10:26 Nury Halmämmet: Atamyz armyt, enemiz hoz | |
ATAMYZ ARMYT - ENEMIZ HOZ
Edebi makalalar
Atasyzlyk, enesizlik, üstesine-de açlyk çagalaryň çagalygyny elinden gaňryp alyp, olary kiçijik boýlyja uly adamlara öwürdi. Daşyndan gaty ýuwaşja görünýän Nury hem oglanlaryň yzyna düşüp kolhozyň hozundan ogurlamaga gitdi. Garawul görünmedi. Oglanlar jübülerine, köýnegiň içine hoz salyp, beýleräkde bir bukuja ýerde, heniz bişmedik hozuň daş gabygyny zordan aýryp, ellerini ýüzlerini garaldyp, hoz döwüp, iýip hezil edindiler. Garyn doýsa, dünýä düzelýän ekeni. Oglanlar garawulyň ýoklugyna begenişip gelişlerine Nurylaryň köne mellegine, Baýlynyň armydy diýilýän ýere geldiler. Nurynyň atasy Baýlynyň ekip giden armytlary has üýtgeşik miwe berýärdi. Entek bişmedik bolsa-da oglanlar armytlary ýolup-ýolup iýýärdiler. Bir gezekki armyt iýişlikden soň, dymmaja Nurynyň başyna bir pikir gondy. Onsoň ol bir armydyň sapagyna kendir ýüp daňdy-da aşagyndan ýol geçýän bir toraňňa mündi. Eýläk-beýläk bakyp uzak oturdy. Ahyry bir ýaşuly eşek üstünde zordan oturyşyna toraňňynyň aşagyna geldi weli, Nury maýyny tapyp, ýaňky sapakly armydy aşak sallady. Armyt eşeklije ýaşulynyň silkmesine düňk etdi weli, o ýaşuly tisginip, elini telpegine ýetirdi. Nury hezil edip ýylgyryp, armydy ýokary çekdi. Bir salymdan bir garryja mama zordan ýöräp toraňňynyň aşagyna ýetende Nury ýene armydyny sallady. Bu gezek mamanyň başyna degmän onyň çignine degdi. Mama armydy görüp galdy-da: “Toba etdim, Allajan, toba etdim. Gözüme görünýän zat ýagşylyga bolawersin. Özüň penaňda saklaweri, Allajan” diýip samyrdap gitdi. Nury geçegçä garaşyp uzak oturdy. Ahyry, ýadap, ajygyp agaçdan düşdi. Ýene Baýly atasynyň armytlarynyň birine mündi-de, birküç sany armyt alyp düşdi. Şo mahal beýle ýandan geçip barýan ýaşulyny görüp tisgindi. Ýaşuly kolhoz bagynyň garawulydy. Ol Nura ýakyn gelip durdy. ─Hany, aýt bakaly, hoz ogurlaňda ýanyňda kim bardy? ─Hiç kim. ─Indi hoz ogurlama, eşitdiňmi? ─Men ogurlamadym-a. ─Ýalan sözleme. Hoz ogurlamadyk bolsaň, eliň garasy nireden geldi. Alty oglan bolup baranyňyzy görüp otyrdym. Degmäýin-le, aç çagajyklar bir gezek garnyny otarsynlar diýdim. Indi barsaňyz, syrtyňyza ot basylan ýaly ederin. Ýaşuly gitdi. Nury bolsa eliniň garasyny häzir görüp, geň galyp, ýaşulynyň yzyndan garap galdy. Nury öýlerine gidesi gelenok. Ol öý onuň üçin dowzah ýaly görünýär. Gaty sowuk, gaty içgysgynç, gaty gamgyn. Öýe bardygy ejesi ýada düşýär. Ejesiniň donuny, ketenisini gördügi aglasy gelýär. Şol keteniň, şol donuň içinde ejesiniň janly keşbi görünýär. Ol Nura şeýle bir mährem bakýar weli, Nury aglamajak bolup, zordan saklanýar. Ol wagtal-wagtal “Eje-e” diýip, içinden çykdygyça gygyrasy gelýär. Bir gün öýde doganlarynyň hiç biri ýokka, Nury ejesiniň ketenisini aldy-da, ysgap gördi ─ejesiniň ysy burnuna, beýnisine urdy. Nurynyň gözleri süzüldi, ol ejesiniň gujagyna girende şol ys duýulýardy, ejesi ony dolap alyp saçlaryny, ýaňaklaryny, arkasyny sypaşdyrýardy. Nury häzir şu pursatda ejesiniň gujagyna giräýjek ýaly, ejesi ony dolap alyp özüne çekäýjek, bagryna basaýjak ýaly boldy. Hat-da endam-jany gurşup gitdi. Nury ketenini ýüzünden aýryp bilmän uzak durdy. Soňra keteniniň keşdeli ýakasyny sypalady. Eger Nury suratkeş bolup, şu ketenini çekse hem-de öz göz öňünde janlanýan ejesiniň keşbini o ketenä ýerleşdirse, Nury o suraty her wagt görüp biljek. Nury ketenini goýdy-da okuw torbasyndan galam-kagyz çykaryp o keşdeleri kagyza göçürjek bolup, dyrjaşyp başlady. Galam onuň isleýşi ýaly çekmedi. Nury galam kagyzyny goýdy-da ýene ketenä topuldy. Ony ýüzüne örtüp, ýene ejesiniň ysyny alyp aglady. Gözýaş baryny dökdi. Ol hökman suratkeş bolar. Ejesiniň suratyny çeker. Onsoň islän wagty ejesiniň keşbini aýyl-saýyl görüp biler. Soň her doganyna-da şeýle surat çekip berer. Wah, şu mahal Maýa jigijigi bolan bolsady, has gowy bolardy. Oňa-da bir surat çekip bererdi. Kakasy ýitensoň, ejesi ýogalansoň, Maýa jigisine Begistan daýza bakardy. Ýöne köp-köp aglap, soňam öläýdi-dä. Ýöne Nury ejesiniň suratyny çekensoň, Aşyrberdi bilen Begmämmet doganyna o suratlary nädip gowşurjagyny bilmedi. Nury olaryň niredediginden habarsyz.Kakasy ỳitende ol ikisiniň hem ýitenini bilýär. Nury ejesini, kakasyny, Aşyrberdini, Begmämmedi hem-de üç aýlykka aýrylan Maýany göresi gelýär, olaryň ählisini ýene öýde jemläp, öňki ýaly ýaşasy gelýär. Şo mahal oglanlaryň biri uzakdan gygyrdy. ─Nury, gele-eý, durna geçýä. Sanaly, ti-iz gel! Nury daşary ylgady. Eýýäm bäş-alty oglan Dänegulyň depesine çykyp, asmana bakyşyp, ala şowhun turzuşýardylar. Nury o taýa tiz bardy. Asmandan durnalar hatar-hatar, topar-topar bolup uçup barýardy. Oglanlar ilki olary sanajak bolýardylar. Ýalňyş sanap jedelleşýärdiler, onýança o hatar durna geçip, başga bir hatar uzakdan görünýärdi. Şol hatardan özlerine durna saýlaýardylar. “Meniňki bäşinji durna. Meniň durnam ýedinji” diýen ýaly. Nury bolsa asmana bakyp durşuna, şo durnalara meňzäsi geldi, şolar ýaly uçasy geldi. “Durnalar näme üçin ýokardan, uçýakalar? Nämüçin göçýäkäler? Nireden gelýäkäler? Nirä barýakalar ? Durnalar nämüçin hatara düzülýärkäler?...” Bir hatar gelende Nury hem özüne durna seçindi. Onuň durnasy aýratyn, has owadan, has uly. Emma onuň durnasy hatardan yza galdy, soňam ok geçen ýaly, kelemenläp gaýtdy. Nurynyň keýpi bozuldy, durnasy atylandyr öýtdi.Ol gözi bilen durnany yzarlap, barha ýakyndan, barha aýyl-saýyl gördi. Durna kelemenläp gelişine uzagrak bir tokaýa gaçdy. Nury sesini çykarman şo tarapa ylgap gitdi. “Durnam ýaraly bolandyr. Bejersem, sagalsa, ýene uçup gider.” Oglanlar onuň yzyna düşmediler. Gün batansoňam öýe gelmedik Nuryny doganlary, goňşular zordan tapyp, öýe getirdiler. * * * Frontdan bir maýyp geldi, agşam onuňkyda aýdym-saz etmekçi boldular. Baýlyny çagyrdylar. Ol Nuryny hem ýany bilen äkitdi. Darajyk jaýda gyslyşyp oturyşlaryna, Baýly gijäniň birwagtyna çenli aýdym aýtdy. Nury bolsa onuň çep ýanynda dutaryň owazyna meýmiräp, uklap galdy. Ol düýşünde uly bir saçagyň başynda otyr, türkmen nan gat-gat edip goýlupdyr. Ejesi şol nanlardan birini saçakdan sogrup alýar-da Nura uzadýar. Nury begenip elini nana ýetirjek bolanda onuň eli aýdym aýdyp oturan Baýla deçýär-de oýanýar. Görse, adamlar, otagda ýagçyra. Ejesem ýok, nanam ýok. Nury başyny ýassyga tiz goýup, tiz uklasy gelýär. Düýşde bolsa-da ejesini, nany görmek ýakymly. Belki, ýene düýşünde ejesini, mele myssyk nany görer. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |