didäm! Seni söýýän gyz-a Aman bile gitjek diýip dyzaýa. Ol-a orsyýetmiş, dowzaha-da bile giderin diýýä. Zordan alyp galdym. Unutmagyn, Amanjan! Daýnalydan gowy gyz dünýäde-de ýokdur. Ýaşulularyň biri Begsoltana ýüzlendi. ─Hany, Begsoltan, sen bu ýigitleriň syryny açyp, utandyryp durma-da, gelin- gyza aýdym aýtdyrsana. Gulagynda Daýnaň sesi galsyn. ─Eşidýäňizmi, halaýyk, Tagangylyç agamyz otuz ýyllyk dulluga çydaman, gelin-gyzyň sesini eşdesi gelýä. Bolmasa, ýigitleri toýa ugradyp, Tagangylyç agamyzy öýeräýsek nädýä?! Hol, gaýraky öýde oturanja mama bardyr-a, nämedir-ä ady?! Hä-ä, Gülöwser mama. Şolam bir amatlyja biri bolsa aýdawergin diýipdi. Garry dagy däl. Ýaňyja segsenden geçdi. Köpçülik mazalyja ýumşaşdy. Ogluny fronta iberýän, bagry kebap bolup duran eneleriňem gözýaşy kepeşdi. Begsoltan Hangülüň ýanyna bardy. ─Edil üstünden bardyň. Sypdyrma. Artykgül daýzaň gyzylygyny görkezsin. ─ Halaýyk Hangülüň aýdym aýdaryny isledi. Onda-munda el çarpyşdylar. Hangülüň bir tarapynda Nury ejesiniň alaça köýneginiň synyndan ýapyşyp, töwerege gaty gyzyklanyp bakýar. Kämahal ejesiniň ýüzüne seredýär. Ol köpçüligiň içinde ejesiniň adynyň tutulmagyna, hemmeleriň ejesine bakmasyna guwanýar. Onuň ejesi başga eje. ─Hangül gelneje, Bibijany aýdaý. ─Hangül, bolsana! Goşgy aýdaýsana. ─A gyz, bütin ili garaşdyraýdyň-la, gyz. ─Aýdar, aýdar. ─Hangül, bolmasa gopuz çalaý. Hangül bu üýşmeleňe gelende “Köpüň öňüne çykmaryn, ne aýdym aýdaryn, ne gopuz çalaryn. Hanmämmet dagda orakda bolsa-da eşider. Ýene gowga gopar. Gerek däl-le, bizarym çykypdyr” diýip gelýädi. Emma bu mähelläniň beýdip ýalbaryp durşy, urşa gidip barýan ýigitleriň göwnüne goltgy bermäge yhlasy, üstesine-de öz köňlünde hiç egsilmeýän gamyň ýene möwjügip başlamasy Hangüli odukdyrdy. Ol dört ýigide göz aýlap goýberdi. “Olar toýa gidenoklar ahyry. Dowzah oduna gidýäler. Ýa gelerler, ýa gelmezler. Gelseler-de öňküligine gelmezler . Ýana-ýana, köýe-köýe, gowrula-gowrula gelerler. Onsoň, bir salym bolsa-da, olaryň göwnüni açmasa bolmaz ahyry. “Hangül gelneje, bir aýdymyňyzy bizden gysgandyňyz-ow” diýseler, aýp bolar.” Begsoltan Hangülüň ahwalyny gaty gowy bilýär Hangül köpüň öňüne çyksa, Hanmämmetden ezýet baryny çekýänini-de bilýär. ─Aýu, halaýyk. Eşitdim-eşitmedim diýmäň. Hangüle aýdym aýtdyrys weli, Hanmämmede şugullan, namardyň pisidir. Nury öz ejesiniň beýleki ejelerden has belentligine, öz ejesine ähli kişiniň hormat bilen bakýandygyna guratnykly göz ýetirdi. “Meniň ejemden gowy eje ýok”. Hangül aýdyma başlanyny bilmän galdy. Ol aýdym setiriniň ýarysyny aýdanda, ikinji ýarysyny ýakynda duran dört-bäş gelin alyp göterdi. Hangül: Daglar başy duman-duman, Gelinler: Ýel gelýäle, Bibijan. Hangül: Bulut oýnap, çaýlar dolup, Gelinler: Sil gelýäle, Bibijan. Hangülüň sesi bu seslere meňzemeýän, aýratyn bir duýguly sesdi, hem beýikdi, hem kuwwatlydy hem-de o sesde näçe diýseň gam bardy, dünýä pelsepesi bardy. “Sen ölme, men öleýin” diýýän mahmal sesdi. O sesi eşiden ereýärdi, Gün güýçli gyzdyranda şatyrdaý-şatyrdaý, bölek-bölek bolup gidýän buzlar ýaly. O sesde seniň halyňa duýgudaşlyk bardy, o sesi eşideňde bu ömre çuňňur umyt döreýärdi, o seni gaflat ukusyndan oýaryp, gül-gülälekli meýdanda gezdirýärdi. Hangülüň sesi şeýle bir durudy weli, ony diňlän ýuwduna-ýuwduna diňleýärdi, hamana o sesi dury suw kimin içýän ýaly. Bütin Daýna Hangülüň bu jadyly sesi bilen jadylandy. Ertiriň tämiz howasynda o ses uzaklara ýaýrady. O sese ses goşjak bolup Sumbar öňküden çus akyp başlady, derekler, toraňňylar galyň ýapraklaryny bir-birine çarpyp, el çarpýan ýaly şapyrdadylar. Bilbiller, jok-jokylar, hüýpüpikler öz sesinden utanyp, Hangülüň sesine meýmireşdiler. Hangül bu dünýä şeýlebir aşykdy weli, Leýli Mejnuna, Mejnun Leýlä munça aşyk bolmandy. Şo sebäpli, Hangülüň sesi iň beýik aşygyň sesidi. Şol bir wagtda-da o ses Dünýä gamyny öz ýüreginden geçirýän Enäniň sesidi. Häzir ähli Daýnaly kiçijik balajykdy, Hangül beýik enedi. Ol ene bütin Daýnany sallançakda üwräp, hüwdüleýärdi. Halaýyk dünýäni unutdy, özüni unutdy, birsalym Jennete düşdi. Kiçijik Nury Hangülüň alaça köýnegine şo ýapyşyp durşuna, töweregiň bu görnüşini tutuşlygyna beýnisine siňdirdi. Ejesiniň bu owazlary oňa üýtgeşik bir duýgy berdi. Nurynyň çaga ýüregi gursakda bökjekledi. Özi hem tasdan gygyryp goýberipdi. Içki joşgun ony düşnüksiz bir hala saldy. Nury ejesiniň köýneginiň syny bilen ýüzüni örtdi-de sessiz aglady. Şu mahal hiç kim Nura üns bermedi. Aýdym aýdylýarka bir zenan Hangüle gopuz uzatdy. Aýdym tamamlanan badyna Hangül gyzgyny bilen gopuz çalyp başlady. Onuň gözleri ýumuldy. Halaýyk başga bir dünýä girip ugrady. Giň bir sähra. Uzaklardan at toýnaklarynyň dükürdisi, gylyç-galkanlaryň gümmürdisi eşidilip başlady. Bu duranlar birmahallar bolan söweşleri, ýagy çozuşyny, talaňçylyklary, ahy-nalany göz öňünde janlandyryp ugrady. Eli gyrkylykly gelin töweregine egrilişip, gylyç urjak bolýan duşmana gyrkylyk sançýar. At üstünde ak telpegini lowurdadyp barýan ýigidiň naýza gursagyna çümýär. Ýene at dükürdileri, peýkam süýnmesi, gaýa gopan ýaly owazlar ýürege siňýär. Hangül gözüni ýumup, şo çalyp durşy. Depgin gowşamaýar, barha bat alýar. Şo pursat Hangülüň başyna: “Şu dört ýigidiň gidişi gidiş bolar, gaýdyp dolanmazlar” diýen pikir geldi weli, Hangül gopuza urmasyny tapba kesäýdi. Ol näderini bilmän,gözỳaşlaryny ỳeňi bilen sylyp, göni dört ýigide baka ýöräp ugrady, şonda köýnegiň synyna bukulan Nurynyň agyly ýüzi göründi. ─Allajan bizlikdir, biz ýeňeris, işalla. ─Hangül oglanlary, olaryň enelerini birme-bir gujaklap çykdy. ─Işalla, geleňizde-de şeýdip garşylarys, Allajan. Hangül bu sözleri aýdyp, başa gonan hälki pikirini başdan kowasy gelýärdi, oňa garşy durasy gelýärdi. Şo mahal beýle ýandan harby geýimli bir atly geldi. - O taýda bize garaşyp durlar. Gijä galýas. Hany oglanlar, tizräk araba münüň. Tiz boluň! Arabalar obadan çykyp ugranda, bu kiçijik obanyň adamlary el bulaşyp galdylar. Eneler, beýleki zenanlar ýaş dökdi. Hangül o ýigitleriň gelmejegine ynandy-da has beter bozuldy, birdenem boýnundaky üç künjeklije dogany çözdü-de: “Bar, Nuryjan, ýet oglum. Şu dogany oglanlaryň birine ber. Allajan, ählisini aman saklasyn” diýdi. Nury on-on bäş ädim öňden barýan arabalara baka ylgady. Ol yzky arabany ýetip, sag goljagazyndaky dogany uzatdy. ─Ejem berdi, alyň , doga diýdi. Oglanlaryň biri dogany aldy. “Sag bol, jigim, sag bol”. Nury şo taýda bir dem durdy-da uzaklaşýan arabalara el bulady, ýekesiredi, soň yzyna ylgap gaýtdy. ─Eje, aldylar. Nurynyň bu günki gören-eşidenleri onuň ömürlik ýadynda galar. O dört ýigidiň kimligini bilmese-de, olary öz uly doganlary ýaly ýatlar. Belki-de şu gün Nurynyň geljekde kim bolup ýetişjegini kesgitlän gündür. Bu günler gidenleriň gelmeýän günleridi. * * * Hanmämmet ogul-gyzyny gowy görse-de, olary özüne öwrenişdirmezdi. Öz çagalarynyň daýy tarapyna çekişini, o çagalaryň hem daýylary ýaly şahandaz bolup ýetişişini halaman gezerdi. Baýly hem, Aşyrberdi hem eýýäm aýdym-sazdan başy çykýardy. Hanmämmet käýinende: “Haýt, daýyňa çeken damaryň gursun”diýýär. Hanmämmet Nuryny özüne meňzeş adam bolup ýetişer öýdýär. Hanmämmediň özi dymma bolansoň, Nurynyň hem dymmalygy oňa ýaraýar. Emma Hangül ähli çagasyna bir göz bilen bakýar. “Ynsana hormat goýjak bolsaň, oňa ene gözi bilen bak” diýip ýönelige aýdylmaýar. Ýöne Nury ejesine has ýakyn, ejesini Nury beýlekilerden tiz duýýar. Ejesi bilen duýgudaş gepleşmäni başarýar. Ol ýaşyna görä has ir akyllanýar. Emma onuň Baýly ýaly, Aşyrberdi ýaly däl-de, aýdym-sazy yhlasly diňlese-de höwessiz ỳaly görünmesi ejesini biraz oýlandyrýar. “Adam aýdym-saza ýakyn bolsa, dünýä gamyny egsip biler, ýüregine kanagat berip biler, hem söýüp, hem söýlüp biler” diýip Hangül pikir edýärdi. Näme edende Nuryny, Begmämmedi, Artykgüli aýdym-saza ýakyn edip ýetişdirip biljegini oýlanýar. Hanmämmediň öýde däl wagtlary öýde çagalary bilen otyrka, olara aýdym baryny aýdyp berýär, hüwdi, läle aýdýar, olara gaýtalaý-gaýtalaý ýatda galar ýaly edýär. Kä gezeklerde özi joşup, has uzak aýdym, läle aýdýar hem-de soňunda aglanyny duýman galýar. Şonda çagalar oňa gyslyşyp, ony diňdirýärler, soňundan erteki diňläp başlaýarlar. Köp gezekler goňşy-golamlaryň çagalary hem, öýe girip, bir gyrada nebsewür synlaşyp oturýarlar. Beýle ýürekdeş konsertler çagalaryň köňlüni açýar, ýumşadýar, olary bir-birege ysnyşdyrýar, bir jadyly dünýä alyp gidýär. Aýratynam, dymmaja Nury ejesiniň bu konsertlerini gaty höwesek diňleýär. Bir gezek ejesi: Hüwdi-hüwdi hüwlendi, Suwda balyk köwlendi, Balyk diýe tutanym Ýylan bolup towlandy. - diýensoň, Nury balygyň nädip ýylana öwrülýändigini gaty bilesi geldi. Öz akly ýetmedi. ─Eje, balyk nädip ýylan bolýaka? ─Wah, aklyňdan aýlanaýyn Nuryjan. Ynha, hä diýmän ulalarsyň. Uly adam bolaňsoň, balygyň nädip ýylan bolşuny görersiň. Häzir aýtsamam düşünmersiň, Nuryjan. Gowusy, şu mahal ýaňyltmaç aýdyp, diliňi ýenjiber. Hany, oglum, meniň aýdanymy gaýtala, bakaly. - Birje çemçe şorja serçe çorbasy. Nury ony ýalňyş aýdyp, öz ýalňyşyna güldi. Ejesi bolsa oňa guwanyp, özüne çekip, başyny gujaklap, saçlaryny, ýaňagyny sypalaşdyrdy. Bireýýäm ýatar wagty bolanyny hem duỳman galdylar. Düşeklerini ýazyşyp, ýorganlaryny üstüne çekdiler. Bada-bat uka batdylar. Eje weli uklamady. Dym-dyrslyk aralaşanda ony pikirler basyp başlady. Hangül eňegini iki dyzyna diräp, aýalary bilen ýaňaklaryny ýapyp oturşyna bu çagajyklarynyň ykbaly hakda oýlandy. Garypçylyk barha güýçlenip gidip barýar, iň köp agzalýan söz nan-çörek boldy. Erkek göbekli bary fronta ugradyla-ugradyla, gezek Hanmämmet daga ýetse näderkä? Üstesine, göwrede-de bir çaga ýetişip gelýär. Hanmämmet munça çagany taşlap, fronta gitmekçi däl. Gyssansa Eýrana geçermen. Hangüli hem, çagalaryny hem Eýrana äkitmekçi. Emma Hangüle Eýran gaty garaňky görünýär. Hiç-hiç gidesi gelenok. Asyl, o tarapa gitmeg-ä däl, o tarapa hiç-hiç bakasy hem gelmeýär. Daýnadan aýrylsa Hangülüň jany çykar. Bütin dünýä bir ýana, Daýna bir ýana. “Emma açlyk-gytlyk boljakmyş, oňa näme çäre taparkak? Hanmämmet ýanymyzda bolsa bolýar, daşy üwär, dagy deşer, çagalaryny aç goýmaz”. Ýakynda şagallar uwwuldaşdylar, iýmit gözläp, sebsäp ýören köpekler oňa jogap edip, ýogyn-ýogyn hawhawlaşdylar. Hangül ýataýyn diýip otyrka, Nury birden dikeldi-de: “Kaka, meniň çynarym ösenok” diýdi. Ejesi Nurynyň ukuda samraýanyny bildi. ─Ýataý, oglum, ýataý. Çynaryň öser, oglum. Ejesi Nuryny emaý bilen ýatyrdy, üstüni örtdi. Ol öňler Nuryny alyp Sumbardan suw getirmäge gidende, tokaýa inilen ýerde her gezek Nurynyň bir çynar agajy bilen boýuny deňäp geçişini ýatlady. Nury çynaryň ýanyna barýar, aýasyny depesine goýýar, soň aýasyny agaja baka öňe sürýär. Çynaryň şol öňki boýy. Her gezekde-de çynar Nurydan gysga gelýärdi. ─Eje, näme üçin bu çynar ösmeýärkä? ─Çynarlar ilki aşak ösýär, öz boýy bilen deň kök edinýär, soň ýokary ösüp başlaýar. Hanha, o-ol uly çynara seret. Şoň ýaly uly agajy saklajak-eklejek bolsaň, köküň uly bolmasa bolmaýar. Adamam şeýle-dä. ─Adamda kök ýog-a, eje. ─ O saňa görünmeýä. Sen entek ýaşlygyň üçin görmeýäň. Kök gerekdir, Nuryjan. Ulalaňda-da unutmagyn. Dowamy bar >> | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |