15:13 Nury Halmämmet: Bagtyň ýiten günleri | |
BAGTYŇ ÝITEN GÜNLERI
Edebi makalalar
Bir gün Hanmämmet öýlänara paltany daşa çalyp başlady. Hangül öýüň hysyrdysy bilen girip-çykyp ýör. Garşy daş ojakdaky gazanyň aşagyna odun atýar. Ysmanak gaýnadyp, aç çagajyklaryň garnyny doýrasy gelýär. Çagalaram töwerekde oňa-muňa güýmenýärler. Uly ogly Baýly we Artykgül obanyň beýleräginde daýylarynyňka gitdiler. Öýde-de doglanyna kyrk gün hem bolmadyk Maýa sallançakda ýatyr, kämahal jägildeýär. Hangül emdirip, sallançagy üwräp gaýdýar. Adaty bir gün. Hangül Hanmämmedi, palta ýitiläp oturansoň, oduna gitjekdir öýdýär. ─Hanmämmet, oduna gitjekmi? ─Ýok seniň boýnuňy çapjak─Hanmämmediň sesi gaty çykmady. Hangül o söze kän üns bermedi. Öwrenişen sözleri-dä.─Meniň boýnumy çapanyň bilen ojaga odun bolmaryn. Oduna gitjek bolsaň, Baýlyny daýylaryndan çagyrjak. Hanmämmet dymdy. Paltany aldy-da, dikilen hatjaly agaçdaky horjuna saldy. Ýene hiç söz diýmän, aşak inip gitdi. Yzyndan göz gytagy bilen garap galan Hangül ol Baýlyny getirmäge gidýändir ýa-da aşakda atalaryndan galma mellege aýlanmaga barýandyr öýtdi. Emma Hanmämmet günortan bolsa-da gelmedi, garaňky gatlyşanda biriniň atyny idip geldi. Hangül Hanmämmetde bir howsala, bir galagoplyk barlygyny duýdy. Sesini çykarmady. Çagalar agşamlygam ysmanak iýip ýatdylar. Hanmämmet daşary çykyp barýarka, birden yzyna gaýtdy, sallançagyň ýanynda oturan Hangülüň bogazyny garsa bogdy-da ýuwaş, emma gaty gaharly gepledi. ─Şu gije beýlä geçýäs. Ýa meň bilen gidýäň, ýa şu taýda läşiňi serýän. Eşidýämiň, seni bu taýda başy boş goýman. Hanmämmediň heleýi ýaly diýdirmejegim hakdyr. ─Çileden çykmadyk bäbegimize nebsiň agyrsyn. Ilki özüň görüp-bilip gel, onýança çaga usugar... ─Kes sesiňi! Ýa gidýäň, ýa ölýäň. ─Beýtme! Hanmämmet Hangülüň bogazyndan elini aýyrdy-da sessiz daşary ylgap, ýene sessiz geldi. Hangül hiç zatdan habarsyz halda sallançagy yrap otyr. Ol arkasyndan eli paltaly gelen Hanmämmedi görmedi. Oýuna-pikirine gelmejek beýle wagşylygyň bolup biljegine ol hiç ynanmazdy. Urar, söger, ondan aňry gitmez öýderdi. Muňa-da gaty bir ynanybermezdi. Hanmämmet çagajyklarynyň atasy ahyry, şol çagajyklarynyň hatyrasyna, eli ýaraga uzamaz, olary enesiz ýetim-ýesir goýmagyň berbagtlygyna akly ýetýändir öýdýärdi. Daýna Daýna bolaly bäri ilden çykgynçlyk bolmandy, hiçkim beýle habar eşitmändi. Hangül ýene sallançagyň bagyny çekip goýberdi. Şo mahal arkadan urlan agyr urgy onuň merdem başyny bir ýana ýykdy, göwrede ýere serildi. Diňe bir eziz enäniň göwresi däl, o göwre bilen birlikde ähli umytlar, arzuwlar ýere serildi, ogul-gyz doguryp, hatar-kerwen bolup, yranmaz maşgala bolup ýaşamak höwesi ýere serildi. Hangüli hasap etmäniňde-de dört ogluň, iki gyzyň ykbaly hem ýere serildi galdy. Hanmämmet ganygyzgynlygyna bäs gelmän paltany salanda ýeke bir Hangülüň ömrüni däl, öz ömrüni hem çapdy. Ogul-gyzynyň gelejekki bagtyny çapdy. Bir paltanyň urgusy näçe ýürek bagyny çapdy. Namys hakda söz galmady. Namysy ýatlaýan adam öz namysyna palta urarmy?! Agaja urlan palta namys edýärdi, ynsana urlan palta nätdikä?! Hanmämmet tiz-tizden, hassyllap dem alyp başlady. Beýnisi syzlap, başy erbet şyňlady. Gözlerine gan öýlüp, ýere gaçaýjak boldy. Ol demigip başlady. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe kürsäp girdi. Duldaky boş horjuny alyp daşary ylgady, eýersiz atyň üstüne horjuny atdy, atyň ýüpüni çözdü-de batly çekip, gapa getirdi. Öýe girip ilki Aşyrberdi bilen Begmämmedi südürrükledip getirdi-de hersini horjunyň bir ýanyna saldy, olar oýaly-ukyly halda näme bolýanyny bilmän, bir söz aýtjak bolanda, kakasy “lal bol” diýdi. Hanmämmet ýene öýe ylgady-da ukudan oýanmadyk Nuryny Begmämmediň sokulan horjun gözüne ýerleşdirip atyň ýüpünden çekip ýola düşdi. Ol gaty hopurgaýardy, demigýärdi we atyň ýüpüni gaty çekýärdi. Aty süýräp gitjege meňzeýärdi. Ýodajyk bilen gidip tokaýa girdi. Nurynyň boýuny deňeýän çynarjygynyň ýanyndan geçdi. Hangülüň suw alýan güzeriniň beýle ýanyndaky ýalpak kenardan Sumbara girip başlady. Emma at birbada horgurdy, yza tesdi, silkinip bir gapdala bökdi. Şo mahal Nury horjundan gaçdy-da başy daşa degip özünden gitdi. Garaňky gijede howsalaly Hanmämmet mundan bihabar galdy. Ol at ýüpüni has berk tutup, ony derýa baka ykjam çekip başlady. At zora çydaman, ýuwaş-ýuwaş toýnagyny suwa batyryp, ýöräp ugrady. Olar Sumbaryň o tarapyna geçenlerinde süllümbaý ezilip geçdiler we ýüzüni baýyrlara baka tutup gitdiler. Horjundan we at guýrugyndan akýan suwuň şyrryldysy hem kesiliberdi. * * * Öýde uzak gije üwrelmän, ajyganda emme berilmäni üçin uzak gije jägildäp, aglaý-aglaý surnugan bäbejik Maýanyň hem aglamaga güýji ýetmän, dodajyklary kepäp galdy. Sumbaryň daşly kenarynda atdan gaçyp, özüni bilmän ýatan Nury hem gijäniň ýary gözüni açanda niredeligini bilmän, bu ýerlere neneňsi düşeninem bilmän, gorkusyna gözlerini ýumdy. Emma töwerek janlydy, bir möjejik gyrmyldap onuň köýnejiginiň ýyrtyk ýerinden girdi-de goltugyny gazalap ugrady. Sumbaryň owazy hem Nuryny öz erkine goýmady. Birden-birden güýçlenip, edil öz üstüne akyp gelýän sil ýaly şowwuldy, birdenem peselip, uzaklaşyp, kesilip barýan ýaly owazlar onuň gulagyna gelýärdi. Şol arada başga bir möjejik onuň alkymyndan çakdy. Edil ary çakan ýaly boldy. Nury “Eje!” diýip gygyrjak boldy. Emma ses çykmady. Aç, öňdenem ysgynsyz göwre, başy deşilip akan ganlara çydaman ýene ýere ýazyldy. Ol özünden gitdi. Ejizje göwräni dag ýaly gören mör-möjekler onuň üstüni basdylar, ýylyja gandan doýdular. Belki, ýylan-içýanlar bu ýat myhmany görmäge gelip, onuň üstünden iki ýana geçendirler. Bu tokaýdaky janly-jandara meňzemeýän ys-kokuny duýup, daşlaşyp gidendirler. Nury säherler özüne gelende şagallaryň gaty golaỳda uwwuldaşýan sesini eşitdi, gaty gorkdy. Turjak bolup başyny galdyranda salgym ýaly görünýän agaçlar ikiýana çaýkandy. Ol iki elini ýere diräp oturdy. Edil garşysynda birki ädimlikde özüne bakýan, gözleri lowurdap duran, şagalmy-gurtmy bir haýwany gördi-de gorkusyna “Eje-e” diýip çirkin gygyrdy hem-de emedekläp gaçyp başlady.Nury aýasyna, dyzyna degýän çöp-çalamyň agyrysyny duýman birküç ädim daşlaşdy. Bütin tokaý şagal uwwuldylaryna goşulyp çykýan : “Eje-e-e!” diýen ses bile ýaňlandy. Nurynyň ýene güýji gaçdy. Gözýaşly gözlerini gorka-gorka arka aýlanda o haýwany görmän, sähel ynjaldy. Şonda-da “Eje-e-e!” diýip ýiti-ýiti gygyrmaga başlady. Ol özüniň ne takdyr bilen bu tokaýa düşenini henizem bilip bilenok. Töwerek has ýagtyldy. Şagal sesleri bireỳỳäm kesildi. Säheriň bu tämizliginde ýene Sumbaryň güwwüldisi, suwuň şogur-şogury Nurynyň gulagyna urup başlady. Özge hiç kim Nurynyň sesini eşitmese-de, ejesi onuň sesini eşider, özge hiç kim kömek etmese-de ejesi Nura kömek eder. Muňa Nury ýürekden ynanýar. Onsoň ejesine ses ýetirjek bolup, barha batly aglap-gygyryp başlady. Täret kylmak üçin daşary çykan bir aksakgal tokaýdan gelýän agyly çaga sesini eşitdi-de ilki öz gulagyna ynanman durdy. “Säher wagty tokaýda çaga näme işlesin?!” Emma diňşirgendigiçe ses gowy eşidilip başlady. Aksakgal öýdäkileri daşary çagyrdy-da: “Ses eşidýäňizmi?” diýdi. “Howa, howa, bir oglanjygyň sesi öz-ä”. “Hany, goňşulara aýdyşdyryň-da, derrew habar alyň. Bu ses gowulygyň alamaty däl. Tiz boluň”. Obadaşlar hasyrdaşyp tokaýa inip gitdiler. Ses gelýän ýere barsalar, Nury ysgynsyz halda nirä giderini bilmän dur. Onuň deşilen kellesinden akan gan saçyndan, ýaňagyndan syrygyp, garalyp doňup galypdyr. Aglaýa-aglaýa gözleri, dodaklary çişipdir. Bir garry ene ony garsa gujaklap göterdi-de oba baka ýöräp gaýtdy, beýlekilerem bir betbagtlygyň bolanyny duýup, näme-näme bolanyny anyk bilibilmän, duman içinde galan ýaly boluşyp, oba girdiler-de Dänegulyň depesiniň orta bilindäki Hanmämmediň öýüne baka ýokarlygyna ýörediler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||