00:23 Häzirem doýrup bilmedikmi? | |
HÄZIREM DOÝRUP BILMEDIKMI?
Publisistika
Dik asmana galan okeanda ýeri-gögi holtumyna dolap alan gaý-tupanyñ içine düşen ýaly bolduk... Bir ýandan "nyrhlaryñ howpurgadyjy ýokarlanma tupany..." Beýleki bir ýandan "Gargynyp-sögünme paýyş söz tüweleýi..." Bar ýigrenji bilen üstümize kükräp gelýär, urunýar, elenýär, ezýär, mynjyradyp barýar, her ýanymyzy basyp zer-zaw edýär. Umytsyzlyk içre iki ýana urunýan biçärelere döndük! Il-gün bolup bilmezden ýa bilgeşleýin ne beýle uly günäleri etdikkä, başymyza bu bela-beterler geldi! * * * Gymmatlaşyklar hüjümçi, wagşy, ýiti dişli piranýa balyklary ýaly dişläp, göýä, etimizi goparýar, endam-janymyzy ýyrym-ýyrtyk edip taşlaýar! "Neneñ-niçik bor halymyz?" diýip, tupanda aslyşmaga şaha gözleýäris. Nyrhlaryñ gymmatlamadyk ýeke güni ýok! Nämäniñ alamaty bu gahatçylyk? Ynanyñ, ýurdumyzy hiç dolandyrmasalar şundan erbet bolmazdy! Haçan, nirede togtarka bu azap? Garabasmalar bilen doly günleri başdan geçirýäris. Ir säher oýananymyzda, birem agşam uklajak bolanda bahalary ýene galdyrýandyklaryny görýäris! Tebigy gazyñ tölegi, elektrik togunyñ tölegi, benzin... ýöne gymmatlqp gidip otyr! Şindem doýrup bilmedikmi sizi? Awtoulag sürüjilerini janyndan bezdiren benzin gymmatlaşygy bir ýýlda 240% galdy. Ýaşaýyş jaýlaryndaky tebigy gazayñ soñky bir ýyldaky artyşy 152%. Elektrik toguna täze girizilen 15% gymmatlaşyk bilen ýyldaky artyş 151%-e ýetdi. Dünýäniñ başga hiç bir ýurdy öz rayatlaryna şular ýaly zulum etmedi! * * * Geleliñ has-da ýykgynçylykly ikinji tupana! Häzir Türkiýede partiýaly prezident Erdogana hiç kim gyýa seretmäge, ýiti tankyt etmäge het edip bilenok. Ýurtda söz azatlygy bardyr öýdüp, ýalñyşybam tankyt edenler bolsa özlerini şobada soraga çekilende tapyp galýar. "Prezidentiñ mertebesini peseltmekde" aýyplanyp açylan işleriñ sany müñlerçe däl, on müñlerçe! Käbir aýyplanýanlar türmede otyr! Hiç kim AKP-niñ başlygyna (şol bir wagtyñ özünde Prezident hem bolandygy üçin) söz aýdyp bilenok, emma onuñ hemmeleriñ üstüne gygyryp, çygylyp sögünmäge haky bar! Prezident diýeniñ şular ýaly bolmalymy? Partiýaly prezident Erdoganyñ şumada çenli agzyndan çykan iññän agyr sögünçleri ýazjak bolsak, gazetiñ şu sahypasy darlyk eder! Soñky gezeginde "Gezi" protestlerine gatnaşan erkeklere “çüýrük” kadınlara “sürtük” (kemçin) diýdi. Bular agyr sögünçdir we duşmanyña-da aýdylmaýar. Hiç bir döwlet işgärine bular ýaly sözleri aýtmak gelişmeýär. Onuñ agzyndan "haýyn, rezil, zelil, çukur, palçyk..." ýaly sözleri eşidipdik, şindi bulara “çüýrük” ve “sürtük” sögünçleri-de goşuldy. Häkimiýet bilen bir pikirde däl erkekleriñ "çüýrük" bolmaýşy ýaly, aýal-gyzlarymyzam “sürtük” däldir. Halkymyz garyplaşdygyça syýasatyñ paýyş söz leksikony-da baýlaşýar. Halkyñ eradasyna garşy çykmakdan ýadamadyñyzmy! Häkimiýet raýatlarymyzyñ güzeran derdine çykalga ýollaryny tapmakdan geçen, gaýtam hak-hukuklaryny talap edýän ildeşlerimize çykalga deregine paýyş söz hödürleýär! Olaryñ pikiriçe "Türkiýede aç adamlar bar" diýýänler wyždansyzlyk edýärlermiş. Hut şeýle! Ýurtda-da heý aç bolarmy? Hemmeler doklugyndan gägirýär! Iýseñ öñümizde, iýmesek ardymyzda! Ýeri, adamlaryñ bagryny ýakyp duran gymmatlaşyklary kim edýär onda? Şunça gymmatlaşyklar asmandan paraşýut bilen indimi? Häkimiýet ähli kynçylyklaryñ sebäbini daşarky güýçlere we olaryñ içimizdäki "ýapjalaryna" ýöñkeýär. Beýle bolýan bolsa adam pahyr "Eýsem siz nämeçi bolýañyz? Çigit çigitläp gezen-ä dälsiñiz! Ähli ygtyýarlyklar siziñ öz eliñizde wagty nämüçin şol zatlaryñ öñüni alañzok?" diýip soramazmy? Her tüýsli oñaýsyzlyga düşende häkimiýetiñ sygynýan "Daşarky güýçler, içimizdäki duşmanlar, kökleri daşynda bolan watan dönükleri!" ýaly bolgusyz gohlary ýadatdy indi! AKP wekilleriniñ agyzlarynda sakgyç mysaly çeýnelýän şu sözler hem täsin, hem gorkunç: “Türkiýäni saýlawlarda bulara beräýmeris!" diýýärler. Watandaşlarymyz saýlawlarda bir üýtgeşmä yşarat edip, häkimiýetiñ gülberini arkasyna dañsa, saýlawçylaryñ bu eradasyna "ýok" diýäýjeklermikä? Siz ol güýji nireden alýarsyñyz? Aýyplaşmañ welin, bu eýýamda halkyñ milletiñ eradasyna garşy çykyp öz başyñyza bela satyn alaýmasañyz! • GÜNÜÑ SÖZI Adamyñ hökmürowanlygy näçe uly bolsa, elden giderme gorkusy-da şonça uly bolýar! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 04.06.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |