00:15 Duman daganda: Haram harama gider | |
• Haram harama gider Hekimowyň wezipeden aýrylanyny bütin raýon gaty tiz eşitdi. Bäşim Gylyç, edil atasy ölen ýaly, gamgyn gelip Hekimowa duýgudaşlyk bildirip gitdi. Ol Hekimowyň wezipeden aýrylanyna gynanmaýardy-da, özüniň ýeke galanyna içinden aglaýardy. «Ýaşuly, şeýle bolaýdymy? Öz-ä ylgadyk weli, nätjek-dä. Wezipe diýlen şemal ýaly bir zat-da, geçýä gidýä. Göwnüňize alyp ýörmäweriň, başymyz dik bolsa, biz-ä elmydama siziň ýumşuňyza taýýardyrys». Ol öýüne gelşine ýakasy goňakly Aky inisine jaň etdi. - O habary eşitdiňmi? - Eşitdim weli, näme etjegimi bilmän otyryn. - Akynyň sesi şadyýan çykýar. - Ol-a biçilen ýaly bolup ýatyr. - Birinjilikden aýyrsalar, biçildigiňdir-dä. Gaty heşelle kakýaň weli, onuň ornuna bir doňuz gelse, janymyzy alar. - Özümizi geçiriň. Gül bolar. - Hany, lakgyldyňy bes et-de, ýanyma gelip git. Aky dessine bardy. - Hekimow sendäki zatlaryny alyp gitdimi? - Heniz-ä äkidenok. - Äkitmedik bolsa, gaty gowy-da. Tizden-tiz barda köwle. Bir bölegin-ä özüň al. Wezipe edinjek bolsaň, entekler saňa pul kän gerek. Bir bölegini bäri getir, öz berenje pullarymdyr. Galanynam özi gelse, öňüne atyp ur. O hökman şu gijäň bir wagtlary köwlener. Gijä galaýmagyn. Aky ýöräp başlandan Bäşim Gylyjam turup ugrady. Ol Aka ynanmady. Onuň öýünde gömülen pullary öz gözi bilen göresi geldi. - Dur-la. Çagalar okuwdamy? - Okuwda. - Ýör, onda men seni äkideýin. - Özüm giderin-le. - Bile gideli, şonda gowy bor. Gündiziň gününde Aky daňylgy köpegi başga ýere geçirip, depesine bedre düňderilen ak turbanyň düýbüni köwe-köwe, turbany sogrup birýana ýykdy. Turbanyň ýere gömülen çeti gaty ykjam betonlanan ekeni. Aky onuň açyk çetinden ujy gaňyrçakly taýak uzadyp, klýonka dolangy düwünçekleri sogrup başlady. Bu wagt Bäşim Gylyç beýle ýanda nebsewür çilim sorup, ünsli bakyp dur. Aky çykaranyny bir gyra taşlap oturyşyna, düwünçekleriň sany ýigrimi dokuza ýetende dikeldi. «Bary şi». Bäşim Gylyç çommalyp oturyp, turba jyklady-da, birki ýola otluçöp ýakyp turbanyň içine oklady, düwünçek görmänsoň dikeldi. - Haramzada puluň lükgesini başga ýere taşlapdyr-ow. - Äý, şi pulam az däl-le. - Sen pul görmedik oglanjyk-da.- Bäşim Gylyç Aka gaty müňkür bakdy. – Ýa özüň çildiňmi? - Ýok, agam, maňa bir müňkür bolma ahyry. - Hany, onda eglenmäli. Haltalara salyşdyr. Aky hasanaklap gidip, halta baryny getirip, puldan doldurdy. –Gylyjow bir düwünçegi aldy-da Aka uzatdy- Al, uly wezipe edinjek bolsaň saňa pul gerek bolar.Galan puluň ählisini meniň maşynyma sal. Bu pullar meniň beren pullarym ahyry. - Agam, Hekimowyň özi gelse, näme diýmeli? - Prokurorlar alyp gitdi diýäý. Dogrudanam, garaňky gatlyşansoň Hekimow oglunyň maşynynda Akynyňka geldi. Howla girenden onuň gözleri ozaly bilen şol üstüne bedre dünderilgi ak turbany gözledi. Turba gözi ilmän, howlugyp başlanda, köpegiň haw-hawy hem başga ýerden çykdy welin, Hekimowyň bütin bedeni gowşap gitdi. Ol özüniň gijä galanyna şobada göz ýetirdi. «Wa-ah, wa-ah!» | |
|
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |