23:37 Halas boluş teologiýasy | |
HALAS BOLUŞ TEOLOGIÝASY
Publisistika
Boliwiýada 2024-nji ýylyñ 26-njy iýunynda bolup geçen harby döwlet agdarylyşygyñ üstünde köp taraplaýyn durup geçmek gerek. Gürrüñsiz munuñ MRU-niñ Latyn Amerikasynda guraýan harby döwlet agdarylyşyklarynda hiç hili tapawutly ýeri ýok! Hemmesiniñ iñ esasy meselesi - çepçi häkimiýetleriñ magdan ýataklaryny döwlet eýeçiligine geçirmegi... Boliwiýa galaýy, kümüş, litiý, mis ýaly magdanlara baý, geologiki taýdan ykjam ýerde ýerleşen ýurt... Boliwiýa diýlende soñky ýyllarda kelläñe bir at gelýär: Masistas-yñ ("Sosializme tarap hereket") esaslandyryjysy Ewo Morales... Agdarylyşykçy hökümeti soñlandyryp, 2006-njy ýylda ýurduñ başyna geçende birinji eden işi - gidrokarbon kanunyny çykaryp, ýurduñ litiý ýaly magdan ýataklaryny döwlet eýeçiligine geçirdi. Döwletiñ girdejisini sosial maksatlara sarp edip, garyplyga garşy göreşdi. 2006-2019-njy ýyllardaky häkimiýet başynda oturan döwründe garyplygy 38%-den 22%-e düşürdi. Şeýle-de GSYIH 9 milliard dollardan 40 milliard dollara ýetdi. Adam başyna düşýän girdeji üç esse artdy. Inflýasiýa problemasyny aradan aýyrdy. Morales 2019-njy ýylda gaýtadan saýlananda, ara MRU (CIA) burnuny sokdy we saýlawlaryñ galpdygyny aýtdy. Gürrüñsiz muny merkezi Waşingtonda ýerleşýän we dünýäni dolandyrýan Daşary aragatnaşyklar Geñeşiniñ agzasy ABŞ-nyñ topary OAS-yñ üsti bilen etdi. Ýurdy bulaşdyrdylar... * * * Az wagta çeken ber-başagaýlyk döwrüniñ yzyndan 2020-nji ýylda "Luço" lakamly sosialist Luis Arse häkimiýet başyna geldi. Ol Merkezi bankdan çykan ykdysatçydy we Moralesiñ hökümetinde maliýe ministri bolup işläpdi. Moralesiñ iñ köp oturän ministri bolup on ýyldan gowrak işlän Arse Boliwiýanyñ ykdysady öwrülişiginiñ esasy arhitektory boldy. Gürrüñsiz ykdysady meýilnamalaşdyryş işleriniñ tarapdarydy. Gürrüñsiz döwlet eýeçiligine geçilmeginiñ tarapdarydy. Meselem gidrokarbon, telekommunikasiýa, magdançylyk kompaniýalaryny millileşdirdi. Neoliberalizmi ýykdy. Mysal üçin, baýlyk pajynyñ kanunyny çykardy. Boliwiýanyñ halk häkimiýetine garşydaş hasaplaýan IMF bilen gatnaşyklaryny doly kesdi. Uzatmaýyn. Boliwiýa sebitde iñ çalt ösýän üçünji ykdysady güýç boldy. Günorta Amerikadaky iñ pes inflýasiýa derejesine eýedi. Ýurt indi söwdada peýda gazanmasa zyýan çekenokdy... Daşary syýasatda Russiýadyr Hytaý bilen gatnaşyklary ösdürdi... Bütin bu zatlary keseden synlap oturan MRU-nyñ harby döwlet agdarylyşygyny geçirjekdigi gümansyzdy! Emma indi Latyn Amerikasynyñ halklary döwlet agdarylyşyklaryna garşy göreş tejribesini edinipdi: 26-njy iýun agdarylyşygy maksadyna ýetip bilmedi. Emma... Üstünde durmak islänim bizi gyzyklandyrýan başga mesele bar: munuñ üstünde "Tagut" kitabymda durup geçdim: * * * Diñe Morales ýa-da Luis Arse däl... Diñe Boliwiýa däl... Kitabymda üstünde durmak islänim şu boldy: Latyn Amerikasynda çepçi-sosialistik häkimiýetler saýlawlarda nädip üstünlik gazanyp, häkimiýet başyna geldi? Çünki: Latyn Amerikasynda altmyşynjy ýyllarda orta çykan "Halas boluş teologiýasy" garyplyga we sosial adalatsyzlyga garşy göreşe goldandy. Çep ganatyñ ee hristianlygyñ özlerine dahylly jemgyýetçilik gymmatlyklaryñ we talaplarynyñ umumy legende eredilmegi bilen emele gelen Halas boluş teologiýasy iki topary umumy bähbitde duşuşdyrdy. Bu şeýle boldy: ABŞ "ýeñsedäki mellek ýeri" Latyn Amerikasynda aýratynam "Sowuk uruş" ýyllarynda birnäçe harby döwlet agdarylyşyklaryny geçirdi. Döwlet agdarylyşyklaryna käbir buthanalar goldaw beren bolsa, käbiri garşy çykdy. Bu ganly prosesiñ dowamynda çepçileriñ we käbir buthanalaryñ arasynda ýakynlaşmalar bolup geçdi. Hususanam... Kuba rewolýusiýasy Latyn Amerikasynda Halas boluş teologiýasyny ösdürdi. Nikaraguadaly rewolýusioner sandinistleriñ arasynda ruhanylar bardy. Meselem, rewolýusiýadan soñ ruhany Ernosto Kardenal 1979-njy ýyldan 1987-nji ýyla çenli medeniýet ministri bolup işledi. Gürrüñsiz Rim papasy Ioann Pawel II tarapyndan aforoz edildi! Halas ediş teologiýasyny oñlan "ruhany ata" Žan-Bertran Aristid Gaitiniñ prezidentligine saýlandy. Olam MRU-nyñ eli bilen agdaryldy. Köp wakalar bolup geçdi, bolup geçýär... Boliwiýadan almaly köp sapak bar. Meselem: Ýurdumyzda hurafalara gark bolan "Sowuk uruş dinine" garşy garyplaryñ dini rewolýusioner yslamyny ýatlatmak gerek... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 28.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |