23:09 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Keýkowus | |
KEÝKOWUS
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Keýkowus patyşalyga geçýär. Ol üýtgäp duran häsiýetli, üýtgäp duran pikir-niýetli adam bolup, onuň işlerinde durnuk-lylyk we parasatlylyk bolmandyr. Ol käwagtlar gowşaklyk edip, köp wagtlar öte geçýän eken. Käwagtlar bolsa möhüm işlerde-de mäkämlik we hüşgärlik ýoluna eýermeýän eken. Ol Tusyň, Güderziň we Güstehmiň yşaraty we görkezmesi bilen Balh şäherini öz paýtagty edip, şol şäherde hem oturýar. Şu sebäpden Eýran welaýatlary türkileriň hüjüminden amanda galypdyr. Bir gün näletsiňen Iblis özüni bir aýdymçynyň şekiline öwrüp, onuň meýlisine girýär we aýdym aýdyp başlaýar. Ol öz goşgularynda Ýemeni, şol sebitiň aýallarynyň we çagalarynyň husny-jemalyny wasp edýär welin, Keýkowusyň göwni olary güýçli küýsäp başlaýar. Onuň haý-höwesi öz häsiýetinden üstün çykansoň, durnuklylyk onuň islegi we oýlanmaklyk onuň parasaty bilen ýar bolmaýar. Ol Ýemene tarap hereket edýär. Döwlet akyldarlary we ýurt sütünleri bu sapara garşy bolup, oňa kakdyryp ýa-da aç-açan garşydyklaryny bildirseler-de, ol bu işden el üzmeýär. Olar mejburlykdan oňa boýun bolýarlar. Haçanda ol Ýemeniň töweregine ýetende, ol ýeriň patyşasy oňa garşy söweşmek üçin şäheriň daşyna çykýar. Keýkowusyň haýbaty we azamaty ol ýeriň patyşasyna mälim bolansoň, ol uruşdan geçip, ylalaşyga meýil görkezýär. Ol müňlerçe dinar, bimöçber sap ýüpek, müň arap aty we müň Ýemen gylyjyny berip ylalaşýar. Ýemeniň patyşasyna Zülezgar diýer ekenler. Onuň bir gyzy bardy, ol älemde owadanlykda we gözellikde tymsala öwrülen eken. Oňa arapça Şygra, parsça Sudaba diýýärdiler. Keýkowus şol gyzy dileýär. Ýemeniň patyşasy muny kabul edýär we olaryň ylalaşygy pugtalanýar. Keýkowus ,bilen Sudabanyň arasynda güýçli söýgi döreýär. Olar biri-birlerine wysal ýüregini berip, biri-birleriniň husny jemalynyň aşygy bolýarlar. Zülezgar ar almagy we bolan zatlaryň çykdajysyz bolmagyny isleýär. Ol Keýkowusy ähli leşger ýolbaşçylary we döwlet sütünleri bilen myhmançylyga çagyrýar. Olary aýry-aýry köşklerde oturdýar. Soňra birden olaryň ählisini tutup, tussag edýär. Keýkowusyň aýagyna zynjyr baglap, bir guýa oklaýar we guýynyň agzynda sakçylar goýýar. Ol Sudabany köşgüne çagyrmak üçin adam iberýär. Sudaba bu habary eşidip, zaryn-zaryn aglaýar we ýüzüni ýyrtyp, saçyny ýolýar. Kakasy onuň beýle ýagdaýyny eşidip, ony şol köşkde goýýar we oňa her gün bir gezek guýynyň başyna gidip, Keýkowusyň iýjek naharyny bermäge rugsat berýär. Bu habar Eýranşähre ýetýär we işler bulaşýar. Afrasyýap pursat tapyp, öz çäginden geçýär we Keýkowusyň ülkelerine hüjüm edip, halka azar berip başlaýar. Şeýlelikde, eýranlylar Zabulystana gidip, Rüstemi Keýkowusy halas etmeklige ündeýärler. Rüstem leşger bilen Ýemene ugraýar. Ýemen patyşasy oňa garşy söweşmek isleýär. Ol Rüstemiň güýjüni görüp, özüniň ejizligini bilýär hem-de onuň şan-şöhratyny eşidip, batyrgaýlyk edip bilmeýär. Ol Keýkowusyň ondan öňki alan ýerlerini gaýdyp bermek şerti bilen ylalaşýar. Soňra ol Keýkowusy we onuň ähli emirlerini we adamlaryny goýberýär hem-de olardan alan zatlaryny hem birnäçe esse artyk edip gaýdyp berýär. Sudabany müň keniz goşup, Keýkowusyň ýany bilen iberýär. Haçanda Keýkowus Yraga ýetende, patyşalar we ady belli adamlar ony garşyla-ýarlar. Rüstem oňa gutlag sözlerini saçýar. Soňra Keýkowus Afrasyýaba hat ýazýar. Ol öz hatynda şeýle diýýär: «Ähdi bozmak şalara we patyşalara mynasyp däldir. Biziň welaýatymyzdan alan ýerleriňi gaýdyp, eden işleriňden ötünç sorasaň biziň ylalaşygymyz öz ornunda berkär. Şonda bu iş adamlaryň peýdasyna bolar». Beýt Eger-de islegime görä bolmasa jogap, Söweş meýdanynda bolar gürzi Afasyýap. Hat Afrasyýaba ýetende, ol akyla nälaýyk we parasatlyga nämynasyp jogap berýär. Ahyrynda olar belli karara gelip bilmeýärler. Olaryň arasynda şeýle bir gazaply uruş turýar welin, çarhy pelegiň başy aýlanyp başlaýar. Afrasyýabyň leşgeri ýeňilýär. Ol birnäçe gezek heläkçilik duzagyndan, ölüm derdinden we panylyk delillerinden halas bolýar. Onuň wagty dolmanlygy üçin güýjüň mertlerçe çalyşmasy peýda bermändir. Afrasyýap ýeňlip, yzyna dola-nansoň, patyşalyk Keýkowusyň ygtyýaryna doly geçýär we onuň döwleti ýaňadan terlenýär we juwanlaşýar. Keýkowus leşgerden ötünç soraýar, olara halat berýär we mülk-ýer bagyşlaýar. Eýranyň goşunbaşylygyny Rüsteme tabşyryp, Nimruzyň, Kabulyň, Zabulyň we Hindistanyň hökümdarlygyny onuň ygtyýaryna berýär hem-de permanyny ýaňadan täzeläp, köp wagtlap parahatlykda ýaşaýar. Tefsir kitaplarynda Nemrut we Ybraýym pygamber ba-rada, ýagny Nemrudyň dazzarkeller arkaly asmana hökümdarlyk etjek bolşy barada rowaýat edýärler. Aýdyşlaryna görä, şol Nemrut Keýkowus bolmaly. Bu kyssa meşhurdyr we taryhdyr tefsir kitaplarynda köp getirilendir. Şonuň üçin bu barada gürrüň edilmedi. Aýtmaklaryna görä, Keýkowus ejizligini we gowşaklygyny duýup, bu işiň ýaramazdygyna göz ýetirip, tutuş bir ýyllap terkidünýälik edip, bir gyrada ýaşaýar. Ol Alladan ýalkaw diläp, ötünç soraýar we gözüniň suwy bilen günäsiniň hapasyny ýuwýar. Bir ýyldan soň adamlaryň arasyna gelip, öz işini ýöredip başlaýar. Beýt Dünýäde şeýle bir oýunlar bardyr, Ýüreklerde gandan derdi-azardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |