09:11 Nury Halmämmet: Hem garyp, hem ýetim, hem-de ýat ýurtda | |
HEM GARYP, HEM ÝETIM, HEM-de ÝAT ÝURTDA
Edebi makalalar
Hanmämmet o tarapa geçensoň, uzak gitmedi. Sorap-idäp, bir mahallar Daýnada ýaşap gaýdan daşky bir garyndaşynyňka bardy. Sowuk garşylanyşyny görse-de, başga alajy ýok, biçäre bir halda gelenini özi gowy bilýär. Ýüzi salyk, egni gysyk Aşyrberdi bilen Begmämmedem, kürk towuk ýaly ýygrylyşyp, bu öýe öwrenişmän, bu taýdaky çagalar bilen ysnyşman, kakasynyň ýanyndan aýrylmajak bolşup ýörler. Hanmämmediň mahal-mahal bir nokada bakyp uzak oturşyny gören öý eýesi hem Hanmämmetden bir ýakymsyzlyk syzyp başlady. Öňem ýykma-ýykylma gün dolap oturan maşgalanyň üstüne bir köpüksiz Hanmämmediň hem iki ogly bilen gelip çökmesi, elbetde, öý eýesini birahat edip başlady. Hanmämmediň çagajyklarynyň horlukdan ýaňa gök-nil bolup başlan meňzine bakyp nebsi agyrdy. Olaryň tiz-tizden ejesini soramasy, beýleki doganlaryny gözlemesi hem öý eýesiniň göwnüni gyýýardy. “Kaka, ejemi haçan getirjek? Jigilerimizi getireli, kaka. Gowusy, obamyza gaýdaly, kaka” diýlen sözler Hanmämmede aýdylsa-da, öý eýesi o sözlerden howatyrlanýardy. “Eger maşgalanyň beýleki ýarysy hem gelip çökäýse, onda biziň maşgalamyz gedaýlyk edibermeli bolar”. Gelen gününiň ertiri Hanmämmet öý eýesi bilen ikiçäk galyp, geljekki ýaşaýyş hakda maslahat etdi. Günemma dolar ýaly näme etmeli? Gazançly bir iş tapylmazmyka? Nireden bir sümelge gurunmaly? Öý eýesi: “Gowuja atyň bar ekeni . Şony sataly. Öý dikeli, soňuny soň görübereris” diýdi. “Hanmämmediň atyny aljak ýokmuka?” diýip, öý eýesi oba adamlaryndan soraşmaga gitdi. Hanmämmedem daşky sekide ýeke özi gaty kilimi dyrmalap otyr. Şo mahal gedaý pisint bir kişi göründi. Onuň gür şaç-sakgaldan ýaňa diňe gözleri ýyldyrap görünýärdi hem-de jüýk burny tüýden çykyp durdy. Ol “Bäri gel” diýip, Hanmämmede yşarat etdi. ─Sen Hanmämmet dämi? ─Hawa, sen kim? ─Men bir ötegçi. On gün içinde yzyňa geç. Jezaňy çek. Geçmeseň içiňi gurşyndan doldurarlar. Eşitdiň dämi? ─Geçmerin. ─Onda günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber. Gedaýa meňzeş kişi öýleriň arasynda ýitip gitdi. Hanmämmedi agyr der basdy. Ol zordan sekä gelip oturdy. Näme etjegini, neneň çykalga tapjagyny bilmedi. Ol hiç-hiç beýle bolar öýtmeýärdi. Hangülli wakany ol öý eýesine-de aýtmandy ahyry. Hanmämmet ýene kilimi dyrmalap başlady. Aşyrberdi bilen Begmämmet gelip onuň ýeňinden çekende, ol ukudan oýanan ýaly boldy. ─Kaka, haçan Daýna gaýdýas? ─Bu taýy gowy däl-laý . ─Bärik näme üçin geldig-aý? Hanmämmet köp soraga bir jogap berdi. Dogrusy, özüne – özi jogap berdi. ─Jaý salyp ýerleşsek, gül ýaly bolar. Emma, hälki gedaýa meňzeşiň “Günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber” diýen sesi ýene gulagynda ýaňlandy. Hanmämmet ýola baka gorkuly garap goýberdi. Ol bu sagada çenli oýlananda Daýnada galan çagalaryna daýylary eýelik eder öýdýärdi. Emma özüni öldürseler, bu iki çaga kim çörek berer? Bu ýat ilde kim iki çagany duluna geçirer? Hanmämmet içindäki tupana çydaman, özi hem bilmezden, iki oglunyň başyny sypap-sypap goýberdi. Gül ýaly höwürtgäni ýykanyna, gyzyletene guş ỳaly çagajyklaryny gaty ýere dökenine şu mahal düşünip başlady. Ol uludan dem aldy. Iki ogluň ekabyrjasy Aşyrberdi kakasynyň gamgyn halyny, gaty keýpsizligini duýýar. “Kaka, Daýna gaýdaly-la. Bu taýy birhili-le. Adamlaram ýaman gorkunç-la”. Hanmämmet çagalary biri-birinden aýra salmaly däldigine göz ýetirdi. Bu iki ogluny hem araçäkden yzyna geçirip gaýtsa nädýä ? Emma o taýy hem açlyk. Kimiň ölüp, kimiň diri galjagy belli däl. Şeýle ýagdaýda günler geçip başlady. Hanmämmediň atyna hyrydar tapyldy. At puluna çörek satyn alyp başladylar. Beýle ýandaky bir boşlukda jaý salmaga hem girişdiler. Üstüni balyk geriş edip basyrmak üçin Hanmämmet öý eýesi bilen tokaýdan üç dört sany agaç çapyp, pudap gaýtdylar. Agaç çalygansoň alyp gelip ulanjakdylar. Bu arada on – ýigrimi gün geçdi. Jaýyň boýy ýetdi. Hanmämmet : “Günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber” diýlen owazy hem unudyberdi. “Ýat ýurtda beýle zat bolmaz-la”. Bir gün ir bilen Hanmämmet garyndaşyň eşegini aldy-da, agaçlary getirmäge gitdi. Günortana çenli bir gezek gidip geldi. Çaý-çöregini iýdi-de, ikinji ýüki getirmäge ugrady . Agaçlary eşege ýükläp, ugranda arkadan bir çybşyldy eşidildi. Gaňrylanda şol gedaýa meňzeşi görüp ýetişdi. Ol Hanmämmede çenäp, sapançany dört ýola gysdy. Hanmämmet öňe ýykylyp, doňup galdy. Gedaýa meňzeş kişi Hanmämmediň kellesine sapançany diräp, ýene iki gezek gysdy-da ýom-ýok boldy. Eşek janawer agaçlary süýräp öýe geldi. Eşegi görüp, Aşyrberdi bilen Begmämmet kakasy gelendir öýdüp, ýola ylgadylar. Olar her näçe gözleselerem kakalaryny görmediler, ol gözler ömürlik ýolda galdy. Şeýdip, iki ogul Eýranda hem garyp, hem ýetim galyberdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |