23:20 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Keýhysrow | |
KEÝHYSROW
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, şol wakanyň ýüze çykmazyndan birnäçe gün öň Syýawuş bir düýş görýär we şol düýşünden özüniň möwsüminiň gutarjakdygyny aňýar. Ol aýalyny çagyryp, şeýle diýýär: «Bilgin, seniň kakaň tarapyndan maňa uly betbagtlyk ýeter, işler meniň islegim boýunça bolmaz. Hökman kakaň meni öldürer. Seniň maňa bolan dostluk yhlasyňy bilýärin. Kakaň hem seniň meni gowy görýändigiňi bilýär. Şol sebäpli ol seni öldürjek bolar, emma Piran ony goýmaz. Eger meniň saňa beýan eden şu zatlarym ýüze çyksa, onda zynhar diňle! Eger şol göwräňdäki çaga oglan bolsa, oňa Keýhysrow diýip at dak we ony Eýranşähre ýetirmek üçin elde baryňy et. Megerem, Eziz we Beýik Alla onuň eli bilen meniň arymy we hakymy alar». Bu waka ýüze çykansoň, Piran eşidip, «ýele» münýär we tiz wagtda Afrasyýabyň ýanyna gelip, oňa köp käýinçli sözler aýdýar. Afrasyýabyň özi hem ökünipdi. Ol takdyra bil baglap: – Men bu edilmeli däl iş edilensoň, onuň neslinden daş durmagy makul bilýärin. Meniň gyzym ondan hamylamyş. Men ony öldürip, neslini gyrmaly – diýýär. Piran oňa: – Eý, Alla, Alla! Eger sen bu işi etseň, onda ähli adamlar seniň nadanlygyňy bilerler we saňa pes garaýyşlylygy, daşýürekliligi we nädogry pikirliligi ýöňkärler. Adam bigünä ýere perzendine neneňsi dözüp biler?! Adamlaryň ýüregi seni ýigrenip başlar – diýýär. Afrasyýap bu sözleri eşidip ýumşaýar we gyzyny öldür-mek pikirinden dänýär. Ol gyzyny Pirana tabşyrýar we özi yzyna dolanýar. Biraz wagt geçensoň, Keýhysrow dünýä inýär. Ol owadanlykda we ýüz-keşpde kakasyna meňzeýän eken. Piran oňa şatlanýar. Emma ony gizlin saklaýar. Ol Afrasyýaby şatlykda we şadyýanlykda görende oňa, bu çaga barada aýtmagy niýet edinýär. Afrasyýap oňa: – Men ony öldürmek we pitne özenini kesmek isleýärin. Emma atalyk mähribanlygy we seniň nesihatyň bu işe böwet bolýar. Sen ony ejesinden al we çölde terbiýelemäge bir çopana ber. Ol özüniň kimiň perzendidigini bilmesin, ejesi hem onuň kime berlendigini bilmesin – diýýär. Piran onuň permanyny saklap, bir çopana tabşyrýar we çagany terbiýelemekde kemkärlik etmezligi, bu iş onuň uly bagta ýetmegine sebäp boljakdygyny nesihat edýär. Çopan oňa hyzmat edip, gowy terbiýeläp başlaýar. Bu ýagdaýdan ýedi ýyl geçýär. Piran bir gün awa gidende, çölde şol çopany görýär we ondan çaganyň halyny soraýar. Çopan: – Onuň jany sag, ulalýar we onuň maňlaýynda merdanalyk we mertlik alamatlary bar. Ol hiç kimden öwrenmezden ok-ýaý ýasap, her gün awa çykýar. Towşan we tilki ele salyp, aw bilen meşgullanýar – diýýär. Piran: – Ony maňa görkez – diýýär. Çopan derhal gidip, ony getirýär. Piranyň gözi oňa düşenden, onda bagtyýarlyk şuglasyny we Ylahy nury görüp, haýran galýar. Piran ony alyp, öýüne äkidýär we çagalaryna goşýar. Az wagt geçensoň, ol Afrasyýapdan gorkup, çaganyň we onuň ejesiniň öz ýanyndadygyny habar berýär. Afrasyýap ony görmegi arzuw edýär we ony getirmeklerini buýurýar. Onuň çaga gözi düşüp, ýüreginde oňa bolan söýgi, mähremlilik döreýär we oňa zyýan ýetirmeýär. Ol: – Onuň ejesini Syýawuşabada eltiň we çagany beriň – diýýär. Olar Syýawuşabada ýetip, hazyna-gençlerden bir zatlar ele salyp, öz güzeranlaryny görýärler. Rüstem bilen Afrasyýabyň söweşleri gutarýar we Eýran leşgeri ülkesine gaýdýar. Afrasyýap welaýatlarda ymaratlar bina etmäge we kemçilikleri düzetmäge başlaýar. Şeýle ýagdaýda Keýhysrowyň habary Eýranşähre ýetýär we onuň mesgeni we menzili ol ýerdäkilere mälim bolýar. Olar hilegär we mekir Giwi Keýhysrowy getirmek üçin belleýärler. Ol gizlinlikde Syýawuşabada tarap ýola düşýär. Ol Syýawuşabada gelip ýetende, Keýhysrow awa giden eken. Olar sähralykda biri-birleri bilen duşuşýarlar. Giw ony Ylahy nury arkaly tanaýar. Keýhysrow parasatlyk nury bilen onuň Keýkowusyň iberen adamsydygyny aňýar. Olar biri-birlerini gu¬jak¬lap, tanyşýarlar. Ol Giwi gizlinlikde öýe getirip, ejesi bilen maslahatlaşýar. Olar: «Tizden-tiz atlanyp, ýola düşmeli. Allatagala näme höküm eden bolsa görübereris» diýen karara gelýärler. Olar ilkagşam atlanyp, ertire çenli at sürýärler. Irden Syýawuşabatdakylar bu haldan habar tapýançalar, olar eýýäm uzak ýoly geçipdiler. Bu habar ol ýerden Afrasyýaba baryp ýetende, ol adam taýýarlap, olaryň yzyndan iberýär. Emma olar köp menzilleri aşypdylar. Jeýhuna ýetip, bu derýadan geçmek üçin gämi soranlarynda, gämiçi olara gämi bermeýär. Giw Keýhysrowa ýüzlenip: – Seniň şeýle Ylahy nuruň barka, şunuň ýaly müň derýa-dan we Jeýhundan geçip bilersiň. Gorkma, atyňy sür, biz seniň yzyňdan gideris. Sag-salamat galjagymyz aýandyr – diýýär. Keýhysrow Haka töwekgellik edip: – Eger Alla bizi bir iş üçin äkidýän bolsa, öz pazly-keremi bilen bizi gorar – diýip, atyny sürýär we sag-salamat beýleki tarapyna geçýär. Giw we ejesi onuň yzyndan geçýärler. Eýranlylar bu haldan habarly bolup, olaryň ählisi ony garşylamaga çykýarlar we ululyk keşbini hem-de alnyndaky ýeňiş nyşanyny görüp, haý¬ran galýarlar we onuň öňünde başlaryny egýärler. Keýhysrow Keýkowusyň ýanyna barýar we atasynyň köşgüne girip, bendelik ähdini baglaýar. Atasy turup, ony öz tagtynda oturdýar we leşgerden äht we tabynlyk peýmanyny alýar. Ol Keýhysrowy aýlawly sözler bilen Afrasyýaba garşy söweşmäge höweslendirýär. Ol Keýhysrowyň bu işe bolan höwesini görüp, Sistandan Rüstemi, Yspyhandan Güderzi we beýleki han-begleri çagyryp, käwelileriň baýdagyny we hazynalaryň açaryny Keýhysrowa berýär. Soňra özi işinden el çe-kip, patyşalygy Keýhysrowyň ygtyýarynda goýýar. Keýhysrow Keýkowusyň ýanyndan hereket edip, Balha barýar. Soňra Turan ülkesine gitmegi ýüregine düwýär. Afrasyýap olaryň garşysyna çykýar. Olaryň arasynda güýçli söweş turýar we iki tarapdan hem eýýamyň mertlerinden we ulularyndan ençemesi öldürilýär. Bu uruşlar kyrk ýyllap dowam edýär we her söweşde ýeňliş Afrasyýabyň goşunyna nesip edýär. Soňra Horezm we Dehistan beýewanynyň ortasynda iki tarapyň leşgerleri üýşüp, gazaply söweşýärler. Ahyrynda Afrasyýabyň leşgeri şeýle bir derejede perişan bolýar welin, ondan soň ýygnanyşmak we ar almak mümkin bolmandyr. Şondan soň Afrasyýap gaçmagy ganymat bilipdir. Ahyr başyndan sowdy, uly belany, howpy, Başyn alyp çykdy ol, çünki täçden gowudy. Keýhysrow ol ýerden Afrasyýabyň paýtagty bolan Gang şäherine barýar we ol ýeri weýran edýär. Soňra Afrasyýabyň nirededigini bilmek üçin daş-töwerege jansyzlar iberýär. Olar Afrasyýabyň Çyndadygy barada habar getirýärler. Keýhysrow Çyna leşger çekýär. Fagfur onuň öňünden çykyp, köp mal-pul bermäge boýun bolýar. Afrasyýabyň derýadan geçip, Gang diýen galada penalanýandygyny habar berýär. Keýhysrow gämi ýasamaklaryny buýurýar. Ol ähli leşgeri bilen suwdan geçip, şol gala barýar. Afrasyýap halkyň arasyndan simap kimin gaçyp, ýitirim bolýar we hiç kim ondan habar tapmaýar. Keýhysrow ol ülkäni hem hasabyna geçirip, olara salgyt belleýär. Soňra yzyna dolanyp, Syýawuşabada gelýär. Ol köne ähdi täzeleýär we arap resmine laýyklykda, weýran edilen ýerleriň harabalyklaryny görüp aglaýar. Ol ýerden Gang Behişte barýar we ol ýerdäki saklanyp galan ymaratlaryň ählisini ýok edýär. Soňra Keýkowusyň hyzmatyna barýar. Älem-jahana adamlar iberip, Afrasyýaby gören adamyň ony tutup, alyhezretiň huzuryna getirmelidigi barada görkezme berýär. Biraz wagt geçensoň, Afrasyýap Töwriz welaýatynda bir takwa adamyň ybadathanasyna girýär we ondan doga-dileg etmegini soraýar. Ol takwa ony tanap, şol bada ony tutýar. Soňra özi çykyp, derhal obadakylara habar berýär. Afrasyýap özünde galan we bilýänje jadysy bilen ybadathanadan gaçýar. Obadakylar gelip, Afrasyýaby tapmaýarlar. Ol takwa utanýar. Bir aýal olara: – Men onuň ybadathanadan çykyp, ybadathananyň işigindäki şu howuza girip, ýitirim bolanyny gördüm – diýýär. Adamlar şol howzuň gyrasynda durýarlar. Güderz hem bu haldan habar tapyp gelýär hem-de eline ýesir düşen Afrasyýabyň dogany Gersiwezi getirip, howzuň kenarynda oňa çybyk urýar. Ol bolsa perýat edýär. Afrasyýap suwuň düýbünde ýatyrka, Gersiweze nebsi agyryp, başyny suwdan çykarýar. Olar derhal oňa kement salyp, suwdan çykarýarlar we el-aýagyny daňyp, Keýhysrowyň gaşyna getirýärler. Keýhysrow oňa rehim edip, aman goýmak isleýär. Güderz onuň bu islegini görüp, derhal gylyjyny çykarýar we Keýhysrow buýruk bermese-de, Afrasyýabyň kellesini top ýaly edip, meýdana oklaýar. Şeýdip, onuň ataşy sönýär we onuň köki gyrylýar. Keýhysrow Hudaýtagala şükür edýär we älemdäkiler erkinlige düşýärler. Az wagtdan soň Keýkowus tagtdan dahma göç edýär. Ähli patyşalar we döwlet sütünleri Keýhysrowa tabyn bolýarlar. Eýran, Turan onuň diwanyna salgyt töleýär. Dünýä mülki şu derejede onuň ygtyýaryna geçensoň, ol ahyretiň mülküni hem eýelemek isleýär. Ol özüni patyşalyk wezipesinden boşadyp, bu işi Luhraspa tabşyrýar, onuň başyna täç geýdirýär we leşgerden onuň üçin ähdi-peýman alýar. Soňra çöl-beýewana ýüz urýar. Şondan soň hiç göz ony görmeýär we hiç gulak ol barada söz eşitmeýär. Keýkowus ýüz elli ýyl we Keýhysrow altmyş ýyl patyşalyk sürüpdir. Päk we Beýik Allatagala Pygamberimiziň we onuň maşgalasydyr ýaranlarynyň haky üçin jahan patyşasynyň, zamananyň Hysrowynyň, älem soltanlarynyň soltanynyň hem-de dünýä we din güneşiniň deňsiz-taýsyz durkuny älem patyşalarynyň ömürlik mirasdüşeri etsin we wezirlik kürsüsini wezirler patyşasynyň şasy Nyzamylmülk bilen bezesin! ___________________________ Çyn patyşalaryna berlen lakam. Dahma – öli jaýlanýan ýer. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |