13:29 Duman daganda: Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr | |
• Agyr hassalyklaryň biri - wezipeparazlykdyr Baýryny Aşgabada - Türkmenistan Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetine çagyrdylar. Ol hiç kime aýtman, Aşgabada gelşine göni üsti gyzyl baýdakly beýik jaýa girip gitdi. Başynda müň pikir gaýmalaýar.Ol kadrlary ýerli-ýerinde goýmak diýilýäniň raýonda aňrybaş derejede bulaşdyrylanyny aýdasy gelýärdi. Raýon medeniýet bölüminiň müdiri söwda institutyny tamamlan zenandy, raýon oba hojalyk tehnikasy guramasynyň bir orunbasarynda bedenterbiýe institutynyň diplomy bardy, ýetimler öýüniň baş wraçy weterinardy, raýon merkezindäki tikinçilik fabriginiň direktory – taryh fakultetini gyzyl diplomly tamamlan kişidi. Raýonda oblast üçin süýji öndürýän uly sehiň başlygy gurluşykçy injenerdi, täzelikde işe başlan arak-çakyr zawodyna direktor bolup bir ýerlerden gelen işgäriň kitaphanaçy hünäri bardy. Baýry özüne neneňsi miras berilýänine göz ýetirýärdi. Ol guramaçylyk bölümine bardy welin bir zenan ony dürli kabinetlere eltip sorag-jogap alyşdyrdy, ahyry Merkezi Komitetiň birinji sekretary Aman Garajaýewiň kabulhanasyna alyp bardy. Baýry gaty uly kabinetiň ho-ol aňyrsynda salamlaşmak üçin ýerinden turýan hem-de gaty mylaýym ýylgyrýan epeý kişini gördi. Bu telewizorda, uly ýygnaklarda uzak görünýän şo-ol ýüzi tanyş birinji sekretar Garajaýewdi. Ol göni Baýra garap ýöräp gaýtdy. Garaşa-garaşa, ahyry duşuşan ýaly, mährem gol gysyşdy, Baýra orun mürehet edip, özi gabatdaky oturgyçda oturdy. Gyssanman saglyk-esenlik soraşdy. Baýra sähel ynjalyk aralaşyp başlady, ol garşysynda oturan adam hakda Kasym Kulyýewiçiň: «Mylaýym hilegär adamdyr. Pagta bilen damak çalandyr» diýenini ýatlady. Saglyk-esenlikden soň birinji sekretar synçy nazaryny Baýra tarap öwürdi. - Ata Ataýewiç uzak wagtdan bäri oblasta ýolbaşçylyk edip gelýär, iş bilýär, adamlary tanaýar, ýagdaýa düşünýär. Düşünýäňizmi, häzirki döwürde ýagdaýa düşünmeklik ýolbaşçy üçin iň zerur zat. Şonuň üçinem Ata Ataýewiçden öwreniň, onuň aýdanyna gulak asyň. Ata Ataýewiç bilen agzybir işlejek bolmaly. «Bi basgançaklarda oturanlar, edil kerwendäki düýeleriň bir-birege baglanyşy ýaly baglanypdyr-ow. Kerwenbaşynyň münen eşegi nirä çekse, düýelerem şo ugra dönüp barýarlar». Birinji sekretar ýerinden turup, goluny uzatdy. - Onda, ýoldaş Baýry, wagtlaýynça hoşlaşaly. Öýlän býuromyz bolýa, şonda sizi tassyklarlar diýip pikir edýän. Üstünlikli işlemegi, halka, partiýa peýda getirmegi arzuw edýän. Ykjam işläň, biz mydama arkaňyzda durarys. Birinji sekretar Baýrynyň arkasyna mylaýym kakyp hoşlaşdy. Şol günüň öýläni Baýry býurodan şowly geçip, jaýdan çykanda özüne tarap ýöräp gelýän Kasymy gördi. «Be-e, indi Kasymdan nädip sypyp bolarka? Biýem-ä meni elden bermejek bolup yhlas edýä weli, görmeli-dä. Kasymyňam onda-munda ýolbarslary bar. Ata Ataýewiçem aýdany edilmese saklamaz. Halky öýkeletsemem-ä bolmaz. Indi berk durmasaň, ýene ýol tapmasaň, senden halkam geçer. Onsoň aýak astyna düşüp basgylanarsyň». Kasym ýakymly ýylgyrýar. Onuň bu ýylgyrmasyndan Baýry: «Indi öz elimiz, öz ýakamyz. Näme edeli diýsek edibereris» diýen many alýar. - Bolsa-da, ähli ädimlerimiz şowly boldy. Ozaly bilen Moskwadaky iş bitirenlere, Ýolbarsa-da «Sbasibo» diýmeli. Indi berk durmaly-da. Kosmonawtlar aýdýar-a: uçmany hemmeler başarýa , gonma-da gep bar diýýä. Senem wezipäni-hä aldyň, indi şo wezipede nädip saklanmaly, nädip ýene bir basgançak öňe süýşmeli – ana, bar bela şonda. Sen bir zada düşün: şu wezipäňde garga ýaly howatyrly, tilkidenem beter hilegär bolmasaň, uzaga gidirmän kakyp urarlar, sebäbi her bir adam seniň wezipäňi alybilse armany ýok. - Baýry, garbanarysmy? - Men-ä ajygamok. - Şu mahal iýeniň-iýeniňdir, işläp başlarsyň welin, seni şöhrat bilen iýmläp başlarlar. - Şöhrata ynanyp bolmaz-la. - Ana, esasy zat şol, meniň birinji maslahatym şo. Şöhrata ynanýan adamy gözüne gök äýnek geýdirip sary saman iýdirilýän geçi bilen deň hasaplaýan. Umumanam, men seniň ornuňda bolanlygymda ilki bilen özüm hakda il içine gaty gowy gürrüň ýaýrar ýaly etjek. Her zat etlmeli, ýöne halky özüňe bakdyrmaly. - Nädäýdiň-äý muny?! Şu aýdanlaryňy etjek bolsam, işlemäge wagtam galjak däl. - Wah, diňle-e, Baýry jan! Men saňa bir zat aýdaýyn: bi iş diýlen zat bizden öňem bar ekeni, bizden soňam bolarmyka diýýän. Esasy zat – özüňi saklamaly, özüňi! Ýöne, her näme diýseňem, ýürejigiňi diňläp gör bakaly, wezipe gowy zat diýer durar. Meniň aýtjak bolýanym: wezipede ykjam oturjak bolsaň, elmydama ýokary wezipä dyzamaly. Özem gaty akylly dyzamaly, ana, şonda oturan wezipäňde arkaýyn oturarsyň, bolmasa, ilkinji tüweleýde asmana götererler ýa-da şol bir wezipede çüýrederler. – Kasym Baýra bakyp goýberende onuň gözlerindäki howatyry duýdy, öňi-soňy açyk gepleşmekçi boldy. – Baýry, bi aýdýanlarymy Kasym toslap tapandyr öýtme, men saňa müň gezek synalyp, müň gezek ulanylan hakykaty aýtdýan. Işläp başlaňsoň özüňem göz ýetirersiň, şu mahal saňa bar zat dumanly görünýändir. Ýöne, şi dünýäde wezipe dursa, ýaňky hakykat mizemez, şony ýatda saklaý. - Görýän-bakýan welin, bi wezipäniň galmagalynyň aňyrsyna göz ýeter ýaly däl-le. - Entek işe başlamankaň howpurgama. Işe girişeňde öň bilmeýän, göz öňüne getirmeýän ýüzlerçe işiň çykjagy belli, ýöne wezipe adamy göterýä, oňa şeýle bir güýç-kuwwat berýä welin, keltejik adamlaram orta boýly ýaly görünýä. Ynha, Hekim Hekimowiçi indi görseň, çiginleri çöküp duran, öçgün gözli, adaty adamdyr. Eger durmuşa düşünýän adam bolsa, özüni saklamagy mümkin, onda infarkt bolman sypar. Bularyň kabiri-how, ynansaň, uly wezipeden aýrylanda ýüregi ýarylaýjak bolýa. Baý-baý, wezipede oýun kändir-ow. Öwünip aýtdygym däl, kimiň wezipelidigini-däldigini egin-eşiginden tanamag-a beýlede dursun, ýüz keşbindenem tanap bereýin. Işlejek adam kän, kimi goýsaňam işlär, ýöne ol çykalga däl. Özüňe wepadar tapmak kyn. Şonuň tapawudyny unutmagyn. Anha, Hekim Hekimowiç işgäre-de bakdy welin, esasan wepadar işgär toplady. O meselede, deýýus, zordy-la. Görýämiň, ýolbaşçylaryň köpüsini pensiýa ýakyn ýaşlylardan goýdy, sebäbi öz ýerine dawa etjek däl, wezipesinden kowmasalar razy boljak. Onuň ýene bir öwrenmeli tarapy – ýolbaşçylaryň menden özgesine öz hünärine laýyk wezipe beren däldir, meň ýerime-de wetwraç goýmalydy welin ýetişmedi-dä. Onsoňam esasy bir meselä üns berdiňmi? Sen näme galplyk etmerin öýdýämiň?! Galplygyň bar ýerinde para-da, jenaýatam bar – Kasymyň owazy hemleli çykdy, jogaba garaşman, ýene batly sözläp başlady. Ol Baýry bilen ilkinji gezek beýle äheňde, beýle açyk gepleşip başlady – Gitjek ýeriň ýokdur. Öň galplyk bilen doluna-doluna ummadan çykan pagta planlaryny birbada hakykat ýüzünde dolup bilmersiň, plan dolmasaň, ýokardanam janyňy aljak bolarlar. Nädersiň? – Senem galplyk etmeli bolarsyň. – Kasym uludan dem aldy. – Wah, bu zatlar indi hemmeleriň ýöreýän ýoluna öwrüldi-le, ýöne şondan baş alyp çykmaly-da. Baş alyp çykjak bolsaňam, ýaňky aýdanym – kyrk emjek edinip, her kimiň agzyna bir emjegiňi gysdyryp geçmeli-dä. Ähli dogry ýol dogrulyga eltýändir öýtme. Baýry meseläniň şu tarapy hakda öň gaty ýüzleý pikir edenligini duýdy. Oýlandygyça, pikir yzarladygyça, täze müşgillikleriň üstünden bardy. «Seni raýonda bir şaýa almajaklaram bar, şolary neneňsi ýol bilen jylawlarsyň?! Ynha, Satlykow öňünde daş diwar ýaly keserer durar. Obkom, Merkez, häzirki ýagdaý boljak bolsa-ha, ozaly bilen, Satlykowy goldar. Olam her ýyl çişe-çişe ummadan çykan pagta planyny satyn alyp dolmasa, başga çykalgasy ýok. Muňa näme çäre taparsyň?! Kasyma we onuň Moskwadaky, Aşgabatdaky haram Ýolbarslaryna näme çare taparsyň? Olar ýedi derýaň suwuny içenlerden. Ähli syryňa belet. Baran ýeri öz öýi, duşuşany – dosty. Hä diýmän çökder talaplaryny boýnuňa dakjak bolup başlarlar. Muňa näme çäre taparsyň?!” Baýrynyň ýeke-täk umydy bar, ol şoňa bil baglaýar: garyp düşen, sözi diňlenmeýän, mundan beýläk beýle ýaşasy gelmeýän halk öz halyna düşüner, dil açar, bu güne çenli diňe gulagynyň eşidenine ynanyp aldananlar indi dört gözli ýaly görerler, meni goldarlar, hyňranyşýan ýolbarslaryň äňini ýazdyrarlar. Öz bähbidi üçin ýurdy bir köpüge satmaga taýýar bolan egriler birleşip bilýän bolsa, dogrularam birleşmelidirler ahyry». Eger tersine bolaýsa, onda ýolbarslaryň penjesinde çekelenip-çekelenip, parça-parça bolup galjakdygyna Baýry gümansyz göz ýetirdi. Geljekki ykbalyň howatyry ony aldym-berdime salýardy. Ol belent daglaryň ak garly başyny gara bulutdan saýlaýşy ýaly, gowgaly başyny durmuş dumanyndan saýlamaga ymtylýardy. | |
|
√ Bäşgyzyl -25: romanyň dowamy - 09.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |