11:54 Nury Halmämmet: Açlyk - iň gazaply hökümdar | |
AÇLYK - IŇ GAZAPLY HÖKÜMDAR
Edebi makalalar
Mekdebiň ähli okuwçysyny jemläňde otuzdan geçmeýärdi. Bir gün ir bilen araçäkçileriň komandiri atyny dabyrdadyp geldi-de, atdan düşmän mekdebiň müdirini ýanyna çagyrdy. ─ Ähli okuwçyňy şu taýyk topla. Öten agşam bugdaý hoşalaryny döwüp alyp ogurlapdyrlar. Çaga aýak yzy bar. Men ogryny tapmasam bolmaýar. ─Siz ogryny nädip tanamakçy? ─Men ilki olaryň gözlerine bir bakaýyn. Ogry göti gowşakdyr. Tapmasam, soň näme etjegimi bilýän. Hany, ähli çagany meniň öňüme üýşür! Müdir hor, ysgynsyz, eleşan oglan-gyzlary otaglardan çykaryp, daşarda bir hatara düzdi. Komandir batly gepläp başlady. ─ Eşidýäňizmi? Kim bugdaý ogurlan bolsa, elini galdyrsyn. Özüm bilsem, ynha şu sapança bilen ataryn ─ol sapançany gabyndan çykaryp, asmanda bulaỳlap ỳene saldy, atdan indi-de jylawundan tutup, her çaganyň gözüniň içine gahar bilen bakyp başlady. Müdir çagalaryň gorkýanyny duýdy-da komandiriň ýanyna baryp pyşyrdady: “Ýoldaş komandir, beýdip çagalary gorkuzmak bolmaz ahyry”. Komandir gaty gepläp jogap berdi. ─Hä, bugdaý ogurlanlarynda gorkmaýarlar, indi gorkýarlar. Düşnükli-i. Hany, aýdyň, kim bugdaý ogurlady? Jogap ýok . Komandir çaga ýüzlerine birlaỳ bakyp çykdy. Belli bir çagany öňe çykarmady. ─Agşama çenli şeýdip durarsyňyz. Kim meýdan etse tezegini görkezip gidip biler. Tezegiňizi görmesem, biriňizem gitmersiňiz. Düşnüklimi? Müdir gaharly gepledi. ─Beýle zat bolmaz. ─Beýle zat bolar! Komandir atyna böküp mündi-de atyny müdiriň edil ýanyna sürdi. Sapançasyny çykardy. ─Seň özüň ogurlan bolmagyň hem mümkin. ─Çagalara ters görelde görkezmäli. ─Meniň aýdanym bolar. Tä tezegini görkezýänçäler hiç ýaňa butnamazlar. Düşnüklimi. Iýlen bugdaý tezek bilen çykar. Müdir komandir bilen gidişme wagty däl diýip oýlandy-da sesini çykarmady. Boş klaslaryň birine girip gitdi. Komandir bolsa hatarda duran çagalara ýigrençli bakyp at üstünde otyr. Çagalaryň içi gysyp başlady, ýadadylar, gorkudan ýaňa ýüzüni ap-ak edip, özünden gider hala gelenlerem bar. Birahat müdir klasdan çykdy, gaharly ýöräp komandiriň garşysyna geldi. ─Sen özüňe berlen hukukdan daşary hereket edýäň. Çagalara zorluk edýäň. Men seniň üstüňdäki komandirlere arz ederin. ─Eliňden gelse, asmany aşak çek. Harby ýagdaýda harbylara boýun bolmaly bolarsyňyz . Garşy giden gurşun ýuwdar – komandir ýene elini sapançasyna degirip aýyrdy. Mekdep müdiri ak saçly ýaşuly kişi “goýsana” diýen manyda elini bulap goýberdi-de bir ýana gitdi. Ep-esli salymdan Dusýa doktor bile geldi. Dusýa daýza aňyrdan gelşine gepläp başlady. ─Iwan, dälirediňmi? Näme üçin beýdýäň? Munyň jenaýat ahyry. Çaga bugdaý iýenem bolsa, bir ýarym günden çykýar, bilip goý. Hany, çagalar, baryň, öýli-öýüňize gaýdaýyň. Çagalar uly beladan sypan ýaly boldular. Dusýa daýza eli ýeten çaganyň başyny sypap-sypap goýberdi. Şonda ol Nurynyňam başyny sypaşdyrdy we oňa örän mährem bakdy. Nury eleme-deşik köýneklije, ýama-ýama balaklyjady, aýagy ýalaňaçdy. Ýöreý-ýöreý aýagynyň aşagyny gara gasyn tutupdy, çordan ýaňa derisi jaýryk-jaýrykdy. ─Hangülüň oguljygy bolsaň gerek. Bilip goý, Nuryjan, men seniň göbek eneňdirin orak orulýan günleri bolupdyň, şu günki ýaly ýadymda. Bar, oýnaber, Nuryjan. Nury gamly gözlerini gyrpman, sözlemän gitdi, onuň çep çigninde köneje matadan tikilen torba asylgydy, içinde-de kitap-depderler bardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |