23:23

Gurt Ýakup

Aýdym-saz sungaty
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 335 | Добавил: Moderator | Теги: Oraz Ýagmyr | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Aýdym-saz sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ependi  
284
Merhum satirigimiz Nuryşka pahyryň (Nurmuhammet Nazarow) bir sözi bardy:

"Ýetmiş ýedi dessany ýassyk edinip,
Hanha ýatyr Gurt bagşy
Bir tümmejik gum bolup..."

- diýen ýatlamasy ýadymda. Bu zatlar hakykat. Wagtynda, halypanyň dilinden hemmesini ýazdyrylyp alynan bolsady, türkmen halkyna gaty ummasyz sungat baýlygy bolardy. Ýöne, näme diýeýin, şol döwrüňem özüne ýetik gadagançylyklary sebäpli köp zatlara öz täsirini ýetirdi. Ýalňyşmasam, ýokarky suratam Oraz aganyň kitabyndaky başky surat bolmaly. Kakam pahyr ürç edip Gurt Ýakuby diňlärdi. Ýagny, magnitofon kassetada giden ýazgylary bardy. Menem diňlärdim. Ýadyma düşýänleri, "Hatam Taý" "Kowusnama". Kändi welin, indi diňlesem beýlekilerem ýada düşer. Ol wagtlar Gurt aganyň beýle beýik adam bolup geçendigi kimiň kellesine gelsin. Entek biz çagalykdanam saýlanmandyk. Ýogsa, ýat tutmajakmy, ýazgylaryny ýygnap goýmajakmy. "Hatam Taý" dessanynda halypanyň bir diýen jümlesi ýadymda galypdyr: "Hatam Taýa patyşa agyr buýruk berýär, bir günüň içinde ullakan ýap gazmaly diýen perman. Muňa-da ol köp oýlanyp oturýar. Şu wagtky döwre dolanyp bir ekskwator satyn alyp gaýdaýsammykam?.." Muňa-da diňläp oturan muşdaklar hezil edip gülüşýäler. Diýmekçi bolýanym, Gurt aga käte dessana täsin wäşi bermegi hem unutmaýan eken. Oňa her kim düşünip otyr. Şu wagtky onuň heňinde aýdýan halypalaň birem Agamyrat Öwezmämmedow bolmaly. Onuň "Gülpam" dessany-ny käte diňleýän. Umuman aýdanyňda, Gurt aga genji-hazyna bolup geçip gitdi. Hakykatdanam, onuň özboluşly ýoly bardy. Sesinde özüne çekijilik bardy, başga bagşylara meňzemeýän. Hijem irizmezdi. Halypanyň bir oglunyň halk içinde saz çalyp, dessan aýdýanyny eşidýärdim. Ýöne, ady ýadymda däl. Olam bu wagt ýaşululaň hataryna giren bolmaly.

0
2 Pegass  
1546
Ependi, Akmyrat Ýakupdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]