11:37 Hekaýatlar ýygyndysy: Afrasyýabyň hüjümi | |
AFRASYÝABYŇ HÜJÜMI
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bu hüjümiň sebäbi şeýleräkdi. Menuçehriň wepat bolandygy baradaky habar Türküstana ýeten wagty ol ýeriň patyşasy Peşeňdi. Ol Peridunyň ogly bolan Turuň agtygydy. Peşeňiň üç ogly bardy. Olaryň iň güýçlüsi we edermeni Afrasyýap bolup, ol özüniň güýjüniň köplügi we kämil edermenligi, dogry çykalga tapyjylygy, parasatlylygy we hilegärligi bilen meşhur bolupdy. Peşeň döwletiniň sütünleri bolan Wisäni, Gersiwezi, Barmany we başgalary çagyryp, olara şeýle diýýär: – Siz Peridundan we Menuçehrden ýaňa pederlerimize we siziň doganlaryňyza näme bolandygyny, olaryň Türküstanyň birnäçe han-beglerini we atlylaryny heläk edip, näçe mal-mülki ýok edendiklerini bilýärmisiňiz?! Bu günäniň başy biziň atamyz Peridundan başlady. Ol biziň kakamyzyň ululygyny sylamady we hakyny bermedi. Ol olardan kiçi Ireji ýokary saýyp, ähli hazynalary we gençleri oňa tabşyrdy, öz ýerleriniň iň gowusyny we gaýmagyny onuň ygtyýarynda goýdy. Bu jahanyň iki tarapyny bolsa merdanalygyň nyşany bolan beýleki iki ogluna tabşyrdy. Eger şol iki oglundan goh-galmagal eşidilip, olar ýalňyşan hem bolsalar, ötünç dilänlerinde ötünçlerine we ýalkaw dileglerine gulak salynmady. Şeýdip, hem boljak iş boldy. Indi biziň şol gadymky arymyzy almaly wagtymyz gelip ýetdi. Şu wagtky bize gelip ýeten bu pursatda, eger pederleri¬miziň aryny almasak, bize ähtlerine wepasyz diýen at bererler. Men özümiň perzentlerimi, hazynalarymy we baýlyklarymy bu işiň pidasy edendirin. Siz hem bu işde agzybir we birsözli bol-malysyňyz. Hemmeler edep zeminini ogşap: – Janymyz çykýança seniň razylygyň üçin agzybir, seniň dostlaryňa kömek etmekde we duşmanlaryňy ýok etmekde birsözli bolarys. Senden yşarat – bizden baş goýma, senden perman – bizden boýun egme – diýýärler. Soňra ol ogly Afrasyýaby çagyryp, oňa şeýle diýýär: – Bilgin, patyşalyk bir adam kimin bolup, döwlet sütünleriniň toplumy bolsa onuň el-aýaklary ýalydyr. Bularyň ählisi biri-birleri bilen agzybir bolmalydyrlar. Şonda işiň şowuna bolar. Men saňa olaryň başyny özüňe gezelen okuň galkany etmän, belki, öz başyňy olaryň galkany etmegiňi wesýet edýärin. Sen uruş wagty olardan öňe geçip, öňki hatarda söweşmelisiň hem-de olja paýlanylýan wagty olary özüňden öňde goýmalysyň. Şeýlelikde, leşger onuň hyzmatyna geçýär. Afrasyýap olara köp wadalar berýär. Afrasyýabyň dogany Agryres oňa tagzym edip, şeýle diýýär: – Men saňa tabyn we seniň permanyňa boýun. Emma nesihat bermek mähribanlyga delildir. Yhlasly kişiler maslahat bermek şertini berjaý etmelidirler, ýöne kabul etmek ýa-da ret etmek olaryň ygtyýarynda däl. Garaz, meniň saňa maslahatym, şu – etjek işiňde gowy oýlan. Eýran welaýatyndan diňe bir adam kemelipdir. Menuçehriň Nowzer ogly birnäçe janköýer adamlary hem peýkamçy edermenleri bilen heniz dur. Birden bu işiň soňy myradymyza görä bolmazlygy mümkin. Afrasyýap şeýle diýýär: – Eý, gardaş, bu söz takwalyk isleýänleriň sözüdir. Merdiň abraýy janyny orta goýmakda we ony howp-hatara salmakdadyr. Peýda töwekgellik etmekde. Howp-howpdan gaçýandyr, bolmasa bezirgenler, Tapmazdy kyrk peýdany gorkuda bolsa olar. – Sen Menuçehri diňe bir ýönekeý adamdyr öýtme, ol uly jahandy, mülk we mülkdarlyk älemidi. Bu gün Eýran leşgeri onsuz jansyz göwredir we ruhsuz tendir. Agryres tagzym edip aýtdy: – Perman seniňkidir. Men janymy seniň razylygyň pidasy üçin we başymy seniň höwes çöwgeniň topy üçin saklaýaryn. Sowuk howa geçip, bahar möwsümi gelip ýetensoň, Afrasyýap Balh tarapyna leşger çekip, ol ýerden Tabarystana barýar. Nowzer hem bu haldan habar tapyp, Tabarystandan Dehistana bardy. Iki leşger biri-birleriniň öňünde durup, hatar düzýärler. Söweşiň birinji güni türkleriň leşgeriniň pälwanla-ryndan bolan Barman meýdana çykyp, özüne garşy söweşiji talap edýär. Karanyň kaka¬sy Kubat onuň garşysyna çykýar we onuň bilen köp söweş edýär. Emma onuň ajaly ýetensoň söweşi peýda bermeýär we ol öldürilýär. Onuň ogly Karan goşuny toplap, bilelikde hüjüm edýär. Bu söweşde köp adam öldürilýär. Söweş meýdanynda atlaryň aýaklary çöwgen taýagy bolup, olaryň topy serkerdeleriň başydy. Agşam düşensoň goşunlar yzlaryna dolanýarlar. Nowzer özüniň ejizdigini we türkileriň güýjüniň köpdügini görüp, özüniň we leşgeriniň serkerdeleriniň goş-golamlaryny Pars galalarynyň birinde saklamaklaryny buýurýar. Ol Karany bu işe jogapkär edip belleýär. Karan goş-golamlary äkidýär. Afrasyýap bu ýagdaýdan habarly bolýar. Ol Serwiýäni leşgeri bilen bilelikde goş-golamlary ele salmak üçin olaryň yzyndan iberýär. Leşgeriň ululary Afrasyýabyň adamlaryndan bir toparynyň goş-golamlaryň yzyndan gidendiklerini eşidip, ryswalykdan gorkýarlar we birden apat bolaýmasyn diýip, yza gitmekleri üçin Nowzerden rugsat soraýarlar. Olar Nowzere: – Tä biz gaýdyp gelýänçäk asla Dehistanyň galasyndan çykaýma – diýýärler. Olar gidensoň Serwiýe bilen bilelikde ugran Afrasyýabyň leşgeri Karanyň yzyndan ýetýärler. Karan olara garşy söweşe girýär we Serwiýäni hem-de onuň goşunynyň köpüsini ýere ýykýar we topraga garýar. Eýran leşgeriniň ululary Serwiýäniň yzyndan gidenlerin-de, bir bedasyl adam Nowzere maslahat berip: – Seniň hem olaryň yzyndan gidip, olar bilen dolanmagyň gerek. Eger sen bu ýerde han-beglersiz ýeke-ýalňyz galsaň, saňa apat ýetmegi mümkin – diýýär. Bu biçäre hem beýle pikiriň nädogrudygyny saýgaryp bilmeýär. Ol galadan çykýar. Afrasyýap hem onuň galadan çykanyndan habarly bolup, leşgeri bilen onuň yzyndan kowýar. Ol laçynyň serçä, bürgüdiň kepderä hüjüm edişi ýaly hüjüm edip, birnäçe adamy öldürensoň, Nowzeri döwletiniň ulularyndan müň adam bilen bilelikde tutup, tussag edýär. Afrasyýap şeýle uly ýeňşe eýe bolansoň, Serwiýä şeýle diýýär: – Seniň ogluň ýeke halda gidipdir. Leşger alyp, onuň yzyndan bar. Birden oňa zelel-zeper ýetäýmesin. Serwiýe leşgeri bilen ýola düşýär we Karany tapýar. Ol oglunyň gaharjaň şiriň awy bolandygyndan habary ýokdy. Şeýlelikde, ol Karana şeýle diýýär: – Meniň saňa Nowzeriň Eýranyň sütünlerinden we tanymallaryndan müň adam bilen Afrasyýabyň toruna düşendiklerini buşlasym gelýär. Karan bolsa oňa şeýle diýýär: – Seniň aýdýan zatlaryňy men bilmeýärin. Seniň ogluň dowzahda sensiz ýüregi gysar. Ol meniň gylyjyma: «Kakamy hem maňa ýetir» diýip habar beripdir. Men hem edil häziriň özünde seni oňa ýetirerin. Şeýdip, ol leşgeri bilen hüjüm edýär. Türkiler onuň öňünde durup bilmän, yzlaryna dolanýarlar. Karan olaryň birnäçesini öldürýär. Serwiýe galan leşgeri bilen gaçyp, Af-rasyýaba goşulýar. Afrasyýap bu habary eşidip, Nowzeri gaşyna getirýär. Soňra Afrasyýabyň permany bilen ýeri onuň gany bilen reňk-leýärler. Ol galan adamlary hem öldürjek bolanda, dogany Agryres oňa: – Sen olaryň başlaryny we guwançlaryny öldürdiň, indi olaryň özlerini öldürmek dürs bolmaz. Çünki, başgalar saňa ynam etmezler we seni ýigrenerler – diýýär. Şeýlelikde, Afrasyýap olary öldürmekden el üzüp, ählisini tussag edýär we Abhaz galasyna iberýär. Ol doganyny Tabarystanda oturdyp, tussagdakylary oňa tabşyrýar, özi bolsa Reýe gidip, patyşalyk tagtynda oturýar. Ol zulum elini uzadyp, Eýranyň ýerlerini weýran etmäge başlaýar, halkyň üstüne bela ýagşyny ýagdyrýar we jahandakylar üçin bu jahany tümlük we garaňky edip goýýar. Bu zulumyň şumlugy zerarly Päk we Beýik Alla ol ýerden bereketi aýyrýar. Güýçli gahatçylyk emele gelýär. Afrasyýabyň zulum gylyjy zerarly öldürilmedikler gahatçylyk zerarly heläk bolýarlar. Ol on iki ýyllap patyşalyk edýär. Afrasyýap öz döwründe harapçylyk, zulum we sütemden başga zat etmändir. Bu habar Peşeňe ýetensoň, şatlygyndan we begenjinden ýaňa ýüregi beden kapasasyna sygmandyr we içini kineden boşadypdyr. Şeýdip, Afrasyýa¬ba Türküstanyň patyşalygy bilen bilelikde Eýranyň patyşalygy hem ýetýär. Ol ar almaga başlan ilkinji günlerinde Nowzere kömek-ýardam edilmesin diýip, Samy we Zaly başagaý etmek maksady bilen Balhdan Sistana tarap sansyz leşger we köp goşun iberipdi. Zal ol jemagaty pytradýar we ol leşgeri perişanlyga salýar. Eýranly emirler Sistana baryp, Zala goşulýarlar, birtopar bolup jemlenişip, sanlaryny köpeldip, ýarag-esbaplaryny artdyrýarlar. Afrasyýabyň dogany Agryres onuň edýän işleriniň soňu-nyň erbetdigini bilýän eken hem-de ol durky bilen parahatlygy we ýumşaklygy söýýän eken. Ol tussag edilen eýranly jemagata ýüzlenip, şeýle diýýär: – Men Eýran leşgeriniň jemlenýändiklerini eşitdim. Men Afrasyýabyň bu habary eşidip, sizi ýok etmeginden hem-de meniň sizi halas etmek üçin eden dalaşlarymyň biderek bolaryndan howatyrlanýaryn. Meniň doganym ýaman päl we bet pikir adam. Eger men sizi goýbersem, onuň siziň ýeriňize meni heläk etmegi hem mümkin. Siz Zala bu ýere onuň leşger ibermegi üçin hat ýazyň. Şonda men galany taşlap, sizi goýbererin. Şeýdip, meniň onuň öňünde sypara bir bahanam bolar. Olar hat ýazyp, ony Sistana iberýärler. Ol ýerden güýçli leşger gelip, şäheriň töweregini gabaýarlar. Agryres şäheri goýup, Reýe barýar. Afrasyýap ony görüp, gaty gynanýar we: – Näme üçin olary öldürmediň, näme üçin welaýaty goýup geldiň?! – diýip, şol bada Agryresi gylyçdan geçirýär. Afrasyýap derhal ökünip: – Meniň bu bolşum sag eliň sol eli kesişi we sag aýagyň sol aýagy döwüşi ýaly boldy – diýip, dogany üçin ýas tutýar. Päk we Beýik Alla yslam patyşasyny, gury ýerlerdir deňiz şasyny, Günbatar we Gündogar soltanyny döwrüň ähli patyşalarynyň we soltanlarynyň mirasdüşeri etsin, wezirlik kürsüsini jahan hojasy, sahypkyran permanly we wezirleriň şasynyň şasy Nyzamylmülk bilen bezesin! Hekaýat Eýran leşgeri jemlenişip, taýýar bolansoňlar, olaryň ählisi Reý şäherine gelýärler. Afrasyýap olaryň hüjüm edendikleri baradaky habary eşidip, leşgeri bilen taýar bolup, leşgergäh gurýar. Iki leşgeriň arasy bir parsahdan daş bolmandyr. Älem-jahanda güýçli gahatlyk we elhenç belalar ýüze çykýar. Adamlar açlykdan jan berip, haýwanlar otsuzlykdan heläk bolýar. Eýran leşgeri alyp barýan bu işleriniň uly işdigini we onuň patyşasyz başa barmajagyny bilýärler. Şonuň üçin olar Peridunyň öwladyndan bolan hem-de patyşalyk nury alnynda görnüp duran Tahmasp bilen ähtleşip, ony tagtda oturdýarlar. Ol Afrasyýaba şeýle habar ýollaýar: «Bu pitneler zerarly älemden bereket aýrylypdyr, parahatlyk Symrug ýaly ýüzüni örtüpdir, bozuklyk we nähak gandöküşlik sebäpli asman gerekli mukdarda öz suwuny ýere ýetirenok. Eger makul bilseň, birnäçe günläp maslahatlaşaly hem-de bu ar alyş gylyjyny gynyna salaly. Belki, bu tutaşan bela ody söner we ýokary göterlen gam-gussa baýdagy ýatar». Afrasyýap bu teklibi halaýar we gurakçylyk zerarly Reý-den Tabarystana gidýär. Olar ýaraşyk üçin wadalaşyk ýerini kesgitleýärler. Eýranlylaryň zähmeti ýerine düşýär, olar daryşganlykdan giňişlige ýetýärler. Rehmet ýagmyrlary ýagyp, harabaçylyklar ymarat tapýar. Ilçiler orta girip, şeýle karara gelýärler: «Bir adam Eýranşährden olara tarap ok atmaly, eýranlylar şol peýkamyň baryp ýeten ýeri bilen kanagatlanmaly». Şeýle hem olar peýkamçynyň Areşiň bolmalydygyna ylalaşýarlar. Areş ýaşuly adam bolup, ol jadygöýlükden hem baş çykarýar eken. Ol ýörite bir agaçdan ok ýasap, okuň içini deşýär we köp wagt bäri dagda önüp-ösýän bir bürgüdiň perini şol deşige geýdirýär. Iki patyşanyň meşhur adamlarynyň her haýsysy we iki patyşa öz nyşanalaryny şol oka dakýarlar. Areş Tabarystanyň dagyna çykyp, oky atýar. Ok Tabarystan dagyndan we Afrasyýabyň ýanyndan tä Badgysa çenli atylyp gidýär we günortan wagty ýere baryp düşýär. Ýene-de gün günbatara tarap baş egip başlan wagty adamyň eli degmezden asmana galýar we gün batanda Helm diýen ülkäniň Kurin diýen ýerine düşüp, şol ýerde ýere çümýär. Ol ýerden oky getirip, onuň nirä çümendigi we nireden getirilendigi barada ynamdar adamlardan birtopary şaýatlyk berensoň, Afrasyýap şerti mejbury kabul edýär. Olar ähdi-peýman baglaşyp, çäklerini kesgitleýärler. Afrasyýap Türküstana gaýdýär, Tahmasp ol ýerleri eýeleýär. Ol ýedi ýyllap raýatdan salgydy aýyrýar. Älem-jahanda parahatlyk we bol-elinlik döreýär. Ýer ýüzi abadan bolýar. Öňki güýçli azaby gören adamlar eşretli günleri görýärler. Emma bu döwlet uzaga çekmeýär. Tahmasbyň patyşalygy bäş ýyldan uzak bolmaýar. Şatlykly günler az bolup, rahatlyk eýýamynyň ömri gysga bolýar. Beýt Iki-üç gün açyldy misli ol bir gül, Soňundan gül kimin sogurdy-da ýel. __________________________________ 1. Çöwgen – at üstünde oýnalýan top oýnunda ulanylýan taýak. 2. Ýokarda Serwiýäniň özi Karanyň yzyndan gidip, söweşde öldürilýär. Bu ýerde «Ogluň yzyndan git» diýilýär. Ähtimal, Serwiýäniň oglunyň ady-da Serwiýedir. Sebäbi öňki döwürlerde beýle ýagdaý bolup durupdyr. Meger onuň ogluna-da, kakasynyň hormatyna Serwiýe diýendirler. 3. Käbir nusgalarda «Eshar» görnüşinde hem duş gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |