18:12 Hasap gijesi / rowaýat | |
HASAP GIJESI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bir wagtlar bir uly şäheriň iň baý adamy aradan çykanda jarçylar köçä çykyp: - Eý, jemagat, eşidişiňiz ýaly, Weli baý aradan çykdy. Onuň ogul-gyzy ýok, şonuň üçin ölmezinden öň ol o dünýädäki ilkinji gijesinde kim özüne ýoldaş bolsa, özüniň ähli baýlygyny şoňa bermegi wesýet edip gitdi. Eý, jemagat, soňky gün eşitdim, eşitmedim diýmäň – diýip, har çekýärler. Jarçylaryň yhlas bilen jar çekendiklerine garamazdan, bu işe döwtalap adam tapylmandyr. Ýöne ahyrsoňunda şäheriň iň garyp adamy hasaplanýan hammal orta çykyp, bu işe synanaşyp görmäge razy bolýar we “Öňi-soňy ýitirjek zadym ýok. Agşam hammal bolup ýataýyn, ertir bolsa baý bolup turaýyn” diýip oýlanypdyr. Şondan soň merhumyň mazaryny iki adam sygar ýaly edip gazýarlar we ilki bilen kepene oralan jesedi, ýanynda bolsa hammaly ýatyryp, mazaryň üstüni örtýärler. Gije bularyň ýanyna hasap soraýan perişdeler gelýärler we öz aralarynda “Bularyň ikisi-de biziňki. Baý adam nähili hem bolsa bu ýerde hemişelik galar. Şonuň üçin ilki bilen şu hammaldan başlalyň, ondan hasap soralyň” diýişýärler hem-de hammaldan: “dünýäde malyň-mülküň barmydy?” diýip soraýarlar. Hammal: - Meni oýnajak bolmaň. Arkamdaky ýüp bilen palandan başga hiç zadymyň ýokdugyny ähliňiz bilýärsiňiz ahyryn – diýýär. - Bolýar – diýip, perişdeler soraglaryny dowam etdirýärler: - Ýüpüňi-palanyňy nädip gazandyň?.. Biçäre hammal ýüp bilen palany nädip gazanandygyny gürrüň bermäge başlaýar: - Bäş sany adamyň ýüküni daşadym Olaryň her biri 2 teňňe berdi. Gazanan on teňňämiň 2 teňňesini iýmek-içmek üçin harçladym, galan sekizini bolsa sakladym. Ertesi güni ýene-de ýük daşadym, örän az pul berdiler. Men şol pullary iýmän-içmän öňki pulumyň üstüne goşdum we şu ýüpüm bilen palanymy aldym. Perişdeler muy eşidip: - Be! Seniň pylanydan alan puluň eden işiň gymmatyndan az. Biz wagty gelende ondan munuň hasabyny sorarys. Beýleki adamlar hem öz ýüklerini saňa arzan baha äkitdiripdirler – diýýärler. Hammal bolsa: - Ol diýýäniňiz dogry. Ýöne men işimiň hakyky bahasyny talap eden bolsam, onda olar ýüklerini maňa äkitdirmezdiler we men hiç zatsyz aç galardym – diýip jogap berýär. Perişdeler: - Ol biziň işimiz, olar hem iru-giç şu ýere gelerler. Şonda biz eden bu etmişleri, ýagny seni arzan baha işledip, saňa jebir edendikleri üçin olardan hasap sorarys – diýip, hammaly gyssamaklaryny dowam etdirýärler. - Indi sen bize aýt, şondan soňky gazanan pullaryň näçesini garnyňy doýurmaga harçladyň, näçesini ýygnap goýduň? - Eger on teňňe gazansam, bäşisini, iki teňňe gazansam, birini sakladym? - Diýmek onda, sen hem arzan haka işläpsiň, hem-de az iýip, öz-özüňe sütem edipsiň öz janyňa sütem etmek bolsa günädir. Şony bilmeýärmidiň? Hasap soramak işi şu ýere gelende perişdeleriň bu soragyna näme jogap berjegini bilmän, gara dere batan hammalyň bagtyna daň atýar. Hammal üsti açylan mazardan ýokary seredýär welin, bütin märeke onuň çykaryna garaşyp dur diýýär. Hammalyň diridigi mälim bolan badyna ol ýerde kyýamat gopana dönýär. Adamlar hammala: - Gutly bolsun! Gözüň aýdyň! Bu gije hiç kimiň edip bilmejek işini etdiň. Indi sen baý bolduň – diýişýärler. Emma hammal: - Ýok, ýok. Maňa hiç zat gerek däl. Ähli zat siziňki bolsun. Men ýekeje ýüp bilen palanyň hasabyny ertire çenli berip bilmedim. Eger baýlygym köp bolsa, şonda näme ederdim? – diýip, hiç kimiň garaşmaýan jogabyny beripdir. Taýýarlan Zaman RAHMATULLAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |